"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türkmen telekeçileri Stambuldaky halkara foruma gatnaşýar

Şu gün — 12-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy işe başlady. Oňa dünýäniň 100-e golaý döwletine wekilçilik edýän 1000-den gowrak önüm öndürijiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 14-si gatnaşýar. Halkara sergi-ýarmarkasy bäş bölümden, ýagny azyk harytlary we içgiler bölümi, konditer önümleriniň, maňyzlaryň we gury iýmişleriň bölümi, köke we şokolad bölümi, azyk senagatynyň goşundylarynyň we gaplarynyň bölümi, söwda enjamlarynyň we dükanlaryň bezegi bölüminden ybaratdyr.

Baglary bol miweli

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedow Balkanabat şäheriniň çägindäki Düzmergen diýen ýerde 99 ýyl möhlet bilen alan ýer böleginde dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýär. Bu ýerde ösüp oturan alma, erik, armyt, şetdaly, garaly, beýi ýaly baglaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleri bar. Şonuň üçin miweleri ýygnap almak güýz paslynyň ilkinji aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Uly islegli süýt önümleri

Daşoguz şäherindäki açyk görnüşli «Şabat» hususy kärhanasynda aýranyň düzümi has baýlaşdyrylan görnüşi öndürilip başlandy. Welaýatyň azyk önümçiliginde mynasyp orun eýeleýän bu kärhanada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň alty aýynda bu ýerde jemi 3 million manatlykdan gowrak dürli görnüşli önümler çykarylyp, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarydygyny görkezýär. Şanly ýylymyzyň her bir aýynda kärhana boýunça 500 müň manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürilýär. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hususylaşdyrylyp, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi bilen kärhananyň önümçilik ulgamlary düýpli täzelendi hem-de häzirki zamanyň ýokary isleglerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Şunda öndürilýän önümleriň hil we bezeg derejesine hem aýratyn üns berilýär. Netijede, owadan bezegli, göze gelüwli gaplara gaplanan mesge ýagy, dorag, gatyk, gaýmak, aýran ýaly süýt önümleri ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň üsti bilen sarp edijilere satylyp, bu önümlere isleg barha artýar.

Datly miweleriň bagbany

Türkmen topragy berekedi bolluk bilen eçilýär. Günüň ýiti şöhlesine bişip ýetişýän miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň tagamy başgadyr. Keseniňde tarsyldap ses edýän gawundyr garpyzlary, lowurdap duran üzümdir almalary dadyp görenler olaryň süýji tagamyna haýran galýarlar. Türkmen şeýle baldan süýji miweleri, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän, bu babatda baý tejribe toplan halk. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümlerimiz tutuş dünýäde-de giňden bellidir. Bu gün türkmen topragynyň dag-düzleri ýylsaýyn gözelleşýär, ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol ýaşyl bossanlygy döretmäge türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri-de Ahmet Jumabaýewdir. Ýeterlik iş tejribesi bolan bu telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginde 500 gektar meýdanda miweli bagy bar. Şonuň 300 gektara golaýynda bol miwe hasyly ýetişdi.

Ylmyň hem yhlasyň sazlaşygy

Dag etegindäki aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän giň meýdana ekilip, gök öwsüp oturan miweli baglar gözüňi dokundyrýar. Şol baglardan hasyl almak üçin siňdirilýän yhlasy we peýdalanylýan tehnologiýalary göreniňde buýsanjyň artýar. 2021-nji ýylyň ýazynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparlarynyň birinde Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi, hususan-da, bu ýerdäki inžener-tehniki düzümler bilen tanşyp, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak boýunça öwüt-ündewlerini beripdi. Şondan iki ýyl çemesi wagt geçensoň, bize-de halkymyzyň Milli Lideriniň sahawatly gadamynyň düşen ýerlerinde saparda bolup, keremli topragymyzyň rysgal-berekedine guwanmak miýesser etdi. Ata-babalarymyzdan galan «Agzybire Taňry biýr» diýen pähim bar. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleriniň güýçlerini birikdirip döreden «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işleri hem peder paýhasyndaky hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. 2019-njy ýylyň ýazynda 1 müň 200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar geçen ýyl bereketli toprakda ösdürip ýetişdiren badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglaryndan ilkinji hasyly ýygnadylar. «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli ýer böleginde gurlan 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhana toplumyndaky banandyr sitrus önüml

Hem is­leg­li, hem el­ýe­ter

Bu gün­ki gün «Türk­men şöh­le» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ulan­mak üçin amat­ly ha­ryt ha­sap­la­nyl­ýan plas­tik önüm­le­ri adamlaryň is­leg bil­dir­ýän harytlarynyň birine öw­rül­di. Ýer­li ba­za­ra il­kin­ji ge­zek plas­tik bed­re­le­ri bi­len çy­kan kär­ha­na önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Kär­ha­na her aý ýer­li çig ma­lyň 300 ton­na­dan gow­ra­gy­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bi­len, ýo­ka­ry hil­li plas­mas­sa önüm­le­ri­niň 200-den gow­rak gör­nüşi­ni aly­jy­la­ra hö­dür­le­ýär. «Türk­men şöh­le» hususy kär­ha­na­sy müş­de­ri­le­re dür­li mak­sat­la­r üçin niýetlenilen ýo­ka­ry hil­li ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny lo­maý sa­tyn al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li plas­tik we po­li­eti­len önüm­le­ri da­şa­ry ba­zar­lar­da hem bäs­deş­li­ge ukyp­ly harytlar ha­sap­lan­ýar. Ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bi­len bir­lik­de, bu ýer­de otur­gyç­lar­yň, stol­la­ryň, dür­li gör­nüş­li se­bet­le­riň, su­wa we zir-zi­bil­le­re ni­ýet­le­nen bed­re­le­riň, me­ji­me­le­riň­dir le­gen­le­riň, çö­rek tag­ta­la­ry­nyň we gap­la­ry­nyň, gül­dan­la­ryň, süz­güç­le­riň, sa­byn gap­la­ry­nyň, çe­ker­le­riň, as­gyç­la­ryň, da­rak­la­ryň, şeý­le hem ça­ga oý­na­waç­la­r­ynyň, egin-eşik sal­mak üçin ni­ýet­le­nilen gö­ze­nek­li gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Önüm­çi­lik­de ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan ha­ryt­la­ryň di­ňe b

«Bal­şe­ker» ta­ga­my özü­ne çe­ker

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan hem-de eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­ri ön­dü­rip, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, şeý­le-de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge uly go­şant goş­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan hu­su­sy dü­züm­le­riň bi­ri hem, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Bal­şe­ker» ha­ryt ny­şan­ly kon­di­ter önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän «Ti­bet Türk­men» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­dir. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri kon­di­ter önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de tej­ri­be top­lap, ýo­ka­ry hil­li we bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gin­de uly üs­tün­lik ga­zan­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Ti­bet Türk­men» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de-de «Bal­şe­ker» ha­ryt ny­şa­ny bi­len süý­jü­lik­le­riň we kon­di­ter önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ri­lip, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hal­ka hö­dür­le­nil­ýär. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň önüm­çi­lik kär­ha­na­sy üç bö­lüm­den yba­rat bo­lup, olar­da iş­ler döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri ar­ka­ly alnyp barylýar. Kon­di­ter bö­lü­min­de kö­ke önüm­le­ri­niň, şeý­le-de ze­fi­riň, mar­me­la­dyň we beý­le­ki süý­jü­lik­le­riň bir­nä­çe gör­nü­şi

