"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Bagy-bossan Watanym

Bag — dün­ýä­niň be­ze­gi. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri döw­let de­re­je­sin­de ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Bag ek­mek döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Aja­ýyp te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, ony yl­my nuk­daý­na­zar­dan çuň­ňur öw­ren­mek, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hal­kyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mekde wa­jyp we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­ny­myz­dan soň, se­bit­de eko­lo­gik ýag­da­ýy ýo­kar­lan­dyr­mak, bio­dür­lü­li­gi baý­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­ýa­ly we pür­li be­zeg agaç­la­ry­nyň, gül­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň to­hum­la­ry­dyr na­hal­la­ry­ny ge­ti­rip oturt­mak, ýer­li ho­wa-top­rak şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne giň ge­rim be­ril­di. Ha­wa, yn­san te­bi­ga­ta nä­çe ýa­kyn bol­du­gy­ça, onuň ru­hy dün­ýä­sem şon­ça giň, şon­ça ala­ýaz, şon­ça­-da şa­dy­ýan bol­ýar. Yn­sa­na mah­sus te­bi­gy­lyk has kä­mil ýü­ze çyk­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ýy­ly­sy­ny, tyl­la Gü­nüň mäh­rem ço­gu­ny, ze­mi­ne don bo­lup ýa­zy­lan der­man­lyk ösüm­lik­le­riň mel­hem ysy­ny süň­ňü­mi­ze, ru­humy­za siň­dir­ýär.

Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da oňyn eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek hem-de ola­ryň bio­köp­dür­lü­li­gi­ne aýaw­ly çe­me­leş­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da­ky mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy has hem kä­mil­leş­di­ril­ýär we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Şol mak­sat­na­ma esa­syn­da ýur­du­myz­da her ýyl iki möw­süm­de, ýag­ny ýaz we güýz aý­la­ry äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­ny ge­çir­mek öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di.

Ýaşyl baglar — ýaşaýşyň bezegi

Welaýatymyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi Şu gün mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi ekildi.

Gelse Nowruz äleme ...

Äleme özboluşly gözelligini çaýyp, läle-reýhan bolup Nowruz geldi. Nowruzda daş töwerek göm-gök öwsüp, gyzyl gülälekler açylýar, tebigatyň hoşboý ysy beýhuş edip, sende gowy duýgulary oýarýar. Bahar paslynyň aýratynlyklarynyň biri-de, onuň adamzada, tebigata hoşroý-hoşroý yslary eçilmegidir. Bir ýerlerden guşlaryň saýraýan sesleri eşidilip, seniň dünýäňde üýtgeşik bir duýgulary oýarýar. Ynsan elmydama gözellige teşne. Baharyň gelmegi bilen, Nowruz bosagamyza öz gadamyny goýýar. Nowruz gelende bolsa diňe ynsanyň däl, goja tebigatyňam gursagy ýarylara gelýär. Nowruz baýramynda ýaşyl ýaýlalarda türkmeniň ak öýleri dikilip, toý gazanlary goşadan atarylýar. Eýsem, şeýle dabaradyr şatlyga beslenip, dabarasy dag aşýan Nowruz baýramy nädip döredi-kä, onuň taryhy ösüş ýoly nähili-kä ?! Taryhçylaryň käbiri Nowruz baýramynyň döreýşini gadymyýetde ýaşap geçen meşhur patyşa Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Aslynda, biz bu çaklamany dogry hasaplap bileris. Sebäbi, belli taryhçy Salar babanyň we Abulgazynyň berýän eserlerinde, bu barada maglumat berilýär. Nowruz baýramynyň döreýşi Gün bilen baglydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün hamal ýyldyzlar toparynyň gyrasyndan girýär. Gadymy Gündogar halklary bu güni Täze ýyl hasaplapdyrlar. Ol sene bolsa, 21-nji Marta gabat gelýär. Şonuň üçin oňa Nowruz – Täze gün – Täze ýyl diýipdirler. Gadym zamanlarda ata-babalarymyz Aýa – “mah”, Güne

Zeminiň zynaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Ynha, şu gün — 16-njy martda hem ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy zähmet baýramçylygyna öwrüler. Bu möhüm çärä ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ykjam taýýarlyk görüldi. Gün-günden gözelleşýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde oba-şäherlerimiz gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Tokaý zolaklaryna bürenen daşky gurşaw diňe bir gözellik döretmän, ynsan saglygy üçin hem möhümdir. Jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetini ösdürmäge, tebigatyň gözelligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň oňyn däbe öwrülmegi tokaý zolaklarynyň köpelmegine, amatly howa gurşawynyň döremegine ýardam berýär. Halk bähbitli şeýle işler bütin dünýäde döreýän ekologik meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çärelere hem mynasyp goşantdyr.

Bag ekmek — ömre dowam

Ertir hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.

Diýarymyzyň tebigy gözelligi

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan edara-kärhanalaryň, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obalardyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy g

Türkmenistan — bagy-bossan

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bag ekmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli rowaçlanýan döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň çar künjeginde saýa salýan baglar nurana baharyň gözelligini artdyrýar.

Baharyň waspy

(Şahyrana oýlanma) Arly gyş egnine ak ýorgany ýapynyp ýatan mes toprak ir baharyň bol Güneşiniň nuruna gerinjiredi. Daýhanyň geçen güýz topraga atan tohumyny bu gün görmäge göz gerek. Ene ýere mäkäm penje uran güýzlük bugdaýyň göm-gök maýsasy ýaz ýeline özboluşly şybyrdap, tolkun atýar. Ýaňy dürterip ugran ýylakdyr gyrtyçlaryň üstündäki çyg damjalary Gün nury bilen çaknyşyp, göz gamaşdyryjy ýalkymy emele getirýär. Çyg düşen otlaryň arasyna girersiň welin, aýagyň dyzyňa çenli öl-suw bolar. Güjük, pişik ýaly haýwanlar çyg düşen otluga girmäge ýaýdanýarlar. Sebäbi çygda olaryň aýaklarynyň tüýleri ezilip, üşeýär. Goýun-guzy, owlak-geçi çyg düşen oty her niçik ajyksalar hem iýmezler. Sebäbi çygly maýsany iýseler, olar içleriniň sanjylajakdygyny bilýärler.

Durmuşyň bezegi

Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna aýdyň ýollar açylýar. Aşgabatda hereket edýän ulaglaryň elýeterliligi, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygy, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy göwnüňi galkyndyrýar, paýtagtymyza söýgimizi goşalandyrýar. Ak mermer paýtagtymyzyň gül goýnunda eziz Diýarymyzyň syýasy we ykdysady wakalary, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri, durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen, tebigat bilen sazlaşýan Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeltmek arkaly täze ýaşaýyş binalary, durmuş maksatly desgalary bilen ýurdumyza görk berýär, paýtagtymyzda şähergurluşyk wezipeleriniň netijeli amala aşyrylmagy durnukly ösüşiň keşbini şöhlelendirýär.

Bagy-bossan Diýarym

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, obalarymyzyň töwereklerinde ýaşyl zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde her ýylda bag ekmek işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Miweli we saýaly agaçlaryň sanyny köpeltmek arkaly sesleriň, ýeliň güýjüni peseltmek, ýylylygy hem daşky gurşawyň howasynyň adam üçin has arassa bolmagyny gazanmaga uly ähmiýet berilýär. Howamyzyň arassa bolmagy üçin ak ýollarymyzyň ugrunda, dürli seýilgählerde ekilýän agaçlaryň möhüm orny bar. Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär.

Daşky gurşawy goramak – derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňzi

Biler bolsaňyz!

Benewşe reňkli bugdaý Russiýanyň K.A.Timirýazew adyndaky döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary bugdaýyň täze sortuny ösdürip ýetişdirdiler. Onuň däneleri benewşe (fioletowyý) reňkdedir.

Köýtendag gözellikleri

Eziz Diýarymyza bahar pasly geldi. Baharyň jana hoştap howasy, adaja öwüsýän şemaly her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Şeýle hem bahar pasly tebigatyň janlanýan, gözel keşbe eýe bolýan döwrüdir. Şeýle ajaýyp gözelligi ýurdumyzyň owadan künjegi bolan Köýtendagda hem görmek bolýar. Köýtendag döwlet goraghanasynyň merkezi bagyndan üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Hojagarawul deresi hem örän täsindir. Şonuň üçin hem ol ýerden guşlar barada käbir ylmy maglumatlary almak mümkin. Baharyň ýürekleri joşa getirýän wagty haýwanlar hem ikiýana at salýarlar, ähli zat hereketde. Bahar otlarynyň ýüzlerçe görnüşi dag eteklerinde we derelerde ösüp, dürli güllere bürenýärler. Dürli otlaryň daş-töwerege ýaýradýan ysy bark urýar. Bularyň hemmesi türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligidir.

Ba­gy-bos­san Di­ýa­rym

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Türk­men hal­ky geç­miş dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap gel­ýär. Dün­ýä­niň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­ri­niň esa­sy ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, has ta­ky­gy, dag çeş­me­le­ri, amat­ly ho­wa gur­şa­wy bu ýer­le­riň ösüm­lik dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gyn­da wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Ge­çi­ri­len ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ga­dy­my dö­wür­ler­de hem gül­läp ösen ýaý­la­la­ryň bo­lan­dy­gy, paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy, mi­we­li bag na­hal­la­ry­ny giň­den ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Agaç­lar adam zäh­me­ti­niň jan­ly ýa­dy­gär­li­gi bo­lup, onuň te­bi­ga­ta söý­gü­si­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Güllere yhlas edip

Gün dogup, ýaňy daň agaryp başlanda, gülçi zenan Jeren Hudaýkulyýewa iş ýerine ugraýar. Ýaz gününiň säheri şäheriň görkana keşbini barha nurlandyrýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygynyň şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň ýyladyşhanasynda gülçi bolup işleýän bu zenanyň her iş güni şeýle gözel görnüşler bilen başlanýar. Ol bu asylly kärde 24 ýyl bäri yhlasly işlemek bilen, halypalyga ýetişdi. Şäher eteginde ýerleşýän ýyladyşhananyň gülçüleri dürli görnüşli gül ýetişdirip, olary şaýollaryň ugrunda ýörite gabaraly güldanlarda oturdýarlar. Gözýetime uzap gidýän ýaşyl zolak Zemine begres ýazylan ýaly bolup görünýär. Hatar jaýlaryň çar ýany, meýdançalar gülzarlygy ýada salýar. Bu gözel görnüşe älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri aýratyn öwüşgin berýär. Tebigy sazlaşyk gözellik mukamyna meňzeýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Bahar — köňülleriň aýdymy

Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň — ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp.

Tebigatyň gözelligi – zeminiň ýaraşygy

Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy - ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň - ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol duýga gezek gelende ejizdir. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, seniň ala-baharlaryň ynsanlaryň hersini bir ahwala salýar.

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024, 2.02.2024 hem-de 14.02.2024 sanlarynda) Umbar deresi - Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine hem haýran galýarsyň. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly adamyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly adam ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan halky talaňçylardan gorar ekeni. Bir gezek ol talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, talaňçylar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga ýarmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy ondan galmaýar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzügra böküp geçipdir. Kowguçylaryň bolsa biri hem bu bu dereden bökmäge milt edip bilmändir. Ine, şondan soň bu deräni “Umbaryň deresi” diýip atlandyrypdyrlar. Oňa Umbaryň şaglawugy hem diýilýär.