"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ygtybarly sagdyn gurşaw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň işinde bu meselä hem ähmiýet berilmelidir» diýip nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň sagdyn gurşawy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda beýan edilen: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýen konstitusion kadalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň beýanydyr.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda kabul edilen «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» hut tebigy gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly il bähbitli işlerde möhümdir. Ata Watanymyzda ýylyň dört pasly-da güneşe baý, bahar-ýaza çalymdaşdyr. Aýratyn-da, bahar paslynda tebigatymyzda bolup geçýän üýtgeşmeler, täzeleniş has-da täsin, gyzykly. Türkmen baharynyň gadamlaryny tebigatyň bezegi, gelşik-ýaraşygy bolan ösümlikler, janly-jandarlar, mör-möjekler duýýar. Baglarda ýüzlerçe görnüşli ösümlikler gül-gunçalara beslenýär. Tebigatyň bu gözelliklerini synladygyňça synlasyň gelýär. Sebäbi bu ösümlikler, haýwanlaryň täsin hereketleri gözel tebigatymyzyň görküni has-da artdyrýar. Şonuň üçin biz tebigatyň adamzada eçilen her bir ajaýyplygyny aýamalydyrys, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamalydyrys.

Sazlaşykly zähmet — sagdyn ýaşaýyş

Zähmet ynsan durmuşynyň möhüm bölegidir. Statistiki hasaplamalara görä, ortaça adam bütin ömrüniň 10 ýylyny işde geçirýär. Uly üstünlikleri gazanýan ýa-da jogapkärli wezipeleri eýeleýän adamlaryň bolsa işe sarp edýän wagty has-da köpdür. Şoňa görä-de, daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga ýardam edýän peýdaly endikler baradaky söhbedimiziň şu gezekkisini iş ýeri bilen baglanyşdyrmagy makul bildik. «Ýaşyl»: ykdysadyýet, kärhana we edara

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege kepil

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gözel paýtagtymyzdyr welaýatlarymyzda dürli görnüşli baglaryň ekilmegi, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegi bilen birlikde, onuň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmekde-de uly ähmiýete eýedir. Ekologiýa arassalygyny üpjün etmek her bir adamyň saglygy babatda iň esasy wezipeleriň biri bolup, daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni Diýarymyzyň baş syýasatyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladalarynyň we baş maksadynyň ynsan saglygyny goramakdygyna aýdyň subutnamadyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň kärhanadyr zawodlarynyň hem ekologiýany, daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edilip, önümçilige ornaşdyrylan täze tehnologiýalardyr enjamlar tygşytlylygy hem-de zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmyň täze gazananlaryny durmuşymyza, ylaýta-da, önüm öndürýän pudaklara ornaşdyrylmagy ekologik taýdan arassa azyk we beýleki gündelik önümleriň halkymyza ýetirilmegini, şeýle-de howamyzyň arassalygyny, galyndylaryň azaldylmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli s

Ekologiýa dersine bagyşlandy

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň okadylmagy hem ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde özüniň oňyn netijelerini berýär. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Ekologiýa abadançylygy — sagdynlygyň gözbaşy

Türkmen tebigaty gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Asmandan inýän ýagyş-ýagmyrlar, topragyň gujagynda bitýän her bir ösümlik ynsanlara şypa paýlaýar. Tebigaty aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny goramak — her birimiziň borjumyz. Haýwanat dünýäsi, derýalar, köller, çeşmedir çaýlar — bularyň ählisi biziň tebigatymyzyň baýlygydyr. Diýarymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen tebigaty özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturtmak hem asylly däbe öwrüldi.

Biz — tebigatyň dostlary

Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşinde möhüm görkezijidir. Diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamakda, şäherleri, obalary gurşap alýan tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmekde alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak bilen bagly özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary hem ekologik abadançylygy üpjün etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Uludan-kiçä ähli ildeşlerimiziň ruhubelentlikde, agzybirlikde gatnaşýan bu ekologik çärelerinde ýylyň-ýylyna ýurdumyzda miweli, pürli we saýaly bag nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar, ozalky bar bolanlaryna ideg edilýär. Ekilýän nahallaryň Diýarymyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerine mahsus görnüşleriniň saýlanyp alynmagy täze oturdylan bag nahallarynyň tiz düýp tutmaklaryna, gysga döwrüň içinde uly baglara, daragtlara öwrülmegine ýardam berýär.

Ekologiýa abadançylygy we durnukly ösüş

Dünýä, daşky gurşaw, howpsuzlyk, ösüş XXI asyryň başynda halkara jemgyýeti üçin ählumumy häsiýete eýe bolan düýpli gymmatlyklardyr we bu meseleler, halkara derejesinde bolşy ýaly milli derejede-de netijeli çözmegi talap edýär. Gymmatlyklaryň arasynda gönüden-göni köp meseleleriň çözülmegine täsir edýän we hemme zatdan hem ileri durnukly ösüşiň ýeten sepgitleriniň meselelerini öz içine alýan — Ýeriň tebigy serişdelerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine gorap saklamakdyr. 1972-nji ýyldaky adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça Stokgolm Kararnamasynda bellenilişi ýaly, adam özüne berlen hukuklary we azatlygy bilen janly tebigatyň önümlerini we onuň gurşawyny gorap saklamaga we paýhasly dolandyrmaga jogapkärçilik çekýär. Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan ekologik konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmekde: ýaşaýşyň ähli jähtlerinde ekologik talaplaryň utgaşdyrylmagyny, edilýän işleriň ähli görnüşlerine ekologik taýdan baha berilmegini we döwlet ekologik ekspertizasynyň geçirilmegini, tebigaty goraýyş kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini, tebigaty goramak baradaky tagallalarda raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini öz içine alýan ýörelgeler esas bolup hyzmat edýär. Döwletimiz dünýäniň abraýly guramalarynyň maslahatlarynda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitm

Ekologiýa — ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmegiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňeýär, täze seýilgähler emele gelýär. Bag ekişine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ak pata bermegi bolsa halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýyl hem bag ekmek işleri uludan tutuldy. Şahyryň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bar. Bu jümle düşündirişe mätäç däl. Pederlerimiz bag ekmek, köpri gurmak, guýy gazmak işlerini sogap hasap edipdirler. Hut şonuň üçin hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýyl ýaş nahallaryň millionlarçasy ekilýär. Täze gurulýan binalaryň daş-töweregi gür baglyga, al-elwan öwüşginli gülzarlyga beslenýär. Köçeler giňeldilýär, ýollaryň gyralaryna saýaly baglar bezeg berýär. Paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde seýilgähler we tokaý zolaklary emele getirilýär. Tebigatyň ajaýyp owadan görnüşini emele getirýän gözellik her bir adamy ýagşy işlere, döredijilikli zähmete, kämillige ruhlandyrýar, ata Watanymyza bolan söýgini artdyrýar.

Şypaly howa şertleri döredilýär

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygy üçin zerur bolan arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her bir adamyň möhüm borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ony rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki wagtda bu babatda uly tagallalar edilýär. Adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygy emele getirmek jana şypaly howa şertlerinde uzak ýaşamagy üpjün edýär. Bag nahalyny ekmek, suwa aýawly garamak ata-babalarymyzdan galan ýörelgedir.

Ekologik düşünjeleri kämilleşýär

Welaýat tokaý hojalygynda tokaý zolaklaryny, şeýle hem öri meýdanlaryny ýangyndan goramak bilen baglanyşykly amaly-okuw maslahaty geçirildi. Oňa tokaý hojalygynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň, tebigy goraghanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Tokaýlyklarymyzda ummasyz tebigy baýlyklaryň jemlenendigi hemmämize mälimdir. Amyderýanyň boýlarynda, Garagum sähralarynda, Köýtendag sebitlerinde baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bolmagy aýratyn guwandyrýar. Bu baýlyklara örän aýawly çemeleşmek üçin netijeli işleri durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda täze ekologik şertleriň peýda bolmagy hem tebigatyň goraglylygynyň hiliniň ýokarlanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Tebigy baýlyklarymyzy goramagyň düzgünleri barada yzygiderli amaly okuwlaryň geçirilmegi, wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagy netijesinde raýatlarymyzyň ekologik düşünjeleri hem kämilleşýär. Ynha, şu amaly-okuw maslahaty hem şeýle möhüm işleriň biri boldy. Oňa gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn-tehniki merkezinde bolup, ýangyn söndüriji tehnikalara degişli maglumatlar bilen hem tanyşdylar.

«Ýaşyl» ykdysadyýet — ählumumy wezipe

Soňky ýyllarda halkara giňişlikde bolup geçýän wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň öňde duran jogapkärli wezipeleri takyk kesgitläp, olar boýunça oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegini şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de wezipelerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak babatda dörän meseleler hem oňyn çözgütlerine garaşýar. Bu wajyp meseleler tagallalary birleşdirmegi, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmagy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmagy talap edýär. Adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleriň ählisi Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň binýadyny düzýän bu maksatlary ilkinjileriň hatarynda kabul eden we milli derejede uýgunlaşdyran döwlet hökmünde durmuş-ykdysady syýasatyny daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler bilen utgaşykly amala aşyrýar.

Owadan keşbe girýär

Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly ýurda öwürmek maksady bilen Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Obadyr şäherlerde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljek nesillere ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, olar üçin howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag nahallaryny oturtmak boýunça köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda bag nahallaryny diňe bir suwarymly ýerlerde däl, eýsem, çöl şertlerinde, kölleriň, derýalaryň boýlarynda, dag eteklerinde ýetişdirmek boýunça-da uly işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygyna goşant

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň telekeçilerini, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere çekmek, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky taýsyz tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has işjeň dowam etdirilýär. Bu pudagyň ähli ugurlarynda olaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýoldaş Geldimedow hem şolaryň biridir. Bu telekeçi bagbanyň ýerli baglarymyzdan başga-da, pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmäge hem aýratyn üns berýändigi bellenilmäge mynasyp. Ol bu babatdaky iş-aladalary hakynda şeýle gürrüň berdi:

Dabaraly maslahat

Düýn — 6-njy aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň  mejlisler zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmen zenany — jemgyýetçilik we döwlet işinde göreldelik nusga» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň işjeň zenanlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Suw — ählumumy ösüşiň gönezligi

Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Bu gün suwy tygşytlamak meselesi ählumumy meselä öwrüldi. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr. Şonuň üçin suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn ähmiýetli wezipeleriniň biridir. Türkmenistan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny, olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar. Gürrüň ekologiýa babatynda barýarka, ekologiýa çökgünliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmak we şol täsirleri aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň diňe bir sebitiň däl, bütin Ýer ýüzüniň,tutuş adamzadyň abadançylygy babatynda nähili ähmiýete eýedigi düşnüklidir. Çünki daşky gurşawyň arassalygyny goramak her bir adamyň borjy bolşy ýaly, ol sebitleriň, ýurtlaryň, adamzadyň hem mukaddes borjy bolup durýar. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-n

«BIR NAHAL EKSEŇ, ÝAŞYŇ BAKY»

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, täze taryhy eýýamda Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekişligine, öňden bar bolan baglara ideg etmek çäresine badalga berilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl miweli, saýaly, pürli bag nahallarynyň millionlarçasy ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň netijesinde, mähriban Diýarymyzyň tebigaty ýyl-ýyldan gözelleşýär. Köpçülikleýin bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýaramaz täsirlere garşy göreşmek boýunça bütindünýä çäresine işjeň goşulmakdyr. Çünki ekilýän baglar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ynsan saglygy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak biziň her birimiz üçin, ylaýta-da, ýaşlar üçin uly bagtdyr.

Tebigatyň gözelligini aýalyň!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Diýarymyzda ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak mukaddes borçdur.

Bagtyýarlygyň mekany

Baharyň gelmegi bilen ak şäherimiz Aşgabadyň keşbi gaýtalanmajak gözellige eýe bolýar. Paýtagtymyzyň ýazyň al-elwan güllerine beslenen owadan görki, tämiz seýilgähleri, nurana gündizleridir müň dürli öwüşgin atýan şuglazar gijeleri ynsan kalbyny päklige besleýär. Gözel görkli paýtagtymyz mermer binalary, lowurdap duran köşgi-eýwanlary, belent ymaratlary, giň we ýagty şaýollary, özboluşly şäher gurluşy bilen göreni haýrana goýýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyzyň töwereginde döredilen tokaý zolaklary baş şäherimiziň ekologiýa we howa şertlerini gowulandyryp, aýratyn gözellik eçilýär. Ýaz pasly tebigatda dynç almagyň, gezelenç etmegiň döwrüdir. Nurana gündizlerde, aý-aýdyň agşamlarda Aşgabadyň söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgüli ýerlerine öwrülýär. Paýtagtymyzyň eteginde gür baglyga, ter ýaz güllerine bürenip oturan Saglyk ýoly, köpsanly seýilgähler tebigatda, arassa howada dynç almak isleýänleriň arzyly ýerleri. Bu ýerlerde gözel tebigatymyzyň, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşine syn etmek has gyzykly. Ýaz paslynyň jana şypaly howasynda tebigatda welosipedli gezelenç etmek hem özboluşly lezzet berýär. Dürli ýaz gülleri, ter ýaprakly baglar şäherimiziň gözelligi bilen birleşip, bitewi sazlaşygy döredýär. Bu gözellik göni we giň şaýollaryň, ajaýyp ýanýodalaryň ugry bilen barýan her bir adamyň ruhun

Baglar - Zeminiň görki

Beýik ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegi netijesinde dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Bu sogaply işiň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda bolmagy hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bahar baýramçylygy ata-babalarymyzdan galan asylly ýol-ýörelgelerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň ähmiýetini artdyrýar. Häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň, ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän, Ýer ýüzüniň globallaşýan döwründe bag ekmek, ýaşyl tebigatyň giň meýdanlaryny döretmek döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Dem alýan howamyzyň hapalanmagynyň, atmosfera zäherli gazlaryň goýberilmeginiň tebigy şertleriň düýpgöter özgermegine getirip bilýändigini nazara alsak, baglar arassa ekologiýa gurşawy üçin zerurlyk bolup durýar. Ähli welaýatlarymyzda, Aşgabatda tokaý we seýilgäh zolaklarynyň yzygiderli döredilmegi dünýä derejesindäki şeýle möhüm wezipeleriň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan bu tebigy künjekler adamlaryň sag