"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Çagalaryň dünýäniň bezegine, durmuşyň gülüne deňelmegi ýöne ýerden däl. Pähimdar pederlerimiz edep-terbiýeli çagany miweli baga hem meňzedipdirler. Çünki terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, aň-düşünjeli, edep-ekramly nesil ýetişýär. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetli yrymlary, däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Nesil terbiýesi meselesinde parasatly pederlerimiziň miras galdyran ýol-ýörelgeleri biziň üçin görelde mekdebidir.

Ýeňişli ýyllaryň ýalkymy

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy–— ýeňişli ýollaryň ýalkymy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen Aşgabat şäheriniň mukaddes ýerleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýine hem baryldy. Ylmy-amaly maslahat üç bölümçede dowam etdi. Institutyň ylmy işleri boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazow, Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik Orazmyrat Annaýew hem-de harby talyp Wepa Baýramberdiýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekleriň, öňi bilen bolsa, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň görkezen gahrymançylyklary we watançylyga beslenen manyly durmuş ýoly barada nygtadylar. Hususan-da, milletimiziň şöhratly taryhynda aldym-berdimli söweşleriň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda beýleki halkl

Akyl-paýhasyňa, pendiňe uýdum

Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir. 1995-nji ýylyň 25-nji maýynda ir säherden ýagyş damjalap ugrapdy. «Ýaz ýagşydyr, geçer-gider-dä» diýen çaklamam dogry çykmansoň, saýawanymy almak üçin yzyma dolandym. Ony goýan ýerimden tapman, kitap-depderlerimiň durýan ýerinden gözläp ugradym. Şol wagt elim degip, ertekiler kitaby ýere gaçdy. Aýawly saklap ýören kitabymy emaý bilen ýerden galdyranymda, onuň arasyndan okuwçy depderine ýazylan hat çykdy. Ol meniň altynjy synpda ýazan düzmämdi. Edebiýat mugallymymyzyň erkin temadan ýazdyran düzmesinde çagalygymyň arzuwy bardy. Men mugallym bolmagy arzuw edipdim. Çaga kalbymda bu arzyly käre söýginiň döremegine başlangyç synp mugallymym sebäp bolupdy. Onuň mähriban keşbi häzirem göz öňümde. 1-nji sentýabr güni ejem janyň elinden tutup, ak mekdebiň bosagasyndan ätlänimde Jumagül mugallym güler ýüz bilen garşy alyp, öň hatardaky partada oturdypdy. Birinji synpa gelýän oglan-gyzlaryň arasynda ejelerine gysmyljyrap, gapynyň agzyndan yzyna gitjek bolup duranlary-da bardy. Jumagül mugallym olaryň hersiniň elinden tutup, synpda oturdypdy. Soňra ene-atalara rugsat berip, biziň bilen ilkinji sapaga başlapdy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Üstünlik yhlasa bagly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň pähim-paýhas mümkinçilikleriniň, başarnyklarynyň doly açylmagy, bilimleriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda maksada okgunly işler durmuşa geçirilýär.

Bilimli nesil ýurdumyzyň daýanjydyr

Täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek üçin hem ähli şertler döredilýär. Ulgamda ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň beýik ösüşlere sary aýgytly gadam urup, bagtly geljegini gurýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Eziz Diýarymyzda ulgama sanly bilimiň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Ýaş nesillerimiziň häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynda bilim almaklary, dürli dilleri we hünärleri öwrenmekleri olaryň ylymda täze belentliklere ýetmeklerine ýardam berýär. Kabul edilýän maksatnamalarda hem ylym-bilimi ösdürmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň esasy wezipeleriniň we ugurlarynyň kesgitlenmegi ulgama aýratyn ünsüň berilýändigini subut edýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanýan bilim binýadynyň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Ylmyň, bilimiň gülläp ösýän ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Döwletimiziň kuwwatly güýji

Ynsan üçin bahasyz baýlyk hasaplanylýan bilim ruhy hazynadyr. Şonuň üçinem «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyzdan galan nakyl halkymyzyň ýörelgesine öwrülendir. Häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim programmalaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle işleriň netijesinde kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän ýaş hünärmenler kemala gelýär. Biziň uniwersitetimizde hünär öwrenýän ýaşlar hem elektron sözlükleriň, audio we wideo materiallaryň, gollanmalaryň, elektron kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini baýlaşdyrýarlar. Şeýtmek bilen, talyplar geljekde ýerasty baýlyklarymyzy gazyp almakda, olary işläp geçmekde, halkymyzyň netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakda tejribe toplaýarlar. Mundan başga-da, olar abraýly halkara bilim, sport, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny ylym-bilimli, maksada okgunly edip terbiýeläp ýetişdirmek ba

Üstünlikleriň sakasy

Ýaş nesillerimiziň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk bilim-terbiýe almagyny gazanmak milli bilim özgertmelerinde esasy maksat bolup durýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda badalga berlen ylym-bilim özgertmeleri täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Netijede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm aýratynlygyna öwrülen bilim özgertmeleri ýaş nesli milli ruhda, ýagny medeni mirasymyza, şöhratly geçmişimize, durmuş ýörelgelerimize laýyk terbiýelemek ýaly asylly tutumlar bilen sazlaşýar. Halkymyza, Watanymyza wepaly, halal zähmete sarpa goýýan, ylymdyr bilime teşne nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şeýle jogapkärli wezipä abraý bilen hötde gelmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýaş nesilleri terbiýelemekde Milli Liderimiziň özboluşly mekdep bolup durýan eserleriniň üstüni ýetirdi. Şöhratly geçmişimize, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza buýsanç duýgularyny kalbyna nagyş eden ýaş nesliň bilime, ylma bolan höwesi has-da artýar. Ýurdumyzyň röwşen ge

Dil bilmek — baýlyk

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri möhüm şertleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz geljekki ýurt eýeleriniň ýokary derejede bilim almaklary, dil öwrenmekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Okuwçylara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr.

Bilimli ýaşlar — Watan geljegi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrapdaky A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bilimli ýaşlar — Watan geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy.

Kämillik menzilleri

Çaga terbiýesinde daşymyzy gurşap alýan tebigata, medeni gymmatlyklara hem-de sungat gözelliklerine söýgi döretmek, daş-töweregimizdäki adamlar, deň-duşlar bilen sarpaly gatnaşygyň ýola goýulmagyny ündemek uly ähmiýete eýedir. Gözellik, ýagşylyk, kämillik, sazlaşyk, Watana söýgi, dogruçyllyk, halallyk ýaly düşünjeleriň manysyny çagalara kiçiliginden öwredip, durmuş atly akymda özlerine mynasyp orun almagyny öwüt etmeli. Il-halkyň alkyşyny alýan ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin çagalara maşgalada we mekdepde asylly görelde görkezmeli. Çagalarda öz duýgularyny, içki ahwalatyny, tolgunmasyny, begenjini, dünýäni, tebigaty kabul edişini köplenç döredijilik eserleriniň üsti bilen mälim etmek häsiýeti bar. Bu olaryň döredijilik älemine girişmegine, zehinini ösdürmegine täsirini ýetirýär, daşyny gurşap alýan gözellikleri duýmak ukybyny kemala getirýär. Kiçi ýaşly çagalar köplenç surat çekmek bilen öz duýgularyny beýan edýärler. Eline galam bilen kagyz alan çaga, ilki bilen, ejesi bilen kakasynyň elinden tutup duran görnüşi, soňra öý, al-elwan açylan gülleri, asuda asmanda nuruny eçilip duran Güni, bulutlary, ýapraklary seçelenip duran agajy çekip, maşgalasyny, öý-ojagyny, özüni gurşap alýan zatlary suratlandyrmagy halaýar.

Beýik işleriň daýanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Mähriban Diýarymyzda biz—ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirilip, türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň 15-20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS — 2024) üstünlikli geçirildi. Bu bilim ojagynda 19-njy aprelde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça halkara internet olimpiadasy hem geçirildi. Häzirki zaman önümçi

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaş nesil yhlasly okaýar, zähmet çekýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okuw we tejribe işlerine täze, döwrebap usullar ornaşdyrylyp, dünýä tejribesinden netijeli peýdalanylýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu gymmatly kitaby okadygyňça, onuň many-mazmuny okyjyny özüne çekýär, türkmen halkynyň diňe bir sebitde däl-de, eýsem, dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezýär.

Geçmişiň hem-de geljegiň sazlaşygy

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine höweslerini artdyrmak, olaryň kärine kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde kafedralaryň hepdeliklerini geçirmek boýunça işler ýola goýuldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde hem taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň «Taryh geçmişiň hem geljegiň aýnasydyr» atly hepdeligi guramaçylykly geçirildi. Hepdelige taýýarlyk işleri okuw ýylynyň başyndan ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenilip, onuň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Bilimli nesil — röwşen geljegimiz

Häzirki ajaýyp döwrümizde däp-dessurlary öwrenmek we jemgyýetiň belent ýörelgelerine eýermek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek asylly maksatlara öwrüldi. Pähimdar pederlerimiziň wesýetlerinden hem-de göreldelerinden kemala gelen milli ýörelgeler ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz wagyz edilýär, dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň terbiýesine, ylym-bilimine aýratyn üns berilýär. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini has-da berkitmeli. Watançylyk terbiýesi iňňän mukaddes we jogapkärli işdir. Şonuň üçin hem nesil terbiýesi watançylyk we milli gymmatlyklaryň esasynda alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenýändigini, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere ygrarly nesliň kemala gelýändigini aňladýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sapaklarda sanly mümkinçiliklerden peýdalanmak Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy hereketi tizleşdirýär. Döwrebap derejede tehnologiýalar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara sanly serişdeleri, tehnologiýalary dogry we doly öwretmek gerek. Bularyň üsti bilen çagalar daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem doly mümkinçilik alýarlar.

Kämil bilim ulgamy

Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky yzygiderli aladasy netijesinde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan-da, bilim bermekde sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly wajyp resminamalar bar. Bu möhüm maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bular öz gezeginde, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem okadylýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumla

Körpeleriň dilinde Pyragynyň waspy

Çagalar bakja-bagymyzda «Pyragynyň paýhasy — dost-doganlyk köprüsi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Oňa etrabymyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda bagymyzda terbiýelenilýän körpeler şadyýan aýdymlary, joşgunly tanslary bilen çykyş etdiler. Doganlyk halklaryň milli lybaslaryny geýen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary, tanslary uly şatlyk hem-de başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen şirin labyzly aýdymlar olara mahsus sazlaşykly tans hereketleri bilen utgaşdy. Olaryň çykyşlarynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna öwran-öwran ýüzlenildi. Akyldar şahyryň halklaryň arasynda dost-doganlygy wasp edýän çuňňur mazmunly goşgy setirleri has belentden ýaňlandy.

Internet olimpiadasy geçirildi

Institutymyzyň ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça internet olimpiadasy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylarynyň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzda tebigy ugurlar boýunça bilim bermekdäki milli ýörelgäniň kadalaryny dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmak we okatmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde okuwçylar ekologiýa dersi bilen bagly soragnamalara jogap bermek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Köýtendag etrabyndaky 37-nji orta mekdepden Aknur Hamzaýewa we Dänew etrabyndaky 27-nji orta mekdepden Arslan Genjiýew birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Saniýe Batyrowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimuradowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekde sanly tehnologiýalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, wagtyň tygşytlylygyny hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar bize has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgança

«Açyk gapylar» güni

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, orta hünär bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, medeniýetli dynç almak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.