"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Halal zähmetiň höziri

Sahawatly türkmen topragynyň üsti hem, asty hem durşuna baýlyk. Ene ýerimizde dürli oba hojalyk ekinleri, miweleriň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Mallarymyz süri-süri. Et we süýt, olardan taýýarlanylýan dürli tagamlar bazarlarymyzda bol. Önümleriň haýsy görnüşini halasaň, saýlap-seçip alybermeli. Dürli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeklige türkmen işewürleri-de işjeň gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk önümlerini öndürmekde, pudagy ýokary depginler bilen ösdürmekde göreldeli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawyň netijesinde, türkmen telekeçileri oba hojalyk pudagyna täzelikleri batyrgaý ornaşdyryp, täze belentliklere ýetýärler. Daýhan hojalyklarydyr hojalyk jemgyýetleri, aýry-aýry telekeçiler bu ugurda ýeterlik tejribe topladylar. Şeýle hojalyklaryň biri-de «Ajaýyp ussat — halal önümleri» jemgyýetidir.

Ykdysady pudagyň hereketlendiriji güýji

Ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýan islendik bir döwleti alyp görenimizde hem, şol ýurduň ykdysady pudagynyň binýadynyň berkdendigine göz ýetirmek bolýar. Elbetde, ykdysady pudagy hereketlendirýän esasy güýçleriň biri bolsa, ýurduň hususy pudagy. Munuň şeýledigine anyk göz ýetirmek üçin Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň hususy pudagynyň soňky ýyllarda bitiren işlerine ser salmak hem ýeterlikdir. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň ençemesini birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri pudaklaryň birine öwrüldi. Örän gysga wagtyň dowamynda türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyrylan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen kämilleşdirmekde, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

TSTB-niň ag­za­la­ry «Fo­od Istanbul Expo 2023» hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­na­şar­lar

Mil­li ha­ryt ny­şan­ly türk­men kär­ha­na­la­ry­nyň azyk önüm­le­ri «Fo­od Is­tan­bul Expo 2023» at­ly hal­ka­ra ser­gi­sin­de my­na­syp orun alar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­la­ry­na we fo­rum­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­na­şyp, mil­li önüm­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de orun al­ma­gy ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler.

Bagy — bereketli, dagy — gudratly...

Halkymyz akyl-paýhas bilen bitirilen işleri görmegi, ol hakda eşitmegi, oňa şaýat bolmagy gowulyga ýorýar. Ony ömrüň many-mazmuny hasaplaýar. Dünýädäki, ata Watanyňdaky ösüş-özgerişler hakynda gowy adamlar bilen söhbetdeş bolmak ruhuňy beýgeldýär, ýaşyňy uzaldýar. Geliň, gowusy, başdan başlalyň! Baharyň soňky günleri — tomsuň ilkinji günleri iş sapary bilen Ahal welaýatynda bolmak nesip etdi. Kärdeşimiz bilen iş meýilnamamyzy düzenimizde, welaýatyň iki-üç etrabynda bolarys diýen niýetimiz bardy. Emma Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasadyndan gülleýän ata Watanymyzyň welaýatlarydyr etraplaryndaky özgerişlikleriň giň gerimliligi iş saparymyzy diňe Bäherden etrabynda geçirmeli etdi.

“Ak çeşmäniň” önümleri

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda işleri maksada laýyk durmuşa geçirýän hususyýetçilere hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly-uly goldawlar edilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe iş usulynda işleýänleriň sanyny barha artdyrýar. Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Berdimuhammet Çaryýewiň süýt önümlerini öndürýän “Ak çeşme” hususy kärhanasy hem döwrebap usulda hereket edýär. Ol indi birnäçe ýyldan bäri ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygyna ýaramly süýt önümlerini ilata ýetirip gelýär. Kärhananyň “Prezident”, “Altyn asyr” markaly mesgeleri, “Merw” syry, goýaldylan gaýmagy, gatykdyr aýrany we beýleki önümleri halkyň uly islegine eýedir. Şeýle ýaramly iýmit önümleriniň hili Merdan Abdyýew, Şatlyk Gurbanow ýaly hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözden geçirilýär.

