Kitap — bilimleriň çeşmesi

12 Aprel 2023
1112

Durmuşymyza täze kompýuter tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň giňden aralaşmagy bilen dürli maglumatlary bilmegiň usullary barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalaryň barha kämilleşýän we olaryň hemmelere elýeterli döwri bolan häzirki wagtda ýaş nesillerimizde kitap okamaklyga söýgini terbiýelemek esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Kitap okamaklyk çagalaryň we ýetginjekleriň sowatlylygyny artdyrýar, dünýägaraýyşlaryny giňeldýär, olaryň döredijilik taýdan ösmegine, ruhy taýdan kämilleşen şahsyýetler bolmagyna ýardam berýär. ªonuň üçin bilim öwretmekde täze tehnologiýalary özleşdirmek bilen utgaşyklylykda kitaplary okatmaklygyň kada öwrülmegini gazanmaklygyň möhümdigini hem unutmaly däldiris.

Güljemal Durdyýewa,
welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň redaktory.