"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Işewürleriň eksport paýy artýar

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Bu gatnaşyklaryň ösmeginde telekeçilerimiziň paýy aýratyn uludyr. Türkmen telekeçileriniň 2023-nji ýylda eksporta iberen oba hojalyk önümleri ABŞ-nyň 135 million dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden hem ýokarydyr. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerine barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatymyzyň telekeçileri her ýylda ABŞ-nyň onlarça million dollarlyga barabar önümleri eksport edýärler. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär.

Işewürleriň işleri ileri

Halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri dünýäniň ösen tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, içerki bazarlary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler. Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

«TÜRKMEN ŞÖHLE»: Ýerli çig maldan ýokary hilli önümler

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryndan alynýan önümlerini gaýtadan işläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmäge goşant goşýan hem-de önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edilen Ak bugdaý etrabynda şeýle kärhanalaryň köp bolmagynda hem özboluşly many bar. Munuň özi gadymy medeniýetiň döräp, kemala gelen mekanynyň täze taryhy eýýamda täzeden galkynýandygynyň nyşanydyr. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastik önümleri öndürýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynda bolanymyzda hem biz bu hakykata ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Söwda toplumyndaky şanly sepgitler

3 — 5-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezdi. Bu sergide dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň söwda toplumynyň sergisine baryp görmegi sergä gatnaşyjylarda ýakymly pursatlary döretdi. Milli Liderimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Biz hem serginiň çäklerinde bolup, täze önümler we önümçilikler bilen gyzyklandyk, bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan hünärmenler bilen söhbetdeş bolduk.

Hyrydarly harytlar

Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri hem-de türkmen harytlarynyň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, ýurdumyzyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.Biz hem söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bu ýerden sargyt edip gördüňizmi?!

Eger şeýle bolmasa, sargap görüň! Milli hem döwrebap, hamyrly we gyzgyn, mangal we tiz tagamlaryň, şeýle-de daşary ýurt aşhanalarynyň naharlarynyň tagamlaryny hem-ä amatly bahadan, hemem tiz wagtyň içinde dadyp görmek size bagly. Sargytlaryňyz ýanyna myhman paý hem goşulyp, sanlyja minutyň dowamynda diýen ýeriňizde peýda bolýar. Biziň gürrüňimiz Gaýgysyz Agabaýew tarapyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyrylan halkymyza jemgyýetçilik iýmitini taýýar görnüşde hödürläp gelýän «Gaýgysyz market» hakynda. Tagamlaryň dürli görnüşlerini sargyt esasynda degişli salga eltip bermek hyzmatyny göwnejaý ýola goýan işewürleriň daş ýarýan dogumynyň hemem eli süýji aşpezleriň tagam taýýarlamakdaky ussatlygynyň gürrüňi indi gum içine-de aýlanyberipdir. Ýogsa näme, ussat aşpezleriň bişiren tagamyndan dadyp görmek isleýänler indi gumuň, çölüň içinden sargyt edip bilýän bolsa, hut şeýle bolaýmalam.

«Hurma» kafe

Beýlekileriňkä meňzemeýän täsin dizaýny bilen köpleriň ünsüni çekmegi başaran bu kafe barada siz eýýäm eşiden bolmagyňyz mümkin. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Hurma» kafesinde müşderiler üçin gerek bolan hyzmatlaryň ählisi jemlenendir. Tejribeli ofisiantlar, internet hyzmaty, iň esasy hem, awtoduralganyň bolmagy bu ýere gelmek üçin amatly şertleriň esasylarydyr. Müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran bu kafeniň tagamnamasynda dürli görnüşli owadan bezelen ertirlikleriň, çorbalaryň, mangallaryň, pizzalaryň, hamyrly naharlaryň, garnirleriň, işdäaçarlaryň, desertleriň, pideleriň, köz dönerleriniň hem-de olar bilen bir hatarda çaý, kofe, freş, limonad, kokteýl ýaly içgileriň köp görnüşleri taýýarlanylýar. Isleg bildirilen tagamlar ussat aşpezler tarapyndan döredijilikli, owadan, gözegelüwli görnüşde taýýarlanylyp äberilýär.

