"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Gyzyl panda

Dünýäniň täsin haýwanlarynyň biri hem kiçi ýa-da gyzyl pandalardyr. Boýy 51 — 64, guýrugy 28 — 48 santimetre ýetýän bu jandarlaryň agramlary 3,7 — 6,2 kilograma, ene pandalaryňky 4,2 — 6 kilograma barabar bolýar. Gür, iňňe ýaprakly we bambuk agaçly kiçiräk tokaýlarda, ýylylygyň ortaça temperaturasy 10 — 25 gradusda ýaşaýan gyzyl pandalaryň ýaýran ýerleri demirgazyk Birmadaky, Nepaldaky, günorta Hytaýdaky 2200 — 4800 metr belentlikde bolan Gimalaý daglarydyr. Kelleleri aýlawly, göwresi uzyn, gulaklary uly we ýiti uçly bolan bu pandalaryň köp duş gelýän reňki, esasan, çypar-goňur bolup, bu reňke bütin bedeni, ýüzi we gulaklaryna çenli gurşalandyr. Çypar guýrugy, takmynan, 12 sany göze ilmeýän insiz halkalardan ybaratdyr.

Durmuş pursatlaryndan

ÖÝDE GYŞLAN GARLAWAÇ Muny maňa bir dostum gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, tomus tamynyň eýwanynda mesgen tutunan garlawaçlaryň biri güýzüň başynda ýerläp uçýarka, synlap ýatan pişik birden ýerinden böküp turup, ony tutmakçy bolýar. Pişigiň ýiti dyrnaklary garlawajy mazaly ýaralaýar. Öý eýesi bu ahwalaty görüp, guşy pişikden halas edýär. Onuň döwlen ganatyny, ýaralaryny emlemäge başlaýar...

Garagulak

Garagulak ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir, ol tebigatymyzdan «Ýitip barýan görnüş» diýlip hasaba alnan ýyrtyjy haýwanlaryň biri bolup durýar. Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem Ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir. Garagulak ortaça ululykdaky pişik, bedeniniň uzynlygy 70 — 75 santimetr, guýrugy 30 santimetre çenli, kellesi uly, göwresi gysga, aýaklary gysga berdaşly, sütügi gysga, gür tüý örtükli, meneksiz we zolaksyz birsydyrgyn gyzylymtyl-çypar reňkli, çägepisint bolýar, gözüniň burun tarapyndan aşaklygyna goňurrak zolak gaýdýar, dodaklary, alkymy, bokurdagy, boýnunyň ýokarsy ak reňkli, gulaklary hemişe dim-dik durýar, gulagynyň yz tarapy gara bolýar. Ol gandymly, çerkezli, sazakly çägeliklerde gyrymsy agaçlar bilen berkeşen we ýarym birleşen alaňly gumlarda, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklarda, selçeň pisse agaçly ýerlerde, derýa boýlarynda ýekebara ýaşaýar, ösümliksiz, giň meýdanly sähra düzlüklerinden gaça durýar. Bu pişik biziň ýurdumyzdan gaýry Gazagystanyň günorta çetinde, Owganystanda we Eýranda ýaşaýar.

Bedewlere degişli adalgalar

Çaman — ýüwrük däl, haýal ýöreýän, gowy çapmaýan at. *  *  *

Haýwanat dünýäsi hakynda täsin maglumatlar

Geliň, surat çekmegi öwreneliň!

Togdarylaryň mekany Demirgazyk Afrika, Alynky hem-de Orta Aziýa hasaplanylýar. Olar, esasan, ýurdumyzyň düzlük ýerlerinde ýaşaýarlar. Togdarylar gaty bir uly bolmadyk, ümsüm guşlar bolup, olaryň ganaty 34,5 – 42,5 santimetr aralygynda bolýar. Ganatlaryny ýaýyp uçanlarynda, ganatlaryndaky ak tegmilleri görmek bolýar. Bu guşlaryň agramy 1,2 – 2,5 kilogram aralygynda bolýandyr.

