"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ene dilimiziň baýlygy — ruhy gymmatlygymyz

Ylym-bilimde bellenilişi ýaly, dil aragatnaşygyň möhüm serişdesidir. Dil bilmek kämillikdir, ösen düşünjelilikdir. Islendik pikir, ylmy garaýyşlar dil bilen beýan edilýär. Şonuň üçin hem dilimiziň baýlygyny, many-mazmunyny, baý sözlük goruny ýaşlara öwretmek olaryň pikirlenişini ösdürmekdir. Ata-babalarymyzdan miras galan ene dilimiz diňe bir gadymylygy bilen däl-de, eýsem, baýlygy, sözleriniň çuňňur manylylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ene dilimizi, şonuň ýaly-da, daşary ýurt dillerini ylmy taýdan öwrenmäge berilýän üns guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen dilini ösdürmäge, onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler ildeşlerimiziň kalbynda buýsanjy artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz we ruhy baýlygymyz bolan ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Milli dilimiz halkymyzyň diňe bir ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň, üstünlikleriň, ösüşiň gözbaşydyr. Söz baýlygyňy ösdürmek üçin ene dilimiziň taryhyny öwrenmeli. Türkmen dilinde bar bolan taryhy kitaplar, çeper eserler dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar. Akyldarlarymyz, şahyrlarymyz şeýle gym

Bilim — geljegiň binýady

Şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanyp, Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Okuwçylaryň arasynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde ýeňiş gazananlar hem bar. Munuň özi geçen okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanandygyny aňladýar. Jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka hasaplanýan bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy aýratyn şatlyk we joşgun bilen bellenildi. Uçurymlar täze, özbaşdak durmuş ýoluna ynamly, ruhubelent, maksada okgunly gadam basmak bilen, okamaga, döretmäge, döwrebap bilimleri we ylymlary öwrenmäge, tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň kuwwatyny, halkara at-abraýyny artdyrmaga höwes edýärler. Olarda şular ýaly uly maksatlaryň, ýagşy arzuwlaryň bolmagy mugallymlary çäksiz begendirýär. Ýaş nesiller hakynda edilýän aladalar ýaşlyk hyjuwyny artdyrýar, belent maksatlara tarap ganat bagladýar.

Ylymlar dünýäsini boýlap

Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ylmy işler bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär. Däbe öwrülen bäsleşige şu ýyl hem ylmy işleriň ençemesi hödürlenildi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenildi. Ýeňijileriň hatarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň hem 6-sy bar. Biz olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Rasul Toýmuradow, institutyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy:

Bilim ulgamynyň binýady berkden tutulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Häzirki wagtda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda kabul edilen täze Konsepsiýa bilim bermegiň hili

Usuly-amaly maslahat geçirildi

   Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hem aýdyň mysaldyr.     Şu günler täze tassyklanan Konsepsiýa boýunça Ahal welaýatynyň ähli etraplarynda usuly-amaly maslahat guralýar. Şolaryň biri hem Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki  Berdimuhamet  Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlary, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri, Gökdepe etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilim- terbiýeçilik edaralarynyň müdirleri gatnaşdylar. 

Köp dil bilmek kämilligiň beýany

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem bilim bermegiň döwrebap ugurlary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýur

Ýaşaýşyň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň yzygiderli bilim, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasy häzirki zaman jemgyýetde intellektual zähmetiň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygynyň esaslaryny goýmaga giň gerim berilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe. Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaş nesiller ummasyz aladalar bilen gurşalandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň uzak ýyllara niýetlenen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar baglary, döwrebap umumybilim berýän, orta hünär, ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş me

Beýik Ýüpek ýoly — dostluk ýoly

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň okuwda, zähmetde, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri dogrusynda söhbet edilýär. Ylymly-bilimli, belent ahlakly, giň gözýetimli ýaşlar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara derejesindäki çärelere hem işjeň gatnaşýarlar. Geçen ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy-da möhüm wakalaryň biri boldy. Şonuň çäginde geçirilen işewürlik duşuşygynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy forumda ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hakynda-da pikir alşyldy. Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar şeýle görnüşli çäreleriň ýaşlaryň durmuş işjeňligini has-da artdyrmaga, halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, raýatlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge itergi berýändigi baradaky pikiri goldadylar.

Watan, saňa hyzmat — ömrüň manysy!

Watan iň beýik mukaddeslikdir. Watan ömrümiziň manysydyr. Hut şonuň üçinem, türkmen nesilleri dünýä inen gününden başlap, ata Watana bolan çäksiz söýgi ruhunda terbiýelenýär. Şeýdibem şu topragyň gujagynda watansöýüji nesiller bolup kemala gelýär. Ine, ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okap, döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlaýan harby uçurymlaryň dogumy, gaýraty munuň aýdyň subutnamasydyr. Çünki iň beýik söýgi ata Watana bolan söýgüdir. Ata Watan ýurt ogullarynyň ykbalydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň kämil binýady kemala gelýär. Ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç zatda kynçylyk çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen parasatly sözlerinden gözbaş alan giň gerimli harby özgertmeler Watan goragçylarynyň maşgala ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyryp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edara

