"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ösüşlere şamçyrag

Ata Watanymyzyň berkararlygyny, agzy-bir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmakda milli bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda milli bilim ulgamynyň işini hil taýdan halkara derejesine çykarmaga hemişe uly üns berýär. Şeýle giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan işler Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge, saýlap alan hünärleri babatda bilimlerini artdyrmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleriň täze neslini taýýarlamagy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bilim ulgamynda öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şunda sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmek örän wajypdyr. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilim berlişiniň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterliligini gazanmak döwrümiziň bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Kämilligiň gözbaşy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, şertleriň döredilen ýurdudyr. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna çykýar. Döwlet tarapyndan orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda zerur çäreler görülýär. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň çagalar baglarydyr orta mekdeplerinde dünýäniň ösen multimediýa enjamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar nesillerimiziň dünýä hil ülňülerine laýyklykda bilim almaklaryna uly itergi berýär. Şeýle bolansoň, bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijesi bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek, ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak nesiller kemala gelýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bizi — terbiýeçileri çäksiz buýsandyrýar. Geljekde hem körpe nesle bilim-terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Ýaş nesliň aladasy

Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen aýtgy ýörgünli. Çünki çagalarymyzyň edepli, terbiýeli bolmagy ähli zatdan zerur. Jemgyýetiň sagdynlygy ösüp gelýän ýaş nesle bagly. Ýaş nesil — Watanymyzyň daýanjy. Şeýle bolansoň, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biri milli ruhda döwrebap terbiýelenýän, ylymly-bilimli ýaş nesildir. Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň baý milli mirasymyza sarpa goýýan, maksada okgunly, ylymly-bilimli, ene-ata, il-güne, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Watansöýüjiligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ýaş nesilleriň watansöýüji, bilim-terbiýeli, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan beýik işleriň gerimi has-da giňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri biziň üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Şeýle ajaýyp eserleriň biri-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabydyr. Bu eserde milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly, Watana wepalylygyň ýokary nusgasy rowaýatlaryň, nakyllaryň, tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Olaryň ýaş nesil bolan biziň milli ruhda terbiýelenmegimizde, bilim almagyň we hünär öwrenmegiň durmuşda tutýan ornuna düşünmegimizde ähmiýeti örän uludyr. Watansöýüjiligi ündeýän bu kitap biziň Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Täze üstünliklere ruhlandyrýar

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun alan ajaýyp eserleri bizi — ýaş nesilleri watansöýüjilige, ahlakly, ynsaply bolmaga, bilimden ýetdik paýymyzy almaga çagyrýan ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eserleri biz — ýaşlary ylym-bilime höweslendirýär. Meniň hem ylmy-taslama işim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň birinji jildinde beýan edilen ajyýowşandan sabyn ýasamak hakynda boldy. Şol işim bilen hem «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilen ylmy-taslama döredijilik bäsleşiginiň biologiýa dersi boýunça döwlet tapgyrynda üçünji orna mynasyp boldum. Bu üstünligim meni has-da ruhlandyrdy. Geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramakda taýsyz gymmatlyk bolup durýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby esasynda tebigatymyzyň ot-çöpleriniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenip, ýaşlara bildirilýän ynamy ödemäge çalşarys.

Oňyn özgertmeler — geljekki ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 8-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar. Türkmenistan ýaşlary hemmetaraplaýyn goldaýan, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün edýän döwlet. Ýurdumyzda bu ugurdaky işler 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kadalaşdyrylýar. Bar bolan şeýle kanunçylyk namalaryň esasynda ýaşlarymyz döwrebap şertlerde ylym-bilim alýarlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Munuň özi bilimli türkmen ýaşlarynyň zähmet bazarynda özleriniň mynasyp orunlaryny tapmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Terbiýäniň çägi bolmaz

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen eýýäm bu ulgamda däbe öwrülen okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işiniň, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň bilim we hünär taýýarlyklaryny has-da kämilleşdirmekden, psihologik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işlere-de seljerme berildi. Eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan wezipeleri we maksatlary nukdaýnazary bilen geçirilen ýygnanyşyk döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi. Okuw ýygnanyşygy ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, olara harby bölümleriň terbiýeçi serkerdeleri we harby psihologlar işjeň gatnaşdylar. Şeýle çäreler olaryň biri-biri bilen tejribe alyşmaklaryna, iş tejribeleriniň has-da baýlaşmagyna oňyn şert döredýär. Ýygny guraýjylar özleriniň usulyýet maslahatlaryny psihologlar we terbiýeçiler bilen paýlaşdylar.

