"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Baharda çyksaň seýrana...

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyna döredijilik saparymyzyň ýaz paslyna gabat gelmegine az begenmedik. Baharda bu mekanyň has gözel keşbe girýändigini eşiden bolsak-da, edil ýaza gabatlap baryp görmändik. «Bu ýyl, tüweleme, ýagyş kemini goýman ýagdy. Diýmek, meýdan otlary, gül-gülälekler «gulagyndan çekilen ýaly» bolup, Bathyz düzlügini läle-reýhan edendir» diýen oý-hyýallary serimizde aýlap, fotohabarçy Meretdurdy Rozyýew bilen Sarahs etrabyna tarap ýola düşdük. Maksadymyz ilki bu toprakdaky taryhy hem keramatly ýerlere zyýarat edip, soňra Bathyz düzlüginiň gözel ýerlerine aýlanmakdy. Bu şeýle-de boldy. Ilki zyýarat...

«Pasly baharlarda seýrana çyksaň...»

­­Baharyň bolmajysy bolýan döwri gojaman Köpetdagyň belent gerişlerindäki gunduz kimin ak garlara seretmezden, seni dag eteklerine, sähra düzlerine seýrana çagyrýar. Ösümlikleriň, gyş ukusyndan oýanan mör-möjejikleriň, öz dillerinde saýraşýan guşlaryň ýaz paslynyň jana şypaly howasyndan kuwwatlanýan döwri. Baharyň günbatardan ösýän mymyk şemalyna ygşyldap, tolkun atýan, ak, gyrmyzy, sary gülleri, burk urýan ysyny dumly-duşa ýaýradyp, seriňi joşdurýan bolsa, gülden-güle uçup-gonup ýören erkana kebelekler, saýraşýan guşlaryň owazlary üýtgeşik bir joşguny — şatlyk duýgusyny oýaryp, durşy bilen kalbyňa siňip gidýär. Gözbaşyny dagyň belent gerişlerinden alan çeşmeleriň şildiräp akýan täsin owazy-da, göwünleri galkyndyrýar. Arykdan akýan durna göz suwuň yzgaryndan nem alan topragyň ysy burk urýar. «Toprak — ene, suw — ata» diýilmeginiňem özüne ýeterlik manysy bar bolmaga çemeli. «Dogrudyr, toprak mes bolany bilenem, suw bolmasa, hasyl alyp bilmersiň» diýip, öz-özüňe teselli berersiň.

Repetek — gözelligiň bir ülşi

Ymgyr Garagumuň bu täsin künjegi sazak tokaýlyklary, biri-birine utgaşyp gidýän gum ulgamlary, dürli janly-jandarlary, özboluşly howasy bilen tapawutlanýar. Biz bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri toplumlaýyn esasda alyp barýarys. Geçirilýän işleriň netijeleri bolsa her ýylyň jemi boýunça düzülýän tebigatyň ýyl ýazgylarynda jikme-jik beýan edilýär. Bu ugurdan soňky alyp baran işlerimiziň maglumatlaryna görä, goraghanamyzyň çäklerinde ösümlikleriň 125 görnüşi bolup, olaryň 76-synyň birýyllyk ösümliklerdigi bellenildi. Şolaryň arasynda bu çäkleriň bezegi, dürli guşlaryň we haýwanlaryň mesgeni bolan ojar tokaýlyklary agdyklyk edýär. Bu täsin tokaýlyklaryň ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, nahalhanalarymyzda sazakdyr sözen ýaly çöl ösümlikleri tohumlaryndan köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň ýaş nahallary ösümlikleriň seýrek ýerlerine, ýollaryň iki gyrasyna oturdylýar.

