Magtymgulynyň ýoly mukaddesliklerden doly
2024-nji ýylyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şahyryň ömrüne, döredijiligine dahylly ylmy we edebi eserleriň has köp ýazylmagyna iterdi. Metbugatda we habar beriş serişdelerinde akyldar şahyryň manyly, çuňňur mazmunly hem-de hikmete baý, syrly setirleri dogrusynda söz açýan ylmy makalalar, ýörite kitaplar, gollanmalar yzygiderli çap edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, dürli halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi ýola goýuldy. Şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edilýär. Daşary ýurtlarda şahyryň terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly turuwbaşdan döredijiligiň, joşgunly ylhamyň ruhuny bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak bilen şahyryň umumadamzat bähbitli paýhaslaryny durmuş ýüzünde hasyl edýär. Şahyryň arzuwlaryny hakykata öwürýär. Şol paýhaslar, öwüt-nesihatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýär. Çünki Magtymguly şahyr şeýle hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip bilen, sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin gerek bolan edep kadalaryna, gylyk-häsiýetlerine Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler ol setirleriň bezegi.