Täze belentliklere tarap
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmeklige gönükdirilen parasatly syýasatyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklary, hususan-da, nebitgaz senagaty toplumy güýçli depginde ösdürilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikler hem bar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly tutumly maksatnamalar bolsa olaryň has netijeli durmuşa geçirilmeginiň binýadyny goýdy. Milli Liderimiziň döwlet derejesindäki üns-aladasynyň netijesinde nebiti we gazy gözlemek, çykarmak, senagat taýdan gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenilen önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzda iri nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga, nebiti we gazy innowasion tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlemeklige uly üns berilýär. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň we 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda döwrebap senagat-innowasion toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.