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde ýokary okuw mekdepleriniň orny örän uludyr. Häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. «Times Higher Education» her ýylda dünýäniň iň naýbaşy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzýän halkara žurnaldyr. Bu halkara žurnaly her ýyldaky sanawyny uniwersitetlerdäki berilýän bilimiň hiline, onda döredilen şertlere, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine görä düzýär. Halkara žurnalynyň sanawyna giren iň gowy bäş sany ýokary okuw mekdebiň 3-si ABŞ-da, 2-si bolsa Angliýada ýerleşýär. Geliň, dünýäniň iň gowy 5 sany ýokary okuw mekdebi bilen gysgaça tanyş bolalyň. Oksford uniwersiteti «Times Higher Education» halkara žurnalynyň 2020-nji ýyl boýunça iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Dünýäniň iň gadymy uniwersitetleriniň biri hasaplanýan Oksford bu sanawda adatça, öňdäki orunlarda durýar. Bu uniwersitet dünýäniň iň gadymy iňlis dilinde sapak berip başlan uniwersitetidir. Angliýada ýerleşýän naýbaşy uniwersitetde 50-ä golaý hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýerde diňe bir iňlisler däl-de, daşary ýurtly talyplar hem bilim alýarlar.

Bagtyýar nesillerimiziň ýeňişleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň okamaklary, döretmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän aladalaryna mynasyp jogap hökmünde golaýda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyryna 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, özleriniň bilim-başarnyklaryny görkezdiler. Harby okuwçylardan Şatlyk Nazarow, Bahram Begenjow, Mergen Atabalow, Atajan Kuliýew, Furkat Matýakubow, Sapargeldi Abdyýew, Şatlyk Kowusow, Begenç Döwletow, Eziz Tokaýew, Kemranbek Karimow, Jemşit Sazakow, Daýanç Ataýew, Akmuhammet Atabaýew, Meýlis Kakamyradow, Mergen Maşadow dagy üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň diplomlary bilen sylaglandylar.

Üstünlikli gadamlar

Bagtyýarlyk döwrüniň binýady ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, ylym we bilim ulgamynyň kämilleşmegi bilen häsiýetlenýär. Jemgyýetiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsinde ilkinji nobatda ähmiýet berilýän ugurlaryň hataryna girýär. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary şu ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular, olaryň 9-sy 1-nji, 6-sy 2-nji, 7-si bolsa 3-nji orunlardyr. Harby okuwçylaryň arasyndan Perman Hudaýnazarow, Azym Bagtyýarow, şeýle hem Resul Babanazarow aýratyn tapawutlandylar. Olar himiýa dersi boýunça iň ýokary görkezijä eýe bolmak bilen, 1-nji orna mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde geografiýa dersi boýunça ders bäsleşigine gatnaşýan harby okuwçylar Ataberdi Ataberdiýew we Dawut Ismailow ýokary görkeziji gazandylar, şeýle hem birinjileriň hataryna biologiýa dersi boýunça harby okuwçy Ybraýym Guwançmuhammedow, fizika dersi boýunça Yslam Sahatow, taryh dersi boýunça Yhlas Şirmetow we Meýlis Annanazarow goşuldylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildirýän, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýändigini habar berýäris. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirýän, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigimizi habar berýäris. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Zehin — üstünligiň açary Golaýda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde Mary şäherindäki orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirildi. Şäherdäki 1-nji orta mekdepde türkmen dili, edebiýat we matematika, 10-njy orta mekdepde taryh, geografiýa, 22-nji orta mekdepde himiýa, biologiýa, 27-nji orta mekdepde informatika, fizika, 32-nji orta mekdepde rus dili, iňlis dili dersleri boýunça geçen bäsleşige zehinli okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy.

Matematika hakynda pähimlerden

Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär. Dmitriý Pisarew.

Bilim bermegiň döwrebap usullary

Paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinden söhbet Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesil hakdaky aladadan başlanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şolaryň biri-de, 2020-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde gözel paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebidir. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde okuwçylar gyşky dynç alyşdan soň, üçünji çärýege täze güýç bilen başladylar. Ine, bu babatda gyzyklanyp, golaýda täze bilim toplumynda myhmançylykda bolduk.

