"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Tymsallar dünýäsi

«7/24.tm», №01 (84), 03.01.2022. BAL SATÝAN ÝIGIT

«ConocoP­hil­lips» or­ga­ni­ki işe­wür­li­giň ösü­şi­ni güýç­len­dir­ýär

«ConocoP­hil­lips» kom­pa­ni­ýa­sy paý­dar­la­ryň ýo­ka­ry tö­leg­le­ri bi­len or­ga­ni­ki işe­wür­li­giň ösü­şi­ni bir­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa gel­jek on ýyl­da önüm­çi­li­gi­ni, or­ta­ça, 3% ýo­kar­lan­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hut şu mak­sat bi­len, kom­pa­ni­ýa yzy­gi­der­li «M&A» ge­le­şik­le­ri­ni alyp bar­ýar. ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ag­la­ba­sy ýa­ly, «ConocoP­hil­lips» hem çär­ýek­de bir ge­zek di­wi­dend tö­le­ýär. 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li kom­pa­ni­ýa­nyň di­wi­dend­le­ri­niň kö­pel­me­gi­ne we her paý­na­ma­sy­nyň ABŞ-nyň 1,96 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu gir­de­ji­niň 2,7%-ine deň­dir.

«IPO Im­mix Biop­har­ma» paý­na­ma­la­ry­ny ýer­leş­di­rer

«IPO Im­mix Biop­har­ma» IPO-nyň bir bö­le­gi hök­mün­de «Nas­daq» gaz­na bir­ža­syn­da her bir paý­na­ma­sy­na ABŞ-nyň 5 – 6 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha kes­git­läp, 3825 müň paý­na­ma­sy­ny ýer­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Paý­na­ma­la­ry­ny ýer­leş­di­ren­den soň, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň, tak­my­nan, ABŞ-nyň 42,8 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de bo­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Mag­lu­mat üçin, «Im­mix Biop­har­ma» Awst­ra­li­ýa­da (Im­mix Biop­har­ma Aust­ra­lia) bö­lü­mi bo­lan ABŞ-da ýer­leş­ýän kli­ni­ki tap­gyr bio­far­ma­sew­ti­ki kom­pa­ni­ýa­dyr.

«PPL» paý­na­ma­la­ry­ny güýç­len­di­rer

«PPL» 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da Ang­li­ýa­nyň «WPD» bö­lü­mi­niň Rod-Aý­land şta­tyn­da­ky tä­ze «Nar­ra­gan­sett Electric» gol­çur kär­ha­na­sy­na ça­lyş­ma­gy­ny ta­mam­lar. Bu ge­le­şik «PPL» gör­ke­zi­ji­le­ri­ni güýç­len­di­rer. Kom­pa­ni­ýa gir­de­ji­niň bir bö­le­gi­ni sa­tyn al­mak prog­ram­ma­sy­na gö­nük­di­rer. Tas­syk­la­nan muk­da­ry hä­zir­ki wagt­da ka­pi­tal­laş­ma­gyň 11%-ine ga­bat gel­ýär. Şol birwag­tyň özün­de kom­pa­ni­ýa tä­ze di­wi­dend sy­ýa­sa­ty bi­le­n ABŞ-nyň kom­mu­nal pu­da­gyn­da di­wi­dend li­der­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gy­ny do­wam e­der.

«The Ho­me De­pot» çalt el­tip ber­mä­ge ma­ýa goý­ýar

Dün­ýä­dä­ki do­wam ed­ýän ýag­daý­la­ra bag­ly­lyk­da, önüm­le­re bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, «The Ho­me De­pot» res­to­ran­lar top­lu­my oňyn ösüş ga­zan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa Ame­ri­ka­da­ky tä­ze lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­ne ma­ýa goý­ýar. Ýe­ri ge­len­de, kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň müş­de­ri­le­ri­niň 90%-ine gün­de­lik ýa-da er­te­si gün el­tip ber­mek mak­sa­dy bi­len, hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­läp, paý peý­da­sy­ny art­dyr­ýar. Soň­ky bir aýyň do­wa­myn­da «The Ho­me De­pot» paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň gol­daw ul­ga­my­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Şeý­le­lik­de, paý­na­ma­la­ryň, or­ta­ça, gir­de­ji­si ABŞ-nyň 400 dol­la­ry de­re­je­sin­de bol­dy.