«Markow» kofe

Ylmy tehnologiýanyň döwri hasaplanylýan üstümizdäki asyrda kofe bilen bagly gürrüňleriň juda köp bolmagy jemgyýetiň arasynda hoşboý ysly, özboluşly bu tagama bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen bagly bolup biler. Bu önüme bolan islegiň netijesinde soňky ýyllar kofe önümçiligi barha pajarlaýar. Dünýäde iň uly kofe öndürijileri diýlende, Braziliýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Wýetnam ýaly birnäçe ýurtlar hakynda eşidendiris, ýöne biziň bu gezekki gürrüňimiz olar barada bolman, Merkezi Aziýada iň iri kofe öndürijisi hökmünde tanalýan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň «Markow» haryt nyşanly kofeleri hakyndadyr. 1990-njy ýylda esaslandyrylan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde 2019-njy ýylda açylan «Markow» haryt nyşanly köp görnüşli, ýokary hilli kofe önümçiligini amala aşyrýan bu kärha­nada häzirki wagtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda iň iri kofe önümçiligi bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýetinde 1/3 kofesiniň nusgawy, kapuçino, mokka, latte we hoz tagamly ýaly kofe önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Önümçilikde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden we Wýetnamdan getirilýän tebigy kofe däneleri ulanylýar. Sarp edijiler tarapyndan köp isleg bildirilýän bişen kofe dänesini öndürmek üçin bolsa önümçilikde Indoneziýa, Efiopiýa, Keniýa, Braziliýa, Wýetnam ýaly ýurtlardan saýlanan kofe däneleriniň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar.

«Erkin miweçilik»: uly üstünliklerden täze sepgitlere

Eziz Diýarymyzyň telekeçileri soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bu hakykata aýdyň mysaldyr. 2015-nji ýylda bu hususy kärhana daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak maksady bilen, üzümi, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň çäginden 300 gektar ýer bölegi uzakmöhletleýin kärendesine berilýär. Işjanly işewürleriň yhlasy esasynda köpden bäri ulanylman ýatan ýerler özleşdirilip başlanýar. 2017-nji ýylda telekeçiler ekin ýerleriniň 40 gektaryna daşary ýurtdan getirilen almadyr garaly nahallaryny, 40 gektaryna bolsa ýerli hem-de daşary ýurt üzümlerini, galan bölegine bolsa gawun, garpyz we gök-bakja ekinlerini ekdiler.

Polşada özbek dokma önümleriniň dükany hyzmat edip başlady

Warşawa şäherinde ýerleşýän «EACC» söwda merkezinde Özbegistan Respublikasynyň «Bonito Jeans» dokma kompaniýasynyň «Mod Kids» brendiniň söwda dükany açyldy. Söwda dükanynyň açylyş dabarasyna Özbegistanyň Polşadaky ilçisi Amirsaid Azamhujaýew hem-de iki ýurduň dokma senagaty pudagynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdylar.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýurdumyzyň altyn gaznasy Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy--ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy.

Ezber elli tikinçiler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda edýän bimöçber tagallalaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän hususy düzümleriň biri-de Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, 2021-nji ýylda esaslandyrylan «Dowamly özgeriş» tikinçilik kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada ezber elli tikinçi gelin-gyzlaryň 40-dan gowragy zähmet çekmek bilen, esasan, çagalardyr ýetginjekler, uly adamlar üçin döwrebap nusgadaky penjekdir jalbarlary, beýleki dürli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Berdimyrat Ýediýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu önümçilik düzüminiň agzybir tikinçileri pasyllara görä önüm öndürmek bilen, müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar häzirki wagtda ýaz we tomus möwsümi üçin egin-eşikleri taýýarlap başladylar. Şunda tikinçileriň tikýän eşikleriniň hiline, biçüwine aýratyn üns berýändiklerini bellemeli. Bu ýerde zähmet çekýänleriň agramly böleginiň ýaşlar bolmagy täzeçe işlemäge, bazarda geçginli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.

