"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Şygryýet bossanynda

EJEM BARKA Ýörän ýolum açyk, aýdyň,

Gözel sen

Gün hanjary gökden ýere inende, Güne garşy dogan aýy gözel sen!

Dana sözler

Ýaşlyk ýeňlesligin çykar huşuňdan, Eneňe hyzmat et, çaga ýaşyňdan.

Zenanlar hakyndaky täsinlikler

Dünýä ýüzündäki ähli ilatyň 55 göterimi zenanlardyr. Dünýä halklarynyň arasynda iň ýörgünli, köp dakylýan zenan ady Annadyr.

Eli sebäpli ene

Ýaşy segsene ser uran Orazjemal enäni obasynda, hatda goňşy obalarda-da tanamaýan ýok. Kimiň başy agyryp, baldyzy syzlasa, olara tarap eňibererdi. ... Oba dagy etekläp oturansoň, gyş güni howa sowukdy. Agşamara daşarda köpräjik gezmelän Kakageldijik ýarygijeden soň towlanjyrap aglamaga başlady. Ejesi ony köşeşdirjek bolup şunça jan etse-de, köşeşerli däldi. Gaýta gitdigiçe sesini gataldyp bir zat biynjalyk edýän ýalydy. Kakageldijigiň ejesi alňasap: “Bu näme üçin aglaýarka, munda gyzgynam-a ýok” diýip, öz ýanyndan içini gepledip, oýa batdy. Agtygynyň sesine oýanan Bahar daýza oglanjygy aýagynyň üstünde yralap, ýatyrjak boldy. Enesiniň aýagynda mähirli hüwdä maýyl bolup, derrew irkilýän çaga ýatarly däldi. Gaýyn-gelin biri-birinden beter aljyrap başladylar. Olar çagany haýal etmän köçeleriniň aýagujunda ýaşaýan, eli sebäpli diýilýän Orazjemal enä görkezmegi makul bildiler. Gelin-gaýyn Kakageldijigi ýorgançajyga dolap, tebiplere tarap haýdap gitdiler.

Ene ýüregi

Ene ýüz ýaşasa-da, öz balalarynyň gorag galasy bolýar. Näzik eje-de baryny-baýlygyny, zähmetini, yhlasyny balalaryna siňdirip, 3 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, öýli-işikli edip, il hataryna goşdy. Olaryň indi hersi bir öýüň eýesi boldy. Näzik eje ertiriň arassa howasyndan dem alyp, daş-töweregiň gözelligini synlap otyrka, uzaklarda ýaşaýan ogly dynç güni gezmäge barmakçydygyny telefon üsti bilen aýtdy. Ol habary eşidip, enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary uçganaklap, çagalarynyň jem bolup, saçak başynda oturanlaryny göz öňüne getirip, pikir ummanyna çümdi.

Nämähremiň ýüzüne seretmedik

Öňki zamanlarda bir ýurduň patyşasy näsaglapdyr. Ne-hä tebipler, ne-de köşk emeldarlary onuň derdiniň emini tapypdyrlar. Düşege baglanyp, dert çekip ýatmakdan halys ýadan patyşa bir gün müneçjimlerini, gurrandazlaryny ýanyna çagyryp, derdine em tapmasalar başlarynyň ölümli, mallarynyň talaňly boljakdygyny, eger aýak üstüne galdyrsalar serpaý ýapjakdygyny aýdypdyr. Müneçjimler, gurrandazlar maslahat edip, şeýle netijä gelipdirler. Nämährem erkek kişiniň ýüzüne seretmedik, arassa, päk aýaly patyşanyň üstünden üç gezek ätletmeli. Olar jar çekip, bu habary ähli halaýyga ýetiripdirler. Bu habary eşiden bir aýal ogluny ýanyna alyp, patyşanyň huzuryna barýar. Olar baranda patyşa bimar bolup, gözüni ýumup ýatan eken. Ýaňky aýal “Bissimilla” diýip, patyşanyň üstünden birinji gezek ätleýär. Emma patyşanyň şol bir ýatyşy, hiç hili yşarat bolmaýar. Aýal ikinji gezek ätlände, patyşa gözüni açýar. Üçünji gezek ätlände bolsa, patyşa ýatan ýerinden turýar, ýagdaýy gowulaşýar. Bu wakany synlap duran köşk emeldarlary bu aýala sorag berýärler:

Şygryýet bossany

Bahar baýramy Bagtyýar döwrümiň gelin-gyzlary,Bahar baýramyňyz mübärek bolsun!Zeminiň lälesi, öýüň uzlary,Bahar baýramyňyz mübärek bolsun!

