“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

30 Maý 2023
1158

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikler arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.