"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Dil bilmek — kämillik

Dil öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gowulandyrmakda we adamlaryň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmek maksady bilen birnäçe işler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi aýratyn uly orna eýe boldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, ukyplaryny kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeginde hereket edýän umumy bilim edaralarynda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Ýaş nesilleriň dil öwrenmäge bolan ýokary islegini kanagatlandyrmakda, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekde bu alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.

Ýaş zehinleriň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün ata Watanymyzda ýaşlaryň kämil bilimli, ylymly bolmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işleri her bir ädimde görmek bolýar. Şeýle guwandyryjy maksatlar ýurdumyzyň beýik geljegini gurujy, öz hünärine ussat ýaş nesliň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýaşlar islendik ugurda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde çäksiz mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Muňa mysal hökmünde ýakynda, has takygy, şu ýylyň 4 — 8-nji mart aralygynda ýurdumyzyň döwrebap ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny (OMOUS — 2024) görkezmek bolar. Ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilen bu halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli talyplary üstünlikli çykyş edip, jemi 191 medal, şol sanda ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sini, kümüş medallaryň 51-sini, bürünç medallaryň bolsa 104-sini, toparlaýyn tapgyrda 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medal gazanmagy başardylar. Talyp ýaşlaryň şeýle ajaýyp üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň ýagty geljegi üçin döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Işine jür, okuwçylaryň sowatly bolmagy üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýan, zähmetsöýer mugallymlaryň biri-de Mamajan Hojaýewadyr. Mugallym Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny tamamlap, indi 29 ýyl bäri okuwçylara himiýa we biologiýa sapagyndan bilim berip gelýär. Ol häzirki wagtda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdepde zähmet çekýär. I derejeli mugallymyň yhlasly zähmetiniň miwesini onuň okuwçylarynyň gazanýan ýeňişlerinde görmek bolýar. Okuwçylaryň zehininiň ýüze çykmagynda öz mynasyp goşandyny goşýar. Mamajan mugallymyň okuwçylary ders bäsleşiklerine, taslama bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolýarlar. Mugallym ençeme ýyl bäri ders hem-de taslama bäsleşiklerine emin hökmünde gatnaşýar. SURATDA: himiýa sapagyndan pursat.

Nesil aladasy — wajyp wezipe

Bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. Çünki ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi. Şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesliň watanperwer, sowatly, giň gözýetimli, sagdyn, belent ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ýurdumyzda her ýylda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şeýle ýokary derejeli bilim edaralarynda ýaşlary okadýan mugallymlaram, bilim alýan okuwçylaram özlerini diýseň bagtyýar hasaplaýarlar. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaşlara bilim berýän mugallymlaryň ýaşlary watançy, zähmetsöýer, halallyk ruhunda terbiýelemegi, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmegi, şahsy başarnyklaryny ösdürmegi özleriniň baş wezipesi hasaplaýarlar.

Dil öwrenmek – üstünlikleriň özeni

Ýurdumyzda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, ýaşlara çuňňur bilim-terbiýe berilýär. Şunda kämil tehnologiýalar bilen birlikde dünýä dillerini öwretmek hem möhümdir. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň bilim alyp, dürli dilleri bilýän, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin eziz Diýarymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini öwretmek barada-da anyk wezipeleri goýýar. Ýurdumyzda ýaşlara dünýä halklarynyň dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlarymyz dünýä edebiýatyndan habarly bolýarlar, ylmy edebiýatlary özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan islegleriň artmagy daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, umuman, bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Şeýle hem olardan dil öwretmek işlerinde häzirki döwürde iň ösen tehnologiýalary, tejribeleri çuňňur özleşdirmekleri talap edilýär.

Kitap — paýhas hazynasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bada-bat ähli watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Çünki many-maňyzly kitaplar hiç haçan gymmaty egsilmeýän tükeniksiz baýlykdyr. Onuň sahypalaryndan ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly sowallara dogry jogap tapmak bolýar. Sadalyk, päklik, halallyk, watansöýüjilik, lebizlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleriň gymmatyny kitap gahrymanlary dürli durmuş wakalary arkaly beýan edýärler. Durmuşy dogry we üstünlikli, paýhasly dolandyrmagyň, ýüreklere ýol salmagyň syrly açarynyň hem kitaplaryň sahypalaryndadygy hemmelere mälimdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda şeýle belleýär: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär». Ýürekden çykan bu sözler ýüreklerde orun alyp, ruhy gymmatlyk bolan kitaba söýgiňi artdyrýar. Ynsanlar kitap okap Watanyň mukaddesligine, şöhratly geçmiş taryhyna, ýaşaýan döwrüniň ösüşlerine has oňat göz ýetirýärler, ruhuny tämizleýärler.

Ylym-bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion ösüşi rowaçlanýar, bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Hut şonuň üçin hem ylym-bilimiň ösüşini pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek baş ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde pudaklar ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolýar. Ylym-bilim özgertmelerinden gözbaş alýan netijeli işler milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkidip, ösüşlere badalga berýär. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara forumlaryň, dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem ylmyň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär we bu iş häzirki wagtda hem yzygiderli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler

Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda ADA uniwersitetiniň rektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň prorektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etdi.

Daşary ýurt dilleri döwrebap usulda öwredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar . Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzeliklerini, öňdebaryjy innowasion tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda biz-bilim işgärleri  dör

Bilim bagy mekdepdir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Netijede, ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby boldy, etrap häkimligine ABŞ-nyň 1 million dollary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

IV Açyk halkara matematika olimpiadasy jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilmegi ýurdumyzda bu ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4 — 8-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2024) aýratyn ähmiýete eýedir.

Ylym ýolunyň ýaş ýolagçylary

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtly talyplarynyň gatnaşmagynda birnäçe günläp dowam eden IV Açyk halkara matematika olimpiadasynda zehinli we başarjaň ýaşlar altyn, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Galkynyşyň daýanjy

Ýurdumyzy, jemgyýetimizi ösdürmegiň binýatlaýyn esasy bolan bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary işjeň ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzaldylmagy, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, onuň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirdi.

Oguz han nesilleri döwrebap bilim alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-günümizi, Watanymyzy beýik özgertmelere eltýän tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Sanly bilim we innowasion ösüş

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Kämil hünärmenler

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ynsanperwer ugurlarda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi işleri täzeçe guramaga şertleri döredýär. Aslynda, islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Şonuň üçin hem bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde şöhlelenýär. Biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem kämil hünärmenleri taýýarlamakda ähli şertler bar. Bu ugurda okuw, usuly işlerimiz döwrebap ösdürilýär, ýaşlara bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary ylmy esasda ýola goýulýar. Şonuň netijesinde, ýaşlar nebit we nebit önümlerini öndürmegi, nebiti gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny hem-de onuň ylmy esaslaryny çuňňur öwrenýärler. Şunda okuw otaglarynyň, barlaghanalaryň döwrebap üpjünçiligi oňat ýardam berýär.

Ylym-bilimiň döwrebap ösüşleri

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly bilimiň ösdürilmegine, ösen tehnologiýalardan, kompýuterlerden we elektron görnüşlerden peýdalanmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy döwrebaplygy, netijeliligi üpjün edýär. Bilim ulgamynda dowam edýän netijeli özgertmeler bolsa ösüşi şertlendirýär. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik işlerine, döwrebap özgertmeler uly üns berlip, sanly bilimiň hyzmatyndan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanýar. Bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalary ornaşdyrylyp, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary taýýarlanýar.

Söz ussadyna belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat medeni ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem aňryýany bilen tassyklaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň paýhasly dünýäsidir, XVIII asyr nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda baky yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň dürdäne eserleri ynsany ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge gönükdirilipdir. Akyldar öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet, ýurduň we halkyň abadançylygy baradaky pikirlerini çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-pelsepewi, ahlak-etiki we ynsanperwerlik häsiýetli täze pikirleri, wesýetleridir çagyryşlary bilen halka ýüzlenipdir. Akyldar şahyryň:

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi baý we hemmetaraplydyr. Halkyň ХVIII asyrdaky durmuşy, şol döwrüň taryhy hem-de syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi — bularyň ählisi Magtymgulynyň döredijiliginde orun tapypdyr. Ajaýyp eserleri döreden, pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, päk terbiýe mekdebi hökmünde kabul edýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik il-ulsumyzyň gadymdan gelýän esasy ýol-ýörelgesi. Magtymguly Pyragy bolsa bu ýörelgäni ölmez-ýitmez şygyrlary bilen watandaşlaryna wagyz eden beýik danadyr. Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Onuň bize galdyran döredijiligi çeper söz nukdaýnazaryndan örän gymmatlydyr. Magtymgulynyň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde, ýaş nesil üçin genji-hazynadyr. Şahyr ylmy we pelsepewi düşünjelere esaslanyp, bagtyň, hoşgylawlygyň, ýagşylyk etmegiň ýol-ýörelgesini öwredýär.