Dünýäniň iň uly balyklary

Golaýda Kambojada agramy 300 kilograma golaý bolan, uzynlygy 4 metre ýetýän balyk tapyldy. Mekong derýasyndan tutulan bu äpet balyk degişli ölçegler edilip, yzarlamak üçin enjam dakylandan soňra gaýtadan derýa goýberildi. Alymlar äpet orlýakşekilli balygyň häzire çenli anyklanan süýji suwda ýaşaýan iň uly balykdygyny aýdýarlar. Mundan ozal 2005-nji ýylda Tailandda agramy 293 kilogram bolan lakga balygy tutulypdy. Kamboja dünýäde balygyň iň köp ýaşaýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Mekong derýasynda balygyň müňden gowrak görnüşi bilen bir hatarda leňňeçler, ýylanlar, pyşbagalar we gurbagalar hem gabat gelýär. Gözbaşyny Tibet platosyndan alyp gaýdýan bu derýa Hytaý, Mýanma, Laos, Tailand, Kamboja we Wýetnam döwletleriniň üstünden geçýär. Eýsem, süýji suwda ýaşaýan başga nähili balyklar barka?! Derýalarda, köllerde we akar suwlarda ýaşaýan balyklara süýji suwda ýaşaýan balyklar diýilýär. Bular deňizdir ummanlardaky balyklardan tapawutly bolýar. Derýada ýaşaýan balygy deňze goýberseň ýaşap bilmeýär. Sebäbi, deňziň suwy aşa şor bolup, düzüminde köp mukdarda duz bolýar. Deňizde ýaşaýan balyk bolsa derýada ýaşap bilmeýär. Balyklaryň käbir görnüşi bolsa süýji hem-de şor suwda ýaşap bilýär. Akbalyk. Balygyň bu görnüşi Hazar we Gara deňziň basseýninde gabat gelýär. Bu balyklaryň sany soňky ýyllarda azalypdyr. Olaryň sanynyň köpeldilmegi üçin emeli usulda ösdürilip, suwa goýberilýär. Öňki

Gadymyýetiň ýaňy

Lebabyň gözel tebigatly ýerleri barada söhbet açylanda ozaly bilen Köýten jülgesi ýada düşýär. Bu ýer diňe bir özüniň ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem, täsinlikleri bilenem köpleriň ünsüni çekýär. Diýarymyzyň gündogar serhetlerini ýassanyp ýatan Köýten dagynyň goýny täsinliklerden doly. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan aýak yzlar häzire çenli hemmeleri haýran galdyrýar. Dinozawrlaryň Köýten dagynyň gerişlerinde saklanyp galan aýak yzlary bu äpet jandarlaryň nähili täsin bolandygyny doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Dinozawrlaryň beýikligi 12 metre, uzynlygy 10 metre, agramy bolsa 25 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Olar ördegiňkä meňzeş üç barmakly aýaklary bilen hereket edipdirler. Penjeleriniň uzynlygy 75 — 90 santimetre ýetýär. Olaryň ini 60 santimetre golaýlaýar. Dinozawrlaryň barmaklarynyň ujunyň galdyran yzlaryna üns berip syn etseň, olaryň ýyrtyjy guşlaryňka, ylaýta-da, äpet dag bürgütleriňkä çalymdaş dyrnaklarynyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Aýratyn hem, ortaky barmaklarynyň dyrnagynyň çümen ýerlerinde mese-mälim bildirip duran çukanaklar galypdyr. Aýak yzlardan çen tutsaň, olaryň ädimleriniň arasy bir ýarym, iki metre barabar bolupdyr. Ýene bir zat ünsüňi çekýär. Ol hem bu äpet jandarlaryň jübüt-jübüt bolup gezenligidir. Tutuş «Dinozawrlar düzlüg

Bulary bilmek gyzykly

Pişikler zeýtun iýmegi halaýarlar. Munuň sebäbi zeýtunyň düzümindäki keýpiňi açýan ýokumly maddalaryň bolmagydyr. * * *

Haýwanat dünýäsini goramagyň hukuk binýady kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy baýlyklary goramak babatynda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň hatarynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görkezmek bolar. Tebigaty goramak, onuň serişdelerinden aýawly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, şeýle-de aw baýlyklaryny, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak   döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip bellenilen. Şundan ugur alnyp, geçen ýylda «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun aw awlamagyň we aw baýlyklaryny durnukly peýdalanmagyň düzgünleşdirilmegine, biologik köpdürlüligiň goralyp saklanylmagyna, aw önümleriniň peýdalanylmagyna, ynsanperwerligiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda, haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw obýektlerinden peýdalanylmagyna, aw awlamagyň möçberine, aw hojalygyny ýöretmegiň hukuk we borçlaryna, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçiligine hem-de beýleki esasy ýörelgelere es

Her kimiň öz balasy...

Babyr — gaplaňyň çagasy. *  *  *

Tebigat — ylhama ganat

Tebigat — ylham çeşmesi. Onuň goýnunda göwnüňe ganat baglaýan egsilmez güýç bar. Tebigat gözellikleri, aýratyn-da, guşlar dünýäsi Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ýygy-ýygydan gabat gelýär. Muny gürrüň açjak şu söhbedimiz hem tassyklaýar. SANDUGAÇ

