"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Tebigat bilen sazlaşyk

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler.

Ak gar ýagýar ak bagtymyz mysaly

Halkymyz ak zady alnyna sylýar. Ilimiz-günümiz gutlag sözüni aýdyp, ýagşy dileg edende-de ak ýol, ak bagt arzuw edýär. Dünýä inen çagajygyny bagryna basýan ene-de ony ak gundaga dolaýar. Ine, bu gün ene ýere atylan ak don mysaly Zeminiň gerşine ýapylan ak gar hem tebigatyň adamzada bagyşlan iň ajaýyp serpaýy bolup kalbymyza şatlyk eçilýär. Biziň parahat Watanymyzda ak zatlara aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine daşymyzy gurşap alan ak mermerli binalar hem şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyz başyna geýýän silkme telpegini-de başynyň buýsanjy, baş döwletiniň ilkinji alamaty hökmünde söýüp, ony seçelenip duran ak deriden tikýär. Ene-mamalarymyzyň bütin ömrüne perzendine bagt diläp, zähmet çekip ýygnan, ýygşyranja zadyny gelnine niýetleýändigini hemmämiz bilýäris. Gapydan sag aýagy bilen ätläp, döwletli ojagyň törüne geçýän gelniň hem alnyna ak ýaglyk daňyp, kürtesiniň maňlaýyny ak seçek bilen bezeýän halkymyz her bir işi aklyga, gowulyga, şowlulyga ýorýar. Gar — zeminiň zynaty. Bu gün asmanyň ak bulutlary ýere düşene çalym edýär. Gar ýagandan soň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlar aýratyn şatlyk bilen gurşalýar. Hasyl baryny berip, gyşda ak gardyr ýagyn-ýagmyryň astynda dynç alyp ýatan ene toprak bolsa dünýä inderen balasyny bagryna basyp, ynjalyk tapan ene ýaly bir enaýy görke gelýär.

Tebigatyň gyş ertekisi

Gyş paslynyň gelip, göz gamaşdyryjy kümüş reňkli garyň ýagmagy bilen, bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Gar tozgajyklarynyň seçelenip topragyň ýüzüni örtmegi, agaçlaryň şahalaryny täsin bir sungat eserine öwürmegi kalbyňy heýjana getirýär. Şeýle owadanlygy döredýän gar we gar tozgajyklarynyň döreýşi, gurluşy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Sary nargyz

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin arassa, ynsan saglygyna peýdaly, gözel we oňaýly bolan daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigat — bu biziň ählimiziň öýümizdir. Şonuň üçin daşky gurşawy, howany arassa saklamak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak we geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen tebigatynda adamzada peýdaly birnäçe agaçlar we ösümlikler bar, olar biri-birinden görnüşleri, reňkleri we ýaşaýyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de sary nargyzdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -11... -16 gradus sowukdan -4... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2 gradus sowukdan +3 gradusa çenli maýyl, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0... -5 gradus sowuk bolar.

Nesillere saýa gerekdir hökman

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şahyr Gara Seýitliýewiň: Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,Dünýä kitabynda onuň ady bar —

Hoýbaly hekaýat

Esasan, Esenguly etrabynyň çäginde, subtropik şor utgaşykly çägeliklerde bitýän bu ösümlik bilen köpden bäri gyzyklanyp ýördüm. Ýöne oňa degişli ylmy çeşmelere duşmadym. Ady düşündirişli sözlüklerde-de gabat gelenok. Etrabyň Çekişler obasyndaky 5-nji orta mekdepde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Etrabyň bilim ulgamyna degişli sergi, dersler bilen bagly tejribe alyşmak üçin «açyk sapaklar» guraldy. Oňa gatnaşmak üçin barýarkak, uly ýoldan sowlanymyzda, obanyň gyrak-bujagynda hoýbanyň ösüp oturanyny gördüm. Bilesigelijiligim ýene-de böwrümi byjyklap ugrady. Ýöne, näme üçindir, bu hakynda delilli maglumatlar bol däl. Ol barada okuw kitaplarynda-da agzalmaýar. Nämäniň gürrüňini edýändigimize gapdaldan gulak gerenleriň biri:

