"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Millilik nepislik bilen sazlaşanda

Gözellik nirede we nädip döreýär? Elbetde, irginsiz yhlas bilen zähmetiň birleşýän ýerinde. Ene-mamalarymyzdan miras galyp, ajaýyplykda we nepislikde sungatyň kämil derejesine ýetirilen türkmen haly we haly önümleri hem milliligi, nepisligi, durmuş wakalarynyň suratlandyrylyş aýratynlygy bilen düýpgöter tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda zenanlarymyzyň yhlasly zähmeti, ýiti zehini esasynda has-da baýlaşdyrylýar. Bu günki gün dünýäniň çar künjeginde türkmen halylarynyň hyrydarlary barha artýar. Şunda hususy telekeçileriň alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Türkmen işewürleri tarapyndan haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça täze önümçilikler döredilip, müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar. «Kümüş ýüpek» önümçilik kärhanasy hem bu ugurda eýýäm ýeterlik tejribe toplap, haly önümlerini sarp edijilere ýetirmekde döredijilikli iş alyp barýar. Häzirki günlerde kärhanada gyzgalaňly zähmet dowam edip, ezber elli dokmaçylar islendik ölçegli, dürli görnüşli, niýetleniş aýratynlygyna görä, halylary, halyçalardyr namazlyklary, horjunlary we beýleki haly önümlerini gysga wagtda dokap, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Nepisligiň we gözelligiň sazlaşygynda milli nagyşlara beslenen halylar has-da owadan görünýär.

Telekeçilige — giň ýol!

Bähbitli tagallalar rowaçlanýar Telekeçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde ýurdumyzyň halk hojalygynda eýeleýän orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýmek bilen türkmen telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli uly tagallalaryna ýokary baha berýär. Bu tötänden däldir. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlete degişli bolmadyk bu çygyr — telekeçilik çalt depginlerde ösdürildi. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň mukdaryny düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. Ösüşli sepgitleri ynamly külterleýän hususyýetçilerimiz ajap eýýamymyzda has-da gowy görkezijileri gazanýarlar. Has takygy, soňky ýyllarda telekeçilerimiz özleriniň harytlaryny we önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksport etmekde-de işjeňlik görkezýärler. Şeýle bähbitli işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Indi özleriniň ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary bilen daşary bazarlara çykýan telekeçilerimiziň sany barha artýar. Bu bolsa hususy kärhanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýlarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Önümçiligiň gerimi giňelýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha ilerleýär. Diýarymyzda täze oba-şäherler, şäherçeler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli desgalary, ýollary gurmak üçin peýdalanylýan, importyň ornuny tutýan gurluşyk önümlerine bolan islegi has-da artdyrýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erjel-Begenç» hususy kärhanasy örtgi plitalaryň täze önümçiligini ýola goýdy. Döwrebap kärhana mermer tehnologiýasy esasynda işlenilip taýýarlanylýan ýanýoda we ýoljähek üçin niýetlenen bezeg panelleriniň giň toplumyny müşderilere hödürleýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hususy kärhana 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümhanasy Russiýanyň we Eýranyň betondan emeli mermer we granit önümlerini öndürmäge ukyply bolan, dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhananyň agzybir işgärlerine önjeýli zähmet çekip, her ýylda 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak ýol gyralaryna goýulýan daşlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu kärhana dürli howa şertlerine çydamly, hili babatda daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilýän önümlerden pes bolmadyk, bahalary elýeterli, asylky durkuny uzak wagtlap saklaýan, dörtburç şekilli daşlaryň 20-ä golaý, diwar bezeg plitalarynyň 20-den gowrak, ýanýoda bezeg panelleriniň 30-dan gowrak görnüşini, awt

Islegli harytlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususyýetçileriň işleriniň ilerlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, önümçilik işlerini sazlaşykly ýola goýan işewürleriň sany hem barha artýar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewdir. Hususyýetçä degişli bolan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde zähmet gaýnap joşýar. 2018-nji ýylda açylan kärhanada 50-ä golaý işçi-hünärmen zähmet çekip, bu ýerde ýokary hilli, milli nagyşlar bilen bezelen, göze gelüwli joraplar öndürilýär. Joraplaryň düzüminiň 75 göterimini pagta, 22,5 göterimini spandeks, 2,5 göterimini bolsa elastan düzýär. Kärhanada müşderileriň islegleridir teklipleri giňden öwrenilýär, şeýle-de pasla görä önüm çykarylýar.

Importyň ornuny tutýan harytlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysady ösüşleriň täze badalgasy hökmünde Türkmenistanyň ösen döwletleriň hatarynda tanalmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda täze önümçiliklerdir kärhanalar döredilip, hususyýetçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetde onuň paýyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Amatly mümkinçilikden ýerlikli peýdalanýan milli önüm öndürijilerimiz ýokary hilli harytlary bilen içerki we daşarky bazarlarda uly meşhurlyga eýe bolýarlar. Olar oba hojalygy bilen birlikde gurluşyk pudagynyň önümlerini öndürmekde hem ýokary netijeleri görkezýärler. Şeýle kärhanalaryň biri-de 2012-nji ýylda esaslandyrylan «Lälezar zaman» hususy kärhanasydyr.

«Sadajanyň» şirin önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, olaryň öndürýän önümlerini içerki we daşarky bazarlara çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Arkadagly Serdarymyz bu barada: «Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi netijesinde döwrebap özgertmeleri gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belläp geçýär. Şeýle kömek-goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, welaýatymyzda bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sadaja» hususy kärhanasydyr. Biz bu kärhananyň iş dolandyryjysy Bägül Aşyrowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Hususy kärhanamyzyň öz işine başlanyna köp wagt bolmandygyna garamazdan, öndürýän we halka ýetirýän önümleri ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Kärhanamy

Telekeçilik ulgamy ösdürilýär

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakda, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösüşini gazanmakda döwletli tutumlar amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, ulgamyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Ajaýyp zamanamyzda hususy işewürleriň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Ýurdumyzyň hususyýetçileri daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler. Eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, welaýatymyzda ýerleşýän hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri hem telekeçiligiň ösmeginde, raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda mynasyp işleri ýerine ýetirmegi başarýarlar.

Süýt kölüniň önümleri

Gürrüň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Berdimuhammet Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky önümhanada alnyp barylýan işler hakda. Halkymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa süýt we süýt önümleri bilen üpjün edip gelýän, paýtagtymyzda geçirilýän sergilere gatnaşyp, sergi diwarlyklaryny öz önümleri bilen yzygiderli bezeýän telekeçiniň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna tarap ýola düşdük. Hususy telekeçiniň önümhanasy etrap merkezinden daş bolmadyk «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ýoluň iki tarapyna uzap gidýän gowaçaly hem bugdaýly meýdanlary synlap barşymyza, obanyň çetindäki önümhananyň deňinde saklandyk. Bizi ýaş hünärmen Myrat Möwliýew garşy aldy. Önümhana daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen bir gektar ýeriň tas ýarysyny eýeläp dur. Onuň öň tarapy giden ýorunjalyk meýdan. Bu ýerde miweli baglar ekilipdir. Çet-gyrakdaky bag nahallarynyň aşagynda ikibir, üçbir adam oturar ýaly, agaç oturgyçlar goýlupdyr. Öz ýanymdan: «Bu ýerde işçiler arakesme wagtynda arassa howadan dem alýan bolsalar gerek. Bahar paslynda bu ýerde oturyp dynç almagyň lezzeti bir başgadyr...» diýip, pikir etdim. Ony duýan ýaly, Myradam gürrüňi dynç alyşdan başlady. Ol:

Hiliň kepili — esasy ýörelge

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatymyzda-da hususy pudagyň wekillerine degişli innowasion häsiýetli senagat kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Bu gün üstünlikli işleri alyp barýan şeýle kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täç hil» hususy kärhanasyny agzamak bolar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhananyň häzirki zaman döwrebap önümçilik binasy 2019-njy ýylyň iýunynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, orta we kiçi telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler, hususy pudagyň wekillerine berilýän goldaw-hemaýatlar netijesinde geçen döwrüň içinde kärhananyň işiniň gerimi has-da giňäp, öndürýän önümleriniň görnüşleri artdy.