Mu­ny bil­mek gy­zyk­ly

Dü­ýe­ Ça­ga­lar, bil­şi­miz ýa­ly, çöl­de su­w hem, gök ot­la­r hem örän az. Dü­ýe­ler-de ne köp suw iç­ýär, ne-de köp gök ot iý­ýär. Ola­ryň ör­küç­le­rin­de köp muk­dar­da ýag jem­len­ýär. Ajy­gan pur­sat­la­ryn­da-da şon­dan peý­da­lan­ýar­lar. Dü­ýe­ler bir­nä­çe gün­läp suw­suz oňup bil­ýär­ler. Em­ma su­wa ga­bat ge­len­le­rin­de bol­sa, ola­ryň 80-90 litr su­wy iç­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri bar.Dü­ýe­le­riň bu­run­la­ry gu­my özü­ne çek­mez ýa­ly, ýa­pyk dur­ýar. Da­ban­la­ry­nyň ga­lyň bol­ma­gy bol­sa, ola­ryň çöl­de ýö­rän­de aýak­la­ry­nyň ýan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Dü­ýä­niň açyk reňk­li ýüňleri Gü­nüň ýag­ty­ly­gy­ny özü­ne çek­män sak­la­ýar. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de-de, çö­lüň gyz­gyn­ly­gy dü­ýe­le­re tä­sir et­me­ýär.

Guşlar hakynda

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, şolardan iň köpi guşlardyr, ýagny olar jemi 410 görnüşden ybaratdyr. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alnan. Guşlaryň käbiri oturymly ýaşaýar, käbiri höwürtgeleýär, ýene birleri bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga galýarlar. Suwly ýere mahsus guşlar Guşgy we Tejen derýalarynyň kenarlarynda Ýeroýlanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr.

Janly tebigatdaky geňlikler

Delfinleriň suwdan 24 kilometr daşlykdaky sesleri eşitmäge ukyby bar. * * *

Tebigatymyzyň täsinlikleri

Häzirki döwrüň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň çäginde guşlaryň 436 görnüşine duş gelmek bolýar. Olaryň arasynda ýurdumyzda oturymly, gyşlaýan we yssy ýurtlara göçüp gidýänleri-de bar. Kiçi garajagaz — Türkmenistandan uçup geçýän, höwürtgeleýän we gyşlaýan guş. Ol, esasan, Sarygamyşda we Amyderýada duş gelýär. Gamşyň üýşmeklerinde, suwda we kenarýakada, gyrymsy agaçlarda topar bolup höwürtgeleýärler. Esasy iýmiti balyklar, seýrek halatda ýerde-suwda ýaşaýanlar ýa-da suw oňurgasyzlary.

Täsin maglumatlar

Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesi boýunça berilýän köp sanly maglumatlara görä, atlaryň görüjiligini, syzgyrlygyny, ýatkeşligini beýleki hiç bir haýwanlaryňky bilen deňeşdirip bolmaýar. Atlar yslary oňat saýgarýarlar we ýatda saklaýarlar. Olar eýeleriniň keýpiniň nähili ýagdaýdadygyny duýýarlar. Atlaryň ýene-de bir geň galdyryjy häsiýeti, olaryň oňat, mylaýym sazlary gowy görýändikleridir. Güňleç we gümmürdili sazlary olar halamaýarlar. Geň galdyrýan ýeri bolsa, olaryň göwünlerine hoş ýakan sazlaryň sesi çala eşidilýän bolsa hem, olary gulaklarynda güýçlendirip bilýänligidir. Bu häsiýet başga hiç bir haýwanda ýokdur.

Behişdi bedewler

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 5-nji aprelinde geçirilen maslahatda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini, dürli at üstündäki oýunlary we ganatly bedewleriniň halkara gözellik sergilerini geçirmek babatda anyk wezipeleri öňde goýdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri üstünlikli dowam edýär.

Aty baryň ganaty bar

Türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy bar. Taryha ser salsak, türkmen halysynyň, bedewiniň, alabaýynyň halkymyzyň hemişe buýsanjy bolandygyna göz ýetirýäris. Ata-babalarymyz bedewine dosty, syrdaşy, gardaşy hökmünde garapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan asylly ýörelgeler dowam etdirilýär. Ahalteke bedewiniň şöhraty barha dünýä dolýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda pederlerimizden miras galan seýisçilik sungaty dowam edýär, behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygy goralyp saklanýar.

Bedew türkmen üçin bagtyň başydyr!

Synlanyňda kalbyňa aram berýän, ýyldyrym çaltlygynda ýelleri böwsüp geçeninde göwnüňi galkyndyrýan bedewlere buýsanmazlyk mümkinmi beri?! Bedewe bolan söýgi ýöne bir söýgi däl. Bu söýginiň aňyrsynda ynsan bilen bedewiň müňýyllyklaryň çuňlugyny yzarlaýan dostlugy durýar. Bedewde halkyň gadymylygy bar. Ata-babalarymyz geçmişde nähili şan-şöhrat gazanan bolsalar, olaryň ählisinde ahalteke bedewleriniň hem goşandy uludyr. Şonuň üçin hem ynsan häsiýetli bedewler her bir ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, toýda-jeňde ýoldaşy hasap edilipdir. Muny halk döredijiligimize siňen bedew hakyndaky aýtgylardyr setirler hem aňryýany bilen subut edýär.