Körpelerde sagdynlyk endiklerini gazanmagyň ýollary
Welaýat çagalar kitaphanasynda «Dogry iýmitlenmek ― saglygyň sakasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi hem-de sergi guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 59-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çärede kitaphanaçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň we arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ündeýän gurjak oýunlary görkezildi. Geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyny goramak esasy wezipeleriň biridir. Bu işde olar bilen geçirilýän duşuşyklar uly ähmiýete eýe.