"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada uly aladalar edilýär. Olaryň döredilýän şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak babatda amala aşyrylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Bagtyýar çagalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirdiler. Dynç alyp, saglyklaryny berkiden çagalaryň arasynda guralan dürli medeni-sport çäreleriniň olarda iň ýakymly ýatlamalary galdyrandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Elbetde, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda şeýle çäreleriň täsiri örän ýokarydyr. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bolsa ýurdumyzyň dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň mekanydygyny äleme aýan etdi.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ertirleriniň hem has-da eşretli bolmagy ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ajap eýýamymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç alýandygyny aýdyň subut edýär.

Milli buýsanjymyz

Türkmen halky mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwyny durmuşa geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Özbaşdak döwletiň kemala gelmeginiň hem-de pugtalanmagynyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzyň raýatlary giň hukuk şertleri we azatlyklar bilen üpjün edildi. Ýurtda döredijilikli zähmet çekmäge, mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, dünýä bileleşigindäki orny has-da pugtalandy. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitleriň netijelerine taryhy nukdaýnazardan göz aýlap, durmuşyň ähli ugrunda uly ösüşleriň gazanylandygyna guwanýarsyň. Türkmen halky öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, agzybirlik bilen döredijilikli zähmet çekip, eziz Watany gül-gülzarlyga, täze üstünliklere beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, il-günüň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek boýunça täze maksatnamalara badalga bermegi ýurduň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýar.

Garaşsyzlygyň döredijilik gudraty

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan halkyň hatyrasyna ilerlemek we gülläp ösmek babatda batly gadam basyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde kemala geldi, kuwwatlandy, täze ösüşler bilen öňe ilerleýär. Taryh üçin köp bolmadyk döwrüň içinde gazanylan üstünlikler ähmiýeti boýunça asyrlara barabar boldy. Bu gün öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, mähriban Diýarymyz dünýä giňişliginde okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ösüş-özgerişlere eýe bolan ugurlaryň biri-de binagärlik-gurluşyk ulgamydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda türkmen binagärleriniň gatnaşmaklarynda gurlan ilkinji «akylly» şäherde ajaýyp binalar, täsin desgalar, gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary göreni haýrana goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Welaýa

Aziýanyň merjeni

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyz tanalmaz derejede özgerip, ähli ugurlarda akylyňy haýran edýän ösüşlere eýe bolundy. Ak mermerli paýtagtymyz täze keşbi, nowjuwan görki bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň bir-birinden belent we kaşaň ymaratlary, täsin binalary, köpugurly köprüleri, aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl begresli seýilgähleri, ajaýyp çüwdürimleri we beýleki desgalary baş şäherimize özboluşly gözellik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän desgadyr binalar bolsa, Aşgabady dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini hem-de göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegine 33 ýyl bolýar. Ýurdumyz 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda özygtyýarlylygyny, 1991-nji ýylyň güýzünde bolsa Garaşsyzlygyny ykrar etdi. Şondan bäri ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmekde möhüm şert bolan döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamyny döretmek esasy wezipe bolmagynda galýar. Döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Ol halkyň geljegini kesgitledi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Uz barmaklaryň gudraty

Önüm bolçulygyna mynasyp goşant

Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde ýerleşýän «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda iri şahly mallar, guşlar idedilip, olardan bol önüm alynýar. Kärhananyň maldarçylyk fermasynda daşary ýurtlardan getirilen «Golştin» görnüşli sygyrlaryň 200-e golaýy, ýerli sygyrlaryň hem 100-den gowragy idedilýär. Bu ýerde häzirki wagtda sagym sygyrlardan her günde 1 tonnadan gowrak süýt alynýar. Sagym işleri doly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.

Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ösüşlere beslenen ajaýyp eýýamy. Geçmişi şan-şöhratly, şu güni beýik işlere ulaşan halkymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitiren ägirt uly işlerine buýsanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ummasyzdyr. Halkymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesini agzybir halkymyz uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Bu günki gün eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat ugurly desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň sany yzygiderli artýar. Taryhy döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarym

Üstünlikleriň gözbaşy

Türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna ýazylan iň ähmiýetli seneleriniň biri-de Garaşsyzlyk günüdir. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň her birimiziň köňül buýsanjymyzdyr, dillerimiziň senasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, ýurdumyz sebitdir dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşandyny goşýar. Watanymyzyň içeri hem daşary syýasatda eýeleýän orny dünýäniň täze taryhynda asylly ýörelge bolup, asyrlara ýol salýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşler Türkmenistany parahat, asuda, abadan ýurda öwürdi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, elektroenergetika, dokma senagaty, himiýa pudagy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär. Olarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet öýleri, stadionlar hem-de şypahanalar, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Netijede, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Çünki ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­dä­ki sag­lyk eda­ra­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalary berildi.

