"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.  Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Täsin gül hakda söhbet

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Kak­tus­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan ka­du­pul at­ly gül di­ňe Şri-Lan­ka­da ös­ýär. Ol hak­da şeý­le ro­wa­ýat bar: Gurp­ly maş­ga­la­dan bo­lan bir ýi­git gül­le­ri öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan alym gy­za aşyk bol­ýar. Gyz oňa gö­wün ber­me­se-de, ak­ýü­rek ýi­gi­diň göw­nü­ne deg­mä­ge döz­män: «Açy­lyp, Gün şüh­le­si­ne lo­wur­dap du­ran ka­du­pul at­ly gü­li ge­ti­rip ber­seň sö­zü­ňi ka­bul ede­ýin. Ýö­ne ol hök­man gül dü­ka­nyn­dan sa­tyn al­nan bol­sun» di­ýip, şert goý­ýar.

Gelegurt hüjümine hile

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler. Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Ýaş nesli zähmetsöýerlik, watanperwerlik, tebigatsöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna tebigatyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga ýardam etmegi ündäpdirler. Möjek, böri we gurt sözlerini öz ogullaryna adam ady hökmünde dakmaklary hem pederlerimiziň türkmen tebigaty bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp barandygyna mysal bolup biler. Möjekler ýaşaýan ýeriniň toprak-howa şertlerine örän gowy uýgunlaşandyrlar. Halkymyzda “böri” diýlip atlandyrylýan möjeklere ýiti gözlülik, ýokary duýujylyk hem ys alyjylyk, ugurtapyjylyk, çydamlylyk, sabyrlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Möjekleriň aşaky hereketli äňini galdyryjy-düşüriji myşsalary ösen bolýar. Päki ýaly ýiti dişleri berk bolup, azy dişleri gaýçy ýaly kesmäge ukyplydyr. Olaryň bu aýratynlyklary awlarynyň hemişe bolmasa-da, köplenç, şowuna bolmagyna getirýär.

Asyrlara şaýat Köpetdagym

Görkana Watanymyzda tebigatyň ähli täsinlikleri jemlenendir. Gojaman Köpetdagyň täsin tebigat dünýäsine syýahat edeniňde ozalda bir dana pähimdaryň belleýşi ýaly, özüňi onuň bir bölegi hökmünde duýýarsyň, oňa bolan söýgiň biygtyýar artýar. Köpetdagyň dereleri türkmen edermen ýigitleriniň at çapyp, seýrana çykyp, ýurdy belentden synlan ýerleri, janlaryny orta goýup goran, mukaddeslige öwren mekany. Häzir bu ýerleriň tebigaty goralyp, baýlyklary dikeldilip, giňden öwrenilýär. Dagyň özboluşly tebigat dünýäsi has-da baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde hereket edýän Türkmenistanyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy bu tebigy zolagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenmek bilen, onuň mümkinçiliklerini, tebigy şertlerini hem-de peýdaly täsirlerini açýar. Goraghanada ähli zerur bolan ekologik we gorap saklamak çäreleri amala aşyrylýar.

Kürendagym — hazynalar mekanym

Goja Balkandan gündogar sary gaýdyp, dogduk obama golaýlanymda, kalbym täsin duýgulara gaplanýar. Tebigatyň bolluk bilen eçilen gözellikleri özüne bendi edýär. Ilerligine ser salsaň, gözýetimden uzaklarda Küren oba gözüň düşýär. Obany ýanbaşlap oturan keremli daglary synlap, bu daglaryň ýöne-möne daglar däldigine göz ýetirýärsiň. Ir zamanlarda obalylar Kürendagynyň künjünden keýikdir aýrak, käkilikdir aw guşlaryny awlap, güzeranyny dolandyrypdyrlar. Dag göwsünden syzylyp çykýan dury suwly çeşmeler adamlaryň teşneligini gandyrypdyr.

Peýnit — iň seýrek duş gelýän mineral

Dünýäde iň seýrek düş gelýän gymmat bahaly tebigy minerallaryň biri-de peýnitdir. Bu syrly daşyň nusgalarynyň sany çäklidir, ýöne minerologik kolleksionerler her bir kristal üçin ummasyz pul tölemäge taýyn.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Fewral aýy

1.Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Fewral aýynda hamallar käbir zerur meseleleri çözüp, aýgytly ädimleri ätmeli bolarlar. Bu döwürde duýgularyňyza erk etmek maslahat berilýär. Gyş paslynyň soňky aýy hamal ýyldyzy astynda doglanlara täze mümkinçilikleri, ösüşleri wada berýär. Iş ýeriňizde özüňize degişli bolmadyk işlere goşulmaň. Bu döwürde islendik karary almazdan ozal, «ýedi ölçäp, bir kesmek» maslahat berilýär. Ileri tutulýan ugurlary kesgitläň we ownuk-uşak zatlara üns bermäň. Sabyr ediň we oňyn işleri alyp barmagy dowam ediň. Ýerine ýetiren işleriňize görä aýyň ahyrynda netije alarsyňyz. Işdäki ähli başlangyçlaryňyz ýakyn wagtda üstünlikli işlere getirer.

Köýtendagyň gowaklary

Häzirki wagtda Magdanly-Köýtendag tebigy daglyk etrabynda 60-a golaý gowak barada ýazylyp, beýan edildi. Olaryň ählisi 10 metrden uzyn bolup, umumy uzynlygy 75372 metre deňdir. Olaryň içinde 8 sany gowagyň uzynlygy 350 metrden geçýär. Bu gowaklaryň iň uzyny Gapgotan-2 gowagydyr, onuň uzynlygy 27100, ikinji orunda Aralyk gowagy bolup, uzynlygy 24000, üçünji orunda bolsa Haşymoýuk gowagy bolup, uzynlygy 9500 metre ýetýär. Gapgotan-2 gowagynyň içinde köljagazlary we beýikligi 2-3 metr bolan şaglawuklary döredýän ýerasty çeşmeleriň ikisi bar. Kepderhana gowagynyň içinde bolsa ýüzlerçe inedördül, metr meýdany bolan köli emele getirip, akyp ýatan ýerasty derýa bar. Käbir gowaklaryň içinde çuň köller bar. Gowagyň dowamyny öwrenjek bolsaň, onda suwa çümüjileriň eginbaşlaryny we enjamlaryny ulanmaly bolýar. Ýokardan akyp gelýän suw gowaklarda hekden, kalsitden, aragonitden, ankeritden, dolomitden, angidritden, kaliý, kalsiý, natriý, magniý duzlaryndan dürli görnüşleri emele getiripdir. Olaryň ýokardan sallanyp duranlaryna stalaktit, aşakdan ýokary ösenlerine stalakmit, ikisiniň birleşmeginden emele gelen görnüşlere stalagnat ýa-da «sütün» diýilýär. Käbir gowaklarda diwardan gapdala ak gül ýaly ösen hek şahalaryny görmek bolýar, olara ylymda «geliktitler» diýlip at berilýär. Gülşirin gowagynda ak reňkli dürli minerallardan emele gelen şeýle ösüntgiler akylyňy haýran edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Tebigat biziň öýümiz

Bagda keramat bar Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ekologiýany, daşky gurşawy gorap saklamakda, tebigaty has-da gözelleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Tebigatda bar bolan ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, hem-de biziň geljek nesillerimize arassa dünýäni miras galdyrmak ähli gujur-gaýratymyzy sarp edip wagyz-ündew işlerini we çärelerini geçirmek bilen bagly bolup durýar.

Çöller dünýäsi

DÜNÝÄDE iň kiçi çöl

Garagum sährasy täsinligiň hem ajaýyplygyň mekany

Türkmen halkynyň asyrlarboýy ýaşaýyş-durmuşynyň dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum sährasy bilen baglanyşykly bolandygy hemmelere mälimdir. Parasatly pederlerimiz Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bilen iş salşyp gelipdirler. Olar akaba suwa zar bolan bu ümmülmez sähranyň içinde ýagyş suwundan bag-bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar dermanlyk ösümliklerden giňden peýdalanypdyrlar, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň, şor, duzly suwly guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň usullaryny tapypdyrlar. Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.

Kiçi çille

Biziň ýurdumyza günbatardan aralaşan sowuk howa akymy uly çilläniň soňky ongünlügini garly we aýazly günler bilen «bezedi». Bu ýagdaý çarwa üçin käbir kynçylyklary döretse-de, daýhan üçin kem bolmady. Ene ýere çille gary, göýä, dökün bolup siňdi. Güýzlükler üçin indi birnäçe wagtdan bäri garaşylýan asmanyň berekedi ahyrsoňy ak gar bolup indi. «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» nem dileýän daýhan ata-baba tejribesine eýerip, indi kiçi çilläni garşy alýar. Elbetde, ýanwar aýynyň 17-sinden başlanýan kiçi çille hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl daýhany-da, çarwany-da närazy etmese gerek. Sebäbi uly çillede ýagan gar ýeriň ýüzünde ýedi gün ýatsa, gyşyň kabul boldugy hasaplanypdyr. Ýöne beýle diýilse-de, gaty arkaýyn hem bolmaly däl. Sebäbi «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, kiçi çilläniň gazaply häsiýetleri-de bar. Käbir ýyllar onuň iň çalt akýan Amyderýany doňdurýan wagtlary-da bolaýýar. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda şeýle ýagdaý boldy. Şonda öz wagtynda görlen çäreler derýanyň suwunyň ýene-de kadaly akmagyny üpjün etdi. Türkmenler, aslyýetinde-de, uly we kiçi çilleleri «iki dogan» diýip göz öňüne getirýärler. «Allatagala-da uly çilläni doňaklyk etmäge iberýärmiş» diýilýär. Bu ýyl uly çille başda maýyl gelse-de, soňunda gazabyny görkezdi. Gündizlerine -15...-16 derejä, gijelerine bolsa -22 derejä ýeten sowuk aýaz türkmen gyşynyň hem bihal däldigini ä

Dinozawr düzlügi

Lebabyň gözel tebigatly ýerleri barada söhbet açylanda, ozaly bilen, Köýten jülgesi ýada düşýär. Bu ýer diňe bir özüniň ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem, täsinlikleri bilenem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzyň gündogar serhetlerini ýassanyp ýatan Köýtendag täsinliklerden doly. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan yzlar bolsa, hemmeleri haýran galdyrýar. Şol yzlar biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal, Köýtendagyň baýyrlyklarynda dinozawrlaryň ýaşap geçendigine şaýatlyk edýär. Mundan 10 ýyla golaý ozal, ýörite guralan ekspedisiýa bilen şu ýerde barlag işlerini geçiren alym N.Kalandadzeniň ýazmagyna görä, «Bu äpet jandarlaryň şeýle ajaýyp, gowy saklanan yzlary henize çenli görülmedik zatdyr. Şoňa görä-de, munuň özi dünýä ylmynda täze bir sahypany açýar».

Gyraw — açyk howanyň alamaty

Gyş paslynda howanyň ýagdaýy tiz-tizden üýtgäp durýar. Güýzüň soňlanmagy we gyş paslynyň başlanmagy bilen, ýagýan ýagynlaryň sany köpelip, ygal düşüp başlaýar. Howanyň temperaturasynyň peselmegi — gyraw, burjy, sürçek emele gelip başlaýar. Gyraw, esasan, açyk howanyň alamatydyr. Gyrawa birnäçe kesgitleme bermek bolar. Ir ertir ýeriň, otuň, çöp-çalamlaryň üstüne düşüp, ýukajyk ak örtük emele gelýär. Gar tozgajyklaryna meňzeş bolan ygalyň bu görnüşine gyraw diýilýär. Gyrawyň düşmegi üçin howanyň derejesi 0°-dan pes bolmalydyr. Ygalyň bu görnüşi suwuň bugaryp, ýokary galan badyna doňmagy netijesinde emele gelýär. Gyraw diňe ot-çöpüň üstüne däl, Ýeriň ýüzüne hem düşýär.

Daşky gurşawy goramak ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasydyr

Berkararlyk döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we baýlaşdyryp miras goýmak meselesi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak maksady bilen, ýurdumyzda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tebigy gorlary rejeli peýdalanmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ylmy esasda bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, täze tehnologiýalaryň girizilmegi netijesinde döwletiň önümçilik kuwwatynyň artmagy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi ekologiýa gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine bolan zerurlygy has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän döwründe täze ýüze

Köpetdag kyssalary

Arçalar, ine, şeýdip gögerýär Arça — dagyň bezegi. Diňe bir arça däl, beýleki agaçlar babatda-da şeýle diýip bolar. Aslynda, agaçlar tutuş dünýäniň ýaraşygy dälmi näme?! Ozal hem bir patyşa ýurdunyň “men” diýen suratkeşlerini jemläp, “Maňa parahatçylygyň suratyny çekip beriň!” diýenmiş. Ýeňijä-de uly baýrak belläpdir. Patyşa aýtdy — gutardy. Ählisi tabşyrygy berjaý etmäge girişýär. Bellenen gün her kim öz çeken suratyny köşge getirýär. Suratlaryň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly dälmiş. Hemmesi gowy, hemmesi ajaýyp! Ýöne olarda bir umumylygyň bardygy patyşanyň ünsüni çekipdir: suratlaryň her birinde agajyň şekili bar eken.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0... +5 gradus maýyl bolar.

Garagumuň gyşky gözelligi

Gahryman Arkadagymyz her gezek gyş paslynda, ýoly Garagumuň üstünden düşende, bu keremli sähranyň gözelligini lezzet almak bilen synlaýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň başynda milli Liderimiz Mary we Lebap welaýatlaryna eden iş sapary wagtynda hem Garaguma gadam goýdy. Özüniň sürüp barýan awtoulagy bilen çölüň beýikli-pesli, aýlawly-öwrümli ýollary bilen gidip barşyna, Garagumuň gyrkylyk yzyny ýa-da salýan gum depelerini, gyrymsy ösümlikler bilen örtülen düzlüklerini, çaly, çerkez, gandym ýaly ösümliklerini guwanç bilen synlady. Gahryman Arkadagymyzyň ýoly Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykowyň çopan goşunyň üstünden düşende, sarwanyň hal-ýagdaýy, işi bilen gyzyklanyp, düýe bakmagyň örän hormatly kärdigini ýatlatdy, giň sähranyň gözelligi barada gürrüňdeş boldy. “Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra jandarlary üçin ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek, dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmäge-de ýardam berýär...” diýip nygtady. Bu aýdylanlardan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň Garagumda mal bakýan çopanlarydyr sarwanlary çölüň ekoulgamyny goramak we ony baýlaşdyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Olar özlerine berkidilen öri meýdanlaryndan tygşytly peýdalanmak bilen birlikde seresapsyzlyk zerarly ýangyn döremez ýaly, çöle dynç almaga ýa-da syýahata çyk

Çille gary

8-nji dekabrdan başlanýan uly çille 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Soňra kiçi çille başlanýar. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Olardan: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk» ýaly pähimdir nakyllaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.