Halkara hyzmatdaşlyk

25 Aprel 2023
416

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ugrunda sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalarynyň, deňiz portunyň, demir ýollaryň we ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa, Merkezi Aziýa, Hazar we Garadeňiz, «Demirgazyk — Günorta» hem-de «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça multimodal ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň sebitde we dünýäde halkara söwdany ösdürmekde ähmiýetini barha ýokarlandyrýar.

Halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz porty bu gün Ýewropa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda halkara ýük daşamalarynda örän ähmiýetli bolup durýar. Soňky wagtlarda alys döwletlerden Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana iberilýän ýükleriň ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän möçberleri yzygiderli artýar. Bu görkezijiler ýylsaýyn ýokarlanmak bilen, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň, bu ugurda gümrük hyzmatdaşlygynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Ismaýyl ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.