Ça­ga­lar üçin sow­gat

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di

Yk­bal­lar­da şan­ly se­ne

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  1-nji sentýabr diýlende, göz öňüňe bada-bat şadyýan çagalardan doly ak mekdep hem-de goýnuna jemlenen uly-kiçi hemmeleriň kalbyny tolgundyryjy şatlykdan pürepürleýän «Ilkinji jaň» dabarasy gelýär. Häli-häzirlerem, mekdebi tamamlanyňa nije ýyllar geçenem bolsa, onuň deňinden geçeniňde hemmeleri joşduran şol jaň sesi biygtyýar gulagyňda ýaňlanýar. Şeýdip, haýsy kärde zähmet çekip, näçe ýyl ömri arka atandygyna garamazdan, ynsan üçin ylym-bilim dünýäsiniň merhemetli gapysynyň açylýan güni — 1-nji sentýabr ykbalyň iň şanly seneleriniň biri bolup, her ýyl millionlarça, belki-de milliardlarça adamyň göwün guşuny asmana uçuryp, gaýta-gaýta gaýtalanyp gelip dur.

Oka­dym diý­me, bil­dim diý!

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Oka­mak duý­gu­la­ryň iň go­wu­sy­dyr. Us­sat ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öm­rü­niň ýa­ry­sy­ny okap ge­çi­rip­dir­ler. Meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Şarl Lui Mon­tesk­ýe: «Ýa­rym sa­gat oka­mak bar gam-gus­sa­la­ry­my sü­pü­rip alyp gid­ýär» di­ýip­dir. Öz döw­rü­niň iň meş­hur tag­ly­mat­çy­sy, di­le­war­ly­gy bi­len ta­na­lan Jon Braýt ir­gin­siz oka­ma­gyň ne­ti­je­sin­de şeý­le de­re­jä ýe­tip­dir. Bel­li ne­mes şa­hy­ry Gýo­te bol­sa öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da: «Oka­ma­gy öw­ren­mek sun­gat­la­ryň iň ky­ny­dyr... Öm­rü­miň seg­sen ýy­ly­ny oka­ma­ga ba­gyş­la­dym, şon­da-da özüm­den göw­nüm hoş diý­sem, ýa­lan söz­le­di­gim bo­lar» di­ýip­dir.

Tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.

Habarlar gysga setirlerde

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şiniň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si hem-de Da­şo­guz şä­her Me­de­ni­ýet mer­ke­zi bi­len bi­le­lik­de gur­na­magyn­da ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Küşt­dep­di — kö­ňül­le­riň joş­gu­ny» ady bi­len aý­dym-saz­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da çy­kyş eden­ler YU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da giň­den gür­rüň ber­di­ler.

Hü­nä­re hö­wes

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Her bir ynsan eýýäm çagalygyndan başlap, haýsy hem bolsa, bir kesp-käri saýlap, öz ýanyndan göwün ýüwürdip başlaýar. Biri çeper filmlerde tomaşa edýän aktýorlarynyň keşbini özüçe janlandyryp, öz ýanyndan özüni şol aktýordyryn diýip pikir etse, ýene biri aýdyma zowladyp, aýdym aýdar ýörer. Deň-duşlarymyň hemmesi öz saýlan kesp-kärlerini hemme zatdan eý görüp, şol arzuwlaryna ýetmek pikiri bilen hem ýaşardylar. Hatda olaryň arasynda eýýäm şol käre durky-düýrmegi bilen berlip, «täze açyşlaryň aladasynda ýaşaýanlary» hem bardy. Özüm hakynda aýtsam welin, heniz haýsy käri saýlajagymy bilmän, göýä özümi Marsdan ýaňyja ýere düşen ýaly alyp barardym. Goňşymyzyň «r» diýip bilmeýän ogly Rejebem öz adyny «Iýejep» diýip tutsa-da, şol hem eýýäm kär saýlap, öz ýanyndan özüni ulag bejerýän güýçli ussa hasaplap ýördi.

Mil­li di­zaý­nyň döw­re­bap gör­nüş­le­ri

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň çe­per me­de­ni­ýe­ti düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti çe­per se­net­le­riň ösü­şin­dä­ki naý­ba­şy esas­la­ry özün­de jem­läp­dir. Türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­ny, urp-adat­la­ry­ny my­na­syp şöh­le­len­dir­ýän mil­li di­zaýn sun­ga­ty­myz mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ol ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň dö­red­ýän el iş­le­ri, na­gyş­la­ry we türk­men mi­lli ly­ba­sy­nyň gör­nüş­le­ri gir­ýär. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň tej­ri­be­li ag­za­la­ry uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Şol se­bäp­li-de, türk­men hal­ky­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne şöh­rat­lan­dy­ran bu sun­ga­tyň äh­mi­ýe­ti döw­let hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ju­da wa­jyp­dyr.

In­di­ki du­ral­ga haý­sy?

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  To­mus pas­ly äh­li ýaş­da­ky, äh­li kär­dä­ki yn­san­la­ryň söý­gü­li pas­ly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi özü­niň he­zi­llik­le­ri bi­len gö­wün­le­ri hoş­la­ýan bu pa­syl dynç alyş­lar­dyr ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len kör­pe­le­ri­miz­den baş­lap, äh­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar üçin döw­re­bap dynç al­ma­ga, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mä­ge, sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mä­ge giň şert­ler dö­re­di­len. Köpsan­ly ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar öz­le­ri­niň ga­py­la­ry­ny to­mus pas­lyn­da hem giň­den aç­ýar.

Dil­de se­nam ― Türk­me­nis­tan

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny 1991-nji ýyl­da ga­zan­dy. Her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.