Guýularda gabat gelýän çylşyrymly hadysalaryň öňüniň alnyşy

29 Maý 2023
997

Günbatar Türkmenistanyň nebitli we gazly meýdançalarynda nebitli guýular özleşdirilende aşaky gyzylreňk gatlaklaryň käbirlerinde önüm bilen bilelikde dag jynslarynyň guýynyň içine girip, ulanyş sütüniniň, nasos-kompressor turbalarynyň we ştuseriň dykylmagyna getirip, önümiň gelmeginiň öňüni böwetläp, guýuda çylşyrymlaşmalaryň emele gelmegine we önümiň çykmagynyň doly bes edilmegine getirýär. Ol ýagdaýlar, esasan hem, Günbatar Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Nebitlije meýdançasynda gazylan guýularda köp duş gelýär. Guýularyň süzgüçlerinden gelýän dag jynslarynyň guýynyň sütünine girmeginiň öňüni almak hem-de ol guýulardaky dag jynslaryny guýudan çykarmak zerur bolup durýar.

Nebitlije meýdançasyndaky guýularda bu meseläni çözmekde önümli gatlaga ýörite mikrosement kowmak arkaly gatlagy abatlamak, önümli gatlakda perforasiýa deşikleriniň sanyny azaltmak belli bir derejede olaryň guýynyň sütüniniň içine girmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýokardaky işler geçirilenden soň dag jynslary gelýän bolsa, nasos-kompressor turbalarynyň aşaky bölegindäki guýgujyny süzgüje (filtre) ýakyn goýup, yörite gidrodinamikasy hasaplanyp saýlanan diametrli nasos-kompressor turbalary bilen ulanyş sütüniniň arasyndan ýokary basyşly suw kowup, süzgüçden gelýän dag jynslaryny we uglewodorodlary özi bilen alyp, turbanyň içindäki ýokary tizligiň hasabyna, olary guýudan çykaryp, ýörite seperatorda uglewodorod önümi, suwy we dag jynsynyň arasyny bölüp, nebiti ýörite dik çeleklere, suwy sorujylar arkaly yzyna guýa we dag jynslaryny aýratyn bellenen ýerlere aýyrmak guýulary ulanyşda saklamaklyga, ýagny guýudan önüm almaga mümkinçilik berer.

Döwletdurdy HAJYÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň baş tehnology.