Ýaşlar uly güýçdür

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň my­na­syp ne­sil­le­ri­ni ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ösüp gel­ýän ne­sil­ler bi­len bag­ly hiç bir me­se­le üns­den dü­şü­ril­me­ýär. Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy, bi­li­mi, dynç al­şy, ter­bi­ýe­si, ýa­şu­ly ne­sil bi­len gat­na­şyk­la­ry ýa­ly en­çe­me me­se­le­le­riň çöz­gü­di ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ösüş mak­sat­na­ma­la­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­raý­şy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan, ylym we hü­när öw­ren­ýän, se­na­gat­da, oba ho­ja­ly­gyn­da we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da joş­gun­ly zäh­met çek­ýän ýaş­lar ha­kyn­da ala­da döw­let sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýaş­lar dün­ýä yl­my­nyň ösüş ta­ry­hy­ny we hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­ny öw­ren­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça yl­my-in­no­wa­si­on sy­ýa­sa­ty­ny we Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da­ky yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa

Biologiýa dersini okatmakda işjeň usullar

Sapakda mugallymyň okuwçynyň derse bolan höwesini artdyrmagy zerurdyr. Çaga guralýan her bir sapaga höwes bilen gelse, oňa temany özleşdirmek ýeňil bolýar. Mugallym üçin hem işlemek aňsat düşýär. Munuň üçin, ilki bilen, mugallym sapagyny oňat bilmeli, ikinjiden, okatmagyň iň ygtybarly, işjeň usullaryndan peýdalanmagy başarmalydyr. Bu ders boýunça okadýan VII synpymda ösümlikler dünýäsiniň öwrenilişi boýunça sapaklary netijeli guramaga çalyşýaryn. Okuwçylara islendik ders boýunça bilim bermekde mugallym görkezip okatmak, gürrüň bermek, umumy okuw we gözegçilik ýaly usullardan peýdalanyp biler. Bu usullaryň içinde iň peýdalysy görkezip okatmakdyr. Okuwçylar gören zatlaryny doly gürrüň berip bilýär. Mysal üçin, prezentasiýalardaky we görkezme esbaplardaky ösümlik agzalaryny, ösümligiň görnüşlerini ilkibaşda mugallymyň özi düşnükli we görkezip öwretse, okuwçy mugallymyň aýdanyny berk ýadynda saklaýar. Soňky sapaklarda okuwçy öwredilenleri yzygiderlilikde gaýtalap bilýär we beýleki temalar boýunça hem öwrenenlerini baglanyşdyryp, ýadynda saklaýar.

Çaga terbiýesi we ertekiler

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň terbiýesi bilen bagly işleri netijeli guramakda türkmen halk döredijilik eserleriniň we goşgularyň ähmiýeti uludyr. Çagalaryň irki ösüş döwründen olaryň dil kämilligini ösdürmek üçin ertekileri gürrüň bermek, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öwretmek, pikirleniş ukybyny artdyrmak üçin matallary, nakyllary, goşgulary ýat tutdurmak zerurdyr. Rus alymy K.D.Uspenskiý çaganyň aňyna türgenleşik bermek üçin matallaryň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygyny baryp mundan bir asyr öň belläp geçipdir. Çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda çagalara sanlar bilen hasaplamalary öwredeniňde hem ertekileriň gahrymanlaryndan peýdalanmak mümkindir. Olaryň has täsirli bolmagy üçin multimedia tagtalarynda taýýarlanan prezentasiýalar hem terbiýeçiniň işiniň netijeli bolmagyna täsir edýär. Mysal üçin,

Matematika sapagyny täsirli guramak

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda döredilýän mümkinçilikler okuw sapaklaryny guramaçylykly alyp barmaga uly mümkinçilikleri döretdi. Okatmagy terbiýeçilik işi bilen utgaşykly alyp barmak ýaş nesillerde zähmetsöýerlik, ynamlylyk ýaly ýagşy garaýyşlary kemala getirýär. Ol ýagşy garaýyşlar bolsa öz hünärine ussatlyk bilen birlikde, Watany söýmek, il bähbidini ileri tutmak ýaly ynsan üçin iň gymmatly häsiýetleri kämilleşdirýär. Biz munuň şeýledigini matematika dersi boýunça başlangyç synplarda okaýan okuwçylar bilen guraýan sapaklarymyzyň dowamynda hasaplamak endikleri ösdürýän oýunlaryň, ýumuşlaryň, matallaryň, şeýle hem barlagnamalaryň takyk ylymlara ýykgyn edýän çagalary ýüze çykarmakda hem aýdyň görýäris.