Azyk bolçulygy — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilýär, degişli önümleriň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Mundan başga-da, miweli bag nahallary ekilýär. Munuň özi ýokary hilli ir-iýmişleriň önümçiliginiň artmagyna we içerki bazarda bolçulygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, miweçiligi ösdürmek üçin berilýän