"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Gadymy heňňamyň müdimi owazy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, saglygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda  raýatlary abadan we sagdyn durmuşda ýaşatmak, saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, halkymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek boýunça ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň raýatlaryň sagdyn hem sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny goramak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýen sözleriniň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlar bilen utgaşýandygynyň açyk-aýdyň subutnamasydyr. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy kesgitlenmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady täze kanunlaryň kabul edilmeginiň, hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň hasabyna kämilleşdirilýär. Ynsan saglygyny goram

Ýaşlar baradaky alada

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar we olaryň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy, hünär öwrenmegi, bagtyýar durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Aýratyn-da «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi, ylmy gözleglerinde ýokary netijeleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda ýaş nesliň zähmet, durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň kepilidir.

Täze ýyl gijesi — jadyly gije

Gyşyň ilkinji aýyna gadam basanymyzda, «Täze ýylyň şat toýy, // Bolmaz onuň deň-taýy» diýen setirler bilen başlanýan, çagalygymyzda aňymyzda galan aýdyma hiňlenip, Täze ýyl baýramçylygynyň ýakymly duýgularyna berilýäris. Bellenýän her baýramçylygyň özboluşly lezzeti bar. Ýöne Täze ýyl baýramçylygynyň gowy dileglerden, täze arzuwlardan hem-de ertirden başlap hemme zadyň gowy boljakdygy baradaky uly ynamdan ybarat bolanlygy üçin bolsa gerek, onuň gadyry, uly-kiçi üçin tapawudy ýok, tutuş ynsanyýet üçin üýtgeşikligine galýar. Şonuň üçin bu günler ähli adam Täze ýyly garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Köçelerimiz köpöwüşginli çyralar bilen bezelipdir. Baýramçylyk şowhunyny artdyrýan Täze ýyl arçalary ruhuňy göterýär, kalbyňda baýramçylyk duýgusyny oýarýar. Bu ajaýyp, şatlykly günlerde iň wajyp zatlaryň arzuwyny edýärsiň. Çar ýandan şadyýan çagalaryň gülki sesleri döwrümiziň bagtyýarlygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Säherler şowhunly, gijeler asuda, töwerek-daşymyz bolsa aýdym-saz. Täze ýyl baýramynyň sagatsaýyn golaýlaşmagy çagalar bilen birlikde uly ýaşly adamlaryň hem şatlygyna şatlyk goşýar. Nesip bolsa, sanlyja günden birnäçe ajaýyplyklary peşgeş beren ýene bir ýyly ugradyp, täze-täze arzuwlar bilen täze ýyly garşylarys.

Täzeden-täze bagty alyp gelen Täze ýyl!

Ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän, täze üstünlikler gazanylýan ajaýyp döwrümizde halkymyz täze, 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Täze ýyl dabaralary welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Geçirilýän baýramçylyk çärelerinde sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň ata Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, ýurt parahatçylygyny, il agzybirligini wasp edýän şirin owazly aýdymlary, gazallary ýaňlanýar.

Çagalaryň baýramçylyk şatlygy

Welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hünärmenleriniň, şeýle-de körpeleriň gatnaşmaklarynda geçirilen Täze ýyl baýramçylyk çäresi bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhunyna beslendi. Körpeler welaýat döwlet drama teatryndaky bezemen Täze ýyl arçasynyň döwresinde Aýazbabadyr Garpamyk, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlandylar, şatlandylar. Eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler. Çeper okaýyşlary, owadan tanslary bilen çykyş etdiler. Şowhunly el çarpyşmalara beslenen täsirli çykyşlar göwünlerimiziň buýsanjy, abadan durmuşymyzyň bezegi bolan çagalaryň ýürek buýsançlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Dabaraly çärede Aýazbaba bilen Garpamyk çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşuryp, körpeleri has-da begendirdiler.  

