Talyplar ― ders bäsleşikleriniň ýeňijileri

26 Maý 2023
870

Welaýatymyzdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp boldular.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi boýunça geçirilen bäsleşikde toparlaýyn hasapda ikinji orna mynasyp boldy. Gazanylan üstünlikde mekdebiň talyplary Aýsoltan Baýramowanyň, Şabibi Hümmetöwezowanyň, Açylgül Atamuradowanyň mynasyp paýlary bar. Bu ders boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenabadyň Agrosenagat hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem öňdäki orunlary eýelediler.