"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

2021-nji ýyl­yň iň oňat oýun ne­şir­çi­si diý­lip yg­lan edil­di

Meş­hur «Me­tacri­tic» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýy­lyň iň go­wy wi­deo oýun ne­şir­çi­le­ri­niň bi­rin­ji on­lu­gy­nyň sa­na­wy­ny çap et­di. Oňa 100 bal­ldan, azyn­dan 75 ball alan oýun­la­ryň atlary girizildi. Bi­rin­ji ýe­ri «Xbox Ga­me Stu­dios» oýu­ny bi­len «Micro­soft» eýe­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň oýun­la­ry üçin be­r­len, or­ta­ça, bal 87,4-e ba­ra­bar bol­dy. Ikin­ji ýe­ri 81,3 ball bi­len «So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy al­dy. «Humb­le Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa 80,9 ball bi­len üçün­ji ýe­ri eýe­le­di. «Activision Bliz­zard» 80,6 ball bilen dör­dün­ji ýerde, «Bet­hes­da» 80,2 ball alyp, bä­şin­ji orun­da or­naş­dy­lar. Şeý­le-de bi­rin­ji on­lu­ga «Capcom», «Ban­dai Namco», «SE­GA», «EA», «505 Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­la­ry gir­di­ler.

2024-nji ýylda Ilon Mask dün­ýä­de il­kin­ji tril­lio­ner bo­lup bi­ler

«App­rove.com»-yň bar­lag­la­ry­na gö­rä, Ilon Mask 2024-nji ýyl­da dün­ýä­de 1 tril­li­on dol­lar­lyk sepgidi zabt eden ilkinji işewür bo­lup bi­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ilon Mas­kyň baý­ly­gy ABŞ-nyň 216 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­dedir. «Bloom­berg»-iň mil­li­ar­der­ler in­dek­si­ne gö­rä, Mas­kyň baý­ly­gy 2024-nji ýy­la çen­li tril­lio­ner bol­mak üçin ýyl­da 129% ýo­kar­lan­ma­ly­. «App­rove.com» Mask­dan soň Hin­dis­ta­nyň «Ada­ni» to­pa­ry­nyň baş­ly­gy, baý­ly­gy ABŞ-nyň 87,3 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bolan Gau­tam Ada­ni­niň ikinji trillioner bo­lup bil­je­gi­ni çak­la­ýar. Şeýle-de «Bloom­berg» mil­li­ar­der­ler in­dek­sin­de 44,7 mil­liard dol­lar baý­ly­gy bi­len 28-nji orun­da dur­an Hy­ta­ýyň «By­te­Dance» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Zhang Ýiming 2026-njy ýyl­da dün­ýä­de üçün­ji tril­lio­ner bo­lup bi­ljekdigi ýazylýar.

Banan bagynyň bagbany

Tejribeli bagban Merdan Hudaýberdiýew Amyderýanyň çep kenaryny ýakalap oturan Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ilkinji bolup Mary welaýatyndan getiren banan nahallaryny ekmek bilen, eýýäm onuň özboluşly baglygyny hem döretdi. Ol subtropik sebitlerde bitýän bu täsin ösümligiň ähli agrotehnikasyny internetden öwrendi. Netijede, ýetişdiren banan agajynyň ilkinji miwelerini öz obadaşlaryna paýlap, olaryň alkyşyny aldy. Göýä Erem bagynyň miwesi ýaly tagamy datly bu ösümligiň görnüşi-de üýtgeşik. Hasyl getirişi bolsa has täsin. Ullakan ýapraklaryň arasynda hatara düzülen banan miweleri gözüňi dokundyrýar. Düzüminde, aýratyn-da, çagalar üçin zerur bolan ýokumlaryň köplügi banany islegli önümleriň hataryna goşýar. Türkmeniň naz-nygmata baý desterhanyna indi öz topragymyzda biten banan miwesiniň goşulmagy hemmeleri begendirýär.

Syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty

10-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty guraldy. Oňa TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel künjeklerini, syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler barada gürrüň edildi. Degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda işgärleri halkyň hyzmatynda

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz halky üçin edýän uly aladalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Şolaryň hatarynda söwda ulgamy hem uly özgertmelere beslenýär. Ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­dyr söw­da mer­kez­lerin­de gö­wün is­län azyk önüm­le­ri­ňi ar­zan ba­ha­lar­dan alyp bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem nyg­taý­şy ýa­ly, söw­da top­lu­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Söw­da top­lu­my­ny ös­dür­mek, da­şa­ry söw­da­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, içer­ki önüm ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da köp möç­ber­ler­de ma­ýa go­ýum­la­rynyň go­ýul­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.

