Hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

26 Aprel 2023
443

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça iki günlük halkara göçme forum öz işine başlady. Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan iri, öňdebaryjy energetika, nebitgaz kompaniýalaryna, bu ugurdaky iri abraýly guramalara, ministrliklere, diplomatik wekilhanalara, halkara banklardyr gaznalara degişli wekiller, hünärmenlerdir bilermenler, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. «Interfax», «TRT Türk», «Bloomberg news», «Media Hup», «National Gas World», «Argus» ýaly iri habarlar gulluklarynyň birnäçesi forumyň media hyzmatdaşlary bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ýardam eder.

«Aşgabat».