Del tagamly, saglyk üçin peýdaly

Ýurdumyzda hususy pudaga berilýän üns aladalardan, döredilýän mümkinçiliklerden ugur alnyp, häzirki zaman önümçilikleri ýola goýýan telekeçiler az däl. Maksat Ibragimow hem döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etini öndürip başlan tejribeli telekeçileriň biri. Onuň ýolbaşçylygyndaky iri guşçulyk toplumy Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Döwrebap toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 4 müň 800 tonna et öndürmäge niýetlenip, işler täze tehnologiýalar esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda toplumda hind guş etinden önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen halkymyza hödürlenýän önümler hil derejesiniň ýokary, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şu ýerde telekeçileriň et önümlerini ýurdumyzda ilkinji bolup daşarky bazara eksport edendiklerini hem bellemek ýakymly. Munuň özi «Maksada okgunly» haryt nyşanly et önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny alamatlandyrýar.

Önümçilikde — täze önümler

Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň iş tejribesi ýurdumyzda önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmaklyga alnan ugruň bähbitlerini aýdyň görkezýär. Paýdarlar jemgyýeti döredilmänkä, bu könelişen önümçilikde 100 çemesi adam zähmet çeken bolsa, häzir işgärler birnäçe esse artdy. Öndürilýän önümleriň görnüşleri we möçberi üznüksiz artyp, hili barha ýokarlanýar. 2020-nji ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasynyň ilkinji günlerden kärhananyň durkuny täzelemäge, önümçiligi giňeltmäge, önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga ugur almaklary oňat netije berdi. Üç ýylyň dowamynda kärhananyň çägi uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Önümçiligi dowam etdirmek we giňeltmek bilen bir wagtda dolandyryş, önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň hemmesiniň durky täzelenýär, abatlanýar, rejelenýär. Könelişen enjamlaryň abatlanmagynyň we çalşyrylmagynyň hasabyna, kärhananyň esasy önümçilik ugry — gön önümlerini öndürmek boýunça iş orunlarynyň sany artdyryldy. Eýeçiligiň täze görnüşinde işlenen ilkinji ýylda kärhana 14 million inedördül desimetr gön öndürip, köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek öz önümçilik kuwwatlylygyna ýakynlaşdy. Soňky iki ýylyň n

Diýarymyzyň bazarlarynda möwsümleýin önümleriň bolçulygy üpjün edilýär

Tomus paslynyň gelmegi bilen, bereketli bazarlarymyzyň gözüňi dokundyryjy görnüşi, möwsümleýin önümleriň bolçulygy göwnüňi galkyndyrýar. Bu görnüşleri synlanyňda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösýän, milli ykdysadyýetimiziň özgerişliklerini şöhlelendirýän pudaklaryň hatarynda uly üstünlikler gazanylýandygy guwandyrýar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy bolsa, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň ösdürilmeginde telekeçilik pudagyna aýratyn orun degişlidir. Şunda ýaşlary telekeçilige çekmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hususy işewürlik sazlaşykly ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň asylly işlerini dowam edýän Arkadagly Serdarymyz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Döwletimiz tarapyndan senagatçylar we hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar, oňaýly salgyt ulgamy ýaly amatly şertler üpjün edilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde milli öndürijilerimiz onçakly uzak bolmadyk döwürde ýokary hilli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekde hem-de daşary ýurtlara çykarmakda nusgalyk işleri bitirdiler. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda paýtagtymyzdaky iri söwda merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Arkadag şäheriniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

«Sa­pa­ly ja­ýyň» hy­ry­dar­ly ha­ryt­la­ry

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, hususy pudagyň mundan beýläk-de döwre laýyk ösdürilmegi üçin giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiz: «Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir» diýip jaýdar belleýär. «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri dogrusynda kärhananyň önümçilik sehiniň müdiri Aziz Gabibow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. — Aziz, söhbedimiziň başyny «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň telekeçilik işine girişmegi baradaky gürrüňlerden hem-de bu ugra ädilen ilkinji ädimlerden başlaýalyň!

Türkmen işewürleriniň kuwwatly önümçiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen işewürleri täze zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Çünki milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, işewürleriň her bir başlangyçlaryny goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümini kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hususy ulgam ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşyklaryny goldaýar. Türkmen işewürlerine goldaw berilmegi we ynam bildirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny döredýärler. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümleri Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar

18-20-nji maý­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy Şan­haý­da ge­çi­ri­len azyk önüm­le­riň we iç­gi­le­riň «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­dy. Ýa­kyn wagt­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň önüm­le­ri Hy­ta­ýyň ba­za­rla­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Kär­ha­na «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­sin­de bir­nä­çe ýer­li dist­rib­ýu­tor­lar bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy.

Ara­lyk ekin — goş­ma­ça gir­de­ji çeş­me­si

Döw­let­gel­di BAL­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy ug­ru­nyň ma­gist­ran­ty, te­le­ke­çi. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar ba­bat­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bu pu­da­gy döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýer eýe­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm­çi­li­giň tä­ze­çil usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly, ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Datly önümlere isleg uly

Telekeçiligi ösdürmek we goldamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilerimiziň öndürýän harytlary diňe bir içerki bazarlary üpjün etmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurduna hem eksport edilýär. «Ak gar» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň mysalydyr. «Ak gar» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat toplumynda ýerleşýär. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan önümhanada 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada 2011-nji ýylda diňe gandyň sanaýmaly görnüşiniň önümçiligi ýola goýlan bolsa, bu günki gün onuň 12 görnüşi bilen bir hatarda «Ak gar» haryt nyşanly Gündogar süýjüleriniň 6 görnüşi öndürilýär. Kärhanada şeýle hem 15 görnüşli gaty karamel, 10 görnüşli huruşsyz taýajyk şekilli süýji, 5 görnüşli taýajykly karamel, 12 görnüşli huruşly, çeýnelýän süýji öndürilýär. Nabat, konditer önümçiliginde giňden ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlarydyr wanilli şeker, ýokary hilli limon turşusy, iýmit sodasy, duzlanan pissedir arahisler hem öndürilip, ilata ýetirilýär. Şeýlelikde, hususy kärhananyň häzirki wagtda aýlyk kuwwaty 350 tonna, ýyllyk kuwwaty bolsa 4200 tonna ýetdi. «Maryşeker» kärhanasy «Ak gary» çig mal bilen üpjün edýän kärhanalaryň biridir.

Täsin sungatyň ussady

Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşsaň, onuň örän täsin, biri-birini gaýtalamaýan görnüşlerine-de gabat gelýärsiň. Senemiň taýýarlaýan milli lybaslary hem sungatyň üýtgeşik görnüşleriniň biri. Ýörite keşplere (manikenlere) geýdirilen ol lybaslary uzakdan göreniňde, ýüpek sapaklar bilen elde keşdelenendir diýýärsiň. Golaýdan synlasaň bolsa, onuň düýbünden başgaçadygyna göz ýetirýärsiň. Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa Senemiň öwgüsini ýetirende, onuň reňkler bilen işleşýändigini aýdanam bolsa, inçelik bilen nagyşlanan lybaslary görenimizde, olaryň galamlar (kistler) bilen ýerine ýetirilendigine birbada ynanyp bilmedik. Senem Berdiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy. Häzirki wagtda etrabyň 2-nji orta mekdebinde surat mugallymy bolup işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. Senemiň çagalygyndan surat çekmäge höwesli bolmagy tötänden däl. Onuň ýüreginde bu sungata söýginiň döremegine kakasy, etrapda belli suratçy Sapargeldi Dolyýew sebäp bolýar. Kakasy sähra çykyp, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny ak kagyzyň ýüzüne jäheklän pursatlary, kiçijik Senemem onuň gapdalynda oturyp, meýdan gülleriniň, guşlaryň suratyny çekerdi. Howlularynda ösüp oturan nar agajy miwe getirende, şahalaryna bezeg berýän gyrmyzy reňkli narlara gözi düşen gyz durup bilmändi. Eline galamyny alyp, tebigatyň bu täsin peşgeşini suratyň ýüzü

«Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy­nyň önüm­çi­li­gi art­ýar

