"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Daragt bilen duşuşyk

Men bu ýere gelip kimdir birine garaşamok. Gaýta adamlaryň özleri gelýär. Sebäbi onuň huzuryna gelip haýran galmazlyk mümkinem däl. Belki, siz ony görensiňizem?! Bu seýilbag açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýada salýar. Şonuň üçin men bu ýola mekdebe barýan ýol ýaly öwrenişikli. Onuň şo bolşy. Her gezek göýä, tanyş adam bilen görüşýän deý, onuň ýanyna barýaryn. Golaýladygymça o daragtyň öz gujagyna atarýan täsin duýgulary oňa hormatymy artdyrýar. — Essalawmaleýkim!

Gyş pasly

Güýz paslyny yzda goýup, täze ýazlara ýakynlaşdyrýan gyş pasly dowam edýär. Planeter togalagynyň astronomiki gyşy bu pasyldaky Günüň günortan beýikliginiň üýtgemän galýan wagtyndan başlap, bahardaky gündiz bilen gijäniň birmeňzeş uzynlygyna çenli dowam edýär. Bu wagt Demirgazyk ýarymşarynda 22-nji dekabrdan 21-nji marta, Günorta ýarymşarynda bolsa, 22-nji iýundan 21-nji sentýabra çenli aralyga gabat gelýär. Dürli ýyllarda Ýer ýüzünde bu astronomiki pursatlar dürli wagtlara (görkezilen günüň içinde) gabat gelýär. Astronomiki taýdan ýylyň Gün ýagtylygynyň iň az sagady bolan güni gyş möwsüminiň ortalaryna gabat gelýär. Ýyl hasaby boýunça gyş pasly Demirgazyk ýarymşarynda dekabr, ýanwar, fewral, Günorta ýarymşarynda bolsa iýun, iýul, awgust aýlaryny öz içine alýar. Ata-babalarymyz milli senenamamyzda gyş paslyny dört bölege bölüpdirler. 22-nji noýabrda garagyşyň başlanýandygy, 7-nji dekabrda bolsa, uly çilläniň başlanýandygy hasaba alnypdyr. Uly çille 17-nji ýanwara çenli aralygy öz içine alýar. Ondan soňra kiçi çille başlanyp, ol 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürden 22-nji fewrala çenli aralyga ahyrky garagyş diýilýär.

Agaç kökünden köpri

Bu köpriniň hiç hili demir bölekleri we beton diregleri ýok. Ol diňe agaçdan durýan bolsa-da, ony gurmak üçin asla agaç çapylmady. Onuň syry agaçlaryň kökleriniň, biri-biri bilen berk baglanyşyklylygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde ösümlikleriň özleri ýaşamagyny dowam edýärler, kökleri ösýär we güýçlenýär. Bu bolsa, köpriniň wagtyň geçmegi bilen has-da berkemegine getirýär. Agaç köklerinden dörän dünýä belli janly köprüler Hindistanyň gündogarynda, Meghalaýa ştatynda ýerleşýär. Gadymy döwürlerden bäri Khasi halkynyň taýpalary bu ýerde ýaşapdyrlar, nesilden-nesle geçirip, agaç köklerinden janly köpri döretmek sungatyny gorap saklapdyrlar. Taryhy ýazgylarda 1844-nji ýylda ýewropaly syýahatçy Geni Ýuluň kökden dörän köprüleri gören ilkinji adamdygy baradaky maglumatlar bar. Emma Khasilerde köpri gurmak däbiniň ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ýyl bäri bardygyna şübhe ýok. Bu ýerde bir we iki hatarly köprüler giňden ýaýrandyr. Şunuň ýaly desga, Khasi obasynyň golaýynda ýerleşýän Paýnersla atly kiçijik janly köprüdir. Şeýle köprüler hemişe gök öwüsýär.

Makaronmy ýa-da gül?

Ekzotikanyň ýokary bezeg häsiýetlerini adaty bolmadyk ýapraklary bilen üpjün edýän bu ösümlige Trahiandra diýilýär. Bu ösümlik ýapraklarynyň plastikligi bilen Afrikanyň endemik görnüşi hasaplanýar. Adatça Trahiandra höwesjeň gül ösdürip ýetişdirýänler tarapyndan köpeldilýär. Tebigatda bu ösümligiň 50-ä golaý görnüşi bar. Olaryň köpüsi pes, köpýyllyk gyrymsy agaçlar, muňa garamazdan, Trahiandranyň bir ýarym metr beýiklige ýetip bilýän görnüşleri-de bar. Trahiandranyň esasy aýratynlygy spiralda bükülýän adaty bolmadyk ýapraklarydyr. Spiral şekilli täsin ýapraklary ony gurak howadan goranmaga kömek edýär. Iň yssy howada bolsa, gaty we berk spirallara öwrülýärler.

Köýtendagyň täsinlikleri

Köýtendag dag gerişleriniň we derýa jülgeleriniň ekologik ulgamlarynyň toplumyny dikeltmek, gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny baýlaşdyrmak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda Köýtendag döwlet goraghanasy döredildi. Onuň umumy meýdany 27139 gektara deňdir. Goraghananyň düzüminde Hojaýpil, Hojaburjybelent, Garlyk, Hojagarawul çäkli goraghanalary bar. Köýtendagda 60-a golaý ululy-kiçili gowaklar bolup, olardan 6-sy tebigy ýadygärlik hökmünde ykrar edilendir. «Haşymoýuk», «Gülşirin», «Aralyk», «Gapgotan», «Daşýürek» gowaklary özleriniň ylmy, gözellik, syýahatçylyk gymmatlyklary boýunça örän ähmiýetlidir. Bu gowaklar, esasan, ýeriň aşaky gatlaklaryndaky ýumşak jynslaryň suwda eremegi sebäpli boşluklaryň döremegi netijesinde millionlarça ýyllaryň dowamynda döräpdir. Olaryň ählisi Garlyk obasynyň gündogarynda Köýtendag gerşiniň demirgazyk eňňidinde ýerleşýär.

Gulan

Gulanlaryň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetr, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Ýaşaýan ýerleri: dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler, dag etekleriniň beýikli-pesli baýyrlyklarydyr. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Gulanlar dürli otjumak ösümliklerdir agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Olar köplenç Bathyzda, Köpetdagda, Gaplaňgyrda, Sarygamyş çöketliginde duşýarlar. Amatsyz şertler dörände, başga ýerlere süri bolup göçüp gidýärler, köpelýän döwürlerinde, ýagny, tomusda suwa golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Gulan alymlaryň geçiren barlaglary boýunça «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenilendigi sebäpli Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir.

Gyzykly maglumatlar

Ýaponiýada ýetişdirilen gara garpyzyň bahasy 6300 amerikan dollaryna barabar boldy. * * *

Guguň çigildemi

Örän owadan bu gülli ösümligiň dünýäde, takmynan, 100, Türkmenistanda 16 görnüşi duş gelýär. Bu gül Diýarymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi Köpetdagda, Sünt — Hasar daglarynda duşýan endemik hasaplanylýar. Guguň çigildemi — sowsanlar maşgalasynyň çigildemler urugynyň boýy 15-45 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekilidir. Toprakdaky soganlygy süýrümtik ýumurtga şekilli, ýokarsy gysylan, uzynlygy 48-60 millimetr, ini 32-40 millimetrdir. Soganlygynyň gabygy goňur reňkli, perdeli, içi örän gür çal ýa-da agymtyl-çal ak keçe ýaly tüýjagazlar bilen örtülendir. Baldagy güli bilen bilelikde uzynlygy 15-45 santimetr, 4-6 ýaprakly, tas ýalaňaç ýa-da gysga tüýlüjedir.

Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň baky bagtyýarlygy

Tebigaty goramak, onuň her daban ýerine aýawly çemeleşmek adamzadyň borjudyr. Adamzat tebigat bilen ylalaşykly ýaşamagy öňünde ýörelge edinip, bu ugurda derwaýys işleri amal etmeli. Tebigat — biziň ýaşaýan öýümiz. Arassa howany, ene topragy sarpalamak her birimiziň hakydamyzda ýaşaýar. Türkmen tebigaty Hak tarapyn ýalkawly mekan. Güneşli Diýarymyzyň uly rowaçlyga beslenýän döwlet syýasatynda ekologiýa abadançylygyny dabaralandyrmaga gönükdirilýän işleriň özeninde hem şeýle ýalkawlylykdan ruhlanmak bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda geljegi nazarlaýan oňyn ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmaga, ýaş nesillerde tebigata söýgini terbiýelemäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüşiň esasy guralydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň geçirilmegi, ýurdumyzyň ekolo