«Bars» nyşanly önümler

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän we özüniň öndürýän önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan önümçilikleriň biri-de «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanadyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasyna degişli bolan bu kärhanada öndürilýän konditer önümleri ak bazarlaryňdyr dükanlaryň, maşgala suprasynyň bezegidir. Datlydan tagamly şokoladdyr kökeler we beýleki süýjülikler ilat arasynda hemişe uly islege eýe bolup gelýär. Muňa oňat düşünýän agzalan kärhananyň işçi-hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde bolmak bilen, konditer önümleriniň täze-täze görnüşlerini öndürmek ugrunda tagalla edýärler. Olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýerine düşýändigine kärhanada önümçiligi ýola goýlan önümleriň görnüşiniň artýandygy hem şaýatlyk edýär. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň özünde kärhanada täze önümiň, ýagny keksiň üç görnüşiniň we şokoladyň birnäçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýlelikde, kärhanada öndürilýän konditer önümleriniň görnüşleri onlarça ýetdi.

Ak bazaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyna häzirki günlerde ak bazarlarda we dükanlarda giň gerim alýan baýramçylyk söwdalary anyk şaýatlyk edýär. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalary diýseň gyzyşdy, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň köp dürli görnüşleri ilata elýeterli bahadan hödürlenýär. Munuň şeýledigine welaýat merkezindäki «Ak bugdaý» bazarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazar häzir has-da gelim-gidimli. Bazara gelýän alyjylara bereket bolçulygyny alamatlandyrýan, tekjelere bezeg berýän ýokary hilli önümlerdir harytlaryň islän görnüşini satyn almaga giň mümkinçilik bar. Ylaýta-da, medeniýetli hyzmat we nyrhlaryň elýeterliligi alyjylary örän begendirýär. Bazara söwda etmäge gelen bagtyýar ildeşlerimiz bilen özara gürrüňdeşlikde hem bu hakykata göz ýetirdik.

Baýramçylyk saçagyna elin şöhlat

Ertir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şanly ýylynyň iň ahyrky güni ― 31-nji dekabr. Diýmek, ertir agşam ähli öýlerde baýramçylyk desterhanlary giňden ýazylyp, üsti naz-u-nygmat bilen bezeler. Baýramçylyk berekedine welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň hem goşant goşýandygyny ozal habar beripdik. Şolaryň hatarynda kerkili telekeçi Samandar Mustapakulow hem bar. Onuň ýolbaşçylygyndaky kärhanada indi alty ýyla golaý wagt bäri şöhlat taýýarlanylýar. Baýramçylyk saçagy üçin azyk önümleri satyn alnanda, şöhlat sanawa ilkinji ýazylýan nygmatlaryň biri. Eýýäm ençeme ýyldan bäri bu datly et önüminiň öz ýurdumyzda öndürilmegi bahasynyň hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Samandar Mustapakulow hem 2016-njy ýyldan bäri bu bolçulyga goşant goşup gelýän hususyýetçileriň biri.

Datlydan tagamly önümler ildeşlerimiziň toý saçagyna bezeg goşar

Baýramçylyk söwdalarynyň barha gyzyşýan häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ak bazarlarynyň we dükanlarynyň islendigine baranyňda «Nur» haryt nyşanly maýonez we beýleki gaplama önümleriň dürli görnüşlerinde gözüň eglenýär. Datlydan tagamly şol önümleriň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman kärhanasynda öndürilýändigini bellemek diýseň ýakymly. Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlangyjy boýunça agzalan kärhana baryp, işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagy makul bildik. Ol ýere baranymyzda önümçilik bölümlerinde işleriň gyzgalaňly häsiýetde alnyp barylýandygyna, işçi-hünärmenleriň her biriniň bagtyýar ildeşlerimiziň Täze ýyl saçagynyň berekedine goşant goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýändigine şaýat bolduk.

GUŞ ETINDEN TAÝÝARLANAN ÖNÜMLER bagtyýar halkymyzyň Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary bezär

Her bir döwletli ojakda sabyrsyzlyk bilen garaşylyp, uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Nesip bolsa, täze — 2022-nji ýyl hem her bir maşgalada dürli naz-nygmatlardan doldurylan bereketli saçagyň başynda, agzybirlik bilen garşylanar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Zere Ibragimowa bolsa bu bereketli saçaklara süýji tagamly hind guşunyň etinden taýýarlanan önümleri hödürlär. Çünki ol ýurdumyzda ilkinji bolup, hind guşunyň etini öndürip başlan döwrebap toplumyň gaýtadan işleýän bölümine ýolbaşçylyk edýär. Gelin-gyzlaryň ýüzlerçesini birleşdirýän bu bölümde hind guşunyň etinden ýarymfabrikatlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. — Ýarymfabrikatlar öý bikesine ep-esli ýeňillikleri döredýär. Ýagny biziň öz işine ussat zenanlarymyz börek, manty, kotlet ýaly dürli tagamlary gazana ataýmaly edip taýýarlap, dürli reňkli owadan gaplara gaplaýarlar hem-de ýörite sowadyjylarda doňdurýarlar. Olaryň gaplarynda taýýarlanyş usullary, saklanyş şertleri we ýaramlylyk möhleti görkezilen. Meselem, kotleti doňuny aýyrmazdan gyzgyn saja goýup, haýal ýanýan otda her tarapyny 2 minut gowurmaly, soňra ody peseldip, ýene üç minut goýmaly, otdan aýryp, 2 minut buguna goýsaň, naharyň taýýar. Böregiň, mantynyň elde amal edilmegi tagamyň has süýji hem harytlyk görnüşiniň owadan

Il bähbitli çäre göwünleri galkyndyrýar

24-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat, azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwlaryny guramak, adamlar dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahalaryny 50 göterime çenli arzanlatmak barada beren tabşyrygy ýurdumyzyň Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň-da baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Diýarymyzyň günorta sebitinde «Sahawatly söwda» çäresiniň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa şeýle gürrüň berdi:

Arkadagly döwrüň sahawaty

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda yglan edilen «Sahawatly söwda» çäresi ildeşlerimiz üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. Onda-da nähili ajaýyp sowgat! Aslynda, «Sahawatly söwda» arzanladyşy milli Liderimiziň watandaşlarymyza bagyşlan baýramçylyk sowgatlarynyň diňe bir bölegi. Ilki-hä, aý gutarmanka, dekabr aýynyň hem zähmet hakyny elimize aldyk. Soň ähli söwda merkezlerindäki harytlaryň bolçulygy gözümizi dokundyrdy. «Sahawatly söwda» bolsa bu sanan gowulyklarymyzyň üstüni ýetirdi. 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda watandaşlarymyz şäher awtobuslarynyň hyzmatyndan hem mugt peýdalanarlar. Bu sanawa gyzykly şüweleňleri, ýatdan çykmajak dabaralary, içi naz-nygmatly Täze ýyl sowgatlaryny hem goşup bolar. Şular barada oýlananyňda, gaýtadan çagalyga dolanyp, Aýazbaba hat ýazan hem bolsak, munça gowulygy, munça sowgady serimize getirip bilmezdik diýýärsiň. Ajaýyp döwrümiziň bu günki eçilenleri arzuwlardan has zyýada... Gyzgalaňly söwda

«Sahawatly söwda»: 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, her bir baýramçylygy şatlyk-şowhunly belläp geçmegi üçin uly tagalla edýär we bu babatda ähli mümkinçilikleridir şertleri döredýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyò 25-nji dekabryndan 2022-nji ýylyò 1-nji ýanwary aralygynda harytlaryň dürli görnüşine islegleri kanagatlandyrmak we olaryň has-da elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, harytlar 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan bahalardan satylýar. Şunuň bilen baglanyşykly «Sahawatly söwda» çäresi guralýar. Bu çäre Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär.

Alyjylar ýeňillikli bahalardan hoşal

Halkymyzyň iň söýgüli baýramlarynyň biri — Täze ýyla uly sowgat bolan «Sahawatly söwda» çäresi ýurdumyzyň iri söwda merkezleridir bazarlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. 25-nji dekabrda başlanyp, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam etjek arzanladyşlarda çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk önümler elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär. Paýtagtymyzyň Täze ýyl öwüşginlerine, şatlyk-şowhuna beslenen ýerleriniň biri-de Tähran köçesiniň ugrundaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezidir. Täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy tamamlanyp barýan ýylyň esasy wakasy, şanly toýlarymyza mynasyp sowgat boldy. Açylanyna entek köp wagt geçmedik hem bolsa, bu merkez paýtagtlylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň söýgüsini gazandy. Şu günler onuň her gatynda owadan bezelen arçalarda, Aýazbabanyň daşyna jemlenen çagalarda, ertekileriň gahrymanlarynda nazaryň eglenýär.

Baýramçylyk satuwlary gyzyşýar

Demirgazyk welaýatda-da «Sahawatly söwda» çäresi Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde gyzgalaňly dowam edýär. Döwrebap merkeziň dürli yşyklar bilen şugla saçýan toý lybasy, söwda dükanlarynyň köp görnüşli harytlardan, Täze ýyl sowgatlaryndan doly uzyn tekjeleriniň baýramçylyk bezegi, bereket-bolçulygy alamatlandyrýan görkana görnüşler aýratyn gözellik döredýär. Bu ýerde uly şatlyk bilen garşy alynýan Täze ýylyň toý saçagyna bezeg berýän azyk önümleriniň, käbir harytlaryň arzanladylan nyrhlardan satuwy göwnejaý ýola goýuldy. Merkeziň ähli söwda dükanlarynyň gapysyndaky harytlaryň arzanladylandygy baradaky ýazgylar bada-bat göze ilýär. Birinji gatda ýerleşýän «Kämil» market ýokary derejede hyzmatlary guramagyň, baýramçylyk mynasybetli arzanladylan harytlaryň iň köp görnüşiniň satylýan iri söwda nokady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ol şäher ýaşaýjylarynyň, welaýatyň ähli künjeklerinden bolan adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. — Önümleriň nyrhynyň arzanladylmagy bilen, gündeki edilýän söwdanyň möçberi ep-esli artdy. Marketimizde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän süýji-köke önümleri, dürli içgiler, et önümleri, ir-iýmişler, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän sitrus miweleri, hyýar-pomidorlar ilata hödürlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrýan tutumly işleri netijesinde, öndürilýän ýerli önümleriň g

«Pantone» 2022-niň reňkini yglan etdi

Her ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ame­ri­ka­nyň «Pan­to­ne» reňk­ler ins­ti­tu­ty gel­jek ýy­lyň esa­sy reň­ki­ni kes­git­le­ýär. Ins­ti­tu­tyň kes­git­läp, yg­lan eden reň­ki gel­jek ýyl­da ön­dü­ril­jek trend önüm­le­riň maz­mu­ny­ny be­zär. 2021-nji ýy­lyň reň­ki­ni açyk sa­ry we so­wuk çal reňk di­ýip kes­git­län reňk­ler ins­ti­tu­ty, 2022-nji ýy­lyň trend reň­ki­ne dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­di, has anyk bel­le­sek, ins­ti­tut dö­re­di­le­ni bä­ri ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek gel­jek ýyl üçin ar­hi­win­de top­la­nan reňk­ler­den hö­dür­le­män, düý­bün­den tä­ze bir reňk dö­ret­di. «Very Pe­ri 17-3938» (Örän owa­dan) at bi­len bel­gi­le­nen la­wan­da gü­lü­ni ýat­lad­ýan bu reňk gök öwüs­ýän ma­wy reň­kiň to­ny bi­len ga­ryş­dy­ry­lyp, öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Pan­to­ne» reňk­ler ins­ti­tu­ty­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Leat­ris Eýs­man ins­ti­tu­tyň res­mi saý­tyn­da (www.pan­to­ne.com) tä­ze reň­kiň aý­ra­tyn­ly­gy ba­ra­da şeý­le be­ýan ed­ýär: – Hä­zir­ki dö­wür­de adam­lar dün­ýä baş­ga­ça ga­ra­ýar­lar, şo­nuň üçin tä­ze reň­ki dö­ret­mek mö­hüm­di. «Very Pe­ri» ady­ny alan bu reňk gök ton­la­ryň için­de öz­bo­luş­ly bagt­ly­ly­gy we my­la­ýym­ly­gy bi­len saý­lan­ýar. Gö­güň aşa­gyn­dan öwüs­ýän ma­wy to­nuň ga­ryl­ma­gy, gö­ren­ler­de tä­ze­çil­li­ge hö­wes duý­gu­sy­ny dö­red­ýär, bi­ziň göz­le­gi­miz hem tä­ze­lik. Ol bi­ziň hä­zir

«DoorDash»-yň eltip bermek hyzmaty ösýär

El­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän «Do­or­Dash» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýyl­da hem ösüş gazanmagyny do­wam eder. «Do­or­Dash» 2021-nji ýy­lyň il­kin­ji do­kuz aýyn­da ABŞ-nyň 5,5 mil­liard dol­lar­yn­dan gow­rak gir­de­ji ga­zan­dy. Bu gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň 2020-nji ýy­lyň do­kuz aýyn­da ga­za­nan ABŞ-nyň 2,9 mil­liard dol­la­ryn­dan iki es­se ar­tyk­dyr. Şeý­le-de «Do­or­Dash»-yň 2021-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça, ABŞ-da iý­mit üçin çyk­da­jy­lar, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1,8 tril­li­on dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. 