Edepli ile ýarar

«Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edepli ile ýarar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly nakyllary döreden pederlerimiz ynsan durmuşynda edep-terbiýäniň örän wajypdygyna uly ähmiýet beripdirler. Onuň ylym-bilim, hünär öwrenmek bilen utgaşdyrylmagy öz miwesini beripdir. Netijede, asylly, edepli, ylymly, hünärli nesil kemala gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde bu ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagy ýaş nesiller barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.  Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hem edep-terbiýe hazynasydyr. Hut şonuň üçinem pähim-paýhasyny şygyrlaryna siňdiren akyldaryň edebi döredijiligi nesilleriň öçmejek aýdymyna öwrüldi. Söz ussady terbiýe meselesine ýüzlenmek bilen, ilhalar, mert, halal, asylly ogul-gyzlaryň her bir ojagyň daýanjydygyny aýratyn nygtaýar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dogruçyllyk, adamkärçilik baradaky sünnälenen setirler ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly mekdep bolup çykyş edýär. «Ýagşy söze gulak salgyl», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez» diýen ussat şahyr her ynsanyň, aýratyn-da ýaş nesliň adamkärçilikli we edepli bolmagyny ündemek bilen, bu häsiýetleriň durmuşa ýagty saçýandygyny aýdypdyr.

Hereketde bolmaly

(Tymsal) Bir gezek pähimdaryň ýanyna şäheriň tanymal baý adamy gelip, şeýle diýipdir.

Gyrgyz nakyllary

Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.*  *  *Edebi ýoguň — uýady ýok.*  *  *Ajaly ýeten garga bürgüde pitjiň atar.*  *  *Ýamanlyk az bolsa-da, köpdür.*  *  *Aza kanagat etmedik köpe şükür etmez.*  *  *Azapdan gorkma, aýypdan gork.*  *  *Aý gije gerek, akyl — günde.*  *  *Akmakdan akyl soramak — sokurdan ýol soramak.*  *  *Öz günäsi bilen ýykylan arz etmez.*  *  *Ýalňyşmaýan dil ýok, büdremeýän — aýak.*  *  *Giren wagtyň çykalga hakda hem pikir et.*  *  *Diňlenjek ýerde gürle, suwam siňjek ýerine sep.*  *  *Dilden balam damar, zäherem.*  *  *Suwuň atasy — çeşme, sözüň atasy — gulak.*  *  *Hemme atdan bedew çykmaz, hemme guşdan laçyn bolmaz.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Daşdan öý Alymlar Perunyň Saýwite arheologik toplumynda ýerleşýän Rumiwasi daşynyň irki döwürlerde astronomiýa jisimlerine we wakalaryna syn etmek üçin edilendigini çaklaýarlar. Bu gadymy ýadygärlik «Daşdan öý» diýen manyny berýär. Ol äpet daşdan kesilip taýýarlanyp, ýörite bellikler edilipdir. Mundan başga-da, bu ýerde suw bilen bagly ýerli däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Sebäbi bu ýerde suw ýaşaýşyň we berekediň nyşany hasaplanypdyr. Daşdan taýýarlanan täsin gurluş günüň uzalyp we gysgalyp başlaýan wagtlaryny, gije bilen gündiziň deňleşýän döwürlerini hasaba almak üçin peýdalanylypdyr.

Şatlygymyz goşalandy

Täze ýylyň bosagasynda Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurlup ulanylmaga berilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak biz — ýaşlar üçin has-da ýakymly boldy. Täze desga aýlanyp gördük, onuň çägindäki binalarda ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy bilen tanyşdyk. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň soňky tehnologiýalaryny, kämil enjamlaryny görüp diýseň begendik. Telekeçilerimiziň şeýle desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurýandygyna guwanjymyz artýar.

Ýakymly täsirleri döretdi

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde dabaraly duşuşyk geçirildi. Agzalan müdirligiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda bolan duşuşyga ýaş işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda eziz Diýarymyzda ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada söz açylyp, ýaşlar syýasatynyň rowaçlyga beslenilişi bilen bagly gürrüňe üns çekildi. “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan zähmetkeşler bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sport we dabaraly çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy aýratyn bellenip geçildi.