Torsuk

Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şolaryň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilen. Muzeýimiziň tebigat zalynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly dioramasynda süýdemdirijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan samyrlar maşgalasyna degişli ýyrtyjy süýdemdiriji haýwanlaryň bir görnüşi torsuklardyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 90, guýrugynyň uzynlygy bolsa 19 santimetrdir. Agramy 30 kilograma ýetýär. Arkasy we gapdaly kümüşsöw-çal, garnynyň aşagy garamtyldyr. Kellesiniň iki gapdaly tumşugyndan gulagyna çenli gara zolakly. Torsuklar Ýewropanyň we Aziýanyň garyşyk we taýga tokaýlarynda, sähralarynda hem-de ýarym çöllüklerinde duşýar. Baýyrlaryň eňňitlerinde, jarlarda we beýleki ýerlerde hin gazyp ýaşaýarlar. Ol daglarda gyş aýlary hininde gyş ukusyna gidýär. Torsuklar ösümlikler, kömelekler, ownuk süýdemdirijiler, gurbagalar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Torsuklar Türkmenistanda daglyk we baýyrlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Zyýanly mör-möjekleri iýip, oba hojalygyna uly peýda berýärler. Olar 15 ýyl ýaşaýarlar.

Hüýpüpik — başy «täçli» täsin guş

Biz hüýpüpiklere sähralarymyzda, daglarymyzda, obadyr şäherlerimizdäki baglarda gabat gelýäris. Olar ýelekleriniň ýiti reňki bilen özge guşlardan tapawutlanýarlar. Hüýpüpikler Ýer togalagynyň Afrika, Ýewropa, Aziýa yklymlaryna ýaýrandyr. Olaryň bedenleriniň uzynlygy 25 — 29 santimetre, ganatlarynyň gerimi 44 — 48 santimetre barabar. Ganatlary giň we tegelegräk görnüşde bolup, gara, agymtyl-sary reňkli zolak-zolakdyr.

Tebigat we biz

Garlawaçlar Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Onuň gözelligi örän ajaýyp. Baharda tebigat täze keşbe, täze ýapynja geçýär.

«Hazaryň» milli baýlyklary

Ýakynda biz Türkmenbaşy şäherindäki «Hazar» döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan «Tebigat» muzeýine bardyk. Bu ýerde goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat MÄMMEDOW bilen duşuşyp, goraghananyň alyp barýan işi dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Sähetmyrat aga, bize goraghanaňyz, onuň döreýşi barada gürrüň beräýseňiz?

Kano kristales — Kolumbiýanyň reňkli derýasy

Kano Kristales – Kolumbiýanyň ajaýyp derýasydyr. Ispan dilinde onuň ady «kristal derýa» diýmegi aňladýar. Guşuçar belentlikden synlasaň, derýa akymy älemgoşara meňzeýär. Gyrmyzy-gyzyl, gara, sary, mawy we gülgüne reňkleriniň dürli öwüşginleri suwdaky endemiki suwotulary Makarenýa klawigera berýär. Landşaftlaryň gözelligi we tebigatyň baýlygy üçin ajaýyp derýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu derýa Kolumbiýanyň Serrania de la Makarena milli seýilgähiniň çäginden akýar. Suwda zibil duzlar we minerallar ýok diýen ýaly, şonuň üçin derýada balyk hem ýok. Suwasty dünýäniň doýgun gyrmyzy, sary, ýaşyl, gök we gara reňkleri bir metr çuňlukda-da görünýär. Älemgoşary ýada salýan bu derýanyň düýbünde tegelek tebigy guýular bar. Derýada reňkleriň öwüşginlerini diňe gurak möwsümde — iýun aýyndan noýabr aýyna çenli görüp bolýar.

