Türkmenistan Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň mejlisini geçirer

28 Aprel 2023
367

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan sanly ulgam arkaly Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýygnagynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Nikaragua Respublikasy hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşulandygyny habar berdi.