"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Ýylan kelleli» kebelek

Kebelekleriň Ýer ýüzünde örän köp görnüşi bar. Şeýle kebelekleriň biri hem tawus gözli atlas kebelegidir (attacus atlas). Ol ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Teňňeganatlylaryň iň uly wekili hasaplanýar. Tawus gözli atlas kebelegi Indoneziýanyň Ýawa adasynda hasaba alyndy. Mundan başga-da, oňa Hytaýda, Hindistanda, Wýetnamda, Pakistanda, Malaýziýada, Filippinlerde we Täze Gwineýada duş gelmek bolýar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň uzynlygy 24 – 27 santimetre barabar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň öňki böleginde ösüntgisi bolup, ýylanyň kellesini ýadyňa salýar. Şol sebäpli kebelegi «Ýylan kelleli» diýip hem atlandyrýarlar. Bu kebelekler gijesine işjeň bolýarlar.

«Menekli köl»

Kliluk köli – Ýer togalagynyň özboluşly kölleriniň biri bolup, ol Kanadada ýerleşýär. Bu kölüň özboluşly aýratynlygy hem üsti gaty çarçuwaly köp reňkli tegmiller bilen örtülenligidir. Köl daşky görnüşi bilen göreni haýran edýär. Kölüň ini 250 metr we uzynlygy 700 metre golaý. Magniý, kalsiý, natriý, kümüş we titan sulfaty ýaly minerallar kölüň suwunyň reňkine özboluşly täsir edýär. Şeýle hem onda kalsiýniň we natriý sulfatynyň uly ätiýaçly gorlary bar. Bu ýerde mikroorganizmleriň käbir görnüşinden başga janly-jandar ýaşamaýar. Kliluk köli adaty köle meňzese-de, tomsuň yssy günlerinde özboluşly görnüşe eýe bolup başlaýar, suwy bugarýar. Bu döwürde kölüň üstünde dürli şekilli we reňkli tegmiller, menekler emele gelýär. Tegmilleriň reňki möwsüme we howa şertlerine görä üýtgeýär. Tegmilleriň üsti güýçli gaty gabyk bilen örtülip, hatda üstünde gezim hem edip bolýar.

«Bägül agajy»

Gyrymsy agaçlaryň arasynda özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýan Rododendron bezeg hökmünde ekilýän ösümlikdir. Mydama ýaşyl öwsüp oturýan bu ösümligiň Ýer ýüzünde ortaça 1000-e golaý görnüşi arktiki ýerlerden tropiki ýerlere çenli ýaýrandyr. Ol daglyk ýerlerde gowy ösýär. Rododendronyň beýikligi görnüşine baglylykda, 10 santimetrden 10 metre çenli ýetip bilýär. Biri-birinden owadan gülleri gül çogdamynda ýerleşip, bir gül okarajygynda 15-e çenli gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň göwrümi ortaça 6 – 10 santimetr, käbiriniňki bolsa 20 santimetre hem ýetip bilýär. Ady grek dilinde «Bägül agajy» diýmegi aňladýan bu täsin ösümlige dürli hili şekil berilýär we bezeg hökmünde giňden ösdürilip ýetişdirilýär.

Täsin goraghana

Günbatar Afrikadaky iň uly tebigy seýilgähiň täsin ady bar. Niger derýasynyň ugrundaky «W» goraghanasy üç döwletiň — Nigeriň, Beniniň we Burkina-Fasonyň çäginde ýerleşýär. 1954-nji ýylyň 4-nji awgustynda düýbi tutulan bu tebigy seýilgähe ýerleşiş aýratynlygyna görä at dakylypdyr. Guş uçar belentlikden synlanyňda goraghananyň ýaýylyp ýatan ýerlerinde Niger derýasynyň iki gezek öwrüm berip, W harpyna çalym edýändigi aýyl-saýyl bildirýär. «W» goraghanasy 10 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany eýeleýär. Onuň çäkleri üç döwlet tarapyndan hem berk goralyp saklanýar. Goraghananyň 2200 inedördül kilometri Nigere, 5630 inedördül kilometri Benine, 2350 inedördül kilometri Burkina-Faso degişlidir.