Tebigat — biziň öýümiz

Ekologiýa kanunçylygy kämilleşýär Türkmenistan döwletimiz tebigy gözelliklere örän baýdyr. Tebigatyň bu gözelligini gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen duýmak gerek. Diňe şonda türkmen topragyndaky gözellige hakyky baha berip we onuň nähilidigine akyl ýetirip bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Uly çille

Bu ýyl gyş pasly senenama hasabynda gelene meňzedi. Gyşyň öňi hasaplanýan garagyş döwründe sowuk günleriň indi uzakda däldigini birnäçe tebigy hadysalar duýdurdy. Şol duýduryşlardan görnüşi ýaly, garagyşyň başy maýyl gelse-de, onuň soňy aýazly, garly howa ýazdy. Demirgazykdan aralaşan çygly sowuk akym, ilki bilen, Daşoguz welaýatyny, soňlugy bilen beýleki welaýatlary-da gurşap aldy. Netijede, garagyş öz borjuny kemsiz ýerine ýetirip, ornuny uly çillä berýär. «Çille» «kyrk» diýen manyny berýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu möwsüm gyşyň gazaply 40 gününi öz içine alýar. Onuň yz ýanyndan gelýän, 17-nji ýanwardan başlanýan kiçi çille bolsa, eger-de uly çille gazabyna tutan bolsa, «Uly doganym zäherini döküpdir, şol besdir» diýip maýyllyk bilen geçýär. Emma ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýmek bilen, gyş tä öz ornuny nowruza berýänçä, ätiýajy elden bermändirler. «Ýylyň ýyldan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi hem çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Köpigören gojalarymyzyň aýtmaklaryna görä, gyş üç hili bolarmyş. Bir gyş bardyr, ir geler, giç çykar. Ol güýzüň soňuny, ýazyň öňüni awlar-da, uzak dowam eder. Ikinji bir gyş bardyr, ol wagtynda geler, wagtynda hem çykar. Ol çarwa üçin-de, daýhan üçin-de amatlydyr. Ýene bir gyş bolýar, ol giç düşer, ir çykar. Öňüni güýze, soňuny ýaza berýän bu hili gyşlara goşa ýaz hem diýýärler. «Ýalaňaja ýaz ýagşy» diýen

Çynar agajy

Biziň güneşli ýurdumyzyň çäginde ösýän çynar agajy özüniň berkligi, uzak ýaşaýanlygy bilen tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda iki müň ýyldan gowrak ýaşy bolan çynar agajyna hem duşmak bolýar. Şeýle uzak möhlete çenli saklanyp galan bu daragtyň diňe göwrüminiň özüniň 12 metre ýetýändigi bellärliklidir. Alymlaryň çaklamagyna görä, çynar agajynyň iň gadymysy Türkiýede, Bosforyň golaýynda ösýär. 2300 ýyl ýaşy bar diýlip çaklanylýan bu çynaryň boýy 50 metrden geçýär. Çynar agajy, esasan, Ýewraziýa yklymynda ýaýrandyr. Gündogar halklarynda bu agaja bolan hormat şeýle uly bolansoň, ir döwürlerde adamlar her çynar agajyna özboluşly at beripdirler. «Çynar» sözüniň asyl gelip çykyşy türki söz bolup, ol «belent», «uzyn» manylaryny berýär. Türki halklarynda bu agajyň adyny perzentlerine hem dakýarlar. Halkymyzda Çynar ady gyz maşgala dakylýar. Munuň özi halkymyzyň bu daragta bolan hormatynyň uludygynyň nyşanydyr.

Mikroplastikalary toplaýan robot balyk

Hytaýyň Siçuan uniwersitetiniň alymlary suwda mikroplastikalary ýygnamak üçin robot balygy döretdiler. Robot guýrugynda ýerleşdirilen lazer şöhlesi bilen herekete girýär we suwdaky mikroplastikalary bedenine ýelmeşdirip ýygnap başlaýar. Robot balygynyň hereket tizligi sekuntda 30 millimetre ýetýär.