Çykalga (hekaýa)

Sährajygyň ýaşaýan howlusy mydama bagy-bossanlyga bürenip otyr. Aýratyn-da al-elwan güller dessine gözüňi egleýär. Sähranyň ejesi gülleri gowy görýän-de bolsa, howludaky gülleriň ählisini diýen ýaly kakasy ekipdi. Megerem, ejesiniň gülleri gowy görýändigi üçin şeýden bolaýmasa. Ir baharda ýaşyl ýapraklaryň arasyndan gyzarypjyk görnüp ugran gunçalaryň basymrak gül açmagy islenýär. Bu gözelligi her gün görmegiň özem bir bagt ahyryn. Sährajygam şol gunçalaryň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol hem edil ejesi ýaly gülleriň aşygy. Bu gün howa adatdakysyndan has mylaýym, has jana ýakymly. Dynç güni bolansoň, hemmeler öýde. Saçagyň başynda kakasyny görmänsoň, Sährajyk daşaryk howlugdy. Çykan badyna-da gözi ilkinji açylan gyzyl bägüle düşdi. Ol begenjinden el çarpyp pyrlandy. Onuň şatlykly sesine jigileri Sonajyk bilen Myratjyk hem ylgap daşaryk çykdylar. Sährajyk bägüli öwran-öwran ysgady. Sonajygam onuň hereketlerini gaýtalady. Myratjygyň bolsa owadanja güli elläp göresi geldi. Sährajygyň bu täzeligi ejesine buşlamak üçin ýöräp ugranam şoldy welin, Sonajygyň:

Bagtyýarlyk rubagylary

Dünýäň kartasynda ajap ýurt bardyr,Onuň raýatlary bir ten, bir jandyr.Dünýä döwletlerniň ykrarna dolan,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistandyr. * * *

Ynsan kalbynyň öçmejek nury

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalara, şol sanda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekmegi il-ulsumyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu senäniň ýokary guramaçylykda bellenip geçilmegi akyldar şahyrymyzyň ömrüni we döredijiligini, pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlaryny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de dünýäde wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Aslynda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diýmek, tutuş türkmen nusgawy edebiýaty diýmekdir. Çünki ol özüniň ajaýyp şygyrlary bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutdy, çuňňur ynsanperwerlige eýlenen pikirleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna adyny ebedilik ýazdyrdy.

Türkmen şygryýetiniň bahary

Bereketli türkmen topragyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir ýylynyň jana şepaly ýaz pasly gadam basdy. Gahryman Arkadagly Diýarymyza baharyň gelişem, ähmiýetli wakalara beslenişem ajaýyp. Çünki ol döwrümiziň beýik işlerinden ylham alýan göwünleriň joşgunynyň daş-töwerege ornaýan gözelligi bolup duýulýar. Gyşyň aňzagyndan aýňalan ene topragyň süňňüne ýaz ýylysynyň ýaýramagy bilen dumly-duş gözellik döretmegiň hyýalyna münýär. Tebigaty gyşyň gujagyndan mylaýymlyk bilen oýaran ýaz bu gözellikleriň beýemçisi mysaly. Ýaz gözelligine gaýta-gaýta göwün berýän tebigatam erkini ellerinden dür dökülýän bahara bermäge döwtalap. Ol ýazyň sähralaryň egnine ýaşyl don geýdirip, akly-gyzylly güller bilen jähekläp ýörşüne-de, agaçlaryň süňňünden pyntyk ýardyryp, janlanyş berşine-de maýyl. Bu gözelliklere göwni joşan guşlar-da şirinden-şirin saýraşyp, bahar waspyny ýaýyp, ganat kakýarlar.

Adamlary özgerdýän şahyr

Çary aga barada men öň ýazjakdym. Görüp otursam, ýazjak-ýazjagymyň üstünden esli ýyl geçipdir. Emma, näme üçindir, onuň poeziýasy hakyndaky söhbedi her gezek soňa goýýaryn... Bilmedim, özüme ýakyn şahyr hakynda söz açmaly bolsam, birbada saklanýaryn. Gürrüňçilikde bile tirkeşilen, bir ýerde dogan ýaly bolup işleşen kärdeşiň hakynda aýtmaly bolsa: «Belet adamyň barada söz açmak gaty kyn» diýilýär. Emma maňa Çary aga bilen işleşmegem, görüşmegem miýesser etmedi. Ýöne onuň poeziýasy meni ol hakynda köp zada belet ýaly etdi. Onsoň menem öz ýanymdan: «Belet adamyň barada söz açmak gaty kyn» diýilýäni çyn eken-ow» diýýärin. Çyndygy, onuň bilen iňňän ýürekdeşlige öwrüleniňde şeýle bolýan bolmaly. Ýogsa-da, şahyryň goşgularyny bäş barmagym ýaly ýatdan bilýänem bolsam, ýene-de birbada saklanýaryn... Emma men bir hyýal-hakykatymy aýdyp biljek: gowy görýän şahyryňy özüň ýaly görer ekeniň. Onuň çeper dünýäsini ýatlanyňda, edil özüňi aýnadan gören ýaly bolýarsyň. Garaz, ol hakda bir zat aýtmaly bolsa, özüň hakynda aýdan ýaly düşünýärin. Çary Ýegenmyradow barada saklanýandygymyň sebäbi-de şudur, belkem!