Mi­we şi­re­le­ri, adat­ça, ys­sy ho­wa­da teş­ne­li­gi­ňi gan­dyrma­sa-­da, ta­gam­la­ryň ýa­ny bi­len içmä­ge örän lez­zet­li­dir. Gök we mi­we önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy, mi­we şi­re­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne-de öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Pas­la gö­rä her möw­süm­de ýe­tiş­ýän mi­we­le­riň gör­nüşle­ri üýt­ge­ýär. Özü­niň dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan alyp gaýdýan «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy hä­zir­ki wagt­da önüm­le­riň en­çe­me gör­nü­şi­ni ön­dü­rip, ha­ryt­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ilat ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lup gel­ýär. Kär­ha­na­nyň dö­re­di­len wag­ty di­ňe gaz­lan­dy­ry­lan mi­ne­ral su­w hem-de gaz­syz agyz su­wu­ny ön­dür­mek ýo­la go­ýul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan, şeý­le-de önüm ön­dür­mek üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rin­den ugur alyp, «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy soň­ky ýyl­lar­da öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, önüm­le­ri­niň sa­ny­ny, gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga baş­la­dy. Bu kär­ha­na­da mi­we şer­bet­li iç­gi­le­riň, gaz­lan­dy­ry­lan iç­gi­le­riň, so­wuk çaý hem-de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen mi­we­li iç­gi­le­riň bir­nä­çe gör­nüşi ön­dü­rilýär. Iç­gi­le­riň Go­tu­ra­ta ýe­ras­ty te

Bolelin ýaşaýşyň gözbaşy

Adam bedeniniň kadaly ösüşi, işjeňligiň, dogry pikirlenmegiň, ukyp-başarnygyň sazlaşygy bedene kabul edilýän azyk önümleriniň ýokumlylygy bilen berk baglanyşyklydyr. «Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al», «Gallam bar — tyllam bar», «Garyň känligi — gallaň bollugy», «Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün» ýaly atalar sözleridir nakyllar il arasynda şu günlerimizde hem ýörgünlidir. Şeýle pähim-paýhaslara ynanyp ýaşaýan halkymyz azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine öňem, häzirem aýratyn üns berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda şeýle belent maksatlara gönükdirilen işleriň degişli hukuk namalary bilen berkidilendigini bellemek gerek. «Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» bu ugurda ähmiýeti örän uludyr.

Işleri ileri işewürler

Türkmen aslynda maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp gelýän halk hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz maldarçylygyň, ekerançylygyň inçe tilsimlerini ele alyp, bu babatda baý tejribe toplapdyrlar. Bu gün şol asylly däpler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna öz önjeýli goşantlaryny goşýarlar. Olaryň tutanýerli zähmetiniň netijesinde bazarlarymyz dürli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Islän önümiňi saýlap alybermeli, bahalar-da elýeterli. Maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini öndürip, halka hödürlemekde «Nurly meýdan» daýhan hojalygy-da nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin berlen ýer böleginde maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, iým zawody guruldy. Jüýje çykarýan inkubatoryň işi ýola goýuldy. Bölünip berlen 383 gektar meýdanyň bir böleginde iým üçin oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bir bölegi mallar üçin öri meýdany bolup hyzmat edýär. Bu daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýär. Maldarçylyk

«TM Trade» onlaýn-platformasy mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär

«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy Türkmenistandaky telekeçilere we işewürlere saýtyň baş sahypasynda mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär. Internetdäki mahabat banneri kompýuter grafikasy usulynda ýa-da fotosurat kollažy görnüşinde ýerine ýetirilen, animasiýa ýa-da hereketsiz şekildir. Bannerde kärhananyň potensial müşderilere hödürlemäge taýyn önümi ýa-da hyzmaty şekillendirilýär. Mundan başga-da, bannerde, adatça, kompaniýalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirilýär, oňa basylanda bolsa mahabatçynyň saýtyna ýa-da onuň sosial ulgamdaky sahypasyna girmek bolýar. Banner ajaýyp mahabat guralydyr – ol özüne çekiji we kabul ediş üçin düşnüklidir.

Pawlowniýa önümçiligi: girdeji, bezeg we arassa howa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle özgertmeleriň hatarynda oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak hem uly orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu gezek Türkmenistan üçin täze önümçilik bolan pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmek we onuň ykdysady bähbitleri barada söhbet ederis. Makalanyň pawlowniýa agajy hakda bolmagy ýöne ýerden däl. Birinjiden, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylmagy, mebel önümçiliginiň hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýär. Şeýle şertlerde mebel önümçiliginde esasy çig mal hasaplanylýan pawlowniýa agajynyň ösdürilip ýetişdirilmegi gurulýan binalardaky gerekli öý hojalyk mebellerini dolulygyna öz önümlerimizden ýasamaga şert döreder. Ikinjiden, bu agajyň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly, ýurdumyzyň eksport kuwwaty artar, ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanar.