Owganystanyň halkynyň adyndan hoşallyk

19 Maý 2023
384

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi, Owganystanyň wekili hökmünde Şeýh Islamjardan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň goňşy ýurda yzygiderli berýän kömegi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan şu ýylyň 13-nji maýynda owgan halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Şeýle hem hatda 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen çaga dogrulýan öýüň ýakynda düýpli abatlanandygy we muzdsuz iberilen derman hem-de lukmançylyk serişdeleri, türkmen lukmanlarynyň gelip, owgan tarapyna bejeriş-maslahat beriş ýardamlaryny berýändikleri üçin çäksiz hoşallyk bildirilýär.

(TDH).