«TikTok»-da el­tip ber­mek hyz­ma­ty peý­da bo­lar

Hy­ta­ýyň «Tik­Tok» in­ter­net ul­ga­my azyk önüm­le­ri­ni el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ýar di­ýip, «Met­ro» ne­şi­ri ha­bar ber­di. Ha­ba­ra la­ýyk­lyk­da, hyz­mat «Tik­Tok Kitchen» ady bi­len bel­li bo­lar we ol 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da işe baş­lar. Sar­gyt edip bol­ýan azyk haryt­la­rynyň sa­na­wy­na so­sial ul­gam­lar­da meş­hur­lyk ga­za­nan ta­gam­lar gi­rer. Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, müş­de­ri­ler hyz­ma­tyň işe goý­be­ri­len il­kin­ji dö­w­rün­de bi­şi­ri­len fe­ta peý­ni­ri­ni, mek­ge­jö­wen pat­ra­gy­ny we unaş çips­le­ri­ni sar­gyt edip bi­ler­ler. Şol birwag­tyň özün­de, «Tik­Tok» öz jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti kär­ha­na­la­ry­ny aç­maz, ýö­ne is­len­dik res­to­ran­dyr ka­fe onuň hyz­mat­la­ry­na go­şu­lyp bi­ler. 

«Wel­lto­wer» 2022-nji ýylda täze hyzmatlaryny hödürlär

Goz­gal­ma­ýan em­läk eýe­si «Well­to­wer» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da täze meýilnamalaryny taý­ýar­la­ýar we müşderileriň ösen isleginiň amat­ly mümkinçiliginden peý­da­lan­mak is­le­ýär. «Well­to­wer»-iň üçün­ji çär­ýek­dä­ki di­wi­dend pa­ýy ABŞ-nyň 0,61 dol­lary möçberinde bol­up (di­wi­den­diň gir­de­ji­si 2,9%), er­kin nagt pul aky­my­nyň tö­le­gi bol­sa 76%-e deň bol­dy. Bu görkeziji hä­zir­ki wagt­da di­wi­dend­le­riň ýe­ter­lik de­re­je­de howp­suz­dy­gy­ny, hat­da kö­pel­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni gör­kez­ýär. Meýilnama laýylykda, «Wel­lto­wer» 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde müşderilerine ýokary derejeli täze hyzmatlaryny hödürlär.

«McDo­nald's» «Dy­na­mic Yield»-i «Mas­tercard»-a sat­ýar

«McDo­nald's» kor­po­ra­si­ýa­sy­, tak­my­nan, üç ýyl öň sa­tyn alan «Dy­na­mic Yield» san­ly ul­gam kom­pa­ni­ýa­sy­ny dün­ýä­niň iň iri tö­leg ope­ra­tor­la­ry­nyň bi­ri­ — «Mas­tercard» kom­pa­ni­ýa­sy­na sat­ýar. «McDo­nald's», «Dy­na­mic Yield»-iň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len söw­da ter­mi­nal­la­ry ar­ka­ly edil­ýän söw­da­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sat­ly bu kom­pa­ni­ýa­ny 2019-njy ýy­lyň mart aýyn­da ABŞ-nyň 300 mil­li­on­ dol­la­ry­na sa­tyn alyp­dy. Şol ge­le­şik «McDo­nald's»-yň soň­ky otuz ýy­lyň do­wa­myn­da ama­la aşy­ran iň uly sa­tyn al­şy bo­lup­dy. Şert­na­ma­nyň res­mi­na­ma iş­le­ri­ni 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ta­mam­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ge­çen birža söw­da­lar­ynda «McDo­nald's»-yň paý­na­ma­la­ry 1%, «Mas­tercard»-yň paý­na­ma­la­ry bol­sa 2% ýo­kar­lan­dy.