Erik gülläpdir
Göräýmäge, diňe bir sütünlik baldagy däl, eýsem, şahalary-da gasyn-gasyn bolup duran erik bagy äwmezek ýaly. Ýöne onuň entek ýere ýyly gitmänkä, ýyldyz senenamasyndaky «Çarwa nowruzy» ýa-da «Nowruz» döwri hakda-ha söz ýok, eýsem, «Garagyşyň» orruk ortarasynda gülläp başlamagy bolsa, köp zatlar hakyndaky oý-pikirleri, deňeşdirmeleri seriňe doldurýar. Adatça, ýanynda dürli gülküli wakalary gürrüň berseňem, bir ýylgyrdyp bolmaýan adamlar bolar-a. Ana, şolaryň juda agras görünseler-de, käteler ýürekleriniň ýukadygyna göz ýetirip, haýran galarsyň. Olary öz ýanyňdan duýga, mähre garybrak hasaplap ýörensiň welin, birdenkä bilelikde dartgynly wakalar bilen kalbyňy elendirýän filme tomaşa etmeli bolaýsaň ýa-da durmuş şowsuzlyklaryndan habar berýän daşary ýurt gepleşiklerine bile seredäýseň welin, häli-şindi ýuwaşlyk bilen gözleriniň owasyny süpürýändigine şaýat bolarsyň. Erik bagynyň paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde: seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň ýanýodalaryny etekläp oturan baglaryň arasynda patraga dönen güllerinden gözüňi aýrasyň gelenok. Ýaňy «Kiçi çilleden» çykyp, öz ýanyňdan: «Ynha, bu gün-ertir togsan dolup, ýere-de ýyly gider, nesip bolsa» diýip, günüňi hasaplap ýörkäň, güle duran bagy synlamak juda ýakymly ahyry. Onuň düýşde ýa-da gyzykly çeper eserde däl-de, hut hakykatda gülländigine aň ýetiribem çaga ýaly begenersiň. Hawa, Watanymyzyň ýüregi Aşgabatda erik güllä