Tomus günleriniň küýsegi

To­mus pas­ly bi­ziň Wa­ta­ny­my­za aý­ra­tyn rö­wüş bi­len gel­ýär. Bu möw­sü­me mah­sus Gün şöh­le­si­niň, jöw­za­ly gün­le­riň hem ada­ma eçil­ýän öz­bo­luş­ly lez­ze­ti bar. Gü­neş­li Türk­me­nis­ta­nyň jöw­za­ly to­mus gün­le­ri­niň be­ze­gi bo­lan al­ko­gol­syz iç­gi­le­ri, mi­we şer­bet­le­ri­dir so­wuk çaý­la­ry, wi­ta­min iç­gi­le­ri­ni ön­dür­ýän «Ýü­pek­çi» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti hem bu gün­ler — to­mus pas­ly­nyň ys­sy gün­le­ri­niň do­wam ed­ýän pur­sat­la­ryn­da hal­ky­my­zyň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti 2015-nji ýyl­dan bä­ri al­ko­gol­syz, gaz­lan­dy­ry­lan iç­gi­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýär. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň «Ho­şal», «Näz­li» ha­ryt ny­şan­ly mi­we şer­bet­le­ri, «Buzz» so­wuk ça­ýy, «7gen» gaz­lan­dy­ry­lan iç­gi­si, «BULVAR» ha­ryt ny­şan­ly mi­ne­ral gaz­ly suw­la­ry, «Bold» ha­ryt ny­şan­ly wi­ta­min iç­gi­si di­ňe bir içer­ki sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da däl-de, eý­sem goň­şy ýurt­lar­da­ky sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da-da giň­den ta­nal­ýar.

Hususy pudagyň okgunly ösüşi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry işe gi­ri­zi­lip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan te­le­ke­çi­li­giň çalt dep­gin­ler­de ös­dü­ril­me­gi Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň dö­re­dip ber­ýän şert-müm­kin­çi­lik­le­rin­den ruh­lan­ýan hu­su­sy­ýet­çi­le­riň ýa­daw­syz zäh­me­tleri­niň ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­ler­dir ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­ler giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Şol bir wagt­da te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň öz­le­ri­niň önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­mek­de bi­tir­ýän iş­le­rem gu­wan­dyr­ýar. Şeý­le üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan te­le­ke­çi­le­riň Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem ýyl­sa­ýyn kö­pel­ýän­di­gi bellärliklidir. Hu­su­sy­ýet­çi­li­giň dep­gin­li ösü­şi­niň ýe­ne bir bäh­bit­li ta­ra­py hem onuň iş orun­la­ry­nyň bar­ha art­ma­gy­na go­şant goş­ýandy­gy­dyr. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Işleri ileri kärhana

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Lälezar zaman» hususy kärhanasy gurluşyk we plastik önümleri öndürmegi sebitde ilkinjileriň hatarynda ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň önümçiligi iki bölümden ybarat bolup, olarda bir gezek ulanylýan plastik gaplar hem-de gurluşyk önümleri öndürilýär. Plastik önümleri bölümi täze tehnologiýaly, ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde, esasan, daşary ýurtlarda iş tejribesini geçen ýaş hünärmenleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Häzirki wagtda dürli ölçegdäki plastik önümleriň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Ekologik taýdan arassa, bir gezek ulanylýan gaplar süýt, gatyk we beýleki azyk önümlerini saklamaga niýetlenen. Hususy kärhananyň önümleriniň ýerli çig malyň hasabyna öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Has takygy, zerur çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilip, gaýtadan işlenilýär. Gurluşyk önümleri öndürilýän bölümde hem işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Işçiler asma petikleri, plintuslary, tuty karnizlerini, asma profilleri, kabel geçirijilerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde asma petikleriň üç ýüzden gowrak, asma profilleriň, plintuslaryň bolsa bäş görnüşi öndürilýär. Tuty karnizleriniň iki we üç zolaklysy, plastik kabel geçiri

Tanymal işewür Aşgabatda telekeçiler bilen duşuşyk geçirdi

Düýn — 29-njy iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen tanymal işewür Saidmurod Dawlatow bilen türkmen telekeçileriniň arasynda telekeçilik barada pikir alyşma duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda dürli ugurlarda iş alyp barýan işewürleriň we ýaş telekeçileriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Duşuşykda işewürlik durmuşynda öz-özüňi kämilleşdirmegiň, degişli ugurdaky hünärmenler bilen maslahatlaşmagyň, dogry pikirlenmegiň we dogry çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Meşhur telekeçi bu ugurdaky maslahatlaryny öz işewürlik ýolunda ýüzbe-ýüz bolan we dünýä tejribesinde duş gelýän mysallaryň üsti bilen esaslandyrdy.

Telekeçilige — giň ýol

Il-gün bähbitli tagallalar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň geçen döwründe ýurdumyzyň halk hojalygyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ösüşli ýolunyň rowaçlanmagynda uly üstünlikleriň bitirilýändigini äşgär edýär. Şeýle belent sepgitlere ýetilmeginde telekeçilerimiziň mynasyp goşantlaryny ýatlamak ýakymlydyr.

«Batly-Gadamyň» aýgytly ädimleri

Orlan meýdanlaram owadan. Asyl-ha, şahyrlaryň şygyr senasy, hudožnikleriň suratlara siňdirýän reňkiniň özeni bugdaýly meýdanlar dälmidir, eýsem? Hany, bugdaý hakdaky, bugdaýly meýdanlar hakdaky goşgudyr aýdymlary ýatlap, Yzzat Gylyç, Durdy Baýram, Aýhan Hajyýew, Annadurdy Akmämmedow ýaly ussat suratkeşleriň elinden çykan suratlary synlaň, onsoň, «hä» diýäýersiňiz. Ynha, uly Balkanyň gaýrasyndaky, Garagum sährasynyň ilersindäki bugdaýzarlykda durkam, ýokarky pikirler serimde aýlandy durdy. Pah, aňyrsy salgym atyp gidişine gözýetime sepleşýän, hoşasyny gysymlasaň, tokmakbaş däneleri aýaňy doldurýan meýdanyň giňligi — çygry 25 gektara ýeter-de, oňa bugdaýzarlyk diýmezmiň?!

Şirin-şeker, badam-pisse, alma-nar

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gum içindäki baglaryna seýran Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususy telekeçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine saldamly goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Uzak möhletleýin bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrýan oba hojalykçy telekeçiler ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirmek bilen, eziz Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklarydyr şanly seneleri zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar.

«Aýbölek» — Aýa, Güne taý bölek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini barha ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilýän milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly desgalardyr binalar, ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, lukmançylyk we saglygy goraýyş edaralary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Durmuş ähmiýetli gurulýan binalary zerur bolan döwrebap mebeller bilen üpjün etmek bolsa mebel önümçiligine ýöriteleşen telekeçileriň paýyna düşýär. Biz hem şeýle jogapkärçiligiň hötdesinden gelýän türkmen mebel senagatynyň öňbaşçysy — «Aýbölek» mebel kärhanasynyň baş direktory Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Onlaýn bazarynyň telekeçi zenany

Biz: «Dünýä taryhynda iň uly söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bu gün awtoýollar, gara, deňiz ýollary, howa ýollary bilen gaýtadan dikeldilýär» diýýäris. Beýik Ýüpek ýolunyň şu döwrebap zynjyryna internet ýollary hem goşuldy. Indi ulagda, otluda, uçarda, gämide getirilýän harytlar, ýükler internetiň üsti bilen sargyt edilýär. Ýurduň beýleki çetinde ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyzy internet ýollarynyň üsti bilen görüp, didarlaşyp bilýäris. Şonuň üçinem: «Internet — Ýeriň ýüzüne ädim basyp däl-de, düwmäni basyp, aýlanyp bolýan ýoldur» diýsek ýalňyşmarys. Elbetde, ýurtlara, seýilgählere, bazarlara, ýadygärliklere, umuman, ähli ýere edil ýanynda ýaly aýlanyp, adamlar bilen ýanynda duran ýaly gürleşip bolmasa-da, häzirki durmuşda internet ýollarynyň hem özboluşly ähmiýeti bar. Bu ähmiýeti interneti köp ulanýan ýaşlar has-da gowy bilýän bolsalar gerek. Ýöne biziň etjek bolýan gürrüňimiz internetiň ähmiýeti däl-de, internetiň döreden düşünjeleriniň arasynda orun alan «online bazar» we «internet telekeçisi» barada, ýagny «Trendyol» we onuň eýesi hakynda. Tanyşdyrmakçy bolýan internet telekeçimiziň üsti bilen internetiň bu gün näderejede ähmiýetlidigine göz ýetirip bilersiňiz. 1981-nji ýylyň 22-nji awgustynda ABŞ-da dünýä inen Demet Mutlu bu günki günde dünýä ýurtlarynyň köpüsinde meşhurlyk gazanan «Trendyol» internet söwda platformasyny esaslandyryjydyr. Nýu-Ýork uniwersitetiniň ykdysady