Serwi agajy

Türkmen tebigaty özüniň ajaýyplygy, dürli ösümliklere baýdygy bilen tapawutlanýar. Derýa-deňzi, çöl-baýyrlary, dag-deresi bilen jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän ata Watanymyzda ösýän, ýylyň islendik paslynda gök öwüsýän serwi agajy ýalaňaç tohumly ösümliklere degişlidir. Boýy 20 metre barabar bolan bu agajyň şahalary sütüninden ýokarlygyna ösýär. Pürli pudaklary bir tekizlikde ýerleşýär. Baldagyndaky pürleri gögümtil ýa-da açyk ýaşyl reňkli bolýar. Gozalarynyň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Serwi örän owadan, ýakymly ysly, gelşikli agaç bolandygy üçin ony seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda bezeg üçin ekýärler. Bu agajy dykyz, berk bolýandygy üçin gurluşyk önümi hökmünde-de ulanýarlar. Onuň agajy aňsat ýonulýar we ýylmanylýar. Şol sebäpli ol mebel ýasamakda-da giňden ulanylýar.

Umbar pälwanyň deresi

Köýtendagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine haýran galmadyk syýahatçy ýok bolsa gerek. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly pälwanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly pälwan ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan ilaty talaňçylardan gorar eken. Bir gezek talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, olar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga dyrmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy onuň yzyndan galarly däl eken. Şol barmana Umbar pälwanyň öňünden bir uly dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzugra böküp geçipdir. Talaňçylar bolsa dereden bökmäge milt hem edip bilmändirler. Ine, şondan soň deräni «Umbaryň deresi», bu ýerdäki täsin şaglawuga bolsa «Umbaryň şaglawugy» diýip at beripdirler.

Mynasyp goşant

Ekologiýa meselesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ähli ugurlarda alnyp barylýan hojalyk işlerine ekologik nukdaý nazardan garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, çölleşmegiň öňüni almak, Garagum çölüniň, Hazar deňziniň, Köpetdag, Köýtendag, Balkan daglarynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, gazylyp alynýan baýlyklary netijeli peýdalanmak ýaly möhüm meseleleri çözmekde bähbitli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak bilen bagly milli kanunçylygymyz has-da kämilleşdirilip, halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Olara «Syýahatçylyk hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi we beýlekiler degişlidir.

Towşan ýyly — toý ýyly

Baýramçylyk lybasyny geýen gözel Diýarymyzda bagtyýar il-ulsumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen eziz Watanymyza uly üstünlikler getiren 2022-nji ýyly taryhyň gatyna ugradyp, 2023-nji — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny», türkmenleriň milli müçenamasy boýunça towşan ýylyny uly şatlyk-şagalaň bilen garşylady. Eýsem, biz 2023-nji — towşan ýylyndan nämelere garaşýarys?! Türkmen halkynda «Her ýyl özüniň adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýyş şertlerine, tebigatda özüni alyp barşyna görä, öz aýratynlyklary bilen gelýär» diýen ynanç bar. Özem bu ynanç irki zamanlardan bäri halkyň aňynda ykjam orun tutup gelipdir.

Köýtendagyň täsin kölleri

Köýtendagyň täsinlikleriniň ýene-de biri onuň karst hadysasy netijesinde emele gelen täsin kölleridir. Bu ýerde ululy-kiçili kölleriň onlarçasy bar. Köýtendagda hemişelik gar çyzygynyň deňiz derejesinden 3700 metr ýokardan geçýänligi sebäpli, bu ýerde ýylboýy saklanýan gar örtügi ýok, ol maý-iýun aýlarynda eräp gutarýar. Bu bolsa dag eteklerinde dürli ululykdaky we çuňlukdaky karst kölleriniň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Köýten obasynyň golaýyndaky Ketdeköl tebigy suw howdany ýurdumyzda iň çuň we süýji suwly köl hasaplanýar. Ol şol ýerden akyp geçýän Köýten derýasynyň sag kenarynda, deňiz derejesinden 754 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu onuň Watanymyzda deňiz derejesinden iň ýokarda ýerleşen köldügini görkezýär. Onuň uzynlygy demirgazykdan günorta tarapa 450 metr, ini 375 metre uzalyp gidýär. Tutýan meýdany 25 gektar, çuňlugy 59 metrdir.

Tebigata söýgi

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, diňe bir obalarymyz we şäherlerimiz däl, eýsem, sähralarymyz, tebigatymyz hem bagy-bossanlyga öwrülýär. Biz, mugallymlar hem döwletli işlerden ugur alyp, tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenýäris. Tebigat barada il arasynda duş gelýän gyzykly gürrüňleri we bag ekmäge degişli gymmatly maslahatlary ýazga geçirýäris, olary okuwçylara öwredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzda tebigata bolan aýawly we mukaddes garaýyşlary kemala getirýär. Ýel bilen sazak

Towşan ýyly — bereket

Her ýyl öz häsiýeti, rysgal-berekedi bilen adamzadyň ykbalynda yz goýup gidýär. Ýurdumyza bereket bolup gelen Bars ýyly özüniň şatlyklary, ajaýyp wakalary bilen taryhyň gatyna, ýyldyzlar senenamasyndan ýene 12 ýyldan aýlanyp gelmäge gidýär. Indi onuň ýerini parahatçylygyň we asudalygyň, rysgal-berekediň, sahawatlylygyň, ugurtapyjylygyň, çakganlylygyň nyşany bolan Towşan ýyly Zemine myhman bolup geldi. Geliň, Towşan ýylynyň bize nämeler getirýändigine nazar aýlalyň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.

Gyş pas­ly­nyň gu­ja­gyn­da...

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Gyş pas­ly, gö­räý­mä­ge, ag­ras, ga­zap­ly gö­rün­se-de, onuň gel­me­gi bi­len, yn­sa­ny haý­sy­dyr bir tä­sin şat­lyk duý­gu­sy gur­şap al­ýar. Gy­şyň ala­mat­la­ry ýü­rek­le­ri şeý­le­bir gur­şap alyp­dyr we­lin, onuň ge­le­ri­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys.

Aňňat-aňňat depelerden ýol ýasap...

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasyna gezelenjini amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň gezelenjiniň dowamynda baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan sahawatly sähramyzy synlamagy, Garagumda sport ulagynda gezelenç etmegi bizi örän buýsandyran waka boldy. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Garagum sährasynyň umumy tutýan meýdany 350 müň inedördül kilometre deň. Sähranyň ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, guwanjydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyò kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Kunsit — gülgüne göwher

Kunsit juda täsin mineral bolup, bary-ýogy ýüz ýyl mundan öň, ýagny XX asyryň başynda dünýä meşhur bolýar. Mineral kaliforniýaly gözlegçiler tarapyndan tapylýar we ilki «ametist» diýlip ýalňyş kabul edilýär (käwagt oňa henizem spodumen-ametist diýilýär). Bu daşy kaliforniýaly ataly-ogul tapýar. Olar bu mineraly özbaşdak kesgitläp bilmeýärler we öwrenmek üçin gemmologa geçirýärler. Meşhur amerikan gemmology Jorj Kuns daşyň hakyky tebigatyny kesgitleýär we ilkinji gezek açyş edeniň hatyrasyna, bu daş «kunsit» diýlip atlandyrylýar. Şondan bäri kunsit owadanlygy bilen gymmat bahaly daşlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanyp gelýär. Bu daşyň şeýle meşhurlyk gazanmagyna amerikanyň zergärçilik sungaty sebäp bolýar. 1900-nji ýyllarda gemmolog J.Kuns geň-enaýy daşlaryň gözleginde bolan Tiffany zergärçilik kärhanasynda işleýär. Elbetde, geň, täsin we owadan kunsit ony görenlerde dessine gyzyklanma döredýär. Tiffany kärhanasy täze daşy mahabatlandyryp, ondan şaý-sep bezeglerini öndürip başlaýar. Häzirki wagta çenli bu mineral ABŞ-da we Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolup, ol «gülgüne göwher» diýlip hem tanalýar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Ýanwar aýy

1.Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Ýanwar aýynda ýyldyzlar hamallara ýatdan çykmajak wakalary wada berýär. Siz bu döwürde durmuşyňyzda ýüze çykyp biljek päsgelçilikleri aňsatlyk bilen ýeňip geçip bilersiňiz. Bu döwürde hünär taýdan öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetersiňiz. Işiňizde uly üstünlikler we ösüşler garaşýar. Iş ýeriňizde ýürekdeş kärdeşleriňiziň maslahatlaryna eýeriň. Täze pikirleriňizi durmuşa geçirmekden çekinmäň. Ýanwarda serişdeleriňizi tygşytly peýdalanmak maslahat berilýär. Aýyň ahyrynda girdeji çeşmäňiziň artmagyna garaşylýar. Şahsy durmuşyňyzda uly üýtgeşmeler bolup biler. Maşgalaňyza hoş habar garaşýar. Ýanwar aýynda durmuşyňyzda şatlykly günleri başdan geçirersiňiz.