«YONEKEY» mobil goşundysynda mugt dükan açmak mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan dürli görnüşli harytlary iň arzan bahalardan sargyt etmäge mümkinçilik berýän «Yonekey» ykjam goşundysynda täze hyzmat işläp başlady. Indi islendik telekeçi «Yonekey» ykjam goşundysynda öz onlaýn dükanyny açyp, satýan harytlaryny ýerleşdirip biler. 150 müňden gowrak ulanyjysy bolan «YONEKEY» platformasy söwdany artdyrmaga ýardam etjek bu hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýar.

«Arkaç» — milliligiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri

17-nji martda döwrebap binägärlik keşbi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşýan durmuş maksatly ýene bir täze bina açyldy. Işewürlik merkezli, ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ýakyn wagtda işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Milli we döwrebap dizaýny özünde jemleýän bu ajaýyp binada ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Täze açylan binada işe başlanlaryň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy guwandyryjydyr. mumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Olardan başga-da, bu ýerde oýun meýdançalary, kino zallary, çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde

Aman NURALYÝEW, «Türkmen berk-metal» hususy kärhanasynyň marketing bölüminiň hünärmeni:

Baş maksat – ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek

Halkymyzyň giňden ýazylan saçaklaryny bezemekde süýji hem-de köke önümleri örän ähmiýetlidir. Birek-biregiň doglan günlerini, şatlykly senelerini şol datly önümler bilen gutlamak has-da ýakymly. Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna, dükanlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň ençemesiniň öndürilip, alyjylara hödürlenýändigine oňat göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigine «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýeti hem aýdyň mysal bolup biler. Işe başlanyna kän ýyl bolmadyk hem bolsa özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen bu hojalyk jemgyýeti halkymyzyň uly isleglerine mynasyp boldy. Söwda merkezlerine baranymyzda, «Kilwanyň» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Bu bolsa olaryň gysga wagtyň içinde tutanýerli zähmeti bilen halkymyzyň söýgüsini gazanandygyndan habar berýär. Sarp edijilere hödürlenýän bu harytlar özleriniň datlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy, gelşikli gaplara gaplanmagy bilen özüne çekýär. Bu ýerde ilkibaşda diňe «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeler öndürilip başlanam bolsa, häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlady. Olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Kesp» huruşly şekerli kökesi, «Rende» huruşly şekerli kökesi öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, beýleki önümlere hem müşderiler

«Müşderileriň üstünligi — biziň üstünligimiz»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, tehnologiýa önümçiligini öz ýurdumyzda ýola goýmaga hem aýratyn üns berilýär. Şeýle işlere mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr. Bizem bu kärhananyň esaslandyryjysy Hanmämmet Mollakow bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamagyň we tehnologiýalary öndürmegiň mümkinçiliklerine nazar aýladyk. — Söhbetdeşligimiziň başynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň esaslandyrylyşy we ilkinji üstünlikleri barada gürrüň beräýseňiz!

Telekeçileriň giň gerimli sergisi hususy pudagyň köpugurly mümkinçiliklerini görkezdi

17 — 19-njy martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük sergi guraldy. Onuň çäklerinde maslahat hem geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlandy. Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilýän «täze önüm», «importyň ornuny tutýan önümçilik» ýa-da «innowasion tehnologiýa» ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Diwarlyklarda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýan Telekeçiler mekdebi, «Bäsdeş» söwda öýi, «Birleşme gurluşyk» birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan «Rysgal» gazeti barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Lebaply telekeçileriň täze sepgitleri

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň maslahaty bolup geçdi, şeýle hem olaryň öndürýän önümleriniň sergisi guraldy. Biziň welaýatymyzyň telekeçileriniň uly topary hem maslahata gatnaşdy we sergide öz önümlerini görkezdi. Bu möhüm wakalar mynasybetli birleşmäniň welaýat bölüminiň başlygy Şöwket Kerimberdiýew bize şeýle gürrüň berdi: — Maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini beýan edýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly, bu gün döwletimiziň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportuny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.