"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Wagyz-nesihat edildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy etrap häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Oňa ýaş bilim işgärleri hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri, gündelik durmuşymyzdaky şanly wakalar barada gürrüň edildi, halkymyzyň döreden baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, ýaşlara mahsus gylyk-häsiýetler, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar, maşgala mukaddesligi, zähmetsöýerlik dogrusynda durlup geçildi.

Bagbanlar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Ýaş alymlar geňeşi, «Ýaş bagban» ylmy gurnagy tarapyndan «Durnukly oba hojalygyny üpjün etmekde bagbançylygyň orny» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Daşoguz welaýatynyň tejribeli bagbanlary, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onuň barşynda sebitiň toprak-howa şertlerinde bagçylygy ösdürmek boýunça tejribeler, innowasion çözgütler we miweli baglary zyýan ýetirijilerden goramak boýunça çözgütler öwrenildi. Daşoguz welaýatynda miweli baglary ýetişdirmek boýunça Akdepe etrap ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ussat bagbany Baýramdurdy Gurbanow, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Orazdurdy Soltyýew talyplara miweli baglaryň ösdürilip ýetişdirilişi, olara ideg işleriniň geçirilişi, sapmak işleri, nahallaryň tiz wagtda ýetişdirilişiniň aýratynlyklary barada täsirli gürrüň berdiler.

Nesillere nusgalyk ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän beýik özgertmeler ömrümizi bezeýän iň ýakymly pursatlar hökmünde hakydamyzda galýar. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky alada uzak geljegi nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleri eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna berilýän ägirt uly üns zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netije berýär.Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary bilen ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, sportda, medeniýetde we sungatda uly ösüşlere, beýik sepgitlere ýetilýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «Adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg-halas ediş işlerini alyp barmak we ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça meýletinçileriň işini guramak we gerimini giňeltmek» atly okuw maslahatyny geçirdik. Oňa welaýatyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenabat şäheriniň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleriniň çykyşlaryny diňlediler. Wekiller, öz gezeginde, ýurdumyzda raýat goranyşy boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, adatdan daşary ýagdaýlarda ýüze çykýan hadysalar, özüňi we daş-töweregiňdäki adamlary howpdan goramagyň we ilkinji kömegi bermegiň kadalary barada täsirli söhbet etdiler.

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Pederlerimiziň baý mirasyny, milli däp-dessurlarymyzy ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini we ahlak gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegini gazanmak maksady bilen, welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» atly wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we lukmanlar gatnaşýarlar. Duşuşyklarda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna gönükdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusyndaky çykyşlara giň orun berilýär. Ildeşlerimiz ýaş nesli milli ýörelgelerimiz we maşgala gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde edep-terbiýäniň, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetine, şeýle-de ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermek, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işlere aýratyn üns çekýärler. Şeýle ähmiýetli duşuşyklary Türkmenabat şäherinde, Dänew, Saýat, Kerki etraplarynda geçirdik.

Uzyn saçly, uz boýly

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Uzyn saçly gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Orta mekdepleriň 7 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda gyz edebiniň gözelligini ýaýmagy, türkmen gyzlaryna mahsus bolan saçlaryny gorap saklamagy, Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen goşgusynda waspy ýetirilýän gözellikleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Onuň şertlerine laýyklykda gyzlar öz saçlaryny çeper sözde wasp etdiler. Saça oňat ideg edip saklamak, onuň tarlarynyň gyrylmagynyň öňüni almak baradaky yrymlary, aýtgylary aýtdylar. Emin agzalary tarapyndan berlen sowallara dogry jogap berdiler. Özlerine okamak, öwrenmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Gymmatly maslahatlary berdiler Ýakynda Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşligindäki Mülksyçmaz oba medeniýet öýünde, Türkmenbaşy şäherçesiniň hem-de Peşanaly şäherçesiniň medeniýet öýlerinde, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. TDP-niň welaýat komiteti, TAP-nyň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TZB-niň welaýat we Mary etrap bölümleri, TMÝG-niň welaýat geňeşi, welaýat saglygy goraýyş müdirligi, welaýat baş bilim müdirligi, welaýat prokuraturasy, welaýat kazyýeti, welaýat polisiýa müdirligi tarapyndan guralan bu wagyz-nesihat çärelerine medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

Sagdyn ýaşaýyş şertleriniň goragynda

Ýurdumyzda täze ekologik dünýägaraýşy emele getirmek, ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär, halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurtda sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edilýän işler ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleri kanun taýdan berkitmek üçin degişli hukuk namalaryny kabul etmek zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan Howa kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «T

Ýüreklerde buýsanç, dillerde alkyş

Düýn Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenip geçilmegi mynasybetli «Alkyş Size, şöhrat Size Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle hem behişdi bedewleriň baýramyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri, ussat atşynaslar we Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden bellenilmegine döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralandyrylan günleri ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslendi. Milli baýram mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» ady bilen geçirilen çärä nebitgaz toplumynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem beýleki ulgamlaryň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Metbugat müdirliginiň bölüm başlygy, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdyllaýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Sylapow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň 1 derejeli hünärmeni Hajarbibi Handurdyýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýiş müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Zenanlar guramasynyň başlygy Güller Orazowa, Aşgabat şäherindäki

Durmuşymyzyň gül-gunçalary

Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap-öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin edilýän yzygiderli aladalaryň netijesinde, bu gün Türkmenistan bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berilýär. Çaganyň hukuklaryny goramak boýunça birnäçe maksatnamalar kabul edilýär. Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy milli we oňyn halkara tejribelerine salgylanmak bilen, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnama mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak; dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen, ýagny daşary ýurt dilleri, matematika, şekille

Bedew münen hassa bolmaz

Naýbaşy gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýmek bilen, türkmen bedewlerine çuňňur sarpa goýýar. Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda peýdasy uludyr. Atly türgenleşikleriň, atly gezelenç etmegiň hem özüne çekiji lezzeti bar. At münmek adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr.

Toý-baýramlarymyzyň ýaraşygy

Halkymyzyň taryhyny bedewsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bedew bilen türkmeniň bagry badaşandyr. Durmuşymyz bedew bilen aýrylmaz we üznüksiz baglydyr. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle» diýip, ahalteke bedewiniň hemişe ynsan bilen gatnaşykda bolandygyny taryhy mysallar arkaly beýan edip, bu däpleriň has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen belleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Nesil» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. Gazetimiziň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

“ECO-festiwal” çäresi geçirildi

Ýakynda Mary şäherindäki Bagtyýarlyk seýilgähinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda “ECO-festiwal” çäresi geçirildi. Oňa Mary Amerikan burçunyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynyň, bilim edaralarynyň wekilleri, TDEI-niň mugallymlarydyr talyplary, welaýatymyzyň dürli künjeginden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bu ýerde tebigaty, daşky gurşawy goramak boýunça ajaýyp sergi guraldy. Şeýle-de, täsirli aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Zehinli ýaşlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen bilelikde  «Zehinli ýaşlar»  atly  döredijilik bäsleşigini geçirdik.  Oňa zehinli talyp ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Ajaýyp zamanada döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde medeniýet ulgamyny ösdürmekde öňde goýlan maksatlardan ugur alyp, zehinli ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan we olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirip, has zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat bolan bäsleşige gatnaşan ýaşlar özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklary bilen eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp derejede wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşmagy başarýandyklaryny görkezdiler.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Iş-tejribe öwrenildi Golaýda Mary şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagda “Çagalara bilim bermekde okatmagyň işjeň öwreniş (interaktiw) usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak we munuň bilen baglanyşykly okuw-görkezme esbaplary we audio-wideo materiallary taýýarlamak boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek” ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan guralan usuly-amaly maslahata Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň çagalar bakja-baglarynyň müdirleri we bilim bölüminiň işgärleri hem-de bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Maşgala gymmatlygy TKA-nyň Baýramaly, Türkmengala, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda S. Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda “Maşgala gymmatlyklary türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özenidir” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň ýokarda ady agzalan etrap birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Möhüm meselelere bagyşlanyldy Şu günler welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň bilim we medeniýet ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri işjeň häsiýete eýe bolýar. Şeýle çäreler ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe hem-de etrabyň Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaoba medeniýet öýlerinde, etrapdaky 33-9-25-nji orta mekdeplerinde hem geçirildi. TDP-niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat we Wekilbazar etrap bölümleriniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň bilelikde guran bu wagyz-nesihat çärelerine dürli kärde zähmet çekýän gyz-gelinler, okuwçy gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.

Ýaşlar sagdyn durmuş bilen

Golaýda Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan ýaramaz nogsanlyklaryň öňüni almak maksady bilen TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdebiň ýygnaklar zalynda “Ýaşlar sagdyn durmuş bilen” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Sagdyn durmuş ündelen çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap hassahanasynyň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary hem-de ata-eneler gatnaşdylar. Ýaşlar üçin täsirli geçen çärede TKA-nyň welaýat birleşmesiniň agrosenagat pudagy boýunça utgaşdyryjysy Amandurdy Şadyýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri Oguljemal Çaryýewa, Ogulbagt Amanowa, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň etrap geňeşiniň başlygy Tagan Baýramow, etrap hassahanasynyň ýuristi Ogulşeker Babaýewa, 9-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Hojageldi Esenow hem-de şol mekdebiň mugallymy Gurbanmyrat Çaryýew ýygnanşygyň mowzugyna degişli täsirli çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ganatly şygarynyň sagdyn jemgyýetiň bedew bady bilen öňe gitmeginde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.