Döredijilikli pikir

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda zehinli, ylma, çeper döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, höweslendirmek bilen bagly möhüm wezipelere aýratyn üns çekýär. Bilim ulgamynyň ösüşiniň häzirki döwründe ýaş nesliň alýan bilimleriniň gymmaty täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Häzirki zaman jemgyýeti ylmy we tehniki maglumatlaryň çalt akymyny özbaşdak dolandyryp bilýän, tankydy pikirlenip, öz garaýyşlaryny ösdürip we gorap bilýän döredijilikli hünärmenleri talap edýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek meselesi jemgyýetiň umumy wezipesi, şol bir wagtyň özünde-de talaby bolup durýar. Ýaşlaryň esasy ünslerini alýan bilimlerini akyl işjeňligini guramak arkaly özleşdirmekleri barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmegiň zerurlygyny görkezýär. Döredijilikli pikirlenmek — köpugurly we täzeçil, özboluşly çözgütleri tapmak üçin kesgitlenen çäklerden çykyp, innowasion, öňkülere meňzemeýän, parhly nukdaýnazardan garamak usullary bilen pikirlenmek ukybydyr. Döredijilikli pikirlenmek adamy dürli ugurdan baş çykarýan, wakalara, meselelere täzeçil garamagy başarýan, özboluşly çözgütleri tapmaga ukyply edýär, degişme duýgusyny, aragatnaşyk endiklerini, gapma-garşylyklary netijeli çözmek başarnygyny ösdürýär. Döredijilikli pikirlenmegi ösdürmek diýmek — akyl amallaryny, ýagny, seljermek, derňemek, deňeş

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýdyň mysaldyr. Bu Konsepsiýa 8 bölümden ybarat bolup, bilim ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy üçin uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim berýän edaralarda okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy. Umumybilim berýän orta mekdepler bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda üznüksiz baglanyşygy alyp barmak işinde bolsa mugallymlar we terbiýeçiler taýsyz tagalla edýärler. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam etdirilip, okatmagyň döwrebap usullar

Bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär

Umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 – 2024-nji okuw ýyly üstünlikli jemlendi. Öňümizdäki okuw ýylyna täze ruh, täze başlangyçlar bilen barmak üçin ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem talabalaýyk guraldy. Ýerlerde hereket edýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep mugallymlary hem çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin terbiýeçi mugallym hökmünde tagalla edýärler. Mugallymlar dynç alyş günleri hem çagalaryň ukyp- başarnyklarynyň döredijilik dünýäsi bilen utgaşdyrylmagyny unutmaýarlar. Olar çagalaryň sport maşklaryna we ýaryşlaryna bolan höweslerini artdyrmak ugrunda hem döredijilikli zähmet çekýärler. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdagalyjy pursatlara beslemek bilen bagly işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ähli mugallymlary buýsandyrýar. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimi

Dil bilen dünýäni gezer

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Bi­lim äle­mi­niň ba­dal­ga­sy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men per­zen­di­ni asyl­ly sy­pat­lar­da ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pe­si ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe işi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň mad­dy en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işle­ri­niň usu­ly­ýe­ti­niň baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na, şol san­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň yl­my esas­la­ry­na da­ýan­ýan mil­li pe­da­go­gi­ka­nyň usu­ly­ýe­ti çuň­ňur öw­re­nil­ýär we tej­ri­be­ler ar­ka­ly ber­ki­dil­ýär. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, «Ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan bi­lim­li-ter­bi­ýe­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ryň, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des borç­la­ry­myz­dyr».

Bilim ulgamynyň ösüşine bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, iş başarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Düýn, 7-nji iýunda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly nobatdaky geňeşiniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Bilim ulgamy kämillik ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talaplaryna, dünýä tejribesine laýyklykda ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berjek mugallymlaryň taýýarlanylyşynyň, gaýtadan taýýarlanylyşynyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hiliniň kämilleşdirilmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär. 25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrundaky möhüm ädimleriň biridir. Konsepsiýa Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çyk

Kuwwatly Watan

Türkmenistanyň bilim syýasaty — bu döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki ösüşi, jemgyýetiň ynsanperwerleşmegini hem-de medeniýetiň ösdürilmegini gazanmagyň möhüm guralydyr. Bilim syýasaty jemgyýeti we döwleti ösdürmek babatda öňde duran wezipelere laýyklykda, düýpli maksatlarydyr wezipeleri kesgitleýär, döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşykly hereket etmegi arkaly olaryň durmuşa geçirilmegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň kepillendirilişi bilen birlikde, döwletiň her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýändigi kesgitlenilýär. Bu konstitusion kada döwletimiziň her bir raýatynyň bilim almagy üçin zerur bolan şertleri döretjekdigi babatynda öz üstüne borçnamalary alýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (ÝUNFPA), Ösüş maksatnamasy (UNDP), Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) ýaly düzüm bölekleri bilen çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilim, çagalaryň hukuklary, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek ýaly meseleler boýunça netijeli hyzmatda

ÝUNISEF we «Türkmenhowaýollary» çagalaryň awiasiýa gyzyklanmasyny artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrýarlar

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň we «Türkmenhowaýollarynyň» guramagynda çagalaryň awiasiýa pudagy bilen tanyşlygy guraldy. «Döwletliler köşgünde» bilim alýan ýetginjekler awiasiýa pudagy we bu özüne çekiji ugurda dürli hünärler bilen tanyşdylar. Bu başlangyç ÝUNISEF-iň Bilim ministrligi bilen çagalary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) hünärleri bilen tanyşdyrmak üçin alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Çäräniň çäginde ýetginjekler paýtagtyň howa menziliniň terminalyna we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebine baryp gördüler, ol ýerde çagalar Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýaş zehinleriň döredijiligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň sylaglanyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Söz — ýeňijilerden

Ogulşat AHALLYÝEWA,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy: — Men surat çekmegi gowy görýärin. Bäsleşikde «Milli baýramçylyklar» atly çeken suratym bilen 1-nji orna mynasyp boldum. Bu suratymy iki dürli, gara galamda we akwarelde çekdim. Men ýene-de gowy suratlary çekip, bäsleşiklere gatnaşaryn. Şu bäsleşikde ýeňiji bolanym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.