Şygryýet çemeni

BUÝSANÇ Ilim her bir işin sünnäläp edýär,Şoň üçin ol öz işiniň ussady.Öňe, diňe öňe ynamly ädýär,Barha dünýä dolýar abraýy-ady.

Kalbymyzda goşa bahar

Bir täzelik gelýär Örän ullakan. Bahar gelýär, bahar, Sährama bakan!

Şirin tilli söwdügim ýa-da Magtymgulynyň goşgularynda türkmen tebigatynyň waspy

Söz äleminiň ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy barada söz açylanda, ilki bilen, pederlerimiziň ilhalar, ylymly-bilimli, asylzada, akylly nesilleri terbiýelemekde, abraýy arşa galan berkarar döwleti gurmakda, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri dowam etdirmekde salgylanan nusgalyk mekdebiniň düýbüni tutujy akyldaryň, edebiýat ägirdiniň merdana keşbi göz öňünde janlanýar. Pasyllaryň soltany bolan ýaz paslynyň türkmen tebigatyna gadam basmagy bilen baglaryň pyntyk ýaryp, maýsalaryň garyş-garyş ösmegi, daş-töweregimiziň ýaşyl dona bürenip, köz ýaly gyrmyzy güllere bezenmegi, şeýda bilbilleriň kah-kah urýan nagmasy kalbyňda heýjanalyk duýgusyny döredýär. Uly bol, kiçi bol, parhy ýok, näçe ýaşdadygyňa garamazdan, tebigatyň bu jadylaýjy keşbi biziň her birimizi özüne bendi edýär. Megerem, bahar-ýazyň maýyl ediji şeýle täsiri döredijilik bilen senetçiligi bir galyba salyp bilen ussat şahyryň joşgunly köňlüne hem ylahy ylhamy bagyş edip, şirinden labyzly şygyrlary ýazdyran bolmaly. Munuň şeýledigi Magtymgulynyň ýazan, döreden, dilden-dile geçip, nesillere miras galan goşgularynda hem öz beýanyny tapýar.

Dosta näçe serpaý etseň az ýaly... (Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe)

«Gurbannazar — goşgusyny ýazardy, Nury — sazyny düzerdi, maňa bolsa olaryň guýmagursak zehininden dörän aýdymlary aýtmak paýy düşüpdi...» diýip, döredijilik duşuşygyna gelen Atageldi Garýagdyýew XX asyr türkmen edebiýatynyň poeziýa äleminde baky solmajak şygyr gülzarlygyny ýetişdiren şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi dogrusynda söhbedini özboluşly ýakymly owazy bilen dowam edýärdi. Halypanyň türkmeniň saz sungatynyň abraýyny arşa galdyran Nury Halmämmedowyň mukamlaryna bolan tükeniksiz söýgüsini onuň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirişinden hem aňmak bolýardy. Ömrümiziň dowamynda indi ençeme gezek belent owazly Atageldi halypanyň aýdymlaryny janly diňlemek nesip etdi. Her gezek-de, (arzuwymy batyrgaýlyk bilen daşymdan aýdan gezeklerim hem bolupdy) näme üçindir, «Bir gün bag deý ýanyp-köýseň», «Iki agaç», «Maňa — seniň gözleriňden gitme ýok» ýaly aýdymlary aýdaýsa diýen arzuwlar serimde aýlanyp ugraýardy. Şonda köp garaşdyrman bu ýakymly aýdymlar ýaňlanyp, diňe biziň däl, oturanlaryň ählijesiniň kalbynyň jümmüşindäki syrly tarlaryny hem jana getiriberýändigine üns berdim. Aýdymlaryň jadyly täsirini diňleýjileriň gözüniň owasyny dolduryp oturyşlaryndan hem aňmak bolýardy. Beýnide biygtyýar köwsarlaýan agras gussa ýugrulan hakykat hem bakylyk pikirleri özüniň jadysyna gaplap alyp, hyýalyňy filosofiýanyň barlyk we illýuziýa dogrusyndaky gözbaşyna uçuryp goýberýär. Şonda

Goşgular toplumy

Saňa ýüregimi açasym gelýär Durmuşyma diýip bilmen, «Bu ne gün?!»,Çoýup başarmajak bolsa, ol ne Gün?!Belki, nesibedir, bir günden bir gün,Saňa ýüregimi açasym gelýär.

Üstünlik hakynda

Haçan-da, göwnüňe bütin dünýä seniň garşyňa hereket edýän ýaly bolanda, uçaryň ýeliň garşysyna uçýandygy elmydama ýadyňda bolsun!Genri Dewid Toro. Dünýä togalakdyr. Soňudyr öýdýän ýeriňiz başlangyjy bolup biler.Luiza Meý Olkott.

Al saçbagly goýun (Hekaýa)

Mäm­met Oruj,azer­baý­jan ýa­zy­jy­sy 1.