"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşygymyz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu duşuşyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy.

Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr

Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda öňe süren, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletleýin geljege niýetlenen köptaraply halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary hem bu möhüm wezipeler bilen baglydyr. 5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, halkara giňişlikde özara hereketleri utgaşdyrmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns çekildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berip,

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi.

Ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen döwletara gatnaşyklar

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. ...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýet agzalary!

Goňşuçylyk däpleri rowaçlanýar

9-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki goňşy ýurduň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dost-doganlygyň berk binýady

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Pederleriň ýörelgesi — nesillere görelde

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünlikleriň düýp özeni türkmen halkynda geçmişine buýsanjyň, şu gününe guwanjyň, geljegine bolsa berk ynanjyň döränligindedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan netijeler, gurulýan binalardyr desgalar özüniň gymmaty, ähmiýeti bilen dünýäni haýran galdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ýol görkeziji bolýandygy buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Agzybirligiň we döwletliligiň aýdyň ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň «Geňeşli don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen nakyllaryndan ugur alýar. Agzybir ilde ösüş bardyr. Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygy

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ýoly

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidini ileri tutýan Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülen hoşniýetli gatnaşyklar täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da berkidilmeginde we dost-doganlyk halklar üçin bähbitli bolan ugurlaryň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Gahryman Arkadagymyz säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren duşuşyklary

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýet agzalary!

Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, hyzmatdaşlyk — sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň rowaçlygynyň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 9-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýet agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Astana, 9-njy awgust (TDH). Şu gün Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.