"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Oýan, bahar geldi! (Oýlanma)

Säher bilen paý-pyýada ýöräp barýaryn. Gök otlar gögerendigini, miweli baglar gülländiklerini hoşboý ysy bilen «habar» berdiler. Suratkeş bolaýsaň, gitseň ýaşyl bürenen düzlere. Kagyz ýüzüne geçiräýseň bu ata Watanyň tebigatynyň ajaýyplyklaryny. Hä diýmän Nowruz baýramçylygy geler. Semeni gaýnadýan gyz-gelinleriň gazany bulap durkalar aýdýan ýagşy dilegleri, olara özüniň «edermendiklerini» odun owradyp subut etjek bolýan ýigitleriň hereketleri, düzlerde peýwagtyna otlap ýören goýunlary, çarpaýa galyp kişňeýän bedewleriň sesleri, mülküne nätanşyň gelendigini «wowf-wowfy» bilen habar berýän türkmeniň alabaýlary... bularyň hemmesi bu topraga baharyň gelendigini buşlaýar. Goňşymyzyň howlusyna bäş-alty bolup üýşen zenanlar ber-başagaý bolup semeni gaýnadýardylar. Agamyň: «Gelnejeň gelsin öýe!» diýen hökümli sözlerini «eýesine» ýetirmek üçin olaryň ýanyna bardym. Edep bilen salam berdim. Hemişe çagalary özüniň haýbaty bilen «ürküzip» ýören Sona daýza salamym-a aldy welin, yzyny bolsa maňamy, ýa töweregindäki oýnap ýören çagalaramy, anyk bilemok — kinaýaly sözlerini diýmäge başlady:

Şygryýet bossany

EJEME Seniň beren söýgiň ornan kalbyma,Çyrmaşygyň çyrşyp ornaýşy ýaly.Gylyklaryň siňip giden janyma,Suwlaryň topraga siňişi ýaly.

Täze goşgular

RubagylarIki pälwan orta göreşe çykdy,Biri daýanykly, biri arrykdy.Tutluşykda emel hem hile bilenÇepiksi diýenmiz daýawy ýykdy.* * *Toýlaryň bezegi ozan, bagşydyr,Döwräni bezeýän söhbet ýagşydyr.Märekede dogry sözläp bilmeseň,Sepiňi syzdyrman dyman ýagşydyr.* * *Bilbil deý ýakymly saýramaz serçe,Gyjagyň owazyn bermez kemençe.Seteran goýsalar on gyzy, läläm,Barysy birigip bolmaýar sençe!* * * Günler günler bilen sapylýan eken,Her günde özgeriş tapylýan eken.Eger-de ykbalyň gaýtgyny bolsa,Öz itiň özüňe topulýan eken.* * * Ekiniň hasylly bolmagyn isle,Dokmaňyzlyk ynam, buýsançdyr nesle.Ýeňleslik hiç haçan oňlanýan däldir,Suwda gaýýan tohum gögermez asla.* * * Dert gelýändir hetden aşa doýmakdan,Kanagatyň gidip, geçeňde çakdan.Tagamlaryň hersi melhemdir, derman,Erkli bolsaň şypa geler iýmekden.* * * Täsin ýeri, oňuşmansoň bu serde,Iki gulak ýerlemändir bir ýerde.Burun iki göze kazy bolupdyr,Goýmasyn diýp biri-birini derde.* * *  Beýge çyksaň, seretmegin yzyňa,Ynam bilen berk ýapyş-da dyzyňa.Öňdenem, yzdanam bolma tamakin,Maksadyňy hemra edip özüňe.* * *  Suwa girme erkin ýüzüp bilmeseň,Dutary gynama çalybilmeseň.Terbiýäň ýerlemez nesilleriňde,Özüň ata pendin tutup bilmeseň. Bazar Şa

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI Aňyrdandyr türkmenleriňDöwletlilik ýörelgesi.Günbe-günden alýar gerim,Döwletlilik ýörelgesi.

Kitap — adamzadyň ruhy baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen maddy-ruhy mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ylmyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir» diýýän sözleri ýurdumyzyň ähli pudakdaky işgärleriniň baş şygaryna öwrüldi. Milli mirasymyzyň genji-hazynalaryny özünde saklaýan kitaba gadyr goýmak, oňa aýawly çemeleşmek her birimiziň borjumyzdyr. Çünki kitap uzak ýyllardan bäri adamyň ygtybarly dostudyr. Şonuň üçin kitap mukaddesdir. Kitap diňe bir ylmyň ýoly bolman, eýsem, dostluk-doganlygyň hem ýoludyr.

Ejeme

Bilýäňizmi? Biz siz bilen,Owadan hem görkli bolduk.Ýene bir zat, unutmaň hiç,Mizemejek örkli bolduk. Ykbalyň gülüp bakdygy —Hakdyr eneleň bagtlygy.Kynçylyklaryň artdygy,Synman, gaýta erkli bolduk.

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň

Uzak menzilleri aşyp gelendir,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.Paýhas dänelerin seçip gelendir,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň. Sakasynda Oguz, Gorkut durandyr,Pederlerden galan sargyt durandyr.Binýadyny juda berkden gurandyr,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

Zenanlar dünýäni dolandyrýarlar...

Ene! Bu üç harpdan ybarat ýönekeýje sözüň aňyrsynda umman ýaly çuň, bahar meýlisinde seýrana çykylýan, gülli-gülälekli türkmen sährasy ýaly giň many ýatyr. Eneler hakynda gürrüň gozgalanda tutuş düýrmegiň bilen mähre gaplananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Eneleriň näderejede mukaddesdigini aýtmaga, hatda sözler hem ejizlik edýär. Megerem, ene mukaddesligini diňe Watan mukaddesligi bilen deňeşdirmek mümkin. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby okanyňdan soň, has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmeniň millet hökmünde kemala gelmeginde türkmen zenanynyň aýratyn orny bar. Perzent dünýä inenden başlap, ene hüwdüsi, ene söýgüsi, ene mähri bilen terbiýelenýär. Çaga enäniň dünýägaraýşyndan — dünýägaraýyş, häsiýetinden — häsiýet, zehininden — zehin alyp kemala gelýär. Durmuş hakykatynda şol çaga ýetişeninden soň hem, jemgyýet bilen aragatnaşygyny öz enesiniň beren hazynasyny — häsiýetini, edep-terbiýesini ösdüren ýagdaýynda kämil dowam edip bilýär. Ene bilen atanyň terbiýesini çaganyň kalbynda maşgala mukaddesligine, adamzat gatnaşyklaryna bolan hormat ynsanperwerligiň, bagtyýar ýaşaýşyň, belent adamkärçiligiň akabasy hökmünde bütin ömür dowam edýär. Kämil terbiýäniň güzerinden «suw içen» her bir adam, şol «güzeri» hiç wagt unutmaýar. Şonuň üçin hem, ene ýaşaýşyň sütüni, adamzady dowamatlaşdyrýan mu

Dünýäni söýenler dünýäden gitmez...

Ynha, ynsan kalbyny heýjana salýan ýaz pasly hem geldi. Aslynda, ýaz paslyny Gurbannazar şahyry ýatlaman garşylamak mümkin däl. Sebäbi ol, hut ýaz paslynyň ilkinji güni dünýä inipdi. Gurbannazar Ezizowyň gülşen şygryýeti edebiýat bossanynda aýratyn şöhle saçyp dur. Çünki şahyryň her bir setirinde janlylyk bar, täzeleniş bar, ynsanyýete, külli barlyga bolan bimöçber söýgi bar.

Bosaga

Aýak bitip, ilki saňa büdredim, Ilkinji sapagy şeýdip aldym men.

Rowaýat

Kim kimi synaýar Ir zamanlarda bilimdarlykda özüni tanadan iki sany danyşment: “Gel, türkmenleriňem pähim-paýhasdyr üşüklilik derejesini göreli-le! Zehindir beýleki barasynda gürrüň gozgalaňda, olaryňam adyny bir gapdalda goýanoklar” diýip, türkmen topragyna aralaşyp, bir küren obanyň gyrasyndan girenler. Görseler, orallyga ýetiberen bir zenan maşgala tamdyra ot goýberipdir-de, nan ýasap, dürtgüç urup dur.

Tymsallar

Kaka etrabynyň gojaman Köpetdagy etekläp oturan Duşak obasynda ýaşaýan tejribeli mugallym, halypa mirasgär Nurnazar Jumanazarow gory gaýmakly adamlaryň biri. Halkymyzyň taryhynyň muşdagy bolan Nurnazar aga milli mirasa gezek gelende, tüweleme, edil iki paýly ýaly. Onda öwrenere zat köp. Türkmen tazylary baradaky şu tymsallary hem men halypa mirasgärden eşitdim. ***

Ömürbegiň degişmeleri

Çetinem ýapmaz Öňem bir Ömürbegi gepde ýeňip bilmezmikäm diýip, hyrçyny dişläp ýören ýigidiň biri atly geçip barýarka, Ömürbegiň oguljagazynyň öýleriniň gapdalynda oýnap ýörenini görüp:

Görnükli alym, liriki şahyr

Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen «Ylham» seýilgähine baryp, meşhur şahsyýetlerimiziň arasynda görnükli alym, zehinli şahyr, pedagog Aman Kekilowyň heýkelini synlanyňda, ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň: Aman diýseň, «Sögi» düşýär ýadyňa,«Söýgi» diýseň, Aman düşýär ýadyňa

Magtymguly Pyragy

BU GÜN Dogdy asmanyň Zöhresi,Çyn aşyga döwran bu gün.Açyldy zemin lälesi,Uşbu dünýä reýhan bu gün.

Ýagtylyk ýaýmak (tymsal)

Ýaş oglanlaryň biri orta derejeli bir şäherde dükan açýar. Söwdagäriň özi hem halal, hem göwnaçyk, hem-de känbir mal-mülke kowalaşman, harytlaryny amatly berensoň, dükany gysga wagtyň içinde adygýar gidiberýär. Goňşy etraplardyr şäherlerden hem alyjylary köpelip başlaýar. Her gelenem, öz şäherlerinde-de dükan açmagy teklip edýärler. Sermaýasy köpelensoň, beýleki ýerlerde-de dükanlary açyp, işini has-da ulaltmaga başlaýar. Şeýdibem, uly dükanlar zynjyrynyň eýesi bolýar. Şeýle derejelere gelýänçä, elbetde wagt hem geçýär. Halal söwdagäriň köpi geçip, azy galýar. Öz ýagdaýyna düşünen söwdagär işlerine kömek edýän üç ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Üçiňizem meniň zürýatlarym. Içiňizden menden soň öz ornuma eýe boljak birini saýlamagam juda çetin. Şeýle bolansoň, men sizi synap görmegi müwessa bildim. Sizden şu 10 manady alyp, oňa oturan otagymyzyň içini doldurjak zat tapyp, satyn almagyňyzy isleýän. Haýsyňyz şu synagdan geçip bilseňiz, ornuma şony laýyk görjek».

Türkmen dünýäsi

1 Erkinlik şemaly sergin, erkana.Mylaýym öwüsýär ýürek, kalbyňda.Ýetirdi ol beýik şöhrata-şana,Söýgi, ýyly mähir, buýsanç bar onda.

Güller (Goşgy)

Täze howlymyzda ekdik,Ak, gyzyl bägülleri.Görk berip töwerege,Ýaz edýär göwünleri. Gyzyl güller — uýalarmyz,Ak gül — biziň enelermiz.Şonuň üçin şol güllerde,Mähribanlyk duýýarys biz.

Arkadagyň sungaty

Ýüregine çekilenAk nurundan suraty.Ak mermerli Aşgabat ―Arkadagyň sungaty. Aklyk — iliň alnyna,Arşa galýar begenji.Ak merjenli Aşgabat ―Arkadagyň dür-genji.

Ene goşgusy

Mahmal sähram sen bolup,Bahar maňa bakanda,Howlukmadym hiç zada,Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim,Betdim. Nähili betdim!Hernä kejiňe gitdim,Sen bar diýip jahanda.