«Fu­boTV» abunaçylaryny artdyrdy

Ge­çen hep­de te­le­wi­zi­on akym plat­for­ma­sy «Fu­boTV» öz akym plat­for­ma­sy­na 1 mil­li­on­dan gow­rak ula­ny­jy­nyň bi­rik­di­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ola­ryň 95%-in­den gow­ra­gy sport maz­mu­ny­na to­ma­şa ed­ýän­li­gi bel­lär­lik­li­dir. Ge­çen ha­sa­bat çär­ýe­gin­de «Fu­boTV»-niň gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 144% ýo­kar­lan­dy. Ge­çen çär­ýek­de eý­ýäm kom­pa­ni­ýa sa­tuw we mar­ke­ting çyk­da­jy­la­ry­ny gir­de­ji­niň 21%-ine çen­li azalt­dy.

ABŞ-nyň bank­la­ry­nyň ýyl­lyk gir­de­ji­si 90% ýokarlandy

ABŞ-nyň Fe­de­ral go­ýum­la­ry äti­ýaç­lan­dy­ryş kor­po­ra­si­ýa­sy (FDIC) geçen hepdäniň si­şen­be gü­ni ABŞ-nyň bank gir­de­ji­le­ri­niň 2021-nji ýyl­da, tak­my­nan, 90% ýo­kar­lanan­dy­gy­ barada ha­bar ber­di. FDIC-iň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, bank­lar 2021-nji ýyl­da ABŞ-nyň 279,1 mil­liard dol­la­ry möçberinde gir­de­ji ga­zan­dy­lar. Bu görkeziji, esa­san, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­rlanmagy we bank­la­ryň karz ýit­gi­le­ri­ni ýap­mak üçin çyk­da­jy­la­ry­nyň azal­dylma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le-de bank­la­ryň gir­de­ji­si 2020-nji ýy­lyň de­giş­li çär­ýe­gi bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de 7,4% art­yp, ABŞ-nyň 63,9 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. 

«Hor­mel Foods»-yň çär­ýek ga­zan­jy çak­la­malara la­ýyk gel­di

ABŞ-nyň «Hor­mel Fo­ods» azyk kor­po­ra­si­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 240 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy­ ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­sa­bat döw­rü­niň söw­da­la­ry ABŞ-nyň 2,46 mil­liard dol­lar­yn­dan ABŞ-nyň 3,04 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, kor­po­ra­si­ýa­nyň sa­tuw­la­ry ABŞ-nyň 2,92 mil­liard dol­la­ry­na, her paý­na­ma düş­ýän paý peý­da­sy bol­sa ABŞ-nyň 0,44 dol­la­ry­na deň bol­ma­ly­dy. Kor­po­ra­si­ýa 2022-nji ýyl­da her paý­na­ma ABŞ-nyň 1,87 – 2,03 dol­la­ry­ möç­be­rin­de paý peý­da­ ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«Pen­tair» «Ma­ni­to­woc Ice»-i sa­tyn alýar

Suw aras­sa­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýan «Pen­ta­ir» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni buz ma­şyn­la­ryny ön­dür­ýän «Ma­ni­to­woc Ice» kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 1,6 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Pen­ta­ir» kompaniýasy töleginiň, tak­my­nan, ABŞ-nyň 220 mil­li­on dol­la­ry­ny paý­na­ma­lar ar­ka­ly, ABŞ-nyň 1,38 mil­liard dol­la­ry­ möç­be­ri­ni bol­sa na­gt ha­sap­la­şar. Yla­la­şy­gyň res­mi­na­ma iş­le­ri­niň 2022-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

«Tar­get» ösüşi üçin täze maýa goýumlaryny goýar

«Tar­get» kor­po­ra­si­ýa­synyň 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de gir­de­ji­si 9,5% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 31 mil­liard dol­la­ry­na ýet­di. Dü­kan­la­ryň giň ul­ga­my­nyň bol­ma­gy ar­tyk­maç­ly­gy­na öw­rül­di, se­bä­bi bu iş­gär­le­re sar­gyt­la­ry çalt gow­şur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Müş­de­ri­ler bol­sa sa­tyn al­mak üçin is­len­dik wagt­da söwda no­kat­la­ryna jaň ed­ýär­ler. Kor­po­ra­si­ýa elekt­ro­ni­ka, egin-eşik we azyk önüm­le­ri ýa­ly gün­de­lik mak­sat­ly dür­li gör­nüş­li ha­ryt­la­ryň sa­tu­wy­ny alyp bar­ýar.

