Ylym-bilim — ösüşlerimiziň özeni

17 Maý 2023
1009

Bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýan giň gerimli tutumlaryň esasy maksady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bilim almaga elýeterliligini üpjün etmekden hem-de bu babatda öz tebigy başarnygyny ýüze çykarmagy üçin zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde bilim özgertmelerinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlaryna, milli tejribeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna ýakyndan ýardam edýär.

Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ýurdumyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri biziň — ýaşlaryň hyzmatynda.

Ogulgül Berdiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby.