"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Hem tagamly, hem peýdaly

Häzirki döwürde importyň ornuny tutýan we beýleki ýurtlarda uly islegli önümleri öndürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň işewürleri döwrüň talaplaryndan ugur alyp, dürli ugurlarda önümçiligi yzygiderli giňeldýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bagdan» hususy kärhanasy hem önjeýli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak bilen, bazar bolçulygyna mynasyp goşandyny goşýar.

Ýedi hazynanyň biri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmek barada täze başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly goldawlary berýär, netijeli zähmet çekmäge, ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyna goşant goşmaga oňaýly şertleri döredýär. “Esasgurluşyk” hususy kärhanamyzyň Daşoguz şäheriniň eteginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda önümçiligiň dürli görnüşleri bilen bilelikde, guşçulygy ösdürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Meýdany 3 gektara barabar bolan kärhanamyzda häzir towuklaryň 130 müňden gowragy saklanylyp, guş etiniň we ýumurtganyň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň zenan telekeçileri AWE programmasyna gatnaşmaga çagyrylýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda «Zenan telekeçileriň akademiýasy» (AWE) programmasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim edýär. AWE — bu zenanlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur başarnyklary ösdürmäge kömek edýän mugt üç aýlyk programmadyr.

Mahabat — işewürligiň hereketlendirijisi

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlary goýýarlar. Ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýärler. Olar içerki we daşarky bazarlara getirilýän täze önümleri bilen sarp edijileri begendirýärler. Bu bolsa önümleriň görnüşleriniň mahabatynyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artmagyna ýardam berýär.

Işeňňiriň işi ileri

Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyna şaýat bolýarsyň. Şunda Mary şäherindäki «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp goşandy bar. Bu hojalyk jemgyýetiniň işe başlanyna köp wagt bolmadyk hem bolsa, ol özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Dükanlara baranymyzda, «Kilwan» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Alyjylara hödürlenýän bu önümler datly tagamy, ýokary hili, ekologiýa taýdan arassalygy bilen ünsüňi özüne çekýär.

Zenan bagty

Telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde hususy önüm öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Olaryň önümleri ekologik taýdan arassalygy, şeýle hem ýaşaýşyň ähli ugurlarynda bolçulygyň emele getirilýän döwründe bäsdeşlige ukyplylygy bilen hem tapawutlanýar. Narhal Haknazarowa Türkmenabadyň süýt-ýag öndürýän kärhanasynyň peýnir önümleri sehiniň ussasy bolup işläp ýören ýyllarynda hormatly zähmet dynç alşyna çykandan soň uly bir önümçiligi döretjekdigi hakynda pikirem eden däldir. Bu ýerde ol 17 ýyldan gowrak wagtlap yhlas bilen zähmet çekdi. Ýönekeý işçilikden seh ussalygyna ýetişdi. Peýnir öndürmegiň ähli syrlaryny birkemsiz özleşdirdi. Baý iş tejribesini toplady. Gyzy Narjan hem ene kesbini ýöretmäge döwtalap boldy. Ol ejesi bilen peýnir önümçiliginde işläp, onlarça ýyllap önümçilikde öňdebaryjylaryň hatarynda tanaldy.

Halkara sergiden hoş habarlar

9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz hususy pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi barada aýdyp, häzirki döwürde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hususy pudakda azyk önümleriniň dürli görnüşini öndürýän türkmen telekeçileriniň 5 — 9-njy fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “ProdEkspo” halkara sergisine gatnaşmagy we ol ýerde gazanan üstünlikleri bu hakykatyň aýdyň güwäsi bolup şöhlelendi. Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan azyk önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň iki müňden gowragyny bir ýere jemlän iýmit önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçilik çig mallarynyň 31-nji iri halkara sergisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan “Ak ýol miwe içgileri” hususy kärhanasy, “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti alkogolsyz içgiler we miwe şireleri, “Şerbetli ak gar” hojalyk jemgyýeti, “Altyn ýunus” hususy kärhanasy, şeýle-de “Balam”, “Bars”, “Täze Aý” önümçilik kärhanalary konditer önümleri bilen gatnaşdylar.

Türkmen işewürleri «Prodexpo — 2024»-de

5 — 9-njy fewral aralygynda Moskwada azyk önümlerine bagyşlanan «Prodexpo — 2024» halkara sergisi geçirildi. «Prodexpo — 2024»-de gündelik iýmitlerden we içgilerden başlap, iň lezzetli tagamlara çenli, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin sport iýmiti hökmünde taýýarlanýan önümler, halal, ekzotik önümler öz ornuny tapýar.

Ýokary hilli we täzeçil önümçilik

Täç hil» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän toplum dolandyryş bölüminden, önümçilik sehleriniň ikisinden we ammarlardan ybarat. Dolandyryş bölüminiň önümçilik bölümlerinden diňe aýna diwar arkaly bölünmegi öňdebaryjy kompaniýalaryň tejribesinden ugur alýan çözgüt bolup, kärhananyň ähli işgärleriniň biri-biriniň amala aşyrýan işinden habarly bolmagyna we agzybirlikde çekilýän zähmetiň netijesinde ýokary görkezijileri gazanmaga ýardam edýär. Häzir bu ýerde 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Birinji önümçilik bölümine giren badyňa arassaçylyk serişdeleriniň ýeňilden ýakymly ysy duýulýar. Bu ýerde sazlaşykly işleýän döwrebap tehnologiýalar arkaly şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, köpürjikli sabynlar, atyrlar, ýakymly ys berijiler, egin-eşik ýuwulýan serişdeler we hojalyk himiýasyna degişli beýleki önümler öndürilýär. Olaryň aglaba böleginiň önümçiligi birmeňzeş yzygiderlilikde alnyp barylýar. Önümçilik tapgyry boýunça süýşüp gelýän plastik gaplaryň içine suwuk görnüşdäki arassaçylyk serişdeleri guýulýar. Soňra olaryň gapaklary ýapylyp, daşyna gelşikli ýazgylar ýelmenýär. Bu işleriň ählisiniň sanly ulgam arkaly alnyp barylýandygy ünsüňi çekýär.

Zähmet bilen täzeçillik utgaşanda

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, goldawy hem-de ynamy bilen türkmen telekeçileriniň işi barha rowaçlanýar. Olaryň öndürýän ýokary hilli senagat we azyk önümleriniň, beýleki harytlarynyň möçberi hem-de görnüşi ýylsaýyn artýar. Netijede, bazarlarymyz dürli harytlardan, azyk önümlerinden ýaňa, tüweleme, gözüň dokunýar diýleni. Şol bolçulygy döretmekde «Parahat» hususy kärhanasynyň hem mynasyp goşandy bar. Kärhana 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Şu döwrüň içinde ol şöhlat we süýt önümlerini, miwe şirelerini öndürmekde baý tejribe toplady. Olar dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, halkymyzyň uly höwes bilen satyn alýan önümlerine öwrüldi. Hususan-da, şöhlat önümleriniň has tagamlydygyna müşderiler güwä geçýärler. «Güneşli», «Eşretli», «Köşüli», «Halal» ýaly şöhlatlar uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, şöhladyň «Köşüli» görnüşini öndürmek üçin Awstriýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryldy. Şunlukda, hususy kärhana her aýda şöhlat önümleriniň 60 tonnadan gowragyny öndürip, söwda nokatlaryna ugradýar. Gowurdak, kakadylan towuk bududyr büzme görnüşli şöhlatlar hem kärhananyň geçginli önümlerindendir.

Hususy ulgamda belent sepgitler

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Diýarymyzda azyk we haryt bolçulygyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar, müňlerçe adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagy esasynda ýurdumyzda döwrebap hususy önümçilikler, bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri köpelýär.

Towuk ýumurtgalarynyň önümçiligi ýokarlanýar

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir. Şu hakykata göz ýetirseň, soňky ýyllarda bütin dünýäde oba hojalygy bilen gönümel baglanyşykly bolmadyk ugurlarda uly üstünlik gazanan halkara kompaniýalaryňdyr tanymal işewürleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýändigi geň däl. Ilaty ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugra hususy pudagyň wekilleriniň goşant goşmagy has uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Geljege miras» hususy kärhanasy işleriniň gerimini barha giňeldýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýan hususy kärhana «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde döwrebap guşçulyk toplumyny işe giriz

Iş gurşawlary kärendesine bermek

Aşgabat şäherinde iş gurşawlaryny kärendesine bermek boýunça hyzmatlary ýetirýän «Regus» merkezi açyldy. «Regus» brendiniň 100-den GOWRAK ÝURTDA 4000-den KÖP MERKEZI BAR.

Tutanýerli zähmetiň datly miwesi

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy düzümi oba hojalygy pudagynda uly üstünlikleri gazanýar. Bu ugurda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Möhüm pudakda ýetilen sepgitlere mysal hökmünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumyny döredip, sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak arkaly halkara derejede at-abraýa eýe bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Paýtagtymyzdan çykyp, dag etegini syryp gidýän ýol boýunça, gündogarlygyna ýola rowana bolanyňda Kaka etrabynyň çägindäki bag-bakjaly meýdanlar, ýyladyşhanalar ünsüňi çekýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanalar toplumy hem şu sebitde ýerleşýär. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli ugurlarda iş alyp baran hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda ähli ünsüni oba hojalygyna gönükdirdi. Hut şol ýyl «Ýigit» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden uzak möhletleýin esasda 1 müň gektara barabar ýer bölegi ulanylmaga berildi. Işjanly işewürler bu ýerde ilkibaşda arpa, bugdaý, dary, mäş, mekgejöwen ýaly ekinleri ekmäge girişdiler. 2019-njy ýylyň başynda bolsa şol ýerde meýdany 10 gektara barabar ýyladyşhana toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Hut şonda düýbi tutulan meýdany 24 gektara barabar sowadyjy ulgamly ýyladyşhanalar bolsa, şol ýylyň ahyrynda ulanyşa girizilendir. So

Häzirki wagtda dünýäde kagyz gaplamalara bolan isleg ýylsaýyn artýar

Ak bugdaý etrabynyň Senagat zolagynda ýerleşýän «Ýedidogan» kärhanasy daşky gurşaw üçin zyýanly gaplaryň ornuny tutup biljek ekologiýa taýdan arassa dürli önümleri öndürýär. Bular elde göterilýän towly tutarly bukjalar, tutarsyz bukjalar, kagyz gaplary, agzy açyk haltalardyr. Kärhananyň önümleri gündelik durmuşda azyk saklamak we dürli önümlerii çalt we ygtybarly eltip bermek üçin giňden ulanylýar. Kagyz haltalar moda we bezeg serişdelerinden iýmit önümlerine, derman serişdelerine we elektron enjamlara çenli köp dürli harytlary daşamak üçin niýetlenendir. Kompaniýa tarapyndan öndürilýän kagyz haltalar önümleriň gurluşyk, nebit-himiýa, azyk, oba hojalygy we başga-da birnäçe görnüşler üçin ulanyp bolýan ekologiýa taýdan arassa, döwrebap gaplamalardyr. «Ýedidogan» önümçilik üçin zerur çig maly halkara şahadatnamasy bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalaryndan satyn alýar. Önümçilikde ulanylýan kagyz, ýelim we reňkler iýmit önümleri, adam saglygy we daşky gurşaw üçin düýbünden zyýansyzdyr. «Ýedidoganyň» önümleriniň hiliniň ýokarydygyny ISO 9001:2015 halkara şahadatnamasy, azyk önümlerine laýyklyk şahadatnamasy, TDS şahadatnamalary we ygtyýarnamalary tassyklaýar.

Zenan kalbynyň nepisligi

Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Lebap topragynda ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirýän gyz-gelinler türkmen keşdeçilik sungatynyň baý görnüşlerini, ajaýyp milli lybaslary döredýärler. Şolaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hurma Döwranowa. Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Maýsa ýakalar» dükanyna barsaňyz, möhümiňiz bitmän galmaz. Çünki telekeçi zenanyň ýolbaşçylygyndaky dükanda bölümleriň dördüsi bolup, olaryň hersi bir hyzmaty ýerine ýetirýär. Birinde dürli matalaryň söwdasy ýola goýlan bolsa, beýlekisinde çeper elli gyz-gelinleriň ýüpek sapaklardan bejeren el keşdeleri, ýene birinde täzeçe usullarda, ýagny kompýuterler arkaly bejerilen ýakalar bar. Taýýar lybaslar bölümine gireniňde bolsa, gyz-gelinleriň sünnäläp bejeren kürteleriniň, çabytdyr donlarynyň älemgoşar öwüşgini gözüňi gamaşdyrýar. Ol ýerde dürli reňkli köýneklik, çabytlyk, donluk matalardan başlap, ýakalaryň nusgawy görnüşlerini, owadan bezeg monjuklarydyr hünjüleri, gotazlardyr alajalary saýlap almaga giň mümkinçilik döredilipdir. Mahlasy, toýdur-baýramlara täze lybas edinmek isleseňiz, «Maýsa ýakalar» dükanynyň çeper elli zenanlary islegleriňize laýyklykda, «dokuzyňyzy düzüwläp» goýbererler. Bu nepis işleri ussat tikinçi zenanlaryň ýedisi ýerine ýetirýär. — Lybaslardyr ýakalarymyzyň müşderileri ýeterlik. Biz ýörite buýurmal

Islegli senagat önümleri

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden geçirilmegi-de muny doly tassyklaýar. Has takygy, geçen ýylda günbatar sebitde öndürilen 20 milliard 632,5 million manatlyk senagat önümleriniň 10 milliard manatlyga golaýy hususy bölegiň paýyna düşýär. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Bu ýerde önümçilige gerek bolan çig mallaryň agramly böleginiň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy önümleriň bahasyna öz täsirini ýetirýär. Çig mallar taýýar haryt görnüşine getirilýänçä, edilýän işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlarda amala aşyrylýar. Gurluşyk serişdeleri üçin zerur goşundylaryň belli bir bölegi bolsa Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.

Tejribe bilen täzeçillik sazlaşanda...

Halkymyzda: «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelen paýhasyna eýerýän türkmen halky häzirki döwürde-de ekerançylyga we maldarçylyga uly sarpa goýýar. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň daýhançylykdan we maldarçylykdan rysgal tapýanlary sanardan köp. Gök-bakja önümleriniň, miweleriň we süýt, peýnir, gatyk, ýogurt, dorog ýaly süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde oba hojalygynda iş alyp barýan we täzeçil iş usullarynydyr innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanýan hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň mynasyp paýy bar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürip, bazar bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem «Sahabatly» hojalyk jemgyýetidir. Ekologiýa taýdan arassa we saglyga peýdaly süýt önümlerini öndürmekde «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň çärýek asyrdan agdyk tejribesi bar. Ýakynda biz hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäklerinde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda myhmançylykda bolup, tohumlyk mallary idetmegiň we olardan bol süýt almagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandyk. «Sahabatly» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Orazgeldi Anzarow 1997-nji ýylda maldarçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ilkibaşda 350-den gowrak sygry kärendesine alan telekeçi ýerli sygyrlaryň süýtlüligini ýokarlandyrmak m

Hususy pudak ösüş ýolunda

Ýurdumyzda hususy pudagyň ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna milli ykdysadyýetde telekeçiligiň paýynyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şunuň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň öndürilişini barha ýokarlandyrýarlar. Häzirki döwürde hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän önümçilikde, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý-hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag-logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň gerimli döwlet taslamalaryny amala aşyrmaga, onlarça müň adamy iş orunlary bilen üpjün etmäge goşant goşýarlar. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawynyň netijesinde halk hojalygynyň düzüminde hususyýetçileriň paýy ýylsaýyn artýar. Döwlet-hususyýet

Amatly şertleriň aýdyň netijeleri

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär. Häzirki döwürde milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberleridir görnüşleri barha artýar. Bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 70 göterimden geçýär. Döwletimiz kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslarynyň döredilmegine-de uly ähmiýet berýär. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.