Seýrek guşlaryň goragynda

Guşlar dünýä ýüzüne giňden ýaýran. Olaryň arasynda suwda ýüzýänleri, kenar ýakalaryndaky suw-batgalyk hem-de gury ýerlerde ýaşaýanlary bar. Guşlar dünýäsinde, adatça, köp sanlysy we juda seýrek duşýanlary bolýar. Seýrek gabat gelýänlere gyzylgaz, buýraly we gyzgylt gotan, toklutaý, bezbeltek, soltantowuk, turaç, gorçy ördek we beýlekiler degişlidir. Has az duşýanlara gamaburunlylar diýen topary mysal getirmek mümkin. Ýer ýüzünde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi mälim bolsa, şolardan 422-si Türkmenistanda duşýar. Gamaburun ala we gara garga ölçegli, uzyn aýakly we çüňkli bolýar. Çüňküniň ujy aşaklygyna egilen. Bu alamaty bilen ony meýdan işleri geçirilende, beýleki köp guşlardan aňsat tapawutlandyrmak bolýar. Çüňküniň uzynlygy 10 — 15, ganatlarynyňky 27 — 30 santimetre barabardyr. Guýrugynyň aşagy gara. Çüňki we kellesiniň ýalaňaç bölegi (gözüniň töweregindäki halka we alkymy) ýaşylymtyl goňur reňkde. Aýaklary ýaşylymtyl gara. Kellesi we boýnunyň üstki böleginiň ýelekleri gyşky örtükde ak gaýmaly toprakpisint goňur. Gamaburun dünýä ýüzünde giňden ýaýrandyr. Ol Günorta Ýewropada, Kiçi, Alynky, Orta Aziýada, Hindistanyň we Hindi-Hytaýyň demirgazyk böleginde, Awstraliýada, Merkezi we Günorta-Gündogar Afrikanyň käbir ýerlerinde, Demirgazyk hem-de Merkezi Amerikanyň günorta-gündogar kenarynda, Türkmenistanda uly derýalaryň jülgesinde, köllerde, Hazaryň boýunda duşýar. Höw

Bagy-bossan, gül Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýän ata Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli geljegi, agzybirligi we bagtyýar ýaşamaklary babatda uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli hyzmat ediş binalary, dünýä ülňülerine gabat gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri, köpugurly sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary mähriban halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle ajaýyp binalaryň töweregini, seýilgähleri güller, saýaly baglar bilen bezemek ýaşaýşa bolan höwesimizi beýgeldip, ruhuňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize ruhy lezzet eçilýär.

Luw ýylynyň howasy

Müçe hasabynyň soňky it, doňuz ýyllary ýaly, luw—balyk ýyly hem aglaba ygally ýyl bolýar. 1964-nji, 1976-njy ýyllaryň baharynda gögüň «bujagy çözülen» ýaly boldy we ýyl bereketli geldi. Dowam edip duran luw ýylynda ygalymyz köp bolmaly, toprak gowy yzgarlanmaly. Çopanlary, çoluklary, babadaýhanlary ýylgyrydýan ýyllaryň biri bolmaly. Meýdanlar ýaşyl begrese bürenýär, gülälekler, çigildemler, kömelekler köp bolýar, dagetek sebitlerinde domalanlaryň bolmagyna-da şert döreýär.

Hazar düwlenleri

Ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi barada bilmek biziň her birimiz üçin gyzyklydyr. Şolaryň biri hem Hazar deňzinde ýaşaýan, süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan Hazar düwlenidir. Düwlenleriň bu görnüşi Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdiriji jandary hasaplanýar. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň bedeniniň uzynlygy 130 – 150 santimetre, agramy 50 – 85 kilograma golaýdyr. Hazar düwlenleri reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýärler. Olar süri bolup ýaşaýarlar, gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, suwda çalt ýüzýän jandar hasaplanylýar. Olaryň käbir görnüşi suwda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Olaryň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Dünýäde düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Hazar düwleni ýylyň ýaz-tomus aýlarynda Hazar deňziniň orta we günorta böleginde, ýagny Ogurjaly adasynyň kenarlarynda, açyk suw giňişliklerinde gezýär, howanyň ýyly döwri bu ýerler balyklaryň sürüsidir suw leňňeçlerini awlamak üçin amatly hasaplanylýar. Güýzüne bolsa olar deňziň demirgazyk-gündogar böleginde toplanýarlar we şol ýerde gyşlaý

Tebigaty söýüjiler gözelligiň goragynda

Golaýda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Tutumly usuly-okuw maslahatynyň şu ýerde geçirilmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bar. Köýtendag ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, özünde janly-jandarlaryň, ösümlikleriň örän seýrek duş gelýän görnüşlerini jemleýär. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň, şol bölümiň tebigat gözegçisi we wagyzçysy Rejepgül Huddyýewanyň, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň uly leýtenanty Agajan Weliýewiň we beýlekileriň çykyşlarynda umumadamzat ähmiýetli meselelerde ýurdumyzyň dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi, dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigatda deňagramlylygy saklamakda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Bu işlere tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Tebigata aýawly çemeleşmek, ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly geçirilýän öwüt-ündew çäreleri saýaly we miweli agaçlaryň, dürli

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

ABŞ-da soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyk

Günbatar Wirjiniýa uniwersitetinden amerikaly alymlar ABŞ-nyň günbatar böleginiň soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyga duçar bolandygyny anykladylar. Yzgar ýetmezçiligi bu ýerde soňky 23 ýyl bäri saklanýar diýlip, ylmy edaranyň saýtynda habar berilýär. Hünärmenler agaçlaryň ýaş halkalaryny öwrenip, häzirki dowam edýän 23 ýyllyk gurakçylygyň, takmynan, b.e. VIII asyryndan bäri iň güýçlüsidigini anykladylar.

Ýewropada yssy howanyň yzýany gar ýagdy

Merkezi Ýewropa geçen hepdede gar ýagdy. Bu sebitleriň ýaşaýjylary şu baharda 30 gradus yssy howa bilenem ýüzbe-ýüz bolupdylar. Ýewropada howanyň şeýle üýtgemegi köpleri geň galdyrýar. Geçen hepdäniň sişenbe gününden başlap, Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagyp başlan bolsa-da, öňki hepdäniň dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen baglylykda ýollarda hereket kynlaşdy.

Güller — göwünleriň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäherdir obalaryny has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda amala aşyrýan işleriniň, bu ugurdaky goldawlarynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, meýdançalarynda, edara-kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň töwereklerinde emele gelýän gözel görnüşler ýylsaýyn artyp, hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu ýerde alnyp barylýan şeýle işlere Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda kärhananyň ýyladyşhana bölüminiň agzalarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýtmak bolar.

Bahar gözelligi — fotosuratlarda

Türkmen tebigaty täsinliklere, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýän ajaýyp künjeklere, gözelliklere juda baý. Jümle-jahanyň gaýtadan janlanyşy, täzelenişi başdan geçirýän nurana ýaz paslynda bolsa sahawatly sähralaryň, dag-dereleriň, deňizdir derýa boýlarynyň, köl ýakalarynyň gözellikleri, umuman, mukaddes türkmen topragyna mahsus ähli ajaýyplyklar özi-de tebigatyň bir bölegi bolan ynsan kalbyna aýratyn ylham berip, ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň doktoranty, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Allamyrat AKMYRADOWYŇ ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran ylmy-döredijilik iş saparlary mahalynda düşüren köp sanly fotosuratlarynda hem şeýle ajaýyplyklar aýdyň şöhlelenýär. Onuň fotosuratlarynda, öz käri bilen baglylykda, Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň, esasan-da, dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, jana şypaly dürli künjekleriniň gözellikleri açylyp görkezilýär.

Biler bolsaňyz!

Kepel agajyKepel agajynyň (Stelechoсarpus burahol) watany Indoneziýanyň Ýawa adasy hasaplanýar. Kepel agajy diňe ýyly ýurtlarda ösýär. Bu miweli agajy Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerinde hem ösdürip ýetişdirýärler. Kepel — hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, boýy 20 — 25 metre çenli ýetýär. Onuň dik ösýän baldagy çalymtyl-goňur ýa-da goýy mele reňklidir. Bir agajyň özünde uzynlygy 12 — 30 santimetr bolan goýy ýaşyl, gülgüne reňkli ýapraklary görmek bolýar. Baldagynyň aşaky böleginde uzyn miwe sapaklarynda miweleri bolýar. Miweleriniň ýakymly ysy bolup, olaryň uzynlygy 60 santimetr, ini 4,5 santimetr bolýar. Şekili boýunça armyda meňzeş bolup, daşy galyň mele gabyk bilen örtülendir. Miwesiniň süýji, mango meňzeş tagamy bolup, olaryň bişendigini diňe kesip görmek bilen bilip bolýar. Miwesiniň içki etlek gatlagy mele ýa-da goýy sary reňkde bolsa, onda onuň bişendigini aňladýar.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Bag ekmek — sogaply iş Bag ekmek sogap işleriň biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelge ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň her ýyl köpçülikleýin bag ekmek boýunça ýörite Karara gol çekmegi bu işiň bahar, güýz aýlarynda giňden ýaýbaňlandyrylmagyna badalga berýär.