Telekeçilik işiniň hukuk kepillikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilik işini, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmak, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, telekeçilik işi döwlet tarapyndan höweslendirilýär, goldanylýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga bolan hukugy berkidilýär. Esasy Kanunymyzyň 48-nji maddasynda bolsa hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy görkezilýär. Konstitusiýamyzyň 12-nji maddasy döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi baradaky kadalar bilen utgaşýar. Bulardan başga-da, telekeçilik işiniň konstitusion esaslaryna Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynda her bir adamyň zähmet, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, 56-njy maddasynda ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklary, 57-nji maddasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we hukuklaryny berjaý etmäge, 59-njy maddasynda her bir adamyň kanunda bellenilen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga bolan borçlary kesg

Ylym. Önümçilik. Telekeçilik

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde Telekeçiligi ösdürmek merkezi hereket edip başlady. Merkeziň esasy maksady «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalardan ugur alyp, hususy işewürler bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda merkezde hususy kärhanalar üçin şertnamalaýyn işleri we mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ýola goýuldy. Geljekde bolsa şeýle hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek maksat edinilýär. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetiň düzüminde mynasyp ornuny eýelemek bilen, ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary sepgitlerine ýetmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalarda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp edijiler üçin haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm

«Misgär» hojalyk jemgyýeti 23 ýaşady

Eziz Diýarymyzda hususyýetçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işleri alyp baryp, önümçilik depginlerini barha artdyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz hususy telekeçileriň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleriň sanyny barha artdyrmak, öndürilýän harytlaryň depginini hem-de türkmen önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak şolaryň esasylarydyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat zolagynda ýerleşýän «Misgär» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerinde-de şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi aýdyň görünýär.  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Misgär» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda konditer önümçiligini ýola goýan kärhanadyr. Bu kärhana indi ýigrimi üç ýyl bäri, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşup gelýär. Kärhana döwletimiz tarapyndan 2 gektar ýer bölegi berildi. Şol ýerde döwrebap kärhana bina edildi. Bu ýerde işgärler üçin ýokary derejede iş şertleri döredilip, edara ediş binasynyň, çig mal saklanýan ammaryň, barlaghananyň, önümçiligiň, hyzmat ediş nokadynyň bir ýerde jemlenmegi işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Üçdepede ýetişen bag

Ol ýere ýetmek üçin ýola çykanlaryň aýdyşy ýaly, «ganymat boýnuňy sozmaly». Marynyň welaýat merkezinden uzaklaşyp, Peşanalynyň üsti bilen çöle çykmaly. Soňam bir sagatdan gowrak ýöräberseň, akyp ýatan urpak çägeligiň arasy bilen kä egrelýän, kä dogrulanýan ýoluň iki gapdaly göm-gök öwsüp oturan ekinzarlyga eltýär. Peýwagtyna gezip ýören düýe sürüleri täze gazylan ýapdan teşneligini gandyryp, bärligine gözlände, göýä, akary çekenlere alkyş aýdýana meňzeýär. Medeni zonadan 60 kilometr çemesi uzaklykdaky Üçdepe düzlügi indi görenlere «Adam eli — gyzyl gül» diýlen nakyly ýatladýar. Bu düzlügi özleşdirmäge Garaşsyzlykdan soň içgin girişilendigini gürrüň berýärler. Şeýdip, akyp ýatan çägeler düzlenip, tekizlenip, ýap-çil çekilip, elektrik togy getirilip... garaz, iş hem durmuş hajatlary üçin zerur şertler döredilip, toprak bilen daýhanyň ysnyşygy başlanypdyr. Indi bu ýerde Mary welaýatynyň Mary, Sakarçäge, Wekilbazar, Murgap etraplarynyň ýüzlerçe gektara uzap gidýän ekerançylyk meýdanlary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary-da haýyrly işe ykjam ýapyşypdyrlar. Muňa bizi alysdaky ekin meýdanyna «myhmançylyga» çagyran «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň mysalynda göz ýetirdik.