Bagtyýarlygyň goýnunda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şatlykly wakalara baýdygy bilen ýadymyzda galar. Çünki tamamlanyp barýan şanly ýyl bize tolgundyryjy pursatlaryň ençemesini peşgeş berdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäreleriniň çäginde guralan aýdym-sazly dabaralara, täsirli maslahatlardyr sergilere, taryhy künjeklere syýahatlara etrabymyzyň ýaşlary egsilmez ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Etrabymyzyň çäginde açylyp ulanylmaga berlen desgadyr binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk. Iň begendiriji zatlaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze, döwrebap önümçilik maksatly desgalarda ýaşlaryň ýüzlerçesine täze iş orunlaryň açylmagy boldy. Bu gün bagtyýar ýaşlar täze iş orunlarynda gujurly we yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzda giňden bellenýän şanly seneler mynasybetli çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Täze ýyl baýramçylygynyň gyzgalaňly söwda pursatlary

Täze ýyl. Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, çagalaryň köp garaşan Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Elbetde Täze ýyl baýramy maşgala baýramy. Halkymyzda toý-baýramlary uly şatlyk-şowhun bilen garşy almak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-u-nygmatlar bilen bezemek asylly däpleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwda nokatlary ýola goýuldy. Bereketli bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da ýokary derejelere göterýär.

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs, Tejen etrap birleşmeleriniň hem-de medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda «Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda bolan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasynda Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli gutlaglar we ýagşydan ýagşy arzuwlar aýdyldy, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Sarahs we Tejen etraplarynyň artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahnalary, halkyň söýgüsini gazanan bagşy-sazandalaryň mahmal owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary gyzgyn garşylandy. Joşgunly aýdym-sazlar bilen sazlaşan milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlary ýakymly duýgulary döretdi. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy zähmetkeşlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şanly ýyla bagyşlandy

Ýakynda Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň dürli ýerlerinden gelen bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen dabarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda eziz Diýarymyzda bolup geçen taryhy wakalar, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan giň göwrümli çäreler hakda täsirli gürrüň edildi.

Täsir galdyran syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalar gatnaşdy. Änew şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy gadymy türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenen taryhynyň beýanydyr. XV asyrda bina edilen bu ýadygärlikler toplumy binagärlik sungatynyň gaýtalanmajak keşbini özünde jemleýär. Oňa gyzyklanmanyň ýokary bolmagy hem ýönelige däl.

Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!

Babadaýhan etrabynyň Toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!» ady bilen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabara edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşyp, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler, Täze — 2025-nji ýylyň her bir öýe rysgal-bereket, nur eçilmegini arzuwladylar, ýurdumyzyň ösüşleri hakda gürrüň etdiler.

Islegimiz rowaçlyga telwasdyr

2024-nji ýyl meniň üçin juda düşümli ýyl boldy. Şu ýyl maňa biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikleriň birnäçesinde öňdäki orunlara mynasyp bolmak başartdy. Şolaryň hatarynda iňlis dilinde geçirilýän FISO halkara internet olimpiadasyny, UNIPO halkara taslama bäsleşigini, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tarapyndan geçirilen internet olimpiadalaryny görkezip bolar. Täze ýylda ak mekdepden uçurym bolmaga taýýarlanýaryn. Nesip bolsa, bu üstünlikleri dowam etdirip, lukmançylyk hünäri boýunça okuwa girmegi meýilleşdirýärin. Goý, Täze ýyl her kim üçin düşümli ýyllaryň biri bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda täze üstünlikler täze ýylyň her gününi bezesin!

Zergärlerimiz hormatly adyň eýesi boldular

Welaýatymyzyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa bilen Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil dowam etdirýän we ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär. Lebaply zergärler bilen birlikde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.