"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Surat çekmek bäsleşiginde

Daşky gurşawy goramak Şeýle at bilen etrabymyzyň çagalar sungat mekdebinde etrapdaky orta mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşigi TMÝG-niň etrap geňeşi we ady agzalan çagalar sungat mekdebi bilelikde guradylar.

Şirin dilli söz ussadynyň sarpasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkymyz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçýär. Şanly ýylymyzda şu sene mynasybetli baý many-mazmunly çäreler guralýar. Häzirki wagtda bilim edaralarynda hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan gyzykly duşuşyklardyr söhbetdeşlikler, şeýle-de bäsleşikler geçirilýär. Biz — bilim işgärleri okuwçy ýaşlaryň arasyndaky duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň ömür menziline bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem gürrüň berýäris. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp goşgusynda umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik akyldara belent sarpa, çäksiz söýgi bar.

Mekdepdäki wagyz-nesihat duşuşygy

Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga zenan bilim işgärleri, ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdy. Ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri, maşgala jebisligini we agzybirligini berkitmek, maşgala gymmatlygyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Amangül Atabaýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Maral Amanmuhammedowa, mährem ene Tawus Sähedowa, etrapdaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Maýa Ilgeldiýewa dagynyň çykyşlarynda maşgala mukaddesligi, mähriban öý-ojaga hormat-sarpa, ösüp gelýän ýaş nesli milli ýol-ýörelgeler, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, zenanlary bezeýän ýagşy häsiýetler barada gürrüň edildi.

Eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

28-nji aprelde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem ilkinji gezek innowasion, döwrebap täze Arkadag şäherinde türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkara derejesinde uludan toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman türkmen sungatynda behişdi bedewler gözelligiň hem-de sazlaşygyň naýbaşy nusgasyna öwrüldi. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy milli gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Gadymy Amul şäherine bagyşlanan maslahaty geçirildi

26-njy aprelda gadymy Lebap topragynda «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan –– Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Bu geçirilýän forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde guraldy.

«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysynyň jübi sagady 1,17 million funt-sterlinge satyldy

«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysy bolan Jon Astoryň altyndan ýasalan jübi sagady Genri «Aldridge & Son» auksion öýi tarapyndan guralan söwdalaşykda 1,17 million funt-sterlinge (1,4 million amerikan dollaryndan gowrak) satyldy. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Jon Astor şol wagt dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolupdyr. Onuň, takmynan, 87 million amerikan dollary möçberde baýlygy bar eken. Bu möçber şu wagtyň bahalary bilen ölçäniňde, birnäçe milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Behişdi bedewleriň belent sarpasy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenip, şatlyk-şowhun bilen giňden bellenilip geçildi. Bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde dabaralandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ilkinji gezek Arkadag şäherinde ýokary ruhubelentlige beslenip dabaralandyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bäsleşikleriň, halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň şeýledigine milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama gabatlanyp, ýurdumyzda iň täze tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna eýe bolan Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi bolsa özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Bedew batly Watanymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykballar gülleýär, Watan gül açýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli beýik işler, asylly ýörelgeler, belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Döwrüň ylhamy, onuň tizligi bedew badynda şöhlelendirilýär. Türkmeniň toý gününde ýoldaşy bolan bedewlerimiz bagtyýar ýaşaýşymyzyň nurana nyşanyna, ösüşlere barýan ýurdumyzyň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň, mukaddes maksatlarymyzyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Bedewlerimiziň şan-şöhraty ajaýyp nusgawy eserlerimizde giňden şöhlelendirilýär. Şol eserlerde atyň ynsan bilen dostlugy, öz eýesine wepadarlyk gatnaşyklary örän täsirli we çeperçilikli beýan edilýär. Magtymguly Pyragy «Aty gerek» diýen şygrynda şeýle belleýär:

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Kameron Şipp

«Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» türk di­lin­de

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edi­len 2024-nji ýyl­ynda hor­mat­ly Prezidentimi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň türk di­li­ne ter­ji­me edi­lip, halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­me­gin­de öz­bo­luş­ly ma­ny, saz­la­şyk bar. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň il­kin­ji ki­ta­by­nyň tür­ki halk­lar üçin hem el­ýe­ter­li bol­ma­gy mil­let­le­ri has-da ýa­kyn­laş­dyr­dy, do­gan­laş­dyr­dy.

Asyrlaryň beýany

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan çy­kan «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by­nyň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy dün­ýä­de ak bug­da­ýyň Wa­ta­ny hök­mün­de yk­rar edi­len ga­dy­my Änew şä­he­ri­niň ta­ry­hy­ny tä­ze pi­kir­ler, çuň ga­ra­ýyş­lar, giň dü­şün­je­ler, gym­mat­ly yl­my mag­lu­mat­lar bi­len öw­ren­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Çün­ki bu aja­ýyp ki­tap di­ňe bir me­de­ni­ýet­le­riň hem-de si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň oja­gy­na öw­rü­len Äne­wiň şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň däl, eý­sem dün­ýä­niň öz­ger­me­gi­ne he­re­ket­len­di­ri­ji güýç be­ren eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hy­ny we ösü­şi­ni öw­ren­mek­de tä­ze sa­hy­pa­la­ry aç­ýar.

«Kompozitor»

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türkmen sungaty dabaralanýar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XIV mej­li­si ge­çi­ril­di. Şu ýyl as­so­sia­si­ýa­nyň mej­li­si­niň dün­ýä meş­hur be­hiş­di be­dew­le­riň wa­ta­nyn­da — türk­men top­ra­gy­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de gur­lan tä­ze Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gin­de aý­ra­tyn ma­ny-maz­mun bar. Bu ýer­de fo­ru­myň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy ýer­leş­ýär.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri — türk­me­niň uçar ga­na­ty

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň mi­ze­mez ara­bag­la­ny­şy­gy­ny özün­de jem­le­ýän ga­nat­ly be­dew­ler tu­tuş adam­za­dyň me­de­ni mi­ra­sy­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik­li ze­hi­ni­niň aý­dyň mi­we­si­dir.

«Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi»

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de «Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi» at­ly hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şik­le­riň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy hem gu­ral­dy.

Hemmelere tanyş belgi

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Gü­jü­jek­mi ýa-da baş­ga hi­li jan­ly-jan­darlar?!

Paýa PAÝAÝEW, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atşynasy, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi:

— Bu toý-dabaraly gün meniň durmuşymda hiç ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özümiň taýýarlap ýetişdiren Gadymy atly atym bilen bu bäsleşikde ýeňiş gazandym. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna eýe bolmak bagtynyň miýesser edendigi buýsançly başymy göge ýetirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nazar ANNANIÝAZOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň tohumçylyk boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Sebäbi maňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy. Asuda Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şeýle toýly günleriň biri hem her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Biz — atşynaslar bu toýy her ýylda ýokary derejede taýýarlykly garşylaýarys. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen giň şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ine, ýaňy-ýakynda-da Milli Liderimiz bedew atlar bilen didarlaşyp, täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at dakdy. Bu bolsa sözde, sazda waspy ýetirilýän türkmen bedewiniň şan-şöhratyny ýene bir gez belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine berilýän üns, alada, olaryň arassa ganlylygynyň goraglylygy hem-de köpeltmek işleri has hem ilerleýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Geçmişi şöhratly, arşdan ykbally

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren behişdi bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy bilen bütin dünýäde belent şan-şöhrata eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzda atçylygy ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde, şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hem-de täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylmagynda özboluşly many bar. Ýokary derejede geçirilen dabaralara döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bolsa milli buýsanjymyza goýulýan belent hormatyň nyşanyna öwrüldi. Gözelligi bahar-ýaza ýaraşyk

Taryhy asyrlara uzaýar

Halkymyzyň göwün buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty bu gün jahana dolýar. Ahalteke bedewlerimiziň taryhy hakynda maglumatlar dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, jahankeşdeleriniň nazarynda bolupdyr. Çünki gadymy Ahal topragynda kemala gelen behişdi ahalteke bedewlerimiz wagtyň geçmegi bilen Ýer ýüzüniň dürli künjegine ýaýrap, at-owazasy dünýä dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserlerinde-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň tarypy ussatlyk bilen ýetirilýär. Behişdi bedewlerimiz uzak geçmişde-de, orta asyrlarda-da, soňky ýüzýyllyklarda-da türkmen halkyna diňe şan-şöhrat getiripdir. Taryh muny aňryýany bilen subut edýär. Ahalteke atlary türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, bu tohuma gadymy greklerde massagetleriň atlary, nusaý atlary diýlipdir. Çyn-Maçynda (Hytaýda) asman atlary, ýel atlary, dawan atlary, parslarda, araplarda huttal, haýtal (abdal) atlary, ýewropalylarda bolsa nusaý atlary ady bilen giňden ýaýrandyr. Bularyň hemmesi gadymy Oguz-türkmen atlary bolup, biziň döwrümize ahalteke atlary ady bilen gelip ýetendir.