"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Guşlaryň täsinlikleri

Berkarar döwletimiziň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen daşky gurşawy goramak, halkyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek döwletiň strategik ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda daş-töweregi goramak we ekologik maksatly çäreleriň alnyp barylmagy — Hazar deňziniň kenarynda „«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Garagumuň jümmüşinde „«Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, guşlaryň, toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň baş sanynyň artmagyna, käbirleriniň öňki ýaşan ýerlerine täzeden gaýdyp gelmeklerine we janly-jandarlara ýaşamaga, köpelmäge tebigy şertleri döredýär. Olar özleriniň gözelligi, täsinligi we tebigy aýratynlyklary bilen ildeşlerimiziň we bize gelýän jahankeşde myhmanlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak, onuň tebigy sanyny köpeltmek dogrusynda Türkmenistanyň kanunlaryny, maksatlaýyn ýerine ýetirmek işleri durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň biodürlüliginiň baýdygy ýurduň geografik ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, onuň haýwanat dünýäsiniň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki günde biziň ýu

Çille gary — ýeriň gany

Türkmenleriň milli senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyzyň gyş paslyny dört bölege bölendigini görmek bolýar. 22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözüni miras galdyrypdyrlar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk». Şu pähimleriň her birinde umman ýaly giň many bar, olaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Gar nädip emele gelýärkä?

Gar tozgajyklary gyş paslynyň bezegi we nyşany hasaplanylýar. Bu tozgajyklar ýerde bugaryp, ýokary galan suwuň bölejikleridir. Olar asmana göterilip, sowuklygy 40 gradus bolan bulutlara ýetende doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýär. Şunlukda ýere gar ýagýar. Garyň 95 göterimi howadan düzülendir. Gar tozgajyklary alty burçly kristal bölejikleriniň şekilini emele getirýär. Olar ýokardan aşak gaýdanda 0,1 millimetr diametrli bolup, howa bilen garyşyp ýere düşýänçä ulalýar. Taryhda garyň diňe bir ak däl, eýsem, gyzyl, ýaşyl, gök, çal, hatda gara reňkli bolup ýagan wagtlaryna-da gabat gelnipdir. 1969-njy ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Şwesiýada gara reňkli gar ýagypdyr. Barlaglaryň netijesine görä, garyň gara reňke boýalmagy daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana ştatynyň ýaşaýjylary iň uly gar tozgajygynyň ýaganyny synlapdyrlar. Onuň ölçegi 15x8 dýuým ýagny, 28 santimetre deň bolupdyr.

Iň sowuk howaly şäher

Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynda ýerleşýän Werhoýansk resmi taýdan dünýäniň iň sowuk howaly şäheri hökmünde tanalýar. Şäherde iň pes temperatura 1885-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, ýagny, –67,8 dereje sowuk howa hasaba alnypdyr. Şeýle pes temperaturanyň 1933-nji ýylda hem gaýtalanmagyndan soňra, şol ýyl bu ýer dünýäniň iň sowuk şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdir. Rekord häzirki wagtda hem bu şähere degişlidir. 2005-nji ýylda bolsa şäherde iň sowuk howanyň hasaba alynmagynyň 120 ýyllygy mynasybetli ýörite ýazgy ýerleşdirildi. Werhoýansk Saha Respublikasynyň demirgazyk tarapdaky iň çetki şäheridir. Aýazly sowugy bilen meşhur bolan bu ýer şol birwagtyň özünde-de howa ýagdaýynyň durnuksyzlygy bilen hem meşhurdyr. Sebäbi Werhoýanskda tomus aýlarynda temperatura +37 derejä çenli gyzýar. 1638-nji ýylda ilatlaşyp başlan bu ýerde, 1817-nji ýylda meýdany 25 inedördül kilometr bolan Werhoýansk şäheriniň düýbi tutulýar. Ýöne ilat sany boýunça bu ýere resmi taýdan diňe 2010-njy ýylda şäher derejesi berilýär. Häzirki wagtda Werhoýanskda 1073 adam ýaşaýar. «Demirgazyk ýarymşarynyň sowuk polýusy» diýlip atlandyrylýan Werhoýanskda aşa aýazly howa garamazdan adaty şäher durmuşy dowam edýär. Döwlet edaralarynyň işine we orta mekdepleriň okuwyna temperatura diňe –50, –52 derejä çenli aşaklanda, sowukda arakesme berilýär.

Amazonka derýasy

Tebigatyň özboluşly, syrly dünýäsi uzak ýyllardan bäri öwrenilip gelinýär. Amazonka derýasy hem tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýär. Günorta Amerikanyň çäklerinde, dünýäniň iň uly Amazonka pesliginde ýerleşýän Amazonka derýasyny ýerli halk «Parana-King» diýip atlandyrýarlar. «Derýalaryň şasy» diýmekligi aňladýan bu adyň oňa ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýa bolanlygy üçin dakylan bolmagy ahmal. Amazonkanyň umumy uzynlygy 7025 kilometre deň bolup, bu ölçeg 1995-nji ýylda derýanyň Ukaýali goşandyna goşulýan Apurimak derýasynyň gözbaşyndan başlanan barlaglaryň netijesinde takyklanýar. Ol Afrikada ýerleşýän Nil derýasyndan hem 300 kilometr uzyndyr. Derýanyň ady ilkinji gezek 1542-nji ýylda ispan syýahatçysy Fransisko Orelýan tarapyndan Amazonka diýlip atlandyrylýar. Derýadan her ýylda 3800 kub metr suw Atlantik ummanyna akýar. Bu ölçeg Ýer ýüzündäki ähli derýalaryň suwunyň 25 göterimine deňdir. Amazonkanyň ummana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre barabardyr. Derýa ýylyň dowamynda ygalyň köp mukdarda düşýänligi sebäpli suwuň derejesi durnukly saklanýar. Derýa hemişe köp suwly bolup, oňa ähli goşulýan akabalaryň sany 500-den gowrakdyr. Olaryň 17-siniň uzynlygy 200 kilometrden geçip, iň uly akabasy bolan Riu-Negru derýasynyň ýyllyk suw akymynyň mukdary dünýä derejesinde diňe Amazonkanyňkydan azdyr.

Gar hakynda

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Güjüm agajy

Türkmen halky tebigatyň gelşigi hem ýaraşygy bolan ösümlik dünýäsine aýratyn ähmiýet berip gelen halkdyr. Dana pederlerimiz her bir ynsan üçin agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň sogap hem parz işdigini ündäp gelipdirler. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde, şonuň ýaly-da, asyrlar aşyp, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, sünnälenip hem timarlanyp şu güne çenli gelip ýeten halk döredijiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen türkmen ýurdunyň boz, bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilen saýaly hem miweli baglaryň waspy ýokary çeperçilik derejesinde beýanyny tapypdyr.

Tut nahallarynyň 3 müň düýbi oturdyldy

Dermanlyk ösümliklerine baý bolan ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän tut agajy azyklyk hem-de melhemlik häsiýete eýe. Şeýle hem bu agajyň ýüpekçiligi ösdürmekde örän uly ähmiýeti bar. Biziň etrabymyzda hem tut nahallaryny ekmek we ösdürip ýetişdirmek işine aýratyn uly üns berilýär. Daýhan birleşiklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna, suwaryş desgalarynyň ýakalaryna jemi tut nahallarynyň 350 müň düýpden gowragyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Täze özleşdirilýän ýaýlalarda bu işe ýer eýeleri höwes bilen goşulyp, şahsy görelde görkezdiler. Alym lukmanlaryň tassyklamagyna görä, tut agajy howadaky tozanlary sintezlemäge örän ukyplydyr. Tut agajynyň miweleri bolsa dermanlyk häsiýete eýedir.

Kakapo — uçmaýan totuguş

Bu täsin guşlar birnäçe müňýyllyklardan bäri Täze Zelandiýada ýaşaýarlar. Olar totuguşlar maşgalasyna degişli. Beýleki guşlardan tapawutlylykda bu guşlar uçup bilmeýärler. Olaryň ýüzi baýguşuňka, hüwiniňkä meňzeýändigi üçin ýewropalylar oňa «Baýguş totuguşy» diýip at berseler, Täze Zelandiýanyň ýerli halky bu guşa kakapo diýip at dakypdyr. Stýuart adasynda olaryň toparlarynyň tapylmagy bu guşlaryň biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Täze Zelandiýanyň tebigaty goraýyş departamentiniň geçiren gorag işleriniň netijesinde olaryň sany barha köpelipdir.