"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Kalplary gandyrýan dury çeşme

Gahryman Arkadagymyz her şanly senäniň, toý-dabaranyň öň ýanynda halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan ajaýyp kitaplary sowgat edýär. Ynha, Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby ellerimize gowuşdy. Bu şatlykly waka mynasybetli etrabymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýe ojaklarynda guralýan dabaraly çäreler ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döredýär. Bu ajaýyp kitap ýaş nesli ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesi esasynda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde iňňän uly ähmiýete eýe bolmak bilen, pähim-parasatly sözlere, jaýdar jümlelere gadyr goýýan halkymyzyň akyl-paýhasa teşne kalbyny gandyrýan dury çeşmedir. Bu ajaýyp kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çap edilip, okyjylara gowuşmagynda özboluşly many bar. Täze neşirde halkymyzyň taryhy şahslarynyň birnäçesiniň çeper döredijiliginiň we ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş tejribesiniň öz beýanyny tapmagy onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Güneşli ýurdumyzy öň görlüp-eşidilmedik derejede özgertmek bilen birlikde il-günümiziň ruhy islegini kanagatlandyrmak hem-de içki dünýäsini gözelleşdirmek barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň mydama oňuna bolmagyny arzuw edýäris.

Yşyklary ýalkym saçdy

Hemmämize mälim bolşy ýaly, düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Aýazbabadyr Garpamyk körpeje çagalar bilen bilelikde Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelenç etdiler. Ak lybasly, elleri şarlardyr yşyklar bilen owadan hatary gurap barýan çagajyklar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada bezelen Baş arçanyň ýanyna bardylar.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilip geçildi

Hünär baýramçylygy şowhuna beslendi Toýlary-toýlara ulaşýan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda zähmet ýeňişleri gazanylyp, guwançly sepgitlere eýe bolunýar. Bilşimiz ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň uly toýunyň yzysüre ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýramçylygynyň dabarasam alyslara aşdy. Şu sene mynasybetli baýramçylyk güni Şatlyk şäherçesindäki medeniýet öýünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa gazçylar, geologiýa işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Döredijilik bäsleşikleri jemlenildi

Ýeňijilere üstünlik arzuw edýäris Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň sany günsaýyn artýar. Ýurdumyzda eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar halkymyzyň, ene topragymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän ýazyjy-şahyrlar joşgunly döredýärler.

Maslahat geçirildi

Täze tehnologiýalar barada pikir alşyldy Golaýda “Mary” myhmanhanasynda “Marytelekom” WEAK-nyň guramagynda “Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak” atly ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary we hyzmatdaşlygy ösdürmek we döreýän täze tehnologiýalar barada pikir we tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen ylmy maslahata “Marytelekom” WEAK-nyň işgärleri, TDEI-niň mugallymlary we talyplary hem-de telekeçiler gatnaşdylar.

Welaýat kitaphanasynda täze kitap bilen tanyşdyryldy

Ahal welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda bolan dabara okyjy ýaşlar gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylara ýörite guralan kitap sergisi bilen tanyşmak juda ýakymly boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamlaryna degişli, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan gymmatly kitaplary öz içine alan sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Sergi bilen tanyşlykdan soňra bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasyna çäksiz höwes bilen gatnaşdylar.

Täsirli geçen duşuşyk

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Ak bugdaý etrabynda hem giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirýän çärelerde hem ajaýyp eseriň baý many-mazmuny dogrusynda söhbet açylýar. Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň kitaphanasynda geçen duşuşyk has-da täsirli boldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň şu şanly günlerde halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitabynyň baý many-mazmunyna we terbiýeçilik ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler bu kitapda şöhratly taryhymyzyň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiriniň, milli medeniýetimiziň, baý mirasymyzyň çeper dilde, anyk maglumatlar esasynda giňişleýin beýanyny tapýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Älemgoşar öwüşginli Baş arçanyň ýalkymy

Berkarar Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak çäresi geçirildi. Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk Hazar giňişliklerini gulaçlap, bezemen gämili Balkan topragyna geldiler. Olar deňziň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Türkmenbaşy, Magtymguly etraplarynyň çäklerindäki dag gözelliklerini synladylar. Magtymguly Pyragy muzeýiniň taryhy gymmatlyklary, şeýle-de sebitiň bagtyýar durmuşynyň beýany bolup durýan medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gözellikleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelligi hem olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýurdumyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy

Düýn ýurdumyzda ajaýyp sazlaryň ýaňlanmagynda şadyýan körpeleriň gatnaşmagynda Watanymyzyň ýaşajyk sungatsöýer nesliniň taýýarlan sahnalarynyň, aýdymdyr tanslarynyň ýerine ýetirilmeginde arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesiniň baş arçasynyň yşyklary töwerege ýalkym saçdy. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan beýik baş arçanyň yşyklary paýtagtymyza has-da gözellik çaýýar. Sekizburçly ýyldyz, «2025» ýazgy bilen bezelen, hem-de köp sanly dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Arça täze ýylyň ýetip gelýändiginiň alamaty bolup uzaklardan seleňläp görünýär.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Her bir öýe şatlyk nuruny saçsyn!

Düýn paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Baýramçylyk dabaralary täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Welaýatlaryň «Türkmeniň ak öýi» binalaryndaky we Arkadag şäheriniň «Arkadag Binasynyň» öňündäki baş arçalary yşyklandyrmak üçin ýola düşen Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary Diýarymyzyň giňişliklerindäki taryhy ýadygärliklere seýran etdiler, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Olary bu ýerlerde şadyýan çagalar gujak açyp, uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Täze ýylyň arzyly myhmanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň çäginde açylyp ulanmaga berlen täze desgalarda myhman bolup, tamamlanyp barýan ýylda sebitlerde halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gazanylan ösüşlere ýakyndan syn etmäge mümkinçilik aldylar. Olar Diýarymyzyň çar künjeginde giň gerimde amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler barada çagalara uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Soňra körpeleriň ýerine ýetiren goşgudyr aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi, olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy

Asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi sebitleriň ösüşine täze depgin berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzda Baş arçanyň yşyklary ýakyldy

Düýn hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.

DÖWLET SYLAGLARY — BEÝIK YKRARNAMA

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi we medeni mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Ilki bilen, sylaglanyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

BEREKEDIŇ TÄZE KEŞBI

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek we öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ildeşlerimiziň islegini kanagatlandyrmak ugrunda öwgä mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň tüýs ýerine düşýändigini bolsa bazarlardyr söwda nokatlaryna baranyňda, gözüňi dokundyrýan görnüş aňryýany bilen subut edýär. Ata Watanymyzda asudalyk owazy belentde ýaňlanyp, berekediň we bolçulygyň ýakymly görnüşi göwünleri joşdurýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjegindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň öňünde guralan göçme söwda nokatlarynda Täze ýyl sowgatlyklary, bu baýramyň bezegi bolan arçalar we her hili bezeg oýunjaklary bilen birlikde, ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşi halka hödürlenilýär.

Täze — 2025-nji ýyl baýramyna taýýarlyk işlerinde berjaý edilmeli düzgünler

Hormatly watandaşlar! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, siziň baýramçylyk dabaralaryny asuda geçirmegiňizi arzuw edip, şulary ýatladýarys. Täze ýyl arçasy gurnalanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekip, köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan buýruk esasynda jogapkär nobatçylary belläp, bellenilen jogapkär nobatçylar baýramçylyk çäresinde hökmany ýagdaýda bolmalydyrlar. Jogapkär adamlar ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň çäreleri barada we ýangyn dörände, adamlary jaýdan guramaçylykly halas ediş işleri boýunça gönükdirme geçmelidirler.

Täze ýylyň şatlygy – halkyň bagtyýarlygy

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda merkezlerini halkymyzyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün etmek, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamak barada nygtap geçmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy hakynda yzygiderli aladalarynyň aýdyň hakykatydyr. Täze ýyl baýramçylygy halkymyzyň agzybirlikde, abadançylykda şatlyk-şowhunly belleýän toý-baýramlarynyň biri. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar günlerinden göwünleri galkynan ildeşlerimiz bu baýramçylyga häzirki wagtdan taýýarlyk görýärler. Bagtyýar halkymyzyň döwletli ojaklarynda toý saçaklaryny giňden ýazyp, datly naz-nygmatlar, azyk önümleri bilen boldan bezemekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.