Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň bagtyýar ertirlerine gapy
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi. Ol tabşyryklar bada-bat Birleşigiň işgärleriniň-de, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň döredijilik toparynyň-da 2021-nji ýyl üçin esasy üns bermeli ugurlarynyň çelgisine öwrüldi. Daşary ýurtly türkmenler bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikleri guramak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň olaryň durmuşynda döreden oňyn öwrülişikleri, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň adynyň manysy we ähmiýeti hakda okyjylarymyza gürrüň bermek, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda amala aşyrylan we aşyrylýan köpugurly işler bilen dünýä türkmenlerini yzygiderli tanyşdyryp durmak esasy wezipämiz hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, DTYB-yň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy Abdyrahman AHMET ogly bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeş bolmagy makul bildik.