Süýjülik sahawaty
Düýn, Hasyl toýunyň giňden baýram edilen gününde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalara bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen dürli datly miwelerden, gök önümlerden, ak bugdaýdan taýýarlanylan çörek önümlerinden, süýjüliklerden we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Olar sowgatlary uly şatlyk we tüýs ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Türkmen topragynyň berekediniň, zähmetsöýer ekerançylarymyzyň yhlasy bilen ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygynyň nyşany bolan Hasyl toýunyň hormatyna çagalara şeýle sowgatlaryň paýlanylmagy sogap işleriň naýbaşysydyr. Asylly ýörelgä öwrülen şeýle işler jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýelemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň çagalary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar.