"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Aşgabat — şähergurluşygyň täze keşbi

Öňňin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik- gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu ylmy maslahat Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300  ýyllygyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy. Dünýäniň ençeme döwletleriniň professor-mugallymlaryny we alymlaryny bir ýere jemlän bu maslahatda binagärlik-gurluşyk ulgamynda bar bolan zerur meseleler barada giňişleýin pikir alşyldy. Şäherlerde we obalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara ylmy-amaly maslahat «Binagärlik innowasiýalar, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri», «Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak», «Şäherleriň durnukly ösüşi» atly bölümler boýunça üstünlikli dowam etdi. Maslahatda ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň birnäçe professorlarydyr alymlary öz köpýyllyk tejribelerine daýanyp, binagärlik-gurluşykda täze, döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler. Bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki häzirki wagtda ylmyň täze gazananlary döwür

Ylmy açyşlar — durmuşa

Ylym ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çünki ol ähli ösüşleriň, rowaçlyklaryň gönezligidir, kämil ýaşaýyş medeniýetiniň çeşmesidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara daýanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça edilýän giň gerimli tagallalar öz oňyn miwelerini berýär. Ylmyň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, ýaş alymlary hem bu ugurdaky işlere önjeýli goşant goşýarlar. Häzirki wagtda institutda ylymlaryň doktorlarynyň 4-si, ylymlaryň kandidatlarynyň 50-si, dosentleriň 14-si zähmet çekmek bilen, talyp ýaşlara zamanabap bilim bermek, hünär öwretmek ýaly jogapkärli işinden daşary ylmy gözlegler bilen hem meşgullanýarlar. Olaryň ylmy açyşlary, täzeçil teklipleri durmuşda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, bu baýry ylym-bilim ojagynyň alymlarynyň taýýarlamagynda neşir edilen okuw kitaplary, gollanmalar ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden peýdalanylýar.

Üstünligiň ýolunda

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyp ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämil bilim bermekde, hünär öwretmekde uly öňegidişlikler gazanylýar. Muňa olaryň tamamlanyp barýan okuw ýylynda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ders, ylmy-taslama bäsleşiklerinde gazanan netijeleri hem aňryýany bilen güwä geçýär. Guwandyryjy üstünlikler örän köp. Biz talyp ýaşlaryň diňe soňky iki aýyň dowamynda ýeten belent sepgitleri dogrusynda söhbet etmegi makul bildik. Geçen aýda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly bäsleşik serkerde şahyryň adyny göterýän institutyň talyplaryna şowlulyklary getirdi. Matematika we informatika hünäriniň talyby Gurtgeldi Hanow şol basleşikde altyn medala mynasyp bolup, öz okaýan bilim ojagynyň abraýyny belende galdyrdy. Ol aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Milli gözleg innowasiýalar uniwersiteti tarapyndan matematikadan guralan 10-njy halkara internet olimpiadasynda hem ikinji orny eýeläpdi. Institutyň talyplary Läle Berdiýewanyň, Aýgül Balowanyň, Melike Jumaýewanyň, Sülgün Babaýewanyň hem şol halkara bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeländikleri diýseň begendirýär.

Çagalar — biziň geljegimiz

Akyl-paýhas oýunlary çagalar üçin örän peýdaly bolup, beýniniň işjeňligini artdyrýar, zehinini ýitileşdirýär. Olara düzzüm, şaşka, küşt oýunlary, matallary, tapmaçalary çözmek ýaly birnäçe güýmenjeler degişli bolup, bu oýunlar çagalaryň birek-biregi bilen dostlaşmaklaryna, pikir alyşmaklaryna hem uly itergi berýär. Akyl-paýhas oýunlarynyň akyl saglygymyza hem peýdasy bar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, olar fiziki taýdan işjeňligimizi artdyrýar, beýnä yzygiderli gan baryp durmagyny we onuň öýjükleriniň ösmegini üpjün edýär hem-de dartgynlylygy azaldýar. Oýun döwründe ünsüňi bir ýere jemlemeklik beýniniň öýjükleriniň arabaglanyşygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý ýatkeşligiň has-da artyp, zehiniň ýitileşmegine täsir edýär. Şeýle-de gaharjaňlykdan daşda bolup, tersine, şähdaçyk bolmagymyza hem örän peýdalydyr. Bu bolsa tutuş bedenimiziň saglygyny goramak üçin esasy açardyr.

Ylmy täzeçilligiň gözleginde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, harby ylym ulgamynda hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän harby hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Ylym — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetiminiň giňeldilmegini, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.

Ýaş watançynyň üstünligi

Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär. Şu başlangyçlardan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşanlara umumy sowallary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Hydyr Altyýew özüniň ukyp-başarnygy bilen tapawutlanyp, I derejeli diplom bilen sylaglandy.

Baýraklarymyzyň sany artýar

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary döwletimizde we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleridir olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara derejeli bäsleşige hem ýokary harby okuw mekdebimiziň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, degişli sowallar boýunça özara güýç synanyşan zehinli talyplaryň arasyndan harby talyplarymyz öňe saýlanmagy başardylar. Netijede, institutymyzyň Umumy ylymlar we jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk gören harby talyplar Annabagt Döwletdurdyýewa 2-nji, Gündogdy Aýmämmedow, Ýolaman Meretbaýew hem-de Nurmuhammet Aşyrow dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere halkara derejedäki diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bilim ulgamyndaky üstünlikler

Milli bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ösüşiň ýokary hil derejesini alamatlandyryp, täze üstünlikleri kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýadawsyz alada edýär. Munuň özi bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmeginde, ulgama maýa goýumlaryň yzygiderli bölünip berilmeginde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdeplerdir çagalar baglarynyň gurlup ulanmaga berilmeginde has-da aýdyň görünýär.

Ýaş nesil hakynda alada

Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy we öwrenmegi, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ýaş nesliň mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly, edepli bolmagynda, döwrebap bilim almagynda, hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilen. Biz hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi üçin uly alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini nusga edinip, kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahatlaryny, sport ýaryşlaryny, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bilelikde geçirýän şeýle çärelerimiziň dowamynda olaryň pikirini diňleýäris, sowal-jogap alyşýarys.

Watanymyzyň geljegi ýaşlara bagly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu asylly işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda mynasyp dowam etdirmek ýaş nesle bagly bolup durýar. Şonuň üçinem ähli ulgamlarda giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenlerden talap örän ýokarydyr. Çünki Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şeýle bolansoň, biz beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki ulgamlaryň wekilleri bilen bilelikde, wagyz-ündew işlerimiziň netijeliligini gazanmaga çalyşýarys. Aýratynam, ilkinji zenanlar guramalary bilen ýaş gyzlaryň arasynda geçirýän çärelerimiziň netijesi, gyzlaryň bilimde we el işlerini ýerine ýetirmekdäki üstünlikleri bizi hasam begendirýä

KÄMILLIGIŇ ÇÄGI ÝOK

Mugallym beýik ynsanlaryň biri. Çünki, mugallym çaganyň ikinji ene-atasy hasaplanylýar. Sebäbi çaga günüň köp bölegini mekdepde geçirýär, şonuň bilen-de mugallymyň göreldesine eýerip, bilim hem terbiýe alýar. Mugallyma mahsus oňat häsiýetleri özünde jemleýän, okuwçylara gyzgyn mähir bilen garaýan mugallymlaryň biri-de Alma Atajumaýewadyr. Alma mugallym 1984-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Soňra 1985 — 1991-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini okap, bilimini ýokarlandyrýar. Okuwyny üstünlikli tamamlan Alma mugallym Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işe başlaýar. Mugallymyň çekýän yhlasly zähmeti oňa üstünlik getirýär. Onuň ders bäsleşiklerinden taýýarlan okuwçylary etrap, welaýat, hatda döwlet tapgyrlarynda hem baýrakly orunlary almagy başarýarlar. “Işleseň, il tanar” diýlişi ýaly, 2011-nji ýyldan bäri Alma mugallym Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde zähmet çekip gelýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

