"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Dünýäniň sowulmaz ýazy Aşgabat

Dünýäniň sowulmaz ýazy ― baky bahar, ýylyň dört paslynda solmaýan gözellik! Ömrümiň soňlanmajak bahary ― goşa ýazly ýyllarym, ýyly ýagmyrly ýaýlalarym, gülgün säherleriň süýdüni süňňüne siňdiren ak sähralar, size baky togabym! Dogduk mekanym, ak paýtagtym ― senli ýaşan her günüme baky tagzymlar bolsun! Waspy ajap aýdymlara beslenen Aşgabat agşamynyň pynhan pursatlarynda sere aýlanan bu ter duýgularyň gelip çykan tebigatyny öz ýanymdan yzarlamak isledim. Başartmady. Olary asla gursakda baýdak bolup pasyrdaýan göwün guşundan aýra göz öňüne getirip hem boljak däldi. Bu duýgular göwün daragtymyň süýji miweleri. Olar — ak säherleriň begenç gözýaşlary ýaly tämiz nem damjalary. Olar — gyşyň aýazly gününde duýdansyz ýere gaçýan ilkinji gar tozgalary. Olar ― ýaňy dünýä inen päkize çaganyň ilkinji mähir gundagy. Bu duýgular meni durkum-düýrmegim bilen gurşap aldy, mährem enem ýaly bagryna basyp ezizledi. Köp gatly ýokary amatlykly jaýyň açyk penjiresinden eliň aýasyndaky ýaly ýaýylyp ýatan gijeki şäher gözelligini lezzet bilen synladym. Nurana ak şäherimiz bu gün Gündogar ertekilerini ýada salýar. Göwnüm uçar haly bolup gursakda telwas etdi. Mylaýym Aşgabat gijesine seýil-seýran etmek höwesine eýerdim. Belent ýaşaýyş jaýynyň lifti meni ýokarky gatdan göz açyp-ýumasy salymda düşürdi. Ýüzümi mylaýym şemala tutup, nurana köçeleriň ugrundan howlukman ädimläp ugradym.

Okgunly ösüşleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da, onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler.

Sazlaşykly gözellikleriň ak şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we beýleki köpsanly milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýäde dabaralanmagy, milli ykdysadyýetiň ýeten sepgitleri bilen joşguna beslener. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Geçen ýyllarda toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik çözgütleriniň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň paýtagty düýpli täze keşbe eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylmagy aýratyn bellärliklidir. Paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini düýpli özgertmek babatda ýene-de ençeme iri taslamalaryň üstünde işlenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Altyn kölüň» kenarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçmegi paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyny alamatlandyrar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy. Bu taryhy pursat Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.

Dabaraly maslahat geçirildi

Uly tutumlara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni şatlykly hem şanly wakalar bilen alamatlanýar. Diýarymyza gülüp gelýän ýyllaryň biri-birinden düşümli, üstünlikli bolmagy hem olaryň her biriniň şol ajaýyp jümleleri şygar edinip gelýänligidir. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde il-günümiziň kalp buýsanjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin dabaralar unudylmajak pursatlara öwrülýär. Özboluşly medeniýetiň, sungatyň gadymy merkezleriniň biri hasaplanýan gadymy Daşoguz topragynda-da turuwbaşdan uly ösüşlere beslenýän ýylymyza bagyşlanan dabaralar Gahryman Arkadagly eziz Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Baýramdurdyýew Magtymgula berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä käýinç yglan edildi.* * *Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.* * *Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.* * *«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda «Türkmenhimiý

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işjeňleşdirmäge esaslanýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Çünki agzybir türkmen halky birnäçe asyrdan bäri bu ajaýyp ýörelgelere daýanmak arkaly dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny has hem berkitmekde uly üstünlikleri gazandy. Halklaryň, milletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ýygjamlaşdyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara möçberinde giň goldaw tapmagynyň düýp manysynda ynsanperwerlik we hoşniýetlilik düşünjeleri orun alýar.

Wagyz - nesihat çäreleri

Gazanylan netijeler seljerilýär Geçen — Türkmenistan — — Bitaraplygyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary netijeler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda has ýokary netijeleri gazanmak üçin geçilen menzillere ser salyp, öňde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmaly.

Möhüm waka bolar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Bu saýlawlara ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli Liderimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem şu saýlawlaryň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda geçirilýändigini ýatlamalydyrys. Şu möhüm çäräni taýýarlykly garşylap, onuň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz telekeçileriň arasynda bu syýasy wakanyň ähmiýetini düşündirmekde degerli işleri talaba laýyk alyp barýarys.

Kerki howa menzili: işler gyzgalaňly barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.

Ata-baba ýörelgämiz

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ýol-ýörelgesiniň esasynda döwletlilikden nyşan bolan agzybirlik we birek-birege bolan ynamy pugtalandyrýan lebizlilik bar. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, hoşniýetlilik ruhuna ýugrulan parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgesine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. 2021-nji ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyryldy. Ýylyň şygarynda ulanylýan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarlydygyny aňladýar. Hut şu nukdaýnazardan hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär Bäsleşigiň maksady

Rowaçlyklaryň belent sepgitlerine tarap

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY Parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine görä, parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň höküm sürýän ýurdunda beýik-beýik ösüşler amala aşyrylýar. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi bütin türkmen halkynyň asman asudalygyny, dünýä parahatçylygyny gorap saklamak bilen, ösüşleriň täze belentliklerine çykmak baradaky arzuw-islegleriniň jemidir. Türkmen halkynyň dünýä halklarynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwletlilik ýörelgeleri bu günki gün dünýäde giň goldaw tapýar hem-de dabaralanýar.

Aşgabadyň gözel keşbi

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze we özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilip, halkymyzyň aýratyn buýsanjyna, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirýär. Milli Liderimiz ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlanyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklaýar hem-de öňde goýlan wezipel

Watançy gerçekleriň bäsleşigi

­­­ Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde «Watançy gerçekler» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Watan goragçylarynyň buýsanjy

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durup, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan merdana Watan goragçylaryna döwlet sylaglary we harby atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.

Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Özgertmeler — döwrüň talaby

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. * * *