Habarlar halkara giňişlikde

29 Aprel 2023
457

Türkmenistanda geçirilen maslahatyň halkara ykrarnamasy

Şu ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda geçirilen «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi. «Resminama Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň gün tertibiniň «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylýan 18-nji, «Oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygy we iýmitleniş» diýlip atlandyrylýan 24-nji, şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» diýlip atlandyrylýan 61-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi» diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda berlen habarda bellenilýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».