Ýag­ty­lyk saç­ýan tom­zak­lar

De­ňiz­le­riň çuň­luk­la­ryn­da hem-de gu­ry ýer­de be­de­ni ýag­ty­lyk bö­lüp çy­kar­ýan jan­dar­la­ra ga­bat ge­lin­ýär. Bat­ga­lyk­la­ryň go­la­ýyn­da to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ýal­pyl­da­wuk tom­zak­la­ra la­tyn­ça «lam­py­ri­dae» di­ýil­ýär. Bu jan­dar­lar çyg­ly ho­wa­ny ha­la­ýan­dy­gy üçin tro­pik we ýy­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýarlar. Ola­ryň iň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy be­de­ni­niň gys­ga wagt­lyk «so­wuk» yşyk ýaý­rat­ma­gy­dyr. Bu ha­dy­sa ola­ryň be­de­nin­de bo­lup geç­ýän kä­bir hi­mi­ki reak­si­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar. Ola­ryň gar­nyn­da­ky öý­jük­ler­den «lýu­si­fe­rin» at­ly mad­da bö­lü­nip çyk­ýar. Bu mad­da kis­lo­ro­da gal­taş­ma­gy ar­ka­ly baş­ga bir mad­da öw­rül­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu öý­jük­le­r ýag­ty­lyk saç­ýarlar. Yşyk yzy­gi­der­li ýa­nyp, sön­ýär. Onuň ýa­nyp-sö­nüş ýy­gy­ly­gy tom­za­gyň gör­nü­şi­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Içi spi­ral­ly lam­pa­lar ýa­nan­da, ener­gi­ýa­nyň bel­li bir bö­le­gi­ni ýag­ty­ly­ga, köp bö­le­gi­ni gyz­gyn­ly­ga öwür­ýär. Ýal­dy­ra­wuk tom­zak­lar bol­sa, yşyk ýaý­rad­ýan ma­ha­ly gyz­ma­ýarlar. Onuň ýag­ty­ly­gyn­da inf­ra­gy­zyl we ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler bol­ma­ýar. Bu tom­zak sa­ry, ýa­şyl we öçüg­si gy­zyl ýag­ty­lyk saç­ýar. Ýal­dy­ra­wuk tom­za­gyň 2100 gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri uçup bil­me­ýär.

Jandarlar dünýäsinde

Bir pil günde ortaça 250 kilogram gök önüm, 75 kilogram saman iýýär we 200 litr suw içýär. Şeýle hem ol adamlaryň eşidip bilmeýän kiçi gersli ses tolkunlaryny-da eşidýär. * * *

Haýry kändir sözeniň

Türk­men säh­ra­sy­nyň aja­ýyp ösüm­lik­le­ri­niň bi­ri-de sö­zen­dir. Sö­zen gül­län­de, örän owa­dan keş­be gir­ýär. Onuň şa­ha­la­ry­nyň me­lew­şe reňk­li, sal­kym gül top­lum­la­ry, süý­rüm­tik-gü­ber­çek şe­kil­li peş­mek­le­ri oňa has-da owa­dan­lyk be­rip, türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýar. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň gö­zel­li­gi­ne görk goş­ýan her bir ösüm­li­gi aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe bo­lup, olar di­ňe bir eko­lo­gi­ýa ba­bat­da däl, eý­sem, yn­san sag­ly­gy üçin hem diý­seň peý­da­ly­dyr. Säh­ra ösüm­lik­le­ri hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nda dür­li ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­den te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp ösüm­lik dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, ony gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek esa­sy bor­ju­myz­dyr.

Tä­sin ösüm­lik

Ýur­du­my­zyň dag­la­ryn­da we çöl­le­rin­de dür­li gör­nüş­li ösüm­lik­ler duş gel­ýär. Ola­ryň her bi­ri uzak wagt­yň dowamynda toprak we howa şertlerine laýyklykda dö­wür­le­ýin üýt­gäp dur­ýan, ele­ment­le­riň ýa­şaý­şy üçin ze­rur bo­lan eko­lo­gi­ýa ýag­daý­la­ry­na uý­gun­laş­ýar. On­dan baş­ga-da, beý­le­ki or­ga­nizm­ler bi­len bi­le­lik­de ösüp, olar öz ko­wum­daş­la­ry­nyň, haý­wan­la­ryň, kö­me­lek­le­riň we mik­roor­ga­nizm­le­riň tä­si­ri­ne düş­ýärler. Gül­le­ýiş möw­sü­min­den «ga­lan» mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­mek üçin ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri mas­lyk­çy we ders si­ňek­le­ri­dir çir­keý­ler üçin özboluşly ys ýaý­rad­ýar. Şo­nuň ýa­ly ösüm­lik­le­riň bi­ri «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň kenarynda ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ösüm­lik «Gar­ny­ýa­ryk» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol köp­lenç, çö­ket­lik­le­riň düý­bün­de ýa-da gum ýap­gyt­la­ry­nyň iň aşa­ky ete­gin­de bit­ýär. Garnyýaryk — so­gan­pi­sint kök­li köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, ýaz pas­lynda gül­le­ýär we mi­we­le­ýär.

Gözellik çeşmesi

Özüniň gaýtalanmajak gözelligi, täsinlikleri bilen haýrana goýýan Köýtendagyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we has-da baýlaşdyrmak ugrunda biziň goraghanamyzyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biz goraghananyň çägindäki köpsanly haýwanlary we tokaý ösümliklerini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak işlerini utgaşykly alyp barýarys. Halkara Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag geçisiniň we ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen dag goçunyň sanynyň artmagy üçin bu haýwanlary ygtybarly goramak bilen birlikde olaryň kadaly şertlerde ýaşamaklary üçin zerur işleri geçirýäris. Şeýle işlere dag çeşmelerini arassalamak, ýabany haýwanlaryň otlaýan örülerini ýangyndan goramak, gyşyň aýazly günlerinde bolsa olary goşmaça iýmitlendirmek ýaly işler degişlidir.

Täsin şekilli gül

Bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýän orhideýa gülleri özleriniň täsin şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Ylymda bu gülleriň otuz bäş müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan bu gülleriň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri hem bardyr. Şol görnüşleriň birine hem maýmyn orhideýasy diýilýär. Maýmyn orhideýasy iň täsin hem-de seýrek duş gelýän güldür. Olar Merkezi we Günorta Amerikanyň dag gerişlerinde deňiz derejesinden 1500—2500 metr belentlikde ösýär. Asyl mekany Ekwador hasaplanýar, sebäbi bu ýerde maýmyn orhideýasynyň birbada birnäçe görnüşi gabat gelýär. Täsin gülüň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Olar reňki, müçesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Peru, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Meksika, Nikaragua, Gonduras, Panama ýaly ýurtlarda maýmyn orhideýasynyň haýsy-da bolsa bir görnüşi ösýär.

Bagy-bossanly mekan

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işler gül görkli Watanymyzyň tutuş giňişligini döredijilik ruhuna besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda günsaýyn gözelleşýän ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alýan beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilip, umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň, «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda netijeli işleriň

Täsin agaç

Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygynyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir diýip, lukman Arkadagymyz bu jümleleri özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki kitabynda belläp geçýär. Hawa, Gahryman Arkadagymyz mamla. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi özüniň iňňän uly baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişdesi bolup hyzmat eden bolsa, ýene biri iýmek üçin, beýleki biri boýag üçin, ýene biri bolsa zenanlaryň gözel görküni has-da gözelleşdirmekde meşhurlyga eýe bolupdy. Ine, şeýle meşhurlyga eýe bolan, adamzada dört müň ýyldan bäri belli bolup gelýän ösümlikleriň biri-de eýran meliýasydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19... +24 gradus maýyl bolar.

Täsin seýilgähleri döretmek sungaty

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň has-da gowulandyrylmagynda, ösümlik dünýäsiniň tebigy şertleriniň goralmagynda we rejeli peýdalanylmagynda öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşaýjylary, ähli edara-kärhana işgärleri, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary bu babatda işjeňlik görkezýärler. Ak mermerli paýtagtymyzyň dynç alyş ýerlerinde, ýanýodalarynda, köçeleriň kesişýän ýerlerinde seýilgäh baglaryny döretmekde sungat eserlerine bäsleşip bilýän, çeperçilik taýdan sazlaşykly birnäçe kompozisiýalar ulanylýar. Olar barada gürrüň bermek biziň üçin has ýakymly.

Nebit berýän daragt

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir. Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär. Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Gözel tebigatyň bezegi

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi diýseň baý. Eziz Diýarymyzda gülleriň örän köp görnüşi ösýär. Şeýle owadan gülleriň biri hem çigildemdir. Çigildemleriň örän owadanlygy üçin adamlar hemişe olary eý görüpdirler. Gadym döwürlerde halkymyz bu güli janlanýan tebigatyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Çigildemler liliýalar maşgalasyna degişli bolup, beýleki liliýalar ýaly köp ýyllyk ösümlikdir. Çigildemler bahar paslynda gögerýärler. Mart, aprel aýlarynda gülleýärler. Olar tohumlaryndan köpelip, gülläninden soň güllän ýerinde köpsanly ýasy, tohumlardan doly gozajyk peýda bolýar. Gozajyk ýarylyp, tohumlar dürli tarapa ýaýraýarlar we güýzde gögerýärler. Gozajykdan düşen ýüzlerçe tohumdan gögeren ösümlikleriň diňe birnäçesi saklanyp galýar.

Baharsyň

Ýürek ýarsyp messan basyp gelşine, Bar pasyldan uz diýilen baharsyň. Ýyly ýöräp Günüň tylla erşine, Maňlaýyna nur ýaýylan baharsyň. Säherleriň süýt dek, şapagyň läle, Topragy getirdiň iň juwan hala. Agşamlar bürenip owadan şala, Gündizlerde gül geýinen baharsyň.

Gaplaňgyryň dermanlyk ösümlikleri

Türkmen topragy ekologiýa taýdan arassa ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzünde bar bolan janly ýaşaýşyň dowam etmegi üçin ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlikler janly-jandarlaryň köpüsi üçin iýmit bolup hyzmat etmekden başga-da, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin çig malyň baý goruny emele getirýär. Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümliklerdir. Olaryň ýaýraýşyny, köpelişini ylmy taýdan öwrenmekde döwlet tebigy goraghanalary möhüm ähmiýete eýedir.

Guşlar dünýäsinde

Türkmenistanyň çäginde hemişelik we wagtlaýyn ýaşaýan guşlaryň 430-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlar baharda höwürtgeleýärler, köpelýärler. Olaryň bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerlerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de ýurdumyza gyşlamaga gelýärler. Her ýylyň 1-nji aprelinde bellenilýän Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ülkämiziň guşlary» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, şeýle-de suratlarydyr haly pannolaryň üsti bilen köpdürlüligi we owadanlygy görkezildi. Guşlara degişli ylmy kitaplardyr žurnallar bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň guşlary öwreniji alymlarynyň portretlerini hem görmek bolýar. Sergide-de görkezilen durna, karkara, çal durna, soltantowuk, togdary, toklutaý ýaly durnaşekilliler toparyna degişli guşlaryň ýurdumyzda 13 görnüşi duş gelýär.