«Ak­ kent» hu­su­sy kär­ha­na­sy ýeňil hem berk su­w gaplaryny öndürýär

Ýurdu­myz­da alyjylaryň islegini ka­na­gat­lan­dyr­mak, dur­muş-yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mek, dur­nuk­ly ösüş ga­zan­mak, öňi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne bag­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Ak kent» hu­su­sy kär­ha­na­sy 2017-nji ýyl­dan bä­ri, suw sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen gap­la­ryň 30-a go­laý gör­nü­şin­i, şeý­le-de po­lie­ti­len önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni el­ýe­ter­li ba­ha­dan hal­ky­my­za hö­dür­läp gel­ýär. Bu kär­ha­na­da ýa­ňy-ýa­kyn­da plast­mas­sadan ça­ga­la­ryň oýun meý­dan­ça­la­ry­nyň gur­na­ma­la­ry hem ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Gün şöh­le­si­ne çy­dam­ly, so­wuk ho­wa­da hem dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ýan bu önüm­le­re kär­ha­na ta­ra­pyn­dan 1 ýyl ke­pil­lik be­ril­ýär.

Bazar bolçulygy: rowaçlygyň we berekediň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine ýardam bermek bilen, olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşýandygyny goldaýar. Netijede, ýurdumyzyň halk hojalygynyň düzüminde işewürleriň paýy ýylsaýyn artýar. Döwrebap önümçilikleriň, bilelikdäki kärhanalaryň, hojalykdyr paýdarlar jemgyýetleriniň sany yzygiderli köpelýär. Şunlukda, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdary barha artýar. Bular ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Bolçulyk bolsa halkymyzy guwandyrýar. Bolçulyk rowaçlygyň, abadançylygyň, eşretli durmuşyň nyşanydyr.

Telekeçi zenanlaryň mynasyp goşandy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen döredilen birleşme gysga döwrüň içinde türkmen işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemledi. Döwlet tarapyndan berlen goldaw-hemaýatlaryň, döredilen ýeňillikleriň, agzybirlikli çekilen zähmetiň netijesinde belent sepgitlere ýetildi, uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrülen türkmen telekeçileriniň at-owazasy, şan-şöhraty äleme doldy.

Mahmal ýürekli mähirli zenan

Ony başgaça atlandyrmak mümkinem däl. Meger, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, eli çeper, jadyly elleri bilen gudrat döredýän zenanlaryň ýüregi mahmal, göwünleri umman kibidir. Ýurdumyzyň hususy pudagynda çeper el işleri bilen adygan «Mähirli zenan» modalar öýüniň ýolbaşçysy Aýna Durdylyýewa-da şeýle zenanlardan. «Gara gadyr» diýilýänlerden. Barsaň, güler ýüz bilen garşy alar. Möhümiňi bitirmän, goýbermez. Onuň ýolbaşçylygynda işleýän tikinçi zenanlar islän biçüwiňdäki lybasy göwnüňdäki ýaly tikip, ýakasyny-da bejerip bererler. Şonuň üçin-de, bu modalar öýüniň müşderisi ýeterlik. Olaryň keşdeleriniň her biri asylzada gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan hem-de kalbynyň hoş owazyndan döreýär. Al-elwan güllere çalymdaş lybaslaryň owadanlygyny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar.

Ýaşlaryň gujury bilen

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär» diýip belledi. Ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde hereket edýän kärhanalary dolandyrýan, şeýle-de olarda zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygy guwandyrýar. Çünki munuň özi bu pudakda täzeçilligiň, innowasion ösüşleriň we özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna getirýär. Bu hakykata ýaş hünärmen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Serdar Hommadowyň ýolbaşçylygyndaky «Geljege miras» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, tutumly maksatlary barha rowaçlanýar, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň döredijilik kuwwaty täze belentliklere göterilýär. Bu ösüşlerde hususy pudagyň uly paýy bar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik birleşmesi bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri halkara derejede-de ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler. Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň müňlerçe wekilini özünde jemleýän bu birleşme ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyr

Tämizlik, arassaçylyk — sagdynlyk

Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda öz mynasyp ornuny berkidýär. Türkmen işewürleri täze tehnologiýalara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup bilýän önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylmagynda-da işewürlerimiz yhlaslylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň ähli pudagynda zähmet çekip, harytlaryň dürli görnüşini, şol sanda durmuş himiýasyna degişli önümleri hem öndürýärler. Durmuş himiýasyna degişli önümleri öndürmekde «Täç hil» hususy kärhanasynyň ýeterlik tejribesi bar. Golaýda bu hususy kärhananyň hünärmeni Haknazar Haljanow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 23-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi geçirildi. 18-nji martda hormatly Prezidentimiziň hut özi sergä baryp, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň işine gowy baha berip, olaryň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçil

«Gerçegiň» önümçilik hem eksport gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen telekeçileri halkymyzyň ýokary hilli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, döwrebap işleri ýola goýýarlar. Döwletimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiligine goşant goşmak ugrunda ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýle hususy düzümleriň biri hem, Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän kärhanadyr. «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän kärhanada häzirki zaman tehnologik enjamlar arkaly köp görnüşli we dürli ölçegdäki aýakgaplar öndürilýär. Kärhanada Arkadagly Serdarymyzyň telekeçileri goldamak baradaky tagallalaryndan ruhlanyp, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Kärhana 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda iş orunlarynyň sany 600-den hem geçýär.

Hususyýetçiligiň täze ugry

Bu günki gün eziz Diýarymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde tokaý zolaklary döredilýär. Baglar, göýä keşde kimin, dag-düzlerimizi, oba-kentlerimizi jähekläp, olara özboluşly bezeg berýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda miweli baglary köpeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bagbanlarymyzyň maňlaý deri siňen ene topragymyzda ýetişýän ir-iýmişleriň görnüşi-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar. Bu sogap işden türkmen işewürleri-de çetde durmaýarlar. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde işewürler ýurdumyzyň dürli künjeginde alma, erik, ülje, şetdaly, hurma, beýi, garaly ýaly miweleriň köp hasyl berýän görnüşini ekip, bol hasyl alýarlar. Bu babatda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir.

Döwrebap kärhanada

Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, bu ugurdaky işlere barha giň gerim berilýär. Importyň möçberini azaltmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny artdyrmak we şonuň bilen birlikde hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwrümiziň bu aýratynlygy döwrebap innowasiýalar ornaşdyrylyp, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän «Ak kent» hususy kärhanasynyň işinde hem öz beýanyny tapýar. Bu kärhana 2017-nji ýyldan bäri plastmassa önümlerinden çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurnamalaryny, suw guýulýan gaplaryň 28 görnüşinden gowragyny, şeýle-de polietilen önümleriniň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan hödürleýär. Gün şöhlesine çydamly, sowuk howada hem durnuklylygyny saklaýan harytlara kärhana tarapyndan 1 ýyl kepillik berilýär.

“Täze kerwen” hojalyk jemgyýeti gerim alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň gerim almagynda hukuk binýadynyň berkemegine gönükdirilen kanunlardyr kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi muňa doly güwä geçýär. Sakarçäge etrap häkimliginiň hünärmenleri bize etrabyň çäginde hereket edýän “Täze kerwen” hojalyk jemgyýeti bilen tanyşmagy maslahat berdiler. Bizi hojalyk jemgyýetiniň başlygy Muhammet Şemsetdinow bilen duşurdylar. Muhammet telekeçilik mekdebini Hytaýda 7-8 ýyl okap, özüne gerekli ýeterlik iş tejribäni toplandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Muhammet Şemsetdinow 2017-nji ýylda inisi Döwletmyrat bilen polietilen we polipropilen önümçiligini alyp barýan “Täze kerwen” hojalyk jemgyýetini esaslandyrypdyr. Kärhanada Hytaý Halk Respublikasynyň ösen, döwrebap tehnologiýalary hereketde. Täze tehnologiýalara türkmen ýigitleridir gelin-gyzlary erk edýärler. Kärhananyň kuwwatlylygy aýda 100 tonna önüm öndürmäge niýetlenen.