ZEHINLI GYZYŇ ÝEŇŞI Ajap eýýamymyzyň ýaş nesline döwrebap bilim, mynasyp terbiýe bermekde bilim işgärleriniň yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Şeýle hem okuwçy ýaşlaryň arasynda guralýan dürli bäsleşikler zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Okuwçy ýaşlary gowy bilim almaga, döretmäge höweslendirýär.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmaga, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýene-de bir döwletli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminama bolup durýar. Ol girişden we 8 bapdan ybarat: Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy; Konsepsiýanyň esasy maksady we wezipeleri; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary b

Hytaýda we Rumyniýada hünär öwrenerler

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda köpugurly işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolan dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi-de barha giňeýär. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň we Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda ilerledilýän gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Hytaýyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň ençemesi okaýar. Şu ýyl hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin şertleri döretmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alnyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy. Bu ýerde resminamalary kabul ediş işleri ýokary derejede, guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Watanymyzyň kuwwaty

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Oguz handan gaýdýan Oguz nesli biz

Gahryman Arkadagymyz: «Her bir adamyň özüni doly tanamagy üçin, ilki bilen, öz neberesini, halkyny, olaryň dünýäsini bäş barmagy ýaly bilmelidir, şonda adam özüni tanap biler» diýýär. Ata-babalarymyz bu mukaddes toprakda müňlerçe ýyl bäri ýaşap, Oguz nesillerinden bolan halk hökmünde dünýä ýüzünde tanalyp gelýär. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenleriň Oguz hanyň 24 agtygyndan gelip çykandygy taryhy çeşmelerde aýdylýar. Oguz hanyň alty oglunyň hersinden dört ogul dünýä inip, 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelipdir. Ýaşan döwründe öz ýoluny, milli ýörelgesini döreden beýik şahsyýet hökmünde tanalyp, taryha giren Oguz han ogullaryna at, tagma, guş, bedew aty, orun, ülüş, ýurt ýaly ýedi sany emlägi miras goýupdyr. Ogullaryny Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han diýip, tebigatdyr asman jisimleri bilen baglanyşykly atlar bilen atlandyran Oguz han atamyz olara durmuşda orun-ojak alyp, ýer-ýurtly, mal-mülkli bolmagy, bir başa garap, agzybir ýaşamagy ündäpdir. Bu babatdan, Oguz hanyň ogullaryna ok döwdürip geçiren synagynyň agzybirlik synagy hökmünde uly terbiýeçilik ähmiýeti bolup, oguz nesilleriniň ganyna Watany, il-güni söýmek, olara wepaly bolmak, tutanýerlilik, edermenlik, batyrgaýlyk ýaly milli häsiýetler siňendir.

Bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Bular ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olarda çagalaryň irki ýaşdan zehinlerini ýüze çykarmak, daşary ýurt dillerini özleşdirip, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Mugallymlaryň asylly işi

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ýaşlara bilim öwretmek we olaryň bilimli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak mugallymçylyk käri bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Şunda milli bilim ulgamyny ösdürmek we okatmagyň iň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biridir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu taryhy waka ähli bilim işgärlerini – mugallymlary tüýs ýürekden begendirdi. Munuň özi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalara, sanly bilimiň ösüşine aýratyn üns bermek bilen, geljekde bu ugurlar has-da ösdüriler.

Dil bilen dünýäni gezer

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim öwretmek we olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şunda dünýä dillerini öwretmäge hem uly üns berilýär. Daşary ýurt dilini bilmek ylym we tehnologiýanyň köp ugurlary boýunça hünärmenleriň geljekde üstünlik gazanmagynyň açarydyr. Şonuň üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga çalyşýan we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak tehniki uniwersitetleriň esasy wezipesidir.

Elektron sözlükleriň ähmiýeti

Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplarymyz bolsa halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Ýaşlara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, dünýä dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde dil öwretmekde döwrebap usullardan, ylmyň iň täze gazananlaryndan, elektron sözlüklerden peýdalanmak ähmiýetlidir. Dil öwredilende, onuň birnäçe usullary bolup, belli bir ugur boýunça hünär diliniň hem öwredilýändigini bellemek bolar. Hünär ugry boýunça dil öwredilende, şol dildäki adalgalaryň beýan edilişini, ylmy stildäki tekstleriň düzümini görkezmek bolar. Elektron sözlükleriň kömegi dilleri öwrenmekde örän ähmiýetlidir.