«Sail­Point» IT çözgütleriniň ösü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di

Şah­sy mag­lu­mat­la­ry go­ra­mak gu­ral­la­ry­ny dö­re­di­ji «Sa­il­Point» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny mä­lim et­di. 2021-nji ýyl­da «Sa­il­Point»-iň umu­my gir­de­ji­si 20% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 439 mil­li­on dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. ­Kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tu­wla­ry­nyň ösü­şi­ne «Sa­aS» me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça sa­tyl­ýan «Sa­il­Point» ki­ber­howp­suz­ly­k çöz­güt­le­ri iter­gi ber­di.

«Bent­ley Sys­tems» hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Bent­ley Sys­tems» 2021-nji ýyl­yň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny mä­lim et­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, «Bent­ley Sys­tems»-iň ma­li­ýe ýy­lyn­da­ky gir­de­ji­si 20,4% ar­typ, ABŞ-nyň 965 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­le­rin­den bi­ri «Bent­ley»-iň inf­rast­ruk­tu­ra di­zaýn prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bol­dy. 2022-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da «Bent­ley» elekt­rik paý­la­ýyş tor­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak üçin dür­li çöz­güt­le­ri bo­lan «Po­wer Li­ne Sys­tems»-i sa­tyn alyp­dy. «Bent­ley»-iň do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da ula­nyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän çöz­güt­le­ri­niň tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry bar. 2022-nji ýy­lyň ahy­ryn­da «Bent­ley» ABŞ-nyň 1,11 – 1,14 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­jä ga­raş­ýar.

«Upstart» holdinginiň platformasynyň bahalary ýokarlanýar

Ma­ýa go­ýýan­la­ryň «Ups­tart» hol­din­gi­niň äti­ýaç­lan­dy­ryş plat­for­ma­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry bar­ha art­ýar. Kom­pa­ni­ýa AI esas­ly äti­ýaç­lan­dy­ryş plat­for­ma­sy ar­ka­ly sa­tuw­la­ry­ny we hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy do­wam ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni kom­pa­ni­ýa­nyň 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de aras­sa gir­de­ji­si­niň 252% ýo­kar­lan­ma­gy hem tas­syk­la­ýar.

Ne­bi­tiň ba­halary «Plug Po­wer»-iň ösüş he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ne öw­rül­di

Ne­bi­tiň ba­ha­la­ry­nyň üýt­ge­me­gi wo­do­rod ýan­gyç­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýalaryň ösü­şi­ne oňyn tä­sirini ýetirýär. Şol sebäpli-de «Plug Po­wer» art­ýan is­le­ge jo­gap hök­mün­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýokarlandyrdy. Kom­pa­ni­ýa 2028-nji ýy­la çen­li gün­de 1000 ton­na çen­li ýan­gyç ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän wo­do­rod ön­dür­mek üçin za­wod­la­ry­ny gurmagy meýilleşdirýär. «Plug Po­wer»-e bu ma­ýa go­ýum­la­r uzakmöh­let­li bo­lar hem-de kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi­ne uly iter­gi be­rer.

Ene kesbi — ykbal

Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynyň «Bek» süýjülikler merkezini bilmeýän az-az bolsa gerek. Çünki bu ýer eziz körpelerimiziň arzyly ýerleriniň biri. Merkeziň hünärmeni Firuza Demirowa bolsa elinden dür dökülýän, işine ezber zenan. Firuzanyň taýýarlaýan tortlary gül çemenli sähralary, açylyp duran bägülleri ýadyňa salýar. Ýeri gelende aýtsak, Firuza Demirowa ýaňy-ýakynda geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Ýylyň telekeçi zenany» ugrunyň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi hem boldy.

Telekeçiligiň batly gadamlary

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüşini gazanmak, dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagyny üpjün etmek, üznüksiz önümçiligi durnukly ýagdaýda saklamak we kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler sanardan kän. Halkara tejribelerden ugur alnyp, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň kabul edilmegi tutumly işleriň rowaçlanmagyna uly itergi berýär. Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Dürli pudaklarda öz hususy işini ýöredip, tutanýerli zähmet çekýän işewürler döwletiň her bir ykdysady ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Telekeçileriň oýlap tapyşlarynyň netijesi bolan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, dürli görnüşdäki taslamalary bazar ykdysadyýetiniň hyzmatlar ulgamynda we üznüksiz önümçiligiň gidişinde aýratyn ähmiýetlidir.

Reňkler — mahabat işinde

Islendik ýurduň ykdysadyýeti köp babatda hususyýetçiligiň ösüşine bagly. Çünki hususy işewürler öz harytlary we hyzmatlary bilen raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, degişlilikde ýurduň ykdysady görkezijileriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Bazarda önüm öndürijileriň we hyzmaty ýerine ýetirijileriň sany artdygyça, bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa görünmeýän bazar bäsdeşliginiň ýüze çykmagyna getirýär. Hususy işewürleriň arasynda ýüze çykýan bäsdeşlikler bazara, aýratyn-da, müşderilere saýlamak hukugyny, harydyň hiline, bahasyna, göwrümine we möçberine baglylykda, özüne amatlysyny satyn almaga şert döredýär. Çünki şol bir önümi öndüriji bolup, birnäçe telekeçi çykyş edýär. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy müşderiler üçin amatly bolsa-da, önüm öndürijilere täsirini ýetirýär. Munuň özi işewürlere öz meýilnamasynda göz öňünde tutulan mahabatlandyrma bölümine ünsi güýçlendirmeli bolýar. Şeýle iş öndürilýän harydyň ýa-da hyzmatyň amatly taraplaryny, ulanylyş şertlerini we peýdalydygyny alyjylar giňişligine tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Baky bahar içinde

Döwrebap ýyladyşhanalar toplumyndan reportaž Gyz-gelinleriň bir topary gyş säheriniň aýazyny duýmaýan ýaly, alaýaz bolup degşip-gülşüp, iş ýeriniň öňüne ýygnandylar. Ynha-da, olar ýyladyşhana girdiler. Daşarynyň aýazly, çapgyn şemaly olaryň hyjuwly, joşgunly görnüşinden heder edýän ýaly, daşarda galdy. Birmeňzeş iş eşigini geýnen gyzlar, gelinler ýürekleriniň ýylylygy bilen bu ýere mahmal howaly bahary alyp gelene meňzeýär. Hatda baharyň alamaty hasaplanýan ýaşyl reňk hem bu ýerde has göze ilginç görünýär. Ýaşyl reňkli iş eşigindäki ruhubelent zenanlar ýokary germeşip giden ýaşyl hatarlaryň arasyndan bahar bägüliniň reňkinde özüni güjeňläp oturan, yhlas siňdirip ýetişdiren nygmatlaryna aýratyn mähir bilen garaýarlar. Ýokarlygyna gol ýaýradyp giden ýaşyl germewiň uçlarynda elde sepilen ýaly maýdaja, saryja güller hem bu ýeriň reňkler sazlaşygyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Köpugurly önümçilik

Ýurdumyzda hususyýetçilige ýol açylyp, telekeçiler özbaşdak iş ýöredip başlanlarynda, esasan, haýsy-da bolsa bir ugur boýunça işläp başlapdylar. Dogry, şol ýyllarda döredilen hususy kärhanalaryň arasynda şu günki güne çenli önümçiligiň diňe bir görnüşi bilen adyganlary-da kän. Ýöne olaryň aglabasy döwletimiz tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilmegi, uzak möhlete peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi bilen, örülerini has giňeltdiler. Mundan on sekiz ýyl öň öz işini süýjülikleriň iki görnüşini — tort we köke önümlerini öndürmekden başlan «Täze Aý» önümçilik birleşigi hem şol döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, telekeçiligiň köpugurly ýoluny saýlap aldy we häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy pudagynda iň iri önümçilik kärhanasy hökmünde bellidir.

Köpetdagyň eteginde gurluşyk işleri barha gyzyşýar

Gojaman Köpetdagyň eteginde täze şäher döreýär. Özi-de bu şäher — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurulýar. Hormatly Prezidentimiz täze merkeziň gurluşygy bilen yzygiderli tanşyp, onda alnyp barylýan işleri hemişelik üns merkezinde saklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde-de döwlet Baştutanymyz bu tutumly taslamanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen gyzyklandy. Türkmen telekeçileri bilen duşuşyp, hususyýetçileriň gurýan döwrebap myhmanhanasyny «Marköw», söwda merkezini bolsa «Gökdere» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat inžener» hususy kärhanasy täze şäherde bina edilýän myhmanhananyň gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýar. Bu kärhananyň indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzdaky düýpli gurluşyklara işjeň gatnaşyp gelýändigini bellemeli. Bitirilen işleriň sanawynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, orta mekdeplerdir çagalar baglary, saglyk öýleri, serhet galalary, söwda merkezleri, hyzmat ediş öýleri, ýerasty geçelgeler bar. Diňe paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde amal edilen gurluşyklary alanyňda-da, olaryň sany 15-e ýetýär. Ussat gurluşykçylar geçen ýylyň dowamynda Ahal welaýatynda täze, döwrebap mekdepleriň ikisini — Babadaýhan etrabynyň Ýaryg