Guşuň täze görnüşi tapyldy

«Kapotly pitohui» ylmy gözlegler bilen tassyklanan dünýädäki ilkinji zäherli guşdur. Täze Gwineýada bu guşuň zäherlidigini bilseler-de, alymlar onuň bu aýratynlygyndan bihabardylar. Şeýle-de bolsa, Jek Dumbaçer atly gözlegçi guşy tutup, barmagyny onuň agzyna salanda zäherlidigine düşünipdir. Ol ýaralanan barmagyny derrew çekip aýryp, agyryny aýyrmak üçin agzyna salypdyr. Tiz wagtdan diliniň we dodaklarynyň çişip başlandygyny, soňra agyz boşlugynyň içiniň burç iýen ýaly, ajandygyny duýupdyr.

Ýel bilen Güne 10 göterim degişli

«BloombergNEF» (BNEF) tarapyndan taýýarlanan hasabata görä, 2021-nji ýylda öndürilen elektrik energiýasynyň 10 göteriminden gowragy ilkinji gezek ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edildi. 2021-nji ýylda öndürilen 3000 terawatt sagat elektrik energiýasynyň 10,5 göterimi ýel bilen Gün energiýasynyň birleşmegi netijesinde emele geldi. Geçen ýyl Gün esasly energiýanyň umumy energiýa islegine goşandy 3,7 göterime, ýel energiýasy bolsa 6,8 göterime çenli ýokarlandy.

Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramasynyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamasy. Bu resminamala

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Gadymy Uzboýuň gözellikleri

Uzboý türkmen tebigatynyň täsin tebigy ýadygärlikleriniň biridir. Onuň taryhy bilen içgin gyzyklansaň, tebigatyň gözel künjegi hakynda gyzykly kitaby okap oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Gadymy Uzboýuň aşaky hem-de orta akymlaryna syýahat etmegi maksat edinen adamyň ýoly Uly Balkanyň dag eteklerinden başlap, Garagumuň merkezindäki Palaýhanata oýlugynyň üstünden düşýär. Ýolugruna duşýan äpet zemzemler, dürli görnüşli ýylanlar bu sebitiň haýwanat dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär. Uzboýuň akabasy uç-gyraksyz sähranyň goýnunda ajaýyp görnüşi emele getirýär. Bu akabanyň ugrundaky owunjak kölçeleriň keşbi duzlaryň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy bilen garyşyp gidýär. Emma asyrlaryň dowamynda güýçli ýelleriň, Uzboýuň bol suwunyň täsiri astynda ýylmanan derýa kenary göreni haýran galdyrýar. Töwerek-daşy synlap, bir wagtlar bu ýerde ýaşaýşyň möwç urandygyny görkezýän alamatlary görmek bolýar. Gadymy hananyň golaýyndaky Ýasga köli göçegçi guşlaryň ýalazy sähradaky ýeke-täk howpsuz we ajaýyp düşelgesidir. Goýä, bir gudrat bilen döräne çalymdaş Ýasga kölüniň göm-gök suwy daş-töweregi gurşap alan sap-sary çölüstanyň içinde merjen dänesi deý öwüşgin atyp, bu ýeriň görküne görk goşýar. XX asyryň belli gidrobiology Kumin Ýasga köli bilen ilkinji duşuşygynda dörän duýgyny, ine, şeýle beýan edipdir: «Ençe günläp ýol söküp, biz ahyr kenarlary altyndan, suwy bolsa kümüşden ýasalan ýaly d

Gyş gapyny kakanda

Şu gün gyşyň ilkinji güni. Ýöne halk senenamasy boýunça bolsa 23-nji noýabrda garagyş döwri başlanyp, ol 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu paslyň gelmegi bilen daýhanlaryň işi paýawlaýar, maldarlar üçin bolsa jogapkärli möwsüm — dowarlary gyşlatmak möwsümi başlanýar. Ýylyň ýyldan, paslyň pasyldan parhy bar. Ine, ýigrimi birinji asyryň ýigrimi ikinji ýylynyň altyn güýzi bereketli, hümmetli geldi. Daýhanlarymyzyň çeken zähmeti ýerine düşdi, dürli ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Atyzlardaky berekedi ýygnap almak işine köp güýçler jemlenildi. Şonuň netijesinde nygmat bolçulygy döredildi. Tebigat hem ýer eýelerini «goldady»: güýz paslynyň soňky aýlary örän ýyly we ygalsyz geldi. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň bol hasyly yrýasyz ýygnap almaga oňyn şertleri döretdi.