Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär

28 Maý 2023
430

Hy­taý Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len san­ly söw­da pu­da­gyn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Söw­da mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Şu Jue­tin­giň sözlerine görä, Hy­taý öz kär­ha­na­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýada am­mar­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça amal­la­ry­ny gol­damaga, Hy­ta­ýyň elekt­ron söw­da plat­for­ma­la­ryn­da ha­sa­ba al­nan ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ýar­dam bermäge, şeýle-de ösen san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek­de tej­ri­be alyş­ma­ga taý­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, Söw­da mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan goş­ma­ça önüm­le­riň möç­be­ri­niň Hy­ta­ýyň ba­za­ry­na gir­me­gi­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hy­taý ser­he­ta­ra inf­rastruk­tu­ra­nyň gur­lu­şy­gy­na, ne­bit-gaz pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ser­he­ta­ra tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­riň gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mä­ge, oba ho­ja­ly­gyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň im­por­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem Hy­taý Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär we Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ti­za­ra ag­za bol­ma­gy­ny gol­da­ýar.

Çeşme: business.com.tm