"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Tebigatyň goragynda 55 ýyl

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ol Diýarymyzyň çäginde indi 55 ýyl bäri ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, amaly işleri alyp barýar. Tebigaty goramakda we ekologiýa jemgyýetçilik seljermeleri geçirmekde uly tejribesi bolan bu jemgyýetiň häzirki wagtda 310 müňden gowrak meýletin agzalary bar. Olar daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen, birnäçe kinofilmleri we wideo ýazgylary şekile geçirip, teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler. Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri çagalar baglarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, edara kärhanalarda tebigata eýeçilik gözi bilen seretmek, aýawly saklamak barada wagyz işlerini geçirýärler. Bu bolsa raýatlaryň ekologiýa medeniýetiniň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde geçiren «Durnukly ösüşde ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygydyr. Bu çäräniň esasy maksady ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsine eýeçilik gözi bilen garap, olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Oýlanyşykly sarp ediş — abadançylygyň güwäsi

Tomsuň yssy günlerinde sowadyjylaryň we howa sazlaýjy ulgamlaryň üznüksiz işledilmeginiň netijesinde elektrik energiýasynyň sarp edilişi ep-esli artýar. Ýöne şonda-da, ýönekeý kadalary ýerine ýetirmek bilen, köp möçberde energiýa tygşytlamak we daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak mümkin. Ekologiýa abadançylygy baradaky söhbetimiziň şu gezekkisini tomusda elektrik enjamlaryny we suw serişdelerini ýerlikli peýdalanmak bilen baglanyşdyrýarys. Sowadyjylaryň dogry peýdalanylyşy

Abadan hem bagtyýar durmuşyň kepili

Tebigatymyzyň gözelligini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gurulýan desgalarda «ýaşyl» innowasion tehnologiýalary ulanmak, desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, olaryň ýanaşyk ýerlerinde bag nahallaryny oturtmak, seýilgähleri döretmek hökmany talap bolup durýar. Geçirilýän köpçülikleýin ekologik çäreler — bag ekmek daşky gurşawy we adamlaryň saglygyny goramaga, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly goşantdyr. Tebigaty goramak babatdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, bu barada kabul edilýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem ýer, suw, tokaý kodeksleri we ýerasty baýlyklar hakyndaky, atmosfera howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakyndaky kanunlar bilen düzgünleşdirilýär.

Tebigat — umumy öýümiz

Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz parahatçylyga we adamzat ösüşine degişli bolan ekologiýa meselelerini çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşmak bilen, bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär. Şeýle tutumly işleriň çäklerinde ýer-suw baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek ýaly asylly çäreleri mysal getirmek bolar. Ekologiýa bilen baglanyşykly bitirilýän beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Şeýle asylly işleriň amala aşyrylmagynda irginsiz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Bagy-bossan Diýarym

Häzirki wagtda batly depginlerde ösýän, täsin keşbe girýän gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp eýýamyny we röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz ajaýyp binagärligiň, gözelligiň hem-de amatlylygyň täsin sazlaşygyny äleme äşgär edýär. Şunda tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýyllaryň içinde gür baglyga bürendi. Ak mermerli Aşgabat seýilgählere, tokaý zolaklaryna örän baý şäher. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşiniň, galkynyşynyň esasy şerti bolup durýar hem-de jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny we adam ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär. Ýaşyl zolaklar, seýilgähler, gülzarlyklar baş şäherimiziň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär. Şeýle işleriň netijesinde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem ähli ildeşlerimizi guwandyrdy. Seýilgäh toplumlary, ýaşyl zolaklar we dürli öwüşginli gülzarlyklar her bir ynsanyň kalbyny joşdurýar. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygy we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, paýtagtym

Ekologiýa abadançylygy — ýaşaýşa gönezlik

Tebigatymyzyň gözelligini artdyrmak, onuň ajaýyplyklaryny geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Türkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýiti kontinental, örän gurak klimatly howa şertleri, geografiki taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmegi — bularyň hemmesi Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy hem haýwanlardyr. Ösümlik dünýäsiniň 2 müňden hem gowrak görnüşi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Bu düýpli neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini öwrenmekde botanika, farmakologiýa ylymlarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Şunda Köpetdagyň ekoulgamynyň ähmiýeti diýseň uly bolup durýar. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky mesele ählumumy wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen saz

Tebigaty goramagyň möhüm ugurlary

5-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraldy.   Maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Plastik galyndylar bilen göreş

Ynsanyň ýaşaýşy, aň-paýhas we ruhy-ahlak taýdan ösüşi daşky gurşawyň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky iki asyrda gazanylan ylmy-tehniki öňegidişligiň netijesinde, adamyň tebigata ýetirýän täsiri barha artýar. Şoňa görä-de, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek meselesi uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi çekmek bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Kararnamasy we ýörite guramasy

Daşky gurşawyň arassalygy — ömrümiziň abadanlygy

Ýer şarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň iň iri we gaýragoýulmasyz wezipesini durmuşa geçirmekde tebigatyň näderejede uly orny eýeleýändigi hemmä mälimdir. Daşky gurşawyň ýagdaýy her bir ynsanyň ýaşamagy üçin derwaýys bolan dem almaga, iýmitlenmäge, suwsuzlygy gandyrmaga, pasyllara görä howa uýgunlaşmaga ýiti täsir edýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Onuň esasy maksady tebigatyň bähbitlerine amala aşyrylýan işleri ýaýbaňlandyrmakdan, durnukly ösüşiň ekologiýa jähetindäki maksatlaryna ýetmäge ýardam bermekden we bu ugurda giň jemgyýetçilik köpçüliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. 1973-nji ýyldan bäri ählumumy derejede bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilenine şu ýyl 50 ýyl dolýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu sene ekologiýa taglymlaryny wagyz etmek üçin kuwwatly gurallaryň birine öwrüldi.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşky gurşawyň arassalygy — abadan ýaşaýşyň girewi» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba-şäherlerimiziň bagy-bossanlyga öwrülýändigini buýsançly nygtadylar. Daşky gurşawyň arassalygynyň abadan ýaşaýşyň girewidigi hem çykyşlarda nygtaldy. Muzeýde açylan wagtlaýyn sergide türkmen tebigatynyň gözelliklerini şöhlelendirýän tapyndylar, fotosuratlar, resminamalar ýerleşdirildi. Bular sergini synlamaga gelýänlerde uly täsirleri galdyrýar.

Sagdyn daşky gurşaw — röwşen ertirleriň girewi

Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.

Energiýanyň zyýansyz çeşmesi

Türkmenistan ýurdumyz adaty däl gün we ýel energiýa çeşmelerine baýdyr. Türkmenistanda gün we ýel energiýasyny ulanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Özbaşdak gün we ýel toplumlary senagat merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň gündelik durmuş we önümçilik hajatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň çyzgysynda döwlet syýasatynyň esasy maksadyna laýyk gelýän energiýa üpjünçiliginiň şular ýaly beketleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga, parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara  gönükdirilen asylly maksatlar halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolýar. Olaryň  durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulyp, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, tokaý baýlyklaryny dolandyrmak we tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw we Tokaý kodeksleri, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we daşky gurşaw bilen bagly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hereket edýär. Elbetde, şeýle kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýu

Seýle gelseň bu daglara

Alysdan seredeniňde seleňläp görünýän, dilkaw-dilkaw kert gaýaly, başy belent Balkan daglaryna seýle barsaň, diňe bir ajaýyp dag howasy bilen däl, eýsem, özboluşly gözellikleri — şildiräp akýan dury suwly çeşmeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilenem özüne bendi edýär. Depesine tylla Günüň şuglasy çaýylyp duran bu daglaryň, hakykatdan hem, özboluşly tebigaty, haýwanat we ösümlikler dünýäsi bar. Bu daglarda mesgen tutan janly-jandarlar, kök uran ösümlikler dogduk Diýarymyzyň bezegidir, biziň guwanjymyz hem milli baýlygymyzdyr. Balkan daglarynda gurak howa şertlerine çydamly damarlak ösümlikleriň 400-den gowragynyň ösýändigini, haýwanat dünýäsinde dürli jandarlaryň 200-den gowrak görnüşiniň gabat gelýändigini hünärmenler nygtaýarlar. Barmasy kyn dag gaýalarynda bürgüt, sakgally garaguş, gajar, laçyn, bedeneçi garaguş, garçgaý ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtge tutunýarlar. Käkilikleriň, akganat we tokaý torgaýynyň, garadamak owazçysynyň, çürlentginiň, gyzylbaş çirrigiň, arça paltatumşugynyň kiçiräk sürülerine gabat gelmek bolýar. Balkan dagynda umgalar, aýraklar, keýikler we beýleki jandarlar üçin ot-iým gory ýeterlikdir. Daglaryň kert gaýalarynda ýerleşen gowaklar ýabany haýwanlaryň gaçybatalga mesgenidir.

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilip, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegi, daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga öwrülmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň dürli görnüşleri ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu günki gün täze taryhy eýýamda taryhyň gatyna ebedilik ýazyljak ägirt uly işler, döwrebap özgertmeler, giň gerimli tutumlar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak boýunça ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, daşky gurşawy, biodürlüligi goramak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, ýaşyl ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Tebigata söýgi — pederleriň ýörelgesi

Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyşykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly nakyllaryň, durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir. Rowaýatlarda Nuh pygamberiň uçuran guşunyň öz çüňkünde bir daragtyň ýaprajygyny getirip, ýaşaýşa gaýtadan umyt berendigi aýdylýar. Onuň mysalynda hem ynsan bilen tebigatyň arasyndaky mizemez baglanyşyk ýüze çykýar.

Ýaşyl dünýäm — nurana ertirim

Ynsana dem alyp, iýmitlenip ýaşamak üçin ösümlik dünýäsiniň ornunyň näderejede uludygyny sözde beýan etmek aňsat däl. Ýer şarynyň häzirki we geljekki döwür üçin abadançylygyny üpjün etmek ýaly derwaýys wezipäni durmuşa geçirmekde sagdyn ösümlikleriň ähmiýeti ýokarydyr. Ösümlikleriň adamzada berýän eşretlerini nazara alyp, zyýankeşleriň we ösümlikleriň kesellerini döredijileriň täsiri netijesinde ösümlik önümleriniň ýitgisini azaltmak, şeýle hem geljekki nesiller üçin ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 12-nji maýynda halkara giňişliginde Ösümlikleriň saglygyny goramagyň güni bellenilýär. Ösümlikler ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Olar adamyň kabul edýän iýmitiniň 80 göterimini düzýär, alýan howasynyň 98 göterimini emele getirýär. Ösümlikler atmosferada kislorody öndürýär, howany arassalaýar. Olaryň saglygy azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, daşky gurşawy goramagyň we ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň wajyp şertleriniň hatarynda durýar. Sagdyn ösümlik dünýäsi oba hojalygynyň durnukly ösmegine itergi berýär. Şoňa görä-de, olaryň saglygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin derwaýysdyr.

Tokaý zolaklary gorag hem bezegdir

EKOLOGIÝA MESELESINIŇ ILERI TUTULYP, OŇYN ÇÖZÜLÝÄN ŞERTLERINDE ÝURDUMYZY BAGY-BOSSANLYGA BÜREMEK, GORAG TOKAÝ ZOLAKLARYNY DÖRETMEK UGRUNDA ULY TAGALLALAR EDILÝÄR. OLAR BARADA GIŇIŞLEÝIN GÜRRÜŇ ETMEK ÜÇIN AMYDERÝA DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ GORAG BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BEGENÇ ESETOW BILEN SÖHBETDEŞ BOLMAGY MAKUL BILDIK. — Begenç aga, tokaý zolaklarynyň ynsan durmuşyna oňyn täsiri we ähmiýeti barada bilýän bolsagam, bu hakynda tebigaty goraýjynyň özünden içgin eşitmek biziň üçin gyzykly!

Aş­ga­bat­da eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 5-nji maý (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Aş­ga­bat” me­de­nidynç alyş se­ýil­gä­hin­de “Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy bi­le­lik­de go­ra­lyň!” ady bi­len eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di. Bu çä­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň uzak möh­let­le­ýin te­bi­ga­ty go­ra­mak sy­ýa­sa­ty­nyň halk köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Çä­rä­niň açy­ly­şyn­da çy­kyş eden­ler eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin ta­la­ba­la­ýyk şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän bu giň ge­rim­li çä­rä­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ÝU­NES­KOnyň klub­la­ry­nyň we ka­fed­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Olar ýaş­la­ry umu­ma­dam­zat hemde mil­li gym­mat­lyk­lar esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň eko­lo­gik we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, eko­lo­gik bi­li­mi­ni­dir me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.