"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýaşlar röwşen geljegimizdir

Ýurdumyzy beýik ösüşlere beslemek baradaky asylly maksatlaryň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyza, aýratyn hem, ýaş neslimize okamaga, döretmäge we gurmaga mümkinçilikleri döredýär. Bu ýagdaýlar häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny çalt özleşdirmäge we durmuşa ornaşdyrmaga bolan egsilmez ruhlandyryjy güýji emele getirdi. Çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ösmegi, ýaşlarymyzyň bilimli, ýokary hünärli adamlar bolmagy üçin durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňat netijesini hem berýär. Kuwwatly hem berkarar döwletimiziň keremli saýasynda kemala gelen nesil kämillige gol berýär, ýeňişli belentliklere ynamly gadam urýar. Biziň ýaşlarymyz abraýly halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, olimpiýa we paraolimpiýa oýunlaryna, ders we ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, arzyly ýeňişlere eýe bolýarlar, ata Watanymyza medally gaýdyp gelýärler. Olaryň gazanan her bir ýeňşini dabaralandyryp, mukaddes ýaşyl Tugumyz al-asmana göterilende, milli Senamyz belentden ýaňlananda, türkmen halkynyň şan-şöhraty artýar. Şeýle üstünliklere ýaş nesillerimiziň eýe bolmagynda mugallymlaryň hem uly paýy bardyr. Ýaş nesilleri terbiýe bilen dogry ýola gönükdirmek, degerli maslahatlar bilen goldaw bermek ýaly meselelerde mugallymyň işjeňlik görkezmegi zerurdyr.

Dil bilen dünýäni gezer

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Bilim ulgamyny ösdürmek ýaş nesliň kämil bolmagynyň, ýurdumyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleriniň baş şertidir. Şonuň üçin hem ýaş nesle iň oňat mümkinçilikler, häzirki zamanyň ähli şertleri döredilýär. Bu bolsa olaryň mynasyp nesil bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Ýaş nesliň kämil bolup ýetişmeginde dil öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Öz ene diliňden başlap, daşary ýurt dillerini bilmek dürli edebiýatlardan peýdalanmaga, dünýägaraýşyňy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dil bilmek, öňi bilen hem türkmen dilini oňat bilmek ýaş nesil üçin esasy zerurlykdyr. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil pikirlenişiň baş şertidir. Dili kämillik derejesine ýetirip bilen adam kämil pikirlenip hem bilýändir. Şu aýdylanlary göz öňünde tutup, ýaş nesle, ilkinji nobatda, ene dilimiziň baýlyklaryny, dürs ýazuwyny öwretmek hökmandyr. Şeýle hem dünýä dillerini öwretmek ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine oňat täsir edýär.

Uly durmuşa ak ýol

Bagtyýar halkymyz baýramlara baý ata Watanymyzda ýene-de sanlyja günden goşa toýy — parahatçylygyň ýüregi, Aziýanyň merjeni, ak arzuwlaryň wysal tapýan mekany bolan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gününi hem-de «Soňky jaň» dabarasyny uludan toýlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylandygyna 143 ýyl dolýar. Taryh heňňam çarhyny aýlap, ýyllaryň hasabyny artdyrdygy saýy Aşgabat hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary, geljegiň eýeleri bolan ýaşlara bildirýän ynamy netijesinde, gün-günden döwrebap, gözel keşbe eýe bolup, juwanlygyň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülýär. Hut şonuň üçin-de, halkymyz paýtagtymyzyň juwanlyk gününiň simwoliki manysyny «Soňky jaň» dabarasy bilen baglaýar. Sebäbi bu sazlaşyk ynsana durmuşyň unudylmajak pursatlaryny bagyş edýär.

«Açyk gapylar» güni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, orta hünär bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, medeniýetli dynç almak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 230-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dü

«Açyk gapylar» güni

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümiň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde bagtyýar ýaşlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň akademiýamyzda durmuşa geçirilişi, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ýaşlarda tebigata söýgi döretmek hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda hem dürli mazmunly çäreleri ýygy-ýygydan geçirýäris. Çünki körpelere daşky gurşawy goramagy ündemek, öwretmek pederlerimiziň akyl akabasyndan gözbaş alyp, milli tejribämize ornaşandyr. «Daş-töwerek we tebigat bilen gatnaşyk» diýen at bilen guran sapagymyz hem körpelere täsirli duýgulary bagyşlady. Sapagyň dowamynda çagalaryň arasynda daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlary boýunça hereketli oýunlar guralyp, sowal-jogap alşyldy. Şeýle-de tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga bagyşlanan bäsleşikler işjeň häsiýete eýe boldy.

Lebaply mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnunda baş baýraga hem-de göçme kuboga mynasyp boldy. Bilşimiz ýaly, bu bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen açylan Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýär. Bu bäsleşik geljekde ykbalyny diplomatiýa hünärine baglamak isleýän mekdep okuwçylaryna öz zehinlerini görkezmek üçin giň meýdançadyr. Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilip, onda Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa bolsa ikinji orny eýeledi.

Täze bina üçin täze enjamlar

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolup, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we barlamhana enjamlary bilen tanyşdylar. Has takygy, institutymyzyň wekilleri Germaniýanyň dünýä belli «Phywe», G.U.N.T, «Gerätebau GmbH», we «LD Didaktik» kompaniýalaryna baryp gördüler. Bu ýerde olara kompaniýalaryň taryhy we önümçilikdäki täzelikler barada gürrüň berdiler. Nemes kompaniýalary geljekde bolsa Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahatlary we çykyşlary guramaga taýýar. Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda, olaryň aýdyň miweleri barada gürrüň berdiler. Bilim we tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ikitaraplaýyn ösüşiň has pajarlamagyny üpjün eder.

Kärine yhlasly mugallym

Sonagül ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw etdi. Şol arzuwy ony Köýtendag etrabynyň Akgumolam obasyndaky 6-njy orta mekdebi tamamlandan soň, Kerki şäheriniň Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň gapysyndan alyp geldi. Ol bu ýerde yhlas, höwes bilen okady. Okuwyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag şäherindäki 4-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady. Sonagül turuwbaşdan söýgüli kärine yhlasly ýapyşdy. Halypa mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşdy, olardan sapagy netijeli we täsirli guramagyň usullaryny öwrendi. Yhlas bar ýerinde bolsa mydama üstünligem bar. Gysga wagtyň içinde işiň abyny-tabyny ele alyp, çagalara zamanabap bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda etrapda öz işine ussat mugallym hökmünde tanalýan Sonagül Hezretowa etrabyň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär. Ol ýaş mugallymlara, kärdeşlerine okatmagyň täze usullaryny saýlap almakda görelde bolup, ýokary netijeli işlemegiň ýollaryny salgy berýär. Her mugallymyň sapagy talabalaýyk guramagyna, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşygyny gazanmagyna ünsi çekip, degerli maslahatlaryny berýär. Mugallymlaryň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly maslahatlarynda özüniň iş tejribesi barada nutuklar bilen çykyş edip durýar. Onuň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barmak büküp sanardan kän. Olar kärine yhlasly mugal

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin jan aýaman zähmet çekýär. Ýaş nesillerimiziň bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan halypa mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç we rus dili mugallymy Akgözel Esenowadyr. Akgözel mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen bilim berýän okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar. Mugallymyň üstünligini onuň özüniň we okuwçylarynyň gazanýan ýeňşinden görmek bolýar. Has takygy, mugallym rus dili dersi boýunça mugallymlaryň arasyndaky onlaýn bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy we medal bilen sylaglanyldy. Akgözel mugallymyň ýolbaşçylyk edýän synpynyň okuwçylary bolsa, rus dili we matematika dersleri boýunça internet olimpiadalaryna gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe boldular. Şeýle begendiriji üstünlikler okuwçylara mundan beýläk-de okamaga, mugallyma bolsa, jogapkärli işinde yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär.

Eşretli geljegimiziň gözbaşy

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berilýän bilimde we edep-terbiýede jemlenýär. Halkymyzyň nesil terbiýesi baradaky ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şu aladalar bilim işgärlerine bildirilýän ýokary talaby öňe çykarýar. Has tutanýerli zähmete borçly edýär. Şeýle jogapkärli işiň ýokary netijesiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna baglydygyndan ugur alýarys. Aslynda, mugallymyň işi juda jogapkärli wezipe. Sebäbi, döwletimiz biz, mugallymlara ertirimiziň abadanlygyny üpjün etmegi ynanýar. Has takygy, geljegimiziň bagtyýarlygy ýaş nesle şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiliniň derejesine baglydyr. Şonuň üçinem her bir bilim işgäri bu hakykata dogry düşünip, hünär borjunyň jogapkärçiligini duýmagy derwaýysdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bilim ulgamynyň ösüşli menzilleri Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň ösüşli menzillere ýetmegine giň ýollar açylýar. Sapaklaryň döwrebap tehnologiýalar esasynda guralmagy bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim edaralary bilen sanly ulgam arkaly guralýan okuw sapaklary onuň mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Hünärli ýaşlar — ýurduň daýanjy

Nebitgaz pudagynyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagynda, ýangyç çig mal serişdelerine baý meýdançalardan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna çykarmakda gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz serişdelerine baý ýurtlaryň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýan ata Watanymyzyň ýerasty baýlyklaryny ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» degişli döwürde döwletimiziň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenendir. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna täze innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, bu ugurda ýokary taýýarlykly ökde hünärmenleriň ýetişdirilmegi işleriň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň başarjaň, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berýär.

Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ýaş nesillerimiz hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylym-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmaga, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Geçirilýän bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler ulgamyň kämilleşmegine, bilim işgärleriniň has zehinlilerini ýüze çykarmaga ýakyndan ýardam berýär. Şeýle bäsleşikleriň birini ýakynda welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirdik. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň arasynda guran bu bäsleşigimizde ähli şertler akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen bagly boldy. Şunuň ýaly bäsleşikleri mekdep okuwçylarynyň arasynda hem yzygiderli geçirip durýarys. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de bilim işgärleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler oňyn netijelerini-de berýär. Olar halkara ýaryşlarda hem baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular geljekde Watanymyzyň eýeleri boljak ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tar

Dünýä ölçeglerinde kämilleşýän ulgam

Taryhy ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, olar bagtyýar ýaş nesillerimiziň halkara ölçeglere laýyk bilim almaklaryny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmeklerini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde yzygiderli gazanýan üstünlikleri aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda öwgä mynasyp işler ýerine ýetirildi. Muny hormatly Prezidentimiziň: «On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy

Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler. «IQ007» mekdebi — rus franşizasy bolup, 10 ýyllyk iş tejribesiniň dowamynda Russiýada we GDA ýurtlarynda 565 sany mekdebi açdy, 3600 sany pedagogy taýýarlady we 350 000-den gowrak okuwçyny okatdy. Bilim taslamasy tejribeli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip, çagalary döredijilige, öz-özüňi aň taýdan kämilleşdirmäge hem-de her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga ruhlandyrýan dürli programmalary, täsirli we özboluşly usullary hödürleýär.

Nazary mehanika: zehinli ýaşlaryň üstünligi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Oňa 16 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 87-sinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirildi. Şahsy bäsleşikde gatnaşyjylara sekiz meseläni çözmek üçin 240 minut, toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylara bolsa nazary mehanika dersiniň dürli bölümlerine degişli bäş sany meseläni çözmäge 60 minut wagt berildi. Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine görä toplanan utuklaryň jemi bilen kesgitlendi. Olimpiadanyň ýeňijileri birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş edip, olaryň 16-sy birinji, 17-si ikinji, 49-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Anyk aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan D.Suwhanberdiýew, G.Gylyçgeldiýewa, Ş.Babamuradow, A.Ýazjumaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden K.Çerkezow, M.Artykow, G.Orazgeldiýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden M.Allamyradow, Ö.Hojaýew, S.Merdanow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görelde sapagyny guramak Edebiýat dersinden okadýan synplarymda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça görelde sapaklaryny guradym. Sapakda Magtymguly Pyragy, onuň şygryýet dünýäsi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmek örän ähmiýetlidir. Multimedia tagtasynda şahyryň suratyny, oňa degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şahyryň goşgy bentleriniň aýdyma öwrülenlerini, ol hakdaky rowaýatlary, Magtymguly barada ýazylan eserleri, «Magtymguly» filmini okuwçylara görkezdim. Okuwçylara ýörite barlagnamalary hödürledim. Synpy iki topara bölüp, şahyryň goşgularyndan ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdirdim. Okuwçylara şahyryň goşgularynyň manysy barada sowal berdim. Magtymguly Pyragynyň dürli temalardan döreden goşgularyny okuwçylara gürrüň berdirdim. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylarym bolsa, çeken suratlaryny görkezdiler. Guran görelde sapagyma okuwçylarym örän işjeň gatnaşdy. Sapagyň ahyrynda okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrdym.

Sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny innowasion we tehnologik